23:56 "Swobodanyñ" perdesiniñ añyrsynda | |
“SWOBODANYŇ” PERDESINIŇ AŇYRSYNDA
Publisistika
“Biz özümizi çüýşedäki möýler ýaly alyp barýarys”, “biz öz-özümizi ýok edýäris” – ine, radiodiwersantlar şeýle tukat netijä geldiler. “Sos!”, “Sos!”, “Sos!” – bu ses barha batly we howsalaly eşidilýär. Emma, şeýle-de bolsa, töwerekdäkiler oňa kömege ýetişmäge howlukmaýarlar... Adaty däl ýagdaý. Ýöne welin bu ilki göräýmäge şeýle ýaly bolup görünýär. Şu hili signal haçanda “gämi” gark bolmak howpy dörände berilýär. Hawa-da, ony bütin komandasy bilen poslap giden, hapa batgalyga batan, hem zady ýigrenýän bu maşyny gämi diýip hem atlandyrasyň gelmeýär. • Beýle ýagdaý hiç haçan bolmandy Günbatar ýurtlarynyň birnäçe gazet-žurnallaryna, hatda awstriýally kommunistleriň metbugat organy bolan “Folksştimme” hem gabaryp duran bukjalar gowşup başlady. Olaryň her birisinde dürli-dürli dokumentler – hatlar, memorandumlar, tablisalar bar. Olaryň ýany bilen ugradylýan hatlar bolsa şeýle jümleler bilen başlanýar: “Hormatly jenap redaktor! Siz biziň iň soňky umydymyz bolaňyzsoň Sizden kömek sorap ýüz tutýarys!” Bukjanyň adres ýazylýan ýerinde bolsa: GFR. Mýunhen, Englişer-garten köçesi, “Swoboda” radiostansiýasy – diýlip görkezilipdir. Beýle zad-a, aslynda ozal hiç wagtam bolmandy. Nähili zerurlyk ýüze çykdykan? Häzir “sowuk uruş” lageriniň özeninde “gyzgyn uruş” barýar. Sowet Soýuzyna garşy niýetlenen radiodiwersion merkez bolan RS (Радио “Свобода” – “Аzаtlуk rаdiоsу” – t.b.) çärýek asyr mundan öň döredilipdi. Ol gitlerçilere hyzmat eden dönükleriň mesgenine öwrülipdi. Olar Oktýabr rewolýusiýasyndan soň biziň ýurdumyzdan gaçyp giden azgyn monarhiýaçylar hem-de her dürli jenaýatçylar bilen bilelikde MRU-a satylyp, antisowet “ýüzüşine” ugrapdylar. Ýöne soňky ýyllarda RS-a “täze güýçler” goşulyp başlady. Olar Ysraýylyň “çagyryşy” bilen sosialistik ýurtlardan giden, soňam özlerini “başgaça pikirlenýän” adamlar hökmünde görkezenler. “Täze güýçleriň” goşulmagy bilen hem “weteranlardan” kimlerdir birini wezipesinden aşak düşürdiler, başga birlerini bolsa “kenara taşladylar” ýa-da pensiýa ugratdylar. Şonuň üçinem olar söweşe başladylar. “Köneden ýaşap gelýän adamlar” memorandum düzüp, “Swobodanyň” programmalarynda “rus ruhunyň” ýetmeýändigi barada gygyryp başladylar. Hakykatda bolsa başga bir ruh hakda – derbi-dagyn edijilik hakda barýardy. Ol bolsa RS-de hemişe agdyklyk edýärdi, onuň üçin hem amerikaly hojaýynlar tarapyndan sylaglanylýardy. “Russiýany kommunistlerden we ýewreýlerden arassalarys!” – ine, hapa işleriň öňki ussatlarynyň söýgüli şygary. Munuň üstesine hem “köneden ýaşap gelýänler” sionistik keýpli “täze güýçleriň” arasynda arassalaýyş geçirmekligi talap etdiler. Muňa jogap edip täze kabul edişligiň antisowetçileri “Swobodanyň” mazaly ýetişen möjeklerini gizlin milletçilikde aýyplap başladylar. Rusofoblaryň (“täze güýçleri” şeýle atlandyrýarlar) we rusofilleriň arasyndaky göreş ýiti häsiýete eýe boldy. Gürrüňi näme, komandanyň çlenleri bir-birlerini gowy tanaýarlar. Aýdaly, hemmä belli Ýelsow – watan dönügi, häzir bolsa iňlis razwedkasynyň hem-de “Swobodanyň” howpsuzlyk gullugynyň agenti, barypýatan antisemit. Ýa-da bolmasa Gregori (hakykatynda bolsa Şelaputin) – dezertir. MRU-nyň berýän ýaly bilen oňşuk edip ýör. Ýa-da islendik adamy satmaga taýyn wlasowçy Pylaýew... Zonderkomandanyň köp sanly şeýle tipleri “Halk-zähmet soýuzy” (HZS) bilen baglanyşyklydyr. Uruş döwründe onuň çlenleri sowet watançylaryny wagşylyk bilen horlapdylar. Olar kyrk bäşinji ýyldan soň gizlenipdiler, ýöne aradan köp wagt geçmänkä hem MRU-nyň gullugyna geçip, aç-açan hereket etmäge başlapdylar. Radiostansiýanyň mastodontlary hem çetde durmadylar. Olar täze gelen gaçgaklary iň bärkisi “ýaranjaňlar”, “gelmişekler” diýip atlandyrýarlar. Olaryň hatlarynda Galiçe "heleýbaz", Beloserkowskaýa, Gordina, Rifele “jelepler”, Roýtmana bolsa “gelmişek” diýip baha kesilýär. Dogrudanam, Roýtmany başgaça atlandyrmagam mümkin däl! Kiýewiň öňki aklawjysy bir wagt kanuna özüçe gulluk etdi. Ol sud proseslerinde ýalňyş maglumatlar berdirmek üçin şaýatlara para berýärdi. Şonuň üçinem aklawjylaryň kollegiýasyndan boşadylypdy. “Ata-babalarynyň watanyna” gitmek bilen ol Mýunheniň antisowet priçalynda peýda boldy... Näme üçin gara sotniçiler we halkdan daşlaşýanlar bir-birleri bilen garpyşýarkalar? Ikisi hem iýme topulýar. Şeýle bir topulýarlar welin, diňe bir tirsekleri bilen däl-de, bütin eginleridir dişleri bilen işleýärler. Şeýlelikde bolsa, olar baryp sudlaşmaga çenli ýetdiler. • Olaryň jeňleri dik asmana galýar Şenbe günleri käwagt RS-de duşuşyklar geçirilýär. Tribunany eýelän bu gezekki gaçgak hem öňki ýaşan öýüne, öňki dostlaryna, hatda garyndaşlaryna çenli, aý, garäaz, islendik adamyna hapa çyrşamaga başlaýar. “Wakanyň janly şaýadynyň” gürrüňleriniň üstüni bolsa, onuň uly “doganlary” iň täze töhmetdir anekdotlar bilen ýetirýärler. Geçen ýylyň başlarynda “Şene günleriniň duşuşyklarynyň klubyna” Plýuş diýen biri gara berdi. Ol öz wagtynda buržuaz propogandasynyň bogazyna sygdygyndan gygyrdan Plýuşdy. Şonda olar SSSR-de Plýuşy syýasy garaýyşlary üçin psihatriýa keselhanasynda saklaýarlar diýip uly gowur turuzýardylar. Haçanda “görnükli dissident” Günbatar Ýewropada peýda bolanda weli, hemme zat belli boldy. “Plýuşyň çykarylmagyny talap edýän adamlar, indi bu gün onuň dogrudanam agyr kesellidigini öz gözleri bilen gördüler. Onuň çykyşynyň bolsa hiç hili täsiri ýok” diýip, “Folksştimme” ýazypdy. Emma antisowetçiler kän bir saýlap-seçip durmadylar, Plýuşy RS-a çagyrdylar. Ol bir-biri bilen sepleşmeýän jümleleri ýöne gaýtalap dur... Ýakynda bolsa ermeni dilinde gepleşik berýän redaksiýada ýaka tutluşyk boldy. Baş redaktor Mkrtçýandan köpden bäri içi ýanyp ýören Haçaturýanyň sabyr-käsesi dolan bolmaga çemeli. Ol öz şefiniň adyna agzyna näme gelse suňşurdy. Oganesýan bilen Akopýan naçalnikleriniň arkasyny çaldylar. Onuň soňy bolsa gyzyl ýumruga girişmek bilen tamamlandy we oňa gatnaşyjylar keselhana äkidildi. Stansiýanyň ýolbaşçylary bu waka hakynda işgärleriň dymmaklaryny tabşyrýarlar. Şeýle hem biziň şu ýerde atlary agzalanlaryň hemmesiniň sowet adyl sudundan gaçyp giden jenaýatçylardygyny aýdasymyz gelýär. ...“Swobodanyň” korpusynda täze-täze deşikler emele gelýär. Radiostansiýanyň hojaýynlary bolsa olary bildirmez ýaly suwamaga çalyşýarlar. “Swoboda” hem onuň “ekiztaýy” beýleki sosialistik ýurtlaryň garşysyna gepleşik berýän “Swobodnaýa Ýewropa” ýaly MRU-nyň propogandistik filialydyr hem-de Waşingtonyň ekdileridir. Häzir ABŞ-nyň bu ýörite gullugy komandanyň diňe bir rýadowoý çlenlerini däl, eýsem onuň hojaýynlaryny hem täzeleýär: olaryň arasynda sosialistik ýurtlaryň metbugaty tarapyndan paş edilen öňki amerikanlardan bolan ýolbaşçylar hem bar. Olaryň ýerlerini bolsa Mýunhene täze gelen razwedkaçylar eýeleýärler. “Çikago tribýun” gazetiniň Moskwadaky öňki habarçysy, häzir bolsa “rus gullugynyň” direktory Frenk Star (onda ýüze golaý adam işleýär) bu dawaçylar bilen irgiznsiz iş alyp barýar. Olaryň gepleşikleri faşzime, sionizme... esaslanyp alyp barmaklaryny her gün gulaklaryna guýýar... • Hiç zatdan haraý ýok “Swoboda” radiostansiýasynda biri-biriňi çeýnemeklik göreşi barha artýar. Häzir bolsa komanda naçalnikleriň garşysyna aç-açan çykyşa başlady. Olara el götermeklikden hem gaýdylmaýar. Ine, muňa “rusofilleriň” ýazan hatlaryndan şu setirler hem güwä geçýär: “Ýeterlik. Redaksiýa iki aýagy bilen agsaýar, was-waslyk we mejalsyzlyk ýagdaýy höküm sürýär”. RS-niň täze gelen ýolbaşçylary köne işgärlere atylýan töhmetleriň ýatyrylmagy üçin hiç hili çäre görmeýärler. Haýasyz rusofoblaryň badyny almagyň, stansiýada gowy ýagdaýy döretmegiň deregine olar köşeşdiriji memorandumlar düzýärler. “Besir indi. Lakgyldamalar döwri geçdi. Matusewiçleriň, lodeýzenleriň, fedoseýewleriň pyrryldaklaryna, ýokardaky naçalnikleriň birsydyrgyn käkälemesine biz özümiziň aýgytly hereketlerimiz bilen jogap bereris”. Gör, nähili gykylyk, günäkärlemek, haýbat! Nämäniň hatyrasyna? Belli zat: garşydaşyňy bortdan taşlamaly, okeanyň aňyrsyndaky “lezzet alyşlyga” ilkinji bolup aralaşmaly. Rusofoblar hem “kapitan köprüjigine” hüjüme geçdiler. “Folksştimme”, “Şpigele” we beýleki gazet-žurnallara iberen hatlarynda “Amerikanlar aýgytly aksiýalary geçirmegiň deregine, hemme zady ýuwmarlajak bolýarlar” diýip ýazdylar. Englişer-garten köçesinde ýerleşýän RSÝ-niň ýerleşýän jaýynda bir-biriňe duşmançylyk we ýigrenç, ynamsyzlyk höküm sürýär. “Biz özümizi çüýşedäki möýler ýaly alyp barýarys” diýip, soňky günlerde ýazylan hatlaryň biriniň awtory belleýär. Soňundan hem “Biz öz-özümizi ýok edýäris” diýip tukat netijä gelýärler. Bu kanunalaýyk proses. Ony bolsa hiç bir zadyň saklamaga güýji ýetmez. Ne gepleşikleriň barha artmagy: ol hepdede 22 dilde 980 sagat dowam edýär, ne-de iki ýarym müň işgärli uly ştat. Hojaýynlaryň Helsinkiden soň RS-niň we RSÝ-niň öz işlerini täzeçe gurandyklaryny, indi olaryň gepleşikleriniň “obýektiw informasiýalar” esasynda alnyp barylýandygy hakdaky toslama gürrüňleri hem kömek edip bilmez. ABŞ-nyň halkara radiogepleşikler soweti öz dokladynda radistansiýalaryň dartgynlylygy gowşatmaga “saldamly goşandynyň” bardygyny ynandyrjak bolýar. Buržuaz metbugaty Amerikanyň Mýunhendäki işgärleriniň seslerini “azatlyk ugrundaky göreşijiler” diýip atlandyrýarlar. Bu barypýatan göze çöp atmaklyk ahyryn. RS-niň we RSÝ-niň ustaw dokumentlerinde bu radistansiýalaryň ýerine ýetirmeli wezpeleri hakda gönüden-göni şeýle ýazylypdyr: “Gündogar-Ýewropa blogunyň içinde ar alyş hereketlerini öjükdirmeklik bilen sosialistik gurluşy ýok etmeklige täsir etmeli”. “Swoboda” we “Swobodnaýa Ýewropa” radiostansiýalarynyň ýaňy-ýakynda düzülen instruksiýalarynda sowet jemgyýetinden “neokapitalizme” geçmeklige kömek etmeklik hakynda täze ýumuş tabşyryldy. Egerde RS we RSÝ işini täzeçe guran bolsa, ol diňe bir zatda – olam antikommunistik häsiýetli gepleşikleriň sanyny hasam köpeldenligindedir. Beýleki döwletleriň içki işine gödeklik bilen gatyşmaklyk, parahatçylyga we dartgynlylygyň gowşadylmagyna garşy, ideologik diwersiýalar – ine, olaryň edýän işleri. Ýene-de içalylyk hem bularyň üstesine. “Žurnalistleriň” ýygnan informasiýalarynyň bäş bölegi gepleşiklerde ulanylýan bolsa, bäşden dört bölegi MRU, Pentagon, departament üçin niýetlenendir. RS-de ýörite radio seslerini tutujy bölüm bar. Ol gije-gündiz Sowet Soýuzynyň efirlerinden “Swoboda” hem-de onuň hojaýynlaryny gyzyklandyraýjak “üýtgeşik” bir zatlar eşitjek bolup azar baryny görýär. Maňa Belgradda RS-niň işgärleriniň biriniň “işini” synlamak miýesser boldy. Umumyýewropa maslahatyna gatnaşyjy döwletleriň wekilleriniň duşuşygyna gelen müňlerçe žurnalistleriň arasynda “Swobodanyň” hem habarçysy bardy. Ol forumyň geçýän ýeri bolan Kongressler köşgünde iki ýana haýdap, töhmetçilikli antisowet gürrüňlerini ýaýradýardy, Şol gürrüňleriň biri, ine, şeýle äheňdedi: göýä sosialistik ýurtlaryň biri Moskwada adam hukuklarynyň kemsidilişiniň soňuna çykylmagy hakynda teklip bilen çykyş edenmişin. Bu “habarçynyň” şeýle töhmetçilikli haýdan-haý Mýunhene ýetirendigini aňmak kyn däl bolsa gerek. Ine, saňa gerek bolsa “dartgynlylygyň gowşadylmagyna saldamly goşant”. Haçanda men “Swobodanyň” wekiliniň özüni alyp barşy hakynda görnükli german publisisti G.Raýhelt bilen gürrüňdeş bolanymda, ol özüniň geň galmasyny gizläp bilmedi. - Bu tetellileriň halkara maslahatlarynda işi ýok! “Swoboda” we “Swobodnaýa Ýewropa” Helsinkiniň ruhuna we halkara hukuklarynyň normasyna garşy goýlan – diýdi. Häzirki günüň adamlary şol normalar bilen parahatçylykda, dostlukda ýaşaşmak isleýärler. Ine, şonuň üçinem “Swobodanyň” berýän “Sos!” ýaly howsalaly signallaryna onuň hojaýynlaryndan başga hiç kime kömege ýetişmäge howlukmaýar. Mihail OZEROW. (“Литературная газета”-dan gysgaldylyp çap edilýär). “Edebiýat we sungat” gazeti, 1978 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |