01:18 Suw perisi / erteki | |
SUW PERISI
Ertekiler
Bir bar eken, bir ýok eken, ir zamanlarda Hazar deňziniň gündogar kenarynda Guba dagynyň etegindäki obalaryň birinde Azat atly oglan ýaşapdyr. Ol ene-atasynyň ýeke dikrary bolupdyr. Özü-de, atalaryň aýdyşy ýaly, elinden dür dökülýän oglanlaryň biri eken. Jaý gurmakmy, her dürli guraldyr-esbaplary ýasamakmy, garaz, köp işden baş çykarýan eken. Ol howanyň amatly günlerinde mawy denizde balyk tutup, guş awlap, gyşyna bolsa mal-gara bakypdyr. Şeýdip, maşgalanyň gün-güzeranyny dolapdyr. Ene-atasyny, hiç bir zada mätäç etmäni, ezizläp saklapdyr. Günler, hepdeler, aýlar kerwen gurap geçipdir. Ynha, günleriň birinde Azat gijara balyk tutup duran mahaly deňizden çykyp gelýän gyzy görüpdir. Ol gyzyň ady Mahy eken. Onuň suw perisine seredip haýran galmakdan başga alajy galmandyr. Ol gyz bolsa kenarda bir az wagt gezelenç edensoň, ýene-de deňiz tolkunlarynyň arasynda gözden gaýyp bolupdyr. Şol günden başlap Azat her gün deňiz kenaryna gelip, suw perisine sabyrsyzlyk bilen garaşypdyr. Emma gyz welin, gara bermändir. Köp günlerki intizarlykdan soňra Azadyň yhlasy ýerine düşüpdir. Ol suw perisiniň diňe Aýyň dolan günleri deňiziň kenaryna çykýandygyny anyklapdyr. Günleriň birinde bolsa Azat bilen Maha tanyşmak nesip edipdir. Şeýlelikde, olar aýda iki-gün Aýyň dolýan günleri duşuşypdyrlar. Şol günler olar ýüreklerinde beslän süýji-süýji arzuwlaryny bir-birlerine buşlaýan ekenler. Hazar deňziniň kenaryndaky bu waka irmi-giçmi, garaz, oba aýan bolupdyr. Adamlaryň içinde Azady goldan hem ýazgaran hem tapylypdyr. Sebäbi yaşlaryň birisi ýerde, beýlekisi suwda ýaşamaga ukyply eken. Ýöne ýaşlar muny bilseler-de, oňa känbir üns hem berip durmandyrlar. Şol obanyň tütjar baýy il-günden suw perisi hakyndaky gürrüňleri eşidip, ona gaýybana aşyk bolupdyr. Suw perisine öýlenmegi ýüregine düwüpdir. Şeýlelik bilen ol suw perisini tutup getirene uly baýlyk peşgeş berjekdigini yglan edipdir. Obada bir topar balykçy suw perisini gola salmagy maksat edinip deňiziň kenarynda tor, duzak gurupdyr. Emma her gezek suw perisi olardan aman sypypdyr. Günleiň birinde ahyrsoňy balykçylara Mahyny tora düşürmek başardypdyr. Olar suw perisini tütjar baýyň huzuryna getirip, bellenen peşgeşi alypdyrlar. Tütjar baý bolsa wagt geçirmän suw perisi bilen toý tutmagy karar edipdir. Mahy muňa özüniň närazylygyny anyk duýdurypdyr. Toýyň tutuljak güni belli edilip, çar tarapdan myhmanlar gelip başlapdyr. Ir säherde adamlaryň toý aladasy bilen başagaý pursadynda Azada Mahyny alyp gaçmak başardypdyr. Bu waka derrew hemmelere aýan bolupdyr. Ýaşlar gola düşseler, barybir aman sypmajakdyklaryna, öldüriljekdiklerine göz ýetiripdirler. Wadalaryna wepaly nowjuwanlar Hazar deňziniň kenaryndaky kert gaýadan özlerini deňize oklapdyrlar. ...Ondan bäri näçe paslyň ötenini, näçe ýylyň geçenini bilýän ýok. Ýöne, şeýle-de bolsa olaryň bir jana, bir tene öwrülip Azatmahy atly balyga öwrülendigi barada gürrüň bar. Ol ynsan kalplaryndan häzirki günlerde hem çykanok. Azatmahy gymmatly balyk bolup, deňziň iň çuň ýerinde ýaşaýar. Tejribeli we ussat balykçylara häli-häzir hem bu gymmatly balygy, tora düşürmek, awlamak aňsat başardanok. | |
|
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |