ŞYGRYÝETDE GALKYNYŞYŇ RUHY / edebi seljerme
Täze Galkynyş we beýik Özgertmeler zamanasynda Watany, halky, onuň taryhyny, bu günki ajaýyp ösüşleri, türkmen tebigatynyň gözelligini milli diliň şiresi bilen wasp edip, il-güne ýetirýän çeper eserlerimiz köpelip başlady. Şeýle eserleri bir ýerik jemlän kitaplaryň biri-de ýaňy-ýakynda okyjylarymyzy begendirdi. Ol Allaýar Çüriýewiň «Seniň söýdük gara gözleň...» atly goşgular ýygyndysydyr. Ony «Ylym» neşirýaty çap edip çykarypdyr.
Şahyryň «Seniň söýdük gara gözleň...» atly kitabynda ýerleşdirilen goşgularda türkmen dünýäsi, ahlagy, söýgüsi, watançylygy, mertligi, türkmen gözeliniň edep-ekramy, wepasy hakda söhbet açylýar.
Şahyryň «Ýadygärlik» atly goşgusynda onuň türkmeniň şygryna, aýdymyna, sazyna goýýan sarpasy, oňa bolan yşky öz çeper beýanyny tapypdyr.
Bir aýdym ýazaly, aýdylsyn mydam,
Garrasak-da ýaşdyr öýdülsin mydam.
Baharda ýaňlansyn.
Gyşda ýaňlansyn,
Juwan ýaşda,
Garry huşda oňlansyn,
Bir jan bir ten öýdülsin.
Şahyryň öz öňünde goýýan maksady täze Galkynyş, beýik Özgertmeler döwrüniň talabyndan gelip çykýar. Ol poeziýa, sungata mukaddes bir zat hökmünde seredip, bu meýdanda arassa zähmet çekmeli. Hut şol mukaddeslik bilenem özüňden soňkulara ýadygärlik galdyrmaly. Söz bilen, saz bilen ýadygärlik dikmek bolsa, halkyň ýüreginde baky ýaşajak eserleri döretmek diýmek, ine, şol talap bilenem A. Çüriýew «Prezidentiň ýüregi», «Deňiz guşum», «Sen aýdymyň aşygy», «Dagly gyz», «Damjalar», «Uruş weteranlary», «Türkmen gyzlary», «Obam», «Dildar», «Watan çagyrýar», «Şäherim» «Düýşüme giripsiň ezizim ýene», «Gyz ýüregi», «Aýdymlar enäniň oglun gözleýär» ýaly birnäçe aýdymlary, gogulary döretdi.
«Deňiz guşum» atly aýdyma öwrülen goşgyny okanyňda, Awazanyň şu günki keşbi hakda, hormatly Prezidentimiziň «Awaza» dynç alyş zolagy babatda edýän aladalary dogrusynda guwançly duýgular seniň kalbyňy gurşap alýar.
Şahyryň goşgularynyň, aýdymlarynyň üsti bilen türkmen gyz-gelinleriniň gözelligi, olaryň söwer ýarlaryna wepasy, edebi, ahlagy hakda, türkmen ýigitleriniň şol gözelleriň sarpasyny saklaýşy, olaryň arassa söýgüleri barada edýän şahyrana söhbeti hem ýakymly.
Geliň, şahyryň kitap bilen adybir goşgusyny bu tena gepbaşy edeliň. Sebäbi goşguda türkmen ýigidiniň söýgi diýilýän jadyly zada durky bilen berlişi, türkmen ýigidiniň wepaly söýgüsi hakda söz açylýar. Ol gartaşsa-da, onuň söýgüsi öçmän, has-da gül açýar. Ine, ýaryň barmaklary bilen daraklan saçlary agarypdyr. Ýar üçin gül ýygyp, çemen baglan ellerde hasa bar. Liriki gahryman bu zatlary ejizläp sananok. Ol bu garrylyk alamatlarynyň ony ýaýdandyryp durmaýanlygy üçin agzaýar.
Goý, agarsyn gara sazlar,
Dünýäň gamy mendedir gyz.
Goý, agyrsyn mežnun ýürek,
Ýürek emi sendedir gyz..
Goý, gütelsin gara gözler,
Munuň üçin bolman hapa.
Gözüm düşse gözleriňe,
Istemerin başga şypa...
Şahyryň mylaýym sesi bilen garylan päk söýginiň gudraty türkmen kalbynyň arassalygyny, mylaýymlygyny, wepalylygyny doly açyp bilipdir.
«Seniň söýdük gara gözleň...» atly ýygyndyda «Owaza tagzym» atly goşgynyň süňňüne aralaşan halatyň ýene bir zada göz ýetirip bolýar.
Şahyryň ýurdumyzdaky tanymal adamlara bagyşlap döreden eserleri onuň diňe bir zehin agramynyň ölçegi däl. Sebäbi Halyl Kulyýewe, Ödenyýaz Nobatowa we ýene-de birnäçe tanymal adamlara bagyşlanylan goşgular halkyň edebiýata, sungata, aýdym-saza bolan hormat-sylagynyň, söýgüsiniň teşneliginiň delilnamasy.
A.Çüriýewiň türkmen tebigatynyň gözelligi bolan daglary wasp edýän «Daglar, heý», «Daglar», «Hozly dere», «Dag oýlanmasy» ýaly goşgulary hakda-da kelam agyz aýtsak ýerlikli bolar.
Gülsem gülüp, aglanymda syrdaş siz,
Ýowuz günde gardaşsyza gardaş siz...
* * *
... Her kese syr açmaz munda,
Namart oýny geçmez munda.
Bakydyr, il göçmez munda,
Halamaz gyssany daglar.
– diýen ýaly joşgunly setirleri arkaly şahyr türkmen dagynyň görki-görmegi, özboluşly häsiýeti bilen okyjyny diňe bir tanyşdyryp oňanok-da, ony daglar hakda pikir etmäge mejbur edýär. Eser okyjyny täze pikire çagyryp bilýän bolsa, onda şahyryň azabynyň ýerine düşdigi dälmi eýsem!
Gürrüňini edýän kitabymyzda ýerleşdirilen goşgularda türkmen galkynyşynyň ruhuny, şygryýet bilen döwrüň arasyndaky ajaýyp sazlaşygyny duýmak bolýar. Goý, türkmen şygryýetinde şeýle şahyrana eserleriň höwri köp bolsun!
Şasenem AMADOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 22.01.2010 ý.
Edebi tankyt