19:52 Mahsanyñ ejesi: "Sessiz yzamyz..." | |
MAHSANYÑ EJESI: "SESSIZ YZAMYZ..."
Publisistika
Geçen ýyl Mahsa Amini bilen Eýrandaky "Zenan, ýaşaýyş, azatlyk" hereketine berilýär. Mahsanyñ maşgalasy baýrak gowşuryş dabarasy üçin Strasburga çagyrylýar. Eýran režimi maşgalanyñ gitmegine rugsat bermändir Ýas - gadymy türki dilinde "ýitgi, hasrat" manysynda. Oguz dilinde "ölüm, heläkçilik manysynda. Gypjak dilinde "eza (yza), gynanç" manysynda. Türki dili bulen meşhurlyk gazanan Mahmyt Kaşgary ylmy häsiýetli, şol bir wagtyñ özünde arap söwdagärleriniñ Orta Aziýa gidenlerinde praktikada ulanmagy üçin 1073-nji ýylda "Diwany lugat-et türk" kitabyny ýazypdyr. Iki gündür jedeli edilýän "ýas"... Ýas sözüniñ manysy boýunça iñ köne çeşme Mahmyt Kaşgarynyñ kitaby. Sözler gadymy türki, oguz, gypjak dilleri bilen deñeşdirmeli berilýär. Gündelik dilde bolsa, ýas - sylanýan adamyñ ölüminiñ yzyndan bildirilýän hormatyñ görkezijisi. • Reisi üçin ýas Eýranyñ prezidenti Reisi wertolýot heläkçiliginde aradan çykýar. Türkiýe bir günlük ýas yglan edýär. "Ýas" sözüniñ Mahmyt Kaşgarynyñ biziñ günlerimize çenli ulanylan manylary bilen baglanyşyklykda: "Reisi Türkiýe üçin gynançmy, ýitgimi? Sylanýan birimi?.." Türkiýäniñ Reisiniñ ölümi üçin ýas yglan etmegi döwletara gatnaşyklaryna aýratyn üns berýändiginiñ netijesi bolup biler. Emma bize ýönekeý raýatlar hökmünde ol ýasa goşulmagyñ geregi ýok!.. Galyberse-de... • Eýranyñ şeýden ýeri barmy? Eýranyñ Türkiýe üçin ýas yglan eden ýeri barmy?.. Prezidentler Turgut Özal, Süleýman Demirel dagy aradan çykanda... Ýüzlerçe raýatlarymyzyñ köpçülikleýin ömür tanapynyñ üzülen wagtynda... Zoma tragediýasynda... Ankara duralgasy teraktynda... Beşiktaş, Reýhanly, Gury Çeşme, Soltanahmet, Atatürk howa menzili teraklarynda... Müñlerçe adamyñ biwagt aramyzdan aýrylan wagtynda... 6-njy fewral ýer yranmasynda... Eýran bizi sylap, ýas yglan edýärmi?.. Ýok!.. Onda bizdäki ýas yglany nämäni añladýar? • Göz üçin ýas Däp bolup gelşi ýaly ýas tutanda toý-şagalañlar ýatyrylýar, gara geýinilýär, gülüp gepleşilmeýär. Radio, telewizor açylmaýar... Düýn seredýän welin... Baýdaklar göwünli-göwünsiz aşak düşürilýär. Muña derek... Birnäçe ýolary okuw jaýynda berilýän konsertleriñ goýbolsun edilmeginden başga olar resmi taýdan muña eýermäge borçly. Köçedäki adamlar üçin ýasyñ hiç hili manysy ýok. Galyberse-de, Reisiniñ baş prokuror bolup işlände beren ölüm permanlaryny, soñ-soñlar adam hukuklarynyñ gödek bozulmalaryna ýol berendigini halk köpçüliginiñ arasynda bilmeýån ýok. • Bişow habarnamalar Reisiniñ öz ýurdunda-da, dünýäde-de "sylagy" onçakly gowy däl. Öz ýurdunda ol konserwatiw, şerigata wekilçilik edýän Yslam Rewolýusiýasy güýçleriniñ Halk frontynyñ agzalaryndan. Saýlawlarda halkyñ ýarsyndanam az böleginiñ sesleri bilen saýlanýar. Halky berk gysyp saklamagyñ tarapdary bolan bu adam dünýädäki adam hukuklary guramalarynyñ habarnamalarynda bişow häsiýetlendirmeler bilen agzalýar. • "Saçy göründi" jenaýaty 2022-nji ýylyñ 16-njy sentýabry Eýranda aýal-gyzlaryñ adaty durmuşa geçmekleriniñ öñüni alan gara günleriñ biri. Aýallar üçin adaty durmuş näme?.. "Islän aýal kelleaçyk gezer, islän ýapynyp gezer!.. Kime gyzykly kimiñ nähili geýinip ýaşaýany?.." Kelleaçyk gezesi gelen 23 ýaşly Mahsa Amini Tähranda Yslam Respublikasynyñ "Ahlak polisiýasy" tarapyndan degişli polisiýa edarasyna äkidilýär we öldürilýär. Ol jenaýat Eýranda režimiñ garşysyna gidýän müñlerçe adamy köçelere dökdi, prezident Reisi we onuñ hökümeti birnäçe günläp ýazgaryldy. BMG-nyñ habarnamalarynda muña: - Režimiñ ýowuz garaşylyk berendigi; - Protest demonstrasiýalarynda 551 demonstratyñ öldürilendigi; - Ýigrimi müñ raýatyñ tussag astyna alynandygy aýdyp durka-da... Dokuz demonstrat ölüm jezasyna höküm edilýär. Hut prezident Reisiniñ görkezmesi bilen! • Baýrak gowşuryş dabarasyna gitmek gadagan Mahsa Amininiñ ejesi jenaýatyñ üstünden bir ýyl geçensoñ birinji gezek dil açyp, "BBC" habarlar gullugyna interwýu berýär: "Sessiz yzamyzyñ jenneti lerzana salyp biljek güýçdedigine ynanýaryn". Diýdimzor režim Mahsanyñ maşgalasynyñ gynanjyny agzamagyna-da rugsat bermeýär, neressäniñ ejesi şonuñ üçin "sessiz yzamyz" sözüni ulanýar. Munuñ bilenem çäklenmeýär. Ýewropa bileleşiginiñ Saharow adyndaky baýragy 1988-nji ýyldan bäri adam hukuklary ugrunda göreşýänlere berlip gelinýär... Geçen ýyl bu baýrak Mahsa Amini bilen Eýrandaky "Zenan, ýaşaýyş, azatlyk" hereketine berildi. Mahsanyñ maşgalasy baýrak gowşuryş dabarasy üçin Strasburga çagyrylýar. Eýran režimi maşgalanyñ gitmegine rugsat bermändir. Şulary bilip durkañyzam, Reisi üçin ýas tutup bilermikäñiz?.. Ýalçyn DOGAN. a.yalcindogan@gmail.com "T24" internet gazeti, 22.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |