01:47 Limonhor / satiriki hekaýa | |
LIMONHOR
Satiriki hekaýalar
Okuw ýyly tamamlanyp, tomus kanikulynyñ gelerine-de takaty ýetmän, mekdebimiziñ direktory Arzyman Magşarow zähmet rugsadyna çykaga-da, alysdaky kurortlaryñ birinde dynç almagy ýüregine düwdi. Ýöne nädip? Hany, jübiñi sygman duran weşeñ-weşeñ pul?! Eger hojalyk işleri baradaky orunbasary dadyna ýetişmedik bolanlygynda, direktor özüniñ bu küýseginden el ýuwaýmagy hem mümkindi. Ýedi çarşenbäni başyndan geçiren, atlyny agdaryp, düýelini düñdermäge türgen bu köseleç orunbasar bir gün pişik basyşyny edip, direktoryñ ýanynda häzir boldy. Onsoñ sag we sol gulaklaryna taýly gezek çawuş çakdy. Arzyman Magşarowyñ geçisi daga ýaýrap, bada-bat ýyryş-ýyryş ediberdi. Ine, häzir bolsa direktor pyrlanýan kürsüsinde süýji hyýallara gark bolup otyr. Birdenem stoluñ birýan çetindäki düwmejigi emaý bilen basýar. Hojalyk işleri baradaky orunbasar küçen ýaly bükülip, dyzyna çöküp, gapyda häzir bolýar. Direktor oña, "Birme-birden çagyr, gelibersinler" diýen yşaraty edýär. - Essalawmaleýkim, hormatly direktor, çagyran ekeniñiz?.. - Hawa, Satlyk mugallym, gel-de, geçeweri. Niçik onsoñ, işiñ daşyndan söwdajagazam edýär diýdiler. Mekdepde-de azrak görünýäniñi duýýan. Enteg-ä men bu etmişiñ bilen ylalaşyp ýörendirin. Piliñ gulagynda uklaýan kişi ýok, barysyny bilip ýörendirin. - Bah, direktor jan, barysynam gül ýaly edýändirin. Size gep getirtmen. Çişem köýýän däldir, kebabam. Özüñiz goldaweriñ! - Basym dynç almaga uzakdaly bir kurorga gitsem diýýän. Ana, şotaýda limony biçak gowy görýämişler. Goldaw iki taraplaýyn bolmalydyr. Bar, häzir bolsa gaýt-da, ertir bir limony getirip stolumyñ çekerine taşla. - Baş üstüne, direktor jan. Ýöne edil ertir başartmaz. On gün pursat berseñ-ä, hek ederdim. - Sözüñ sözmüdir? - Sözüm sözdür. - Gaýdyber. Gapyda mekdebiñ matematika mugallymy Çaman Çoşşyýewiç peýda bolýar. - Bir gelip gitsin diýen ekeniñiz, hormatly direktor? - Hawa, siz meni ýatlamasañyzam, men welin, sizi unudyp bilemok. Arada ser salyp görsem, okadýan sagatlaryñyza seredip sygyryp goýberipdirin. Hepdedr 6 sagatdan sapak geçip bilşiñize men-ä ynanyp baramok, Çaman mugallym. - Elbetde, sizden medet bolmasa, her gün şonça sagadyñ sapagyny demir robot bolaýmasañ geçer ýalymy näme?! - "Ekgende ýok, tikgende ýok, harmanda häzir hoja" diýlen nakyla düşünýänsiñ-le? Harmandan biziñ paýymyzam unutmaweri. Basym alysdaku kurortlaryñ birine dynç almaga gitjek bolýan. O taýda limonyñ arzysy ýokarymyş. Şondan bärki zadyñ-a gürrüñem edilenokmyş, ýüzüñe-de seredenoklarmyşlar. Ertir eýt-beýt welin, ýöne birje limony taşlap git. Gudraty güýçlüden aýlanaýyn. - Wah, direktor jan, tutuş limona gudratym çatjak däl, ýartyjasyny getiräýin-le?! - Päheý, pekge diýsäni, hepdede 36 sagady başyndan sowmagy başarýan adamam birje limon tapyp bilmezmi?! Iki günden şu stoluñ çekerinde gözüñe söweýin bir limon bark urup ýatmasa, dadyñy dädeñe aýtsañam, sagatlaryñy kesip taşlaryn. - Beý diýmäweriñ direktor jan, beý diýmäweriñ. Iki günden limon diýen ýeriñizde bolar. Pişik basyşyny edip, soñra direktoryñ kabinetine "Çapar çotgaçy" ady bilen tanalýan çyzuw mugallymy gelip girýär. - Dürli reñkli çotgalaryñy oýnadyp, illeriñ öýlerini haşamlap, bezäp lükge-lükge pullary jübiñe urup ýörenmisiñ, Çapar han? Hepdeläp mekdepde görünmän, toýlarda beýemçilik edip, "akmämmetden" gerk-gäbe bolup köçelerde ýatyp-turup ýörenmisiñ, Çapar han? - Bagyşlaweriñ, merhetemli direktorymyz, bagyşlaweriñ. Men, men... - Sakawlama-da, soñuna seret. Tizara kurorta gidýän. Ol ýerde täsin adamlar bar diýýärler. Näme işiñ düşse, limon sorap durmuşyn zaluwatlar. Sen ertir maña bir limony sowgat etmeli bolarsyñ, ýogsa-da çotgalaryñy gap bilinden döwdürersiñ. Düşündiñmi?! - Ho-op ýagşy, direktor jan bizddn size ertiriñ özünde bir limon sowgat geler. Şeýdip, direktoryñ bu täsin söhbetdeşligi iş gününiñ soñuna çenli şu terzde dowam etdi. Aslynda her ýylam ol şu hörpden gopýardy. Basym ol sözünde tapyldy-da, alysdaky kurorta dynç almaga gitdi. Gitmesine-hä gitdi welin, illerä onuñ bir aýdan däl-de, üç ýyldan soñ dolanyp gelerini dileg edýär. Köpüñ dileginiñem köl bolaýmagy ahmal. Sebäbi diñe bir adamlardan däl-de, onuñ agzynyñ ýeten ýerinden gyrp-çyrp edip ýörmegi mekdebi çökerjek. Şonuñ üçinem, mugallymlaryñ agyz birikdirmegi bilen, Magşarowyñ ýola düşenine üç gün geçmänkä, onuñ ornuna täze bir adamy direktor edip bellediler oturyberdiler! Indi beri düşümlisi bolsun-da! Abraýguly MÖWLAMOW. | |
|