22:56 Tankyt / ýumoreska | |
TANKYT
Satiriki hekaýalar
Endik boýunça bu gezegem umumy ýygnagy edaranyň başlygy Töre Töräýewiçiň hut özi alyp barýardy. Sebäbi ol ýygnaga başlyklyk etmegi özüniň möhüm wezipeleriniň biri hasaplardy. Ol beýle derwaýys hasaplaýan işini hatda profsoýuzyň ýerli komitetiniň başlygyna-da ynanmazdy. Başdansowmalyga ýüz urulaýmasyn diýip ätiýaç ederdi. Hawa, Töre Töräýewiç ýygnagyň gün tertibindäki iň soňy meselä, ýagny kiçi ylmy işgär Taýlak Şaglaýewiň işine seretmeklige geçilýändigini yglan edip, ýumak ýalyjak göwresini ýalpyldawuk stoluň aňyrsynda gziledi. Birden oturanlaryň ýüzleri ýagtyldy. Özara hyşy-wyşy gürrüňler köpeldi. Iki-ýeke ýylgyrýanam, baş ýaýkaýanam ýok däldi. Başlyk bolsa ýygnaga gatnaşyjylarda dörän bu janly hereketi ruhubelentligiň alamaty diýip düşündi. Begenjini daşyna çykarmasa-da, oýkanjyramak, penjeginiň, köýneginiň ýakalaryny düzedişdirmek ýaly ownuk hereketler bilen özüne basalyk berdi. - Ýoldaşlar! – diýip, profsoýuzyň ýerli komitetiniň başlygy Tokar Tanaýew başlyk “başlaber” diýen manyda baş atansoň, ýerinden turup, azmly ardyndy. – “Köp gep kitapda ýagşy” diýipdirler. Umuman, ýoldaşlar biz şu ýygnagymyzda hormatly başlygymyz Töre Töräýewiçiň aýdyşy ýaly, kiçi ylmy işgär Taýlak Şagaýewiň işine seretmeli. Ýoldaşlar, biz “ýüz görüp, gapyrga syrma” diýlen paýhasly jümleden çen tutup, häzir Şaglaýewiň işde goýberýän kemçiliklerini ýekänme-ýekän aýtmalydyrys we bazyrdadyp ýüzüne basmalydyrys. Ýoldaşlar, Şaglaýew ýaramaz işgärem däl ýaly weli, ýöne onuň maňa bir häsiýeti ýaramaýar. Ol hemişe adamlara äýneginiň üstaşyry seredýär. Ine, şunuň özem onuň işine-de ýüzleý seredýändigini aňladýar. Heý, beýle-de bir geleňsizlik bormy, ýoldaşlar?! Soňra Tokar Tanaýew “boldum” diýen manyda başlygyň ýüzüne seretdi-de, ýaýdanjyrap, ýerinde oturdy. “ýene kim çykyp geplejek?” diýen terzde Töre Töräýewiç oturanlaryň ýüzüne nazar aýlady weli, bölüm müdiri Ýegen Belliýew dessine ýerinden turdy. - Men Taýlak Şaglaýewiň kiçi başlygy bolamsoň, ýagny, onuň meniň bölümimde işleýändigi üçin şu günki wajyp ýygnagymyzda ol barada gürrüň etmegi öz möhüm borjum hasap edýän: hawa, ýaňy bu hakda Tokar Tanaýewiçem gürrüň etdi. Umuman, Şaglaýew şeýle seretseň-ä, erbet işgärem däl ýaly. Ýöne her gezek komandirowka gitmeli diýlende, ýüzüme şeýle bir naýynjar seredýä weli, men şol bakyşda hiç hili wajyplyk duýamok. Heý, mundanam bir gylyk bormy, ýoldaşlar – diýip, Ýegen Belliýewem nutugynyň soňuna nokat goýdy. Şundan soň çykyp geplemeler, baý, bir giň gerim aldow. Hemmeler öňki-soňkyny aýdyp, göwün solpusyndan çykdylar. Töre Töräýewiç tanjyt astynda geçen şu gezekki ýygnakdan diýseň hoşal bolup, soňky sözi taýlak Şaglaýewe bermek üçin häzirlendi. - Tüýs hakykat dabaralandy. Işdeş ýoldaşlaryň adalatly tankydyndan nähili çykarmakçydygyň barada indi özüňem diňläýsek, Taýlak Şaglaýewiç – diýip, başlyk oturan ýerinde göçgünli gürledi. Ýöne, näme üçindir, Şaglaýew ýerinden turubermedi. Oturanlar birhii bolşup, aşak bakdylar. Töre Töräýewiç bir aýdanyny köp gaýtaladýanlardan däldi. Gaýtaladaýdygyň weli bolmajysy bolýardy. Ine, häzirem ol tow berlen gurjak ýaly titreýärdi. Birden hoz ýalyjak ýumrugyny stola urdy-da: - Taýlak Şaglaýew, gop ýeriňden – diýip gygyrdy. Giň otaga bir meýdan ümsümlik aralaşdy. Emma gapysy açyk goňşy otagdan: - Taýlak Şaglaýewiçi öňňun komandirowka ibermediňizmi, näme. Dokumentlerini özüm resmileşdirip goýberdim ahyry – diýip, sekretar gyzyň hüňürdisi “päh” diýlen ýaly, dargynly dymyşlygy bozdy. Töre Töräýewiçiň bir zatlar diýjek bolup içine ýygnan demi daşyna çykman damagynda doňup galdy. Abraýguly MÖWLAMOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 10.02.1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |