TÄZE ESERLERIŇ OWAZY
Hormatly Prezidentimiziň çeper edebiýaty üçin edýän aladalary netijesinde döwür bilen çeper edebiýatyň we okyjynyň arasynda berk gatnaşyk ýola goýuldy. Çeper edebiýat döwür bilen bir howadan dem alyp, döwür bilen arasyndaky gatnaşygy berkden tutan halaty döwür edebiýaty edebiýatam döwri goldaýar. Biz bu gatnaşygyň ähmiýetini delillendirmek üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dörän çeper eserlerimiziň islendigine ýüzlenip bileris. Olaryň islendiginden şu zamananyň ruhuny geljege bolan ynamy halka ýurtbaştutanymyza bolan hormat-sylagy, söýgini görüp Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň edebiýatynyň täze bir howadan dem alýandygyna şaýat bolýarys. Muny Hormatly Prezidentimiziň döredijilik işgärleri bilen geçirýän duşuşyklarynyň netijesi diýip düşünýäris.
Döwür bilen çeper edebiýatyň arasyndaky gatnaşygy gurmak, berkitmek, ösdürmek diýilýän zat öz-özünden döräýenok. Onuň üçin halkyň ýüregine, çeper edebiýatyň ähmiýetine, döwrüň ruhuna milletiň dünýewi at-abraýyna aňyrýany bilen düşünýän ýürekden çykan uly aladalar gerek. Bu aladalary Beýik Özgertmeler žamanasyna gadam basyp başlan günümiz duýduk. Hormatly Prezidentimiziň milletiň at-abraýyny galdyrmak üçin, ony dünýä ýaýmak üçin edýän aladalary medeni we ruhy baýlyklarymyzy dikeltmek üçin, halkyň eşretli güni üçin bitirýän işleri döwür bilen çeper edebiýatyň arasyndaky köprini has-da berkitdi. Şeýlelikde Watany, halky, onuň taryhyny, il-günüň arzuw niýetini, türkmen tebigatyny öz milli şiresi bilen halka ýetirýän we halkyň gursagyna siňýän çeper eserlerimiz köpelip başlady. Şeýle eserleri bir ýerik jemlän kitaplaryň biri-de biziň okyjylarymyza tanyşdyr. Bu kitabyň Allaýar Çüriýewiň goşgular ýygyndysydygyny kitabyň awtorynyň adyna seretmän birinji eseri okap, duýup bolar. Sebäbi kitapda birinji ýerleşdirilen “Prezidentiň ýüregi” atly goşgyny, aýdymy bilmeýän türkmen bardyr öýdemizok. Aýdymyň her bir baýramçylykda joşgun bilen ýerine ýetirilişi, höwes bilen diňlenilişi bu aýdymyň ýüreklerde ýaşaýandygyna şaýatlyk edýär. Bu aýdym babatda edebiýatçy synçylaryň ýörite makala taýýarlandyklary üçin şahyryň “Seniň söýdük gara gözleň...” atly kitabynda ýerleşdirilen käbir beýleki goşgulary hakynda söhbet etmegi dogry bildik. Sebäbi ol aýdymlaram türkmen halkynyň dünýäsi, ahlagy, türkmen ýigidiniň söýgüsi, watançylygy, mertligi, türkmen gözeliniň edep-ekramy, wepasy, türkmen tebigatynyň gözelligi... hakda gaty inçe zatlary açyp bilýän aýdymlar, goşgular.
Şahyryň “Ýadygärlik” atly goşgusyndan başlalyň. Sebäbi şu goşga şahyryň türkmeniň şygryna, aýdymyna, sazyna goýýan sarpasy, oňa bolan höwesi, şahyr hökmünde öz öňünde goýan maksady siňdirilipdir. Onda şeýle maksatda il-gününe, mukaddes poeziýa, gudratly sungata hyzmat edýän şahyra düşünmek üçin ilki bilen şu goşgynyň syryny açmak gerek.
Bir aýdym ýazaly, aýdylsyn mydam,
Garrasak-da ýaşdyr öýdülsin mydam.
Baharda ýaňlansyn,
Gyşda ýaňlansyn,
Juwan ýaşda
Garry huşda oňlansyn.
Söz bilen saz
Bir jan-bir ten öýdülsin.
Bir aýdym ýazaly mydam aýdylsyn,
Bürünçden däl, altyndan däl, misden däl,
Gel, ikimiz özümize
Söz bilen sazdan
Ýadigärlik dikeli.
Ýyllar oňa kär etmesin,
Iller hem inkär etmesin...
Şahyryň öz öňünde goýan maksadyndan döreýän pikir ol-poeziýa, sungata mukaddes bir zat hökmünde seredip, bu meýdanda arassa zähmet çekmeli. Hut şol mukaddeslik bilenem özüňden soňkulara ýadigärlik galdyrmaly. Söz bilen, saz bilen ýadigärlik dikmek diýmek bolsa, halkyň ýüreginde baky ýaşajak eserleri döretmek diýmek. Ine, şahyryň özünden edýän talaby. Şol talap bilenem A.Çüriýew “Prezidentiň ýüregi”, “Deňiz guşum”, “Çyralar”, “Gel, obamyň lälesi”, “Sen aýdymyň aşygy”, “Dagly gyz”, “Damjalar”, “Läläm gideliň bäri”, “Uruş weteranlary”, “Türkmen gyzlary”, “Obam”, “Dildar”, “Watan çagyrýar”, “Şäherim”, “Düýşüme giripsiň ezizim ýene”, “Gyz ýüregi”, “Aýdymlar enäniň oglyn gözleýär”, “Sensiz”... ýaly birnäçe aýdymlary, ýüzlerçe goşgulary döretdi.
“Deňiz guşum” atly aýdymyň döreýşi Döwletgeldi Ökdirowyň oňa saz ýazyşy,şol aýdymyň sözleriniň sazynyň döreýşi hakda heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döreden eseri dogrusyndaky pikirlerden soň Awazanyň şu günki durky hakda, Hormatly Prezidentimiziň Awaza dynç alyş zolagy babatda edýän aladalary dogrusynda guwançly duýgulary dowam etdirýärsiň.
“Seniň söýdük gara gözleň...” atly kitapda ýerleşdirilen “Türkmenistanym meniň” atly aýdymyň hem dünýesine girip görmek gerek.
Şahyr goşguda Watany, bürgüt guşuň ganatyna deňäp başlaýar. Guşuň ganaty bolsa guşy – guş edýän zat. Ganatsyz guş-guş däl. Bizde aňy pesräk, hereketi tagaşyksyz adama “Düýe guş ýaly” diýýärler.Eger ganaty bolup, beýleki guşlar ýaly al-asmana galyp bilýän bolsa, onda, düýeguşam beýle gep ýassygy bolup ýörmezdi. Adamyň ganaty Watany. Ganatdan aýrylan bürgüdiň bürgütliginiň gutarşy ýaly, Watansyz adamyň-da derejesi “Watansyz” diýilen derejä çenli peselýär. Goşguda Watanyň dagy, çöli bolsa Erem bagyndan ýokarda goýulmak bilen watançylygyň nusgasy özüni açýar. Watanyň taryhy, gerçek ýigitleri, tebigaty, onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäni maýyl edip bilýän ýeňişleriň ählisi aýdyma siňdirilip, Watan üçin janyny bermäge taýýar türkmen oglunyň adyndan aýdylýar.
Okyja A.Çüriýewiň goşgularynyň, aýdymlarynyň üsti bilen türkmen gyz-gelinleriniň gözelligi, olaryň söwer ýarlaryna wepasy, edebi, ahlagy hakda, türkmen ýigitleriniň şol gözelleriň sarpasyny saklaýşy, olaryň arassa söýgüleri barada berilýän gürrüň hasam ýakymly bolsa gerek.
Geliň şahyryň kitap bilen adybir goşgusyny bu tema gepbaşy edeliň. Sebäbi goşguda türkmen ýigidiniň söýgi diýilýän jadyly zada durky bilen berlişi, türkmen ýigidiniň wepaly söýgisi hakda, onuň on iki süňňi bilen ezilip söýüp bilişi hakda söz açylýar. Ine, şeýle söýginiň diňe gowy ýürekde doglup, gowy ýürekde ýaşap bilýändigine aňryýany bilen düşünýän ýaşlaryň göz öňünde ýaşy geçişse-de, şol juwan ýürek bilen söýüp, garaşyp ýören gahryman janlanan halaty söýgi meselesinde türkmen kalbynyň öz öwüşgininiň barlygyna, şol öwüşgini şahyryň çyn türkmen duýgusy bilenem aýdyp bilendigine düşünmek kyn däl.
Ýaryň barmaklary bilen daraklan saçlary agarypdyr. Birmahalky mežnun ýürek ejizlejek bolýar. Ýar üçin gül ýygyp, çemen baglan ellerde hasa bar. Liriki gahryman bu zatlary ejizläp sananok. Ol bu garrylyk alamatlarynyň ony ýaýdandyryp durmaýanlygy üçin agzaýar. Dogrudanam, gahryman ýaýdanyp duranok. Sebäbi onuň ýüreginde ol zatlara doly garşy durup biljek gudratly söýgi ýaşaýar. Gyz ýoluna bakan gözler kütelibersin, gara saç agaryp, ýürek agyrybersin, ellerde hasa bolsa bolsun – bu zatlaryň ählisiniň emi, şypasy bar. Ol şypa şol söwer ýaryň jemalynda jemlenen. Şol jemala gözi düşen aşygyň gözi ýiteljek, ýüregi aram tapyp, elleri hasany oklap, ýene gül ýygyp, çemen baglajak.
Muny şahyr şeýle düşündirýär.
Goý, agarsyn gara saçlar,
Dünýäň gamy mendedir gyz.
Goý, agyrsyn mežnun ýurek,
Ýürek emi sendedir gyz.
Goý, kütelsin gara gözler,
Munuň üçin bolman hapa.
Gözüm düşse gözleriňe,
Istemerin başga şypa...
Şahyryň mylaýym äheňi bilen garylan çyn söýginiň gudraty türkmen kalbynyň arassalygyny, mylaýymlygyny, wepalylygyny doly açyp bilipdir.
Şahyryň türkmen gyzynyň gözelligine, edep-ekramyna, milli geýmine guwanşy-da üýtgeşik. Türkmen gyzyny durky bilen millilige boýap çekip bilşi-de üýtgeşik.
Jem bolupdyr türkmen gyzy keşdäňde
Zeminiň lälesi, asmanyň Aýy.
Keramatdan habar berýär nagyşlar,
Taňrym gözellikden kemmändir paýy.
diýip başlan goşgynyň aşakdaky setirlerini has joşgunly okadym.
...Sen neneň owadan gyzyl kürtäňde,
Gara göz, gara gaş türkmen gözeli...
Wysalyň sözlesem dünýä ýaz maňa,
Öwüsse keteniň şirin saz maňa.
...Janym alan nerkes gözün dogadyr,
Başyňdaky tahýaň tylla jygadyr.
Ýol ýöreseň gijeler Aý dogadyr,
Egni zerli çabyt türkmen gözeli.
“Seniň söýdik gara gözleň...” atly ýygyndy-da Watanyň tebigaty, halkymyza mahsus bolan edim-gylymlar, däp-dessurlar bilen tanşyp gidip oturyşymyza “Owaza tagzym” atly goşgusynyň süňňüne aralaşan halatymyz ýene bir zada göz ýetirip bolýar.
Şahyryň ýurdumyzdaky tanymal adamlara bagyşlap döreden eserleri häzir diňe bir şahyryň zehin agramynyň ölçegi däl. Sebäbi Halyl Kulyýewe, Azat Rahmanowa, Ödenyýaz Nobatowa, Saragt Babaýewe we ýene-de birnäçe tanymal adamlara bagyşlanylan goşgular halkyň edebiýata, sungata, aýdym-saza bolan hormat-sylagynyň, söýgüsiniň, teşneliginiň delilnamasy.
A.Çüriýewiň türkmen tebigatynyň bir bölegi daglary wasp edýän “Daglar heý”, “Daglar”, “Hozly dere”, “Dag oýlanmasy” ýaly goşgulary hakda-da kelam agyz aýtsak ýerlikli bolar. Çünki
Gülsem gülüp, aglanymda syrdaş siz,
Ýowuz günde gardaşsyza gardaş siz...
...Her kese syr açmaz munda,
Namart oýny geçmez munda.
Bakydyr, il göçmez munda,
Halamaz gussany daglar.
Gadymyýetden galan Zemin myhy siz,
Görüpsiňiz ol pygamber Nuhy siz...
- diýen ýaly joşgunly setirleri arkaly şahyr türkmen dagynyň görki-görmegi, özboluşly häsiýeti bilen okyjyny diňe bir tanyşdyryp oňanok-da ony daglar hakda pikir etmäge mejbur edýär.Eser okyjyny täze pikire çagyryp bilýän bolsa, onda, şahyryň azabynyň ýerine düşdügi dälmi eýsem.
Indi bolsa şahyryň halk aýdymyna öwrülen, halkyň ýüreginden alnyp halkyň gursagyna ýetirilen goşgusy babatda-da kelam agyz aýdalyň:
Türkmen halkynyň gaty gadymy halkdygyna, Watanyň, döwletiň häzirki döwürde has berkeýänligine, onuň müdimi durmagy üçin aladadan doly ýüregiň keşbine seredeliň:
Eziz Watan gadymy
“Dursun!” diýip müdimi.
Urýar batly gadamy,
Prezidentiň ýuregi.
Indi bolsa:
Ýagty nurdan säheri,
Ýurduň oba- şäheri.
Türkmenistan bahary-
Prezidentiň ýüregi,
- diýlen setirleriň syryny açmaga synanyşalyň:
Birinji, ikinji setirler Türkmenistanyň şu günki keşbi. Nurdan ýagty bolmak-bu agzybirlige, asudalyga, ruhy joşguna, Watana, il-güne bolan guwanja, mähre, söýgä ýugrulmak diýmek. Bu ýagtylyk halkyň gelejege bolan düýpli ynamy diýmek. Bu ýagtylyk halkyň töweregine bolan dostlugy, hoş niýeti diýmek. Bu ýagtylyk türkmen halkynyň ebedi bagta barýan ak ýoly diýmek.
Üçinji-dördünji setirde türkmen Prezidentiniň ýüregi näme üçin bahara meňzedilendir öýdýäňiz?! Sebäbi türkmen bahary töweregi jana getirip, täze bir ýaşaýşyň buşlukçysy bolup gelýär, şu ýerde-de Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda başlanan täze Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň keşbi, ruhy çeper suratlandyrylypdyr. Baharda dagyň, ýeriň, çölüň ähli zadyň herekete gelşi ýaly bu ýüregiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli zady herekete getirip täzeläp bilenliginiň çeper beýany ýokarky setirlerde.
“Galkyn!” diýip urýandyr,
Galkan bolup durýandyr.
“Halkym!” diýip urýandyr
Prezidentiň ýüregi.
Görşümiz ýaly, eseriň üçünji bendinde bolsa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni döreden ýürek, şol döwürdäki erkin ýaşaýan, gurýan, döredýän, galkynýan halkynyň abadanlygy üçin galkan bolup duran ýürege öwrülýär.
Goşgynyň dördünji bendinde türkmen häsiýeti, çörekli desterhany, onuň Garaşsyzlygy, Bitaraplygy hakda aýdylyp, jemleýji bent halk bilen Prezidentiň ýüreginiň arasyndaky birek-birege bolan ynamy suratlandyrýar.
Gürrüňini eden kitabymyzda ýerleşdirilen goşgularyň ählisinde döwrüň ruhuny duýup, şeýle eserleriň gün-günden köpeljekligine ynanyp şygyrýet bilen döwrüň arasyndaky gatnaşygy gün-günden berkidýän Hormatly Prezidentimize uly minnetdarlyk bildirip A.Çüriýewiň täze eserleri hakyndaky gysgajyk söhbetimizi soňlaýarys.
Şasenem AMADOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri.
"Garagum“ jurnaly, 4-nji sany, 2016.
Edebi makalalar