15:38 Şwesiýa, Branson, Kaşykçy: Bir syr-a bar, ýöne näme?.. | |
ŞWESIÝA, BRANSON, KAŞYKÇY: BIR SYR-A BAR, ÝÖNE NÄME?..
Publisistika
Erdogan Şwesiýanyñ NATO agzalygyna razylyk berýär, deregne ÝB-den näme alýar?.. 2022-nji ýylyñ maý aýynda Finlandiýa we Şwesiýa NATO guramasyna agza bolmak üçin ýüz tutýar. Aýratynam Şwesiýanyñ ýüz tutmasyndan soñ Taýýip Erdogan tegelek on dört aýlap öwran-öwran: - Şwesiýa telim gezek terrorçylaryñ sanawyny berdik. Eger terrorçylary gaýdyp bermeseñiz, aýyplaşmañ, biz siziñ NATO agzalygyñyz üçin ýeke ädimem öñe ätmeris - diýip geldi. Şwesiýa PKK-nyñ teraktlarynyñ öñüni almak üçin kanunlaryna üýtgeşme girizýär. Erdogan: - PKK/PYD/YPG Şwesiýada edenini edip ýör, girizilen üýtgeşmeleriñ hiç bir babatda manysy ýok. Aýyplaşmañ. Bizden size goldaw ýok. Bular entek Türkiýäni tananok - diýip gygyrdy. Şwesiýada biziñ ilçihanamyzyñ öñünde bir hetdini bilmeziñ biri Kurany-Kerimi ýakanda, Erdogan ýene galmagal turuzdy: - Beýle samsyklyga şert döredenler NATO agzalygynda bizden goldawa garaşmasyn. Şwesiýada Türkiýäniñ garşysyna protestler bolup geçenden soñ Erdogan: - Hak-hukuklara we azatlyklara beýle hormat goýýan bolsañyz, ilki Türkiýe Respublikasynyñ ýa-da musulmanlaryñ dini ynanjyna hormat goýmaly bolarsyñyz. Hormat goýmaýan bolsañyz, aýyplaşmañ, bizdenem NATO meselesinde haýsydyr bir goldawa garaşmañ - diýdi. Şeýle kesgitli sözleriñ aýdylan döwri biziñ eýýamymyzdan öñki döwür däl, bir ýyl we iñ soñkusy on bäş gün öñ aýdylan sözler. Nämüçindir, Erdogan aýdan sözleriniñ barsyny ýatdan çykaryp, öññin Şwesiýanyñ NATO agzalygyna razylyk berdi. NATO-nyñ baş sekretary Ýens Stoltenberg duşenbe güni Litwanyñ paýtagty Wilýusda geçirilen ýygnakda Türkiýäniñ prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, çepde Şwesiýanyñ premýer-ministri Kristersson bilen el gysyşyp durka. • Birinji gezek däl Erdogany indi hemmämiz tanaýarys, bütin dünýä indi ony gowy tanaýar. Ruhany Bransonyñ ABŞ-na gaýdyp berilmegi, Jemal Kaşykçy jenaýat işiniñ Birleşen Arap Emirliklerine berilmegi we ş.m. wakalarda... Erdogan öñe çykyp "bu jan bu tende boldugyça..." diýip söze başlap, özünden talap edilen adama, iş bukjasyna, bir çözgüde garşy bütin dünýä ýüzlenip, gazaply nägilelik bildirýän bolsa... Bilip goýuñ, belli bir wagtdan soñ özünden näme talap edilen bolsa, şony jyñkyny çykarman ýerine ýetirýär!.. Şwesiýanyñ NATO agzalygyna beren razylygy ýene täzelik däl. Birinji pursatda geñ galdyryp biler, emma geñ galyp oturamagyñ hajaty ýok. Mysallar ortada. Şeýle-de, bizi geñ galdyrmaýan ýene bir zat - bütin bu ýere tüýküren tüýküligiñi yzyna ýalap almalarda tarapgöý mediýanyñ şumatky Şwesiýa razylygynda bolşy ýaly meseläni "ullakan ýeñiş", "ullakan üstünlik" aldawajy bilen gazetleriñ baş sahypasynda bermegi. • Nämüçin we nämüçin? Ýurduñ içinde bir zat bolsa, ýolbars bolup arlaýan Erdogan daşary syýasatda özünden ätmegi islenen ädime garaşylanda, ilki dik gaýyşýar, başyndan kül sowurýar. Soñundanam birden sesine suw guýlan ýaly bolýar. Daşary syýasat labirintlerinde Erdogan bir pursatda nädip mumly ýüplüge dönderip taşlanylýar?.. Özüniñ gönüden-göni sebäp bolan ykdysady weýrançylygy sebäpli pula mätäçlik duýýandygy üçinmi?.. Goranmak zerurlygy üçinmi?.. Terrorçylyga garşy göreşde goldaw gerek bolupmy?.. Ýa bolmasa... Biziñ aklymyza-huşumyza gelmeýän başga bir sebäp barmy?.. Bilemzok. Şwesiýa näme berdi? Razylyk berlen ýagdaýynda Şwesiýa Türkiýäniñ Ýewropa bileleşigi (ÝB) agzalyga goldaw bermekdenem beter NATO şypyrtmaly terrorçylyga garşy göreş üçin ýörite koordinator bellejegini, ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyñ we maýa goýumlarynyñ artdyryljakdygyna söz berýär. Şwesiýa goldaw berende nä, bermände näme!.. ÝB bir bitewi. Şeýle-de, häzire çenli nijeme "ýörite koordinator" gördük. Haýsysy nämä ýarady, belli däl. Ikitaraplaýyn söwda we maýa goýumlary bolsa... Umumy sözler. Görüberýäs. • ÝB, NATO we nägilelikler Erdogan NATO guramasynyñ ýygnanşygyna gidende, garaşylmadyk kartyny açdy: - Bizi ÝB-ne agza ediñ, bizem Şwesiýanyñ NATO agzalygyna bor diýeliñ. Erdogan Şwesiýanyñ NATO agzalygyna razylyk berip, deregne ÝB-den näme alýar?.. Muña garamazdan ÝB-den gelýän nägilelikler gijä galanok. ÝB-niñ giñelmeden jogapkär ygtyýarlysy: "NATO bilen ÝB-niñ dahylly ýeri ýeri ýok". NATO-nyñ baş sekratary Stoltenberg Türkiýäniñ ÝB agzalygyny goldaýaryn" diýende, ýene şol ÝB ygtyýarlysy Stoltenberge agzyndan gelenini diýýär: "Seniñ goldaw bermäge hakyñ ýok". ABŞ hem bu boýunça: "Şwesiýanyñ NATO agzalygy bilen Türkiýäniñ ÝB agzalygynyñ arasynda baglanyşyk ýok" diýip seslenýär. • "Anadolu Ajansı" habarlar gullugyna görä AKP-nyñ garamagyndaky "Anadolu Ajansı" (A.A.) habarlar gullugynyñ berýän habarlarynyñ arasynda şeýle habar bar: "Ýokary wezipeli bir türk ygtyýarlysy ÝB wizasyz gelim-gidim bilen birlikde sanksiýalaryñ ýatyryljakdygyny aýtdy". Wizasyz gelim-gidim?.. ÝB ýurtlary soñky aýlarda ýola goýan wiza çäklendirmelerini gowşadýarmy ýa ýatyrýar? Näme, näderejede dogry, ýakyn wagtda göreris. "Sanksiýalar ýatyrylar" diýende, 2016-njy ýyldan bäri holodilnigiñ buzly gözüne giren gatnaşyklar janlanjakmyka?.. Näme, näderejede dogry, ýakyn wagtda göreris. Ýa bolmasa şol "türk ygtyýarlysynyñ" daşky görnüşi halas etmek üçin sümme tokaýda çalýan sykylygyndan ybaratmy?.. Telim gezek ýok diýlen Şwesiýanyñ NATO agzalygyny Erdogan häzir nämüçin kabul edýär?.. Ony boýun egdiren meseläniñ nämedigini bilemzok. Ol uly syr haçanam bolsa bir gün hökman ýüze çykar. Şu gök asmanyñ aşagynda syr bolup näme galypdyr, bu galar ýaly!.. Ýalçyn DOGAN. Çarşenbe, 12.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |