11:06 Tañry sazlaşygy | |
TAŇRY SAZLAŞYGY
Edebi makalalar
Taňrynyň gudrat işine akyl haýran, gör-ä muny — nazary düşen ogluna barlygyň iň kämil sazlaşygyny berýär oturyberýär! Şeýdibem onuň ömri yzyndan gelýän nesil üçin mekdeplik nusga aýlanýar. Hormatly okyjym, görseň, iň ýokary perdeden tutandyryn. Munda başga ýol ýok. Türkmeniň Gurbannazar Eziz diýilýän şahyry hakynda asla aşaky perdeden sözlemek bolmaýar. Russiýanyň beýik Puşkini ýaly halkyny söýüp, özi halk bolan şahyrlar barada diňe il buýsanjynyň deňinde durup gürrüň etmek mümkin. Gurbannazar — ilini-ýurduny jandan söýüp, özi aýtmyşlaýyn, «özüni hiç ýerde aýamandyk» ŞAHYR! Ol — belentligiň hemde sazlaşygyň şahyry! Sazlaşyk, belent uçmak, belent söýmek, belent ýaşamak — ine, onuň nurly ýüzi. Doly bagtlylyk — ine, bu-da Gurbannazar. Perwerdigär ony jahana berende, ýarymçyllykdan hemde kiçilikden azat eýläpdir. Halypalarymyzyň biri Mämmet Seýidowyň örän jaýdar aýdan bir sözi hiç ýadymdan çykanok: «Gowy ýoldaş, gowy şahyr, gowy adam!» Başynyň dikliginde Gurbannazar biziň üçin hem-ä gowy ýoldaş, hemem gowy şahyr, hemem gowy adamdy. Onsoň ara ölüm düşdi — ýaş ölüm, ýowuz ölüm... Indi biz, onuň şindi aýatda diri dostlary, şeýle diýýäris: «Wepadar ýoldaş, beýik şahyr, Allanyň nury düşen ynsan!» Bu ýerde artdyrmasy ýa-da kemeltmesi ýok, diýilmelisi şeýle. Ölüm gaty kän zady öz ýerinde goýýar. Küştüň mallarynyň dikilişinden çen tutup göräýiň. Gurbannazar örän bagtly şahyr, özem onuň şahyr bolmazlyga haky ýok eken. Jahanda bary-ýogy otuz bäş ýyl ömür süren şeýle ýowuz gaýdyşly adama bagtly diýmek bolarmy? Öz sowalyma özüm jogap bereýin — bolar! Her bendäniň owalyndan öz takdyry bar, ynsan balasyna ondan çykma ýok. Oňa diňe kaýyl bolaýmak galýar. Şahyryň özi aýdyp dur ahyryn: Han-begler, Şazada, Şalar ölýärler, Halk aglaýar şahyryny ýat edip. Şu ýerde beýik şahyra «düzediş» girizmek lazym: ol ýat edilip, aglanylýan şahyr däl, buýsanylýan şahyr! Eger ýat edeňde, göze ýaş gelse, ol — uly buýsançdyr, türkmeniň şeýle şahyrynyň barlygyna bolan milli guwançdandyr! Hawa, şahyr owadan dünýäde bary-ýogy otuz bäş ýaşady. Ynha, indi tas ýarym asyrdyr onuň gülsuwy berlen goşgulary şahyryň ömrüni dowam etdirýär. Olar täze-täze nesilleriň işigini kakyp, gapydan ýüpek bolup girip, ýüpek bolup çykýar! Özüň türkmen bolsaň, onuň şygyrlaryny söýmezlik mümkin däl. Çünki olar türkmen, onda-da Eziz aga aýtmyşlaýyn, öte türkmen! Geliň, bir ýagdaýy aýratyn belläliň —derejeli türkmen, sowadyny çykan türkmen, dünýä goşulyp-garylýan türkmen! Eliňizdäki ýazgynyň başynda doly bagtlylyk hakynda gürrüň etdim. Onuň tylla-kümşe, şaý-sepe dahylly aňyrsy bar. Gadymlardan aýandyr — beýle öýler çörekli, iň esasy-da, mekdepli-derejeli bolýar. Aýdym-sazly bolýar. Dessanly-gazally bolýar. Ine, gulak salyň: Meň atamda zehin ýokdy üýtgeşik, Ýöne öz kärini ýürekden söýdi. Gaş bilen diwalaň goşuny goşup, Kümüşdir gyzylyň nikasyn gyýdy. Şahyr ýaşlygyndan mekdep geçen türkmeniň edepliligi bilen: «Meň atamda zehin ýokdy üýtgeşik» diýýär. Biz bolsa, «Üýtgeşik zehin bar» diýýäris. Gupbalary şazadalaň täji deý, Gözelleriň mertebesin göterdi. Ine, saňa: gupbalary gül gyzlary şazadalaryň täjiniň belentligine göterip bilýän bolsa, ol üýtgeşik zehindir! Ýöne şu ýerde men başgazat diýmekçi bolýaryn. Şahyryň mysal getirilen setirlerini öň kän gaýtaladylar, onlarça, belki, ýüzlerçe gezek çap etdiler. Bir ýagdaý welin, meniň pikirimçe, ünsden düşüp gelýär — beýle setirleri diňe Gurbannazar Ezizow ýazyp bilerdi! Altyn şaýa dahylsyz kişi muny başarmaz! Kerim Gurbannepesow, meselem, molla atasy hakynda ýazyp biler, Gaňňalyň oýuny yşkyň Erem bagyny-da öwrüp biler. Berdinazar Hudaýnazarow öz sährasynyň gumuny Hydyr gören ýaýla hasaplasa, mamladyr, ýüz kerem mamladyr, Poş pälwan hakynda ýürek mährini aýdanda, oňa gözüň gitmezligi mümkin däldir. Mämmet Seýidowy gündogaryň hemde günbataryň beýik danalarynyň pähiminden aýryp bilmersiň. Ala meýdanlara dolanyp birden göterilsem, geňirgenip seretmäň, ula giden bedewler süýnüpsüýnüp gaýdanda, «ol janawarlar hatda ajalada ýetdirenok» diýsem, meni agzy ýellilikde aýyplamaň! «Şindi many aňman iner dünýäsine birigip gitdim» diýsem, munda ýalan ýokdur. Her kimiň öz akademiýasy bar. Esasy zat — gözbaşdan sakaly bolmakdyr! Gurbannazaryň türkmen öýünde halallyk üçin saklanýan kümüş şaýy ýaly halal ene-atasy bar. Gül ýaly maşgalasy, Serdar ogly, gyzlary bar. Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim, Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm. Ýada: Kyn pursatda medet berdi kalbyma, Jadyly däl — seniň ynsan gözleriň. Zandy şahyryň ediberişi başgada: söýgi setirleri birden täsin bir açyşa ýetýär duruberýär. Seni söýüp göz ýetirdim bir zada: Kynçylyk ýok, Ejizlik bar dünýäde. Bular onuň wepadar gelni hakynda. Kötel ýollaň külpetin, Soň bilersiň, Serdarym. Bu — onuň ogly hakynda. Dört gyzym, dört nury didäm, Adyňyz-abraýyňyz bilen Bir hataryň başy boluň! Size giň dünýede abraý, Miýesser etsin ylaýym! Ine, bu setirler bolsa, gyzlary hakynda. Indi şeýle diýeliň: türkmeniň şunuň ýaly ýigidi bilen pygamber nikaly bolup, gol-pudak ýaýratmak zenan maşgala üçin bagtdyr! Gurbannazar ýaly ruhy jomart atanyň bilinden önmek ogla şandyr! Onuň naçary bolmak gyz perzende derejedir hemem agyr garamatdyr!.. Ýaradan oňa pirli tamdyrdan hem-de dogaýy metjitden bir zatlar beripdir. Halal zehin eçilipdir. Gara göriplikden gorapdyr. Tozan iýýän çamanlykdan aman saklapdyr. Wepadar dost beripdir. Neresse gözlerini bulanmak belasyndan sowupdyr. Ýüregini gasyn atdyrmandyr... Şeýdip, Taňry sazlaşygy döräpdir! Belent uçmak, belent söýmek, topraga meňzejek bolmak. Kimedir birine meňzejek bolup, garaz, özüňe meňzemelidäl-dä... Göz-gulban oýnap ýören adamlaryň köplüginde ol ene topraga meňzejek bolýar ahyryn! Eý, Hudaý, beýle-de bir zabun ölçeg bolarmy?! Şahyryň eserlerini gaýtalap-gaýtalap okap, uly döredijiligi hakynda kän oýlanyp, ahyry şeýle netijä geldim: onda derejesiz goşgy ýok! Azdakände o diýen şowlamadyk, taraşlamaly-timarlamaly setirleri bar, ýöne derejesiz-yşnaksyz şygyrlar welin ýok! Beýik şahyr barlygyň owazyny bulaşdyrmakdan baý, gorkupdyr-a! Meniň neslimiň gözbaşdan zehinli şahyrlarynyň biri Gurbannazar Ezizowyň ömri hemde döredijiligi hakynda gaty köp zatlar ýazyldy. Olaryň arasynda goşgular, makalalar, ýatlamalar, ýörite kitaplar, dissertasiýalar bar. Radio bilen telewizion gepleşiklerde Magtymgulydan soň Ezizow ýaly köp okalýan şahyr ýok. Toýlarda, uly dabaralarda onuň goşgulary törde oturýar. Bu gün seredip otursaň, oňa dahylsyz adam ýok, biri — dost, başga biri onuň bilen meýlisde oturyşypdyr, ýene biri şahyryň şygyrlaryny onuň öz agzyndan eşidipdir. Halypa, gullukdaş, ýyldaş, garaz, kän-dä... Ynha, indi ýarym asyrdyr. Bu ýagdaý ajaýypdyr, il söýgüsinden nyşandyr. Gelmeli-gitmeli dünýäde yzynda şeýle şygyrlary galdyryp bilen şahyr bagtlydyr. Wepadar okyjylaryň barka kinonyň dili bilen aýtsaň: ölüm ýokdur, oglanlar! Gurbannazaryň dostlary! Bir wagt «Puşkiniň dostlary» diýen iki jiltden ybarat kitap okanym ýadyma düşýär. Gurbannazaryň dostlary hem azyndan iki kitaplyg-a bardyr diýip pikir edýärin. Gurbannazar Ezizow hemde Nury Halmämmedow! Gurbannazar Ezizow hem-de Kerim Gurbannepesow! Gurbannazar Ezizow hem-de Atageldi Garýagdyýew! Bu zatlar ýalkanmakdandyr! Nury Halmämmedow ýaly dosty bolan adamyň ady owazlara goşulyp, şo-ol ýaşar ýörer! Iň täsin ýeri awtorynyň ýoklugynda onuň şygyrlary şindem dost gazanyp gidip otyr! Şahyryň dili bilen aýtsaň, neneň oňat — bu gün Garaşsyz hem-de hemişelik Bitarap Türkmenistan onuň dosty! Garaşsyz ruh bilen ýazylan şygyrlar Garaşsyz Türkmenistana örän, örän gerek boldy! Gözüň aýdyň, eziz dost, goý, seniň ruhuň tirsegine galsyn! Ýenede bir buýsançly ýagdaý bar: gazetler, žurnallar, radio-telewideniýe her ýyl şahyryň doglan gününi belläp ýör. Olara bellemeli diýip, görkezme berýän ýok. Muny öz watançylyk borçlary hasaplaýarlar. Ine, bu ýagşy, ine, bu döwletlilik! Şujagaz ýazgyny Gurbannazar Ezizowyň mundan göterilip giden uçurlary ýazylan goşgymyň dört setiri bilen gutarmak isleýärin. Ynan, uýam, «Ýaşlyk dramasyna», Iller ýol salandyr — güzere ynan! Mesopotamiýa barýan durna düşünen — Zandy şahyr Gurbannazara ynan! Türkmen, sen bagtlysyň, Gurbannazar Ezizow ýaly şahyryň bardyr! Baýram JÜTDIÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|