20:38 Taryhda Gurbanlyk | |
TARYHYÑ SYRLY SAHYPALARYNDAN
Taryhy makalalar
▶ TARYHDA GURBANLYK Adamzadyñ taryhy öwrenilende gurbanlygyñ adam ogly döräni bäri bolandygyny we hemme ruhy ynançlaryñ içinde bardygyny görmek bolýar. Bir zady bir zada gurban etmek däbi dünýä taryhynyñ iññän gadymy döwürlerine çenli uzaýar. Gurbanlyk ritualy iki görnüşe bölünýär: 1. Ganly gurbanlyklar; 2. Gansyz gurbanlyklar. Ganly gurbanlyklara adamlary we haýwanlary gurban etmek, gansyz gurbanlyklara bolsa däneli ösümlikler we azyk önümleri giripdir. Taryhyñ çuñnurlyklaryna aralaşýañ welin, gurbanlyk ritualynyñ jemgyýetleriñ arasynda görlüp-eşdilmedik derejede ýaýrandygyny görmek mümkin: PIGMENLERDE gurbanlyk ösümliklerden we haýwanlardan ybaratdy. Olaryñ maksady gurban edilen ösümlige bereket inmegi we nygmatlar üçin minnetdarlyk duýgusyny bildirmek bolupdyr. GADYMY AMERIKA ynançlarynda bolsa adam gurbanlygy giñden ýaýrandy. Aýratynam asteklerde adam gurbanlygy iñ soñky derejä çykypdy. MAÝÝA WE INKLERDE-DE şolar ýaly gurbanlyk duş gelýär. Ir-iýmiş, gül, hindi towugy we it gurbanlyk edilen dini dabaralarda adam hem gurban edililipdir. GADYMY GREKLERDE adamy gurban etmek däbi ýörgünlidi. Olar iñ uly gurbanlygyny hudaý Zewse ederdiler. Tebigy hadysalar bolan wagtynda hudaýlaryñ göwnünden turmak üçin kesilen gurbanlyklar aristokrat maşgalalar tarapyndan saýlanardy. Olar köplenç öküz, käte doñuz gurban ederdiler. GADYMY RIMLILER hudaýlaryñ göwnünden turmak üçin olara süýt, şerap we ir-iýmiş beripdirler, şol sanda haýwanlary hem gurban edipdirler. B.e.öñ 97-nji ýylda Rimiñ Ýaşulular Sowetiniñ gadagan etmegine çenli adam gurban etmek däbi-de bar eken. JERMENLERDE birnäçe mukaddes haýwanlar käbir hudaýlara, at bilen garga bolsa Odin atly hudaýa gurban edilipdir. Olarda-da adam gurban etmek däbi bolupdyr. B.e.öñ 2000-nji ýyllarda Ýewropa ýaýran KELTLERDE aýratynam ak at gurban etmek däbini "Druid" diýip at berilen ruhanylar ýerine ýetiripdir. Adam gurban etmek seýregem bolsa, bolupdyr. SKANDINAWIÝADA tokaý hudaýyny şatlandyrmak üçin oña ýekegapanlary gurban edipdirler. Russiýada, Çehiýada, Slowakiýada we Bolgariýada ýaşaýan SLAWÝANLAR ýyldyrym, ot we asman hudaýlary üçin gurbanlyklary kesipdirler we ganlaryny daş-töwerege çyrşapdyrlar. FINIKIÝALYLARYÑ dininde adam gurbanlygy aýratyn bir dessur bolup durýardy. TÜRK(MEN)LERDE adam gurbanlygynyñ asla bolmandygyny (gadagandygyny) gadymy hytaý çeşmeleri habar berýär. MONGOLLARDA hökümdarlary we atalary aradan çykanda olaryñ ruhlaryna adam gurban etmek däbi giñden ýaýran däp bolupdyr. Mongollarda bir hanyñ ölümi köpçülikleýin adam gurbanlygyna getirip bilipdir. HETTLERDE hudaýlara her dürli iýmit, piwo we şerap berilipdir. Şol sanda goýun, geçi, sygyr, kämahalam adam gurban edipdirler. WAWILONLYLAR betbagtlyklaryñ inmezligi üçin dürli görnüşde gurbanlyk kesipdirler. ASSIRIÝALYLARDA kesilen owlagyñ ýa-da guzynyñ adamyñ günäsini arassalajakdygyna ynanypdyrlar. ŞUMERLER gurban ediljek haýwanyñ jynsyna we reñkine ähmiýet bermändirler. Olar üçin möhüm zat ganyñ akdyrylmagy bolupdyr. GADYMY MÜSÜRDE adam gurbanlygy giñden ýaýran däp bolupdyr. OTPARAZLYGYÑ KITABY AWESTADA suw aýgyrynyñ gurban edilmegi barada agzalýar. MITRAIZMDE (gadymy eýran dini) öküz gurban etmek dessury bolupdyr. HARRAN SABILERI köplenç horaz gurban edipdirler. BRAHMANLAR belli bir döwürde haýwanlar bilen birlikde adam hem gurban edipdirler. INDUIZMDE ýagşy amallaryñ bäş maddasynyñ ilkisinde ölenler üçin gurban kesmek barada agzalýar. HYTAÝLYLAR her pasyl çalşygynda dabara bilen gurban kesipdirler. ÝAPON DINLERINDEN ŞINTOIZMDE hudaýlara tüwi peşgeş bermek bilen birlikde birnäçe gurban kesmek adaty bolupdyr. ORTA WE GÜNBATAR AFRIKA ýurtlarynda ýaşaýan taýpalaryñ arasynda adam gurban etmek däbi ýörgünli bolupdyr. ÝEWREÝLERDE gurbanlyk iñ esasy ybadatlardan biridir. Haýwan we ir-iýmişler bilen birlikde, olarda-da adam gurban etmek bolupdyr. "Töwratda" gurbanlyk barada giñişleýin maglumat berilýär. HRISTIANLYKDA gurbanlyk "berilen wadada durulmadyk halatlarda günä etmedik ýaly bolmak üçin Tañrynyñ öñünde hemme zada taýynlygyña söz bermek" görnüşinde baha berilipdir. Olar muny Isa pygamberiñ gurbanlyga garşy bolandygy bilen delillendirmek isleýärler. MUSULMANLARDA gurbanlyk Allatarapyn emirleri berjaý etmek, berilen naz-nygmatlara şükür etmek we garyp-gasarlara kömek etmek görnüşinde şöhlelenipdir. Munuñ üçin bolsa goýun, geçi, sygyr we düýe gurban edilýär. Şeýle-de bolsa, yslamdan öñ Arabystanda ýaşan sami (gadymy araplar) kowumlarynda adam gurban etmek däbi bolupdyr. Yslam dininiñ gelmegi bilen beýleki jahylyýet döwrüniñ däpleriniñ ýatyrylyşy ýaly, bu aýylganç däbiñem soñuna çykylypdyr. Ergun JANDAN "IÑ SOÑKY ÜÇ PYGAMBER", "Sinir Ötesi" neşirýaty, Stambul-2009; (297-300-nji sahypalar). Terjime eden: © Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |