17:48 Taryhda ýakylyp-ýok edilen kitaphanalar | |
TARYHDA ÝAKYLYP-ÝOK EDILEN KITAPHANALAR
Taryhy makalalar
1. B.e.öñ 330-njy ýylda Persepol kitaphanasynyñ ýakylmagy. (Makedon imperatory Aleksandr Makedonskini hemmeler ylma üns beren hökümdar hökmünde tanaýar. Emma ol Pers imperiýasynyñ paýtagty Persepolda merkezi kitaphananyñ külüni göge sowrupdyr. 2. B.e.öñ 212-nji ýylda Hytaýyñ mifiki bäş hökümdaryndan biri Sin Şihuandi Hytaýa degişli ähli kitaplarynyñ ýakylmagyny buýrupdyr. Emma käbir golýazmalary daglaryñ gowaklarynda gizläp ýetişipdirler. Wang Tao-Şih atly bir tao ruhanysy 100 ýyldan soñ käbir gowaklarda birnäçe kitaplaryñ üstünden barypdyr. 3. B.e.öñ 75-nji ýylda "Apollon" sektasynyñ ruhanylary tarapyndan Sibill ýazgylarynyñ ýok edilmegi. Rimde reaksioner "Apollon" sektasynyñ ruhanylarynyñ ýakan ody Sibill ýazgylarynyñ külüni asmana sowrupdyr. 4. Dünýäniñ iñ uly kitaphanalaryndan biridigi aýdylýan Aleksandriýa kitaphanasynyñ ýykylyşy tapgyrma-tapgyr bolup geçipdir. Kitaphana birnäçe ýyllaryñ dowamynda her dürli howp-hatarlara duçar bolupdyr. Kitaphananyñ birinji gezek b.e.öñ 48-nji ýylda çykan graždanlyk urşunda ýanandygy rowaýat edilýär. Emma şol ýangyndan soñam kitaphananyñ ulanylandygy hakda çeşmeler bar. Kitaphana iñ uly zarbany uran fanatik ruhanylar 490-njy ýylda Aleksandriýa kitaphanasyny ikinji gezek ýakypdyrlar. 5. 738-nji ýylda Wizantiýanyñ kitaphanalarynyñ ýakylmagy. İsoryalı Leon wizantiýa kitaphanalarynda 300 müñ kitaby oda berdiripdir. 6. 789-njy ýylda Torur, Nant, Toledo kitaphanalarynyñ ýakylmagy. 7. IX asyryñ başlarynda apbasylar tarapyndan Bagdatda gurulan Beýtul-Hikmet ("Ylymlar öýi", "Ylym-bilim ojagy") zamanasynyñ az sanly iñ möhüm ylym-bilim we medeniýet merkezleriniñ biri bolupdyr. Dünýäniñ çar künjünden akyldarlaryñ üýşen merkezinde grek, pars, latyn, hindi dillerindäki eserler arap diline terjime edilip, şol dillerde ýazylan eserler çuññur öwrenilipdir. Yslam düşünjesiniñ we ylym-biliminiñ altyn eýýamynyñ başyny çeken merkez mongol basybalyjylary tarapyndan ýer bilen bilen ýegsan eýleýär. Öwezini dolup bolmajak bu uly ýitgi yslam medeniýetini tümlüge gapgaran iñ esasy faktorlardan biridir. 8. XIII asyrda Çingiz hanyñ basyp alan Ürgenç, Merw ýaly türkmen şäherlerinde, mongol basybalyjylarynyñ aýak astyna düşen başga-da birnäçe şäherde kitaphanalar oda berlipdir. Soñra onuñ ýerine geçen Hulagu han Alamut galasynyñ kitaphanasyny, ondan soñ Bagdatda ýüz müñlerçe golýazma kitaplary ýakdyrypdyr. 9. XII asyryñ ahyrynda Stambuly basyp alan ýewropaly haçparazlar Konstantinopoly talanlarynda, kitaphanalary-da oda beripdirler. 10. Hindistanyñ demirgazyk-günbataryndaky Balanda buddist mekdebi djñe bir buddizm dininiñ taglymatlaryny öwretmek bilen çäklenmän, ylmyñ dürli ugurlary boýunça meşgullanýan akyldarlara-da gapysyny giñden açypdyr. 1193-nji ýylda asly türk(men) Bagtyýar Halaçly tarapyndan hüjüme uçran merkez sözüñ doly manysynda wagşyýalygy başdan geçiripdir. Akyldarlar diriligine oda atylypdyr, golýazma eserleriñ tüssesinden emele gelen gara duman birnäçe aýlap jülgäniñ üstünden aýrylman durupdyr. Bu çozuşdan soñ Hindistan simýa, anatomiýa, matematika, astronomiýa ýaly ylymlardaky ähli çeşmelerini we akyldarlaryny ýitirip, tümlük eýýamyna girýär. Hindistanyñ buddist medeniýeti doly ýiteñkirleýär. 11. XIV asyrda Orta asyr Ýewropasynda sholastiki düşünjäniñ gysajyndaky katolik buthanasy öz garaýşyna, buthananyñ dogmatiki maglumatlaryna gabat gelmeýän müñlerçe kitaby we bu kitaplary ýazanlaryñ aýatda dirilerini ele salyp, kitaplary bilen bile ýakyp ýok edipdir. 12. XV asyrda baý Orta Amerika medeniýetinjñ iñ möhüm maýýa we ink golýazmalaryny özünde saklaýan Ýukatan 1562-njj ýylda Amerikanyñ açylmagyndan soñ gözüne gan öýen ispan kolonizatorlary tarapyndan basylyp alynýar. Ispan basybalyjylarynhñ fanatik ruhanysy ýepiskop Diego de Landa şeýtan ýalan-ýaşryk habarlarynyñ ýazylandygyny aýdyp negözel golýazmalary oda berdirýär. Şeýlelikde müñlerçe ýyllyk Orta Amerika siwilizasiýasyndan biziñ günlerimize çenli onçakly zat galmandyr. 13. XV asyrda ispan inkwizisiýasynyñ ýakan Arap Andalus kitaphanasynda deñi-taýy tapylmajak negözel eserleriñ ýoguna ýanylypdyr. 14. 1831-nji ýylda işläp başlan ABŞ-nyñ Alabama ştatynyñ uniwersiteti gysga wagtda ýurduñ iñ esasy ylym-bilim merkezine öwrülýär. Graždanlyk urşy başlanda uniwersitetiñ kitaphanasy ýurduñ iñ baý kitap kolleksiýasy eken. Emma gynansak-da, kitaphana graždanlyk urşunda ot alýar. Ýangyndan halas edilen ýeke-täk kitap 1853-nji ýylda iñlis diline terjime edilen Gurhandyr. 15. Birinji jahan urşunyñ yzysüre Berlinde açylan Jynsy barlaglar instituty dünýä boýunça birinji belgili ylym ojagyna öwrülýär. Hususanam LGBT-ler boýunça geçirýän barlaglary bilen ünsi çeken institut 1933-nji ýylda nasistleriñ häkimiýet başyna gelmegi bilen hüjüme uçraýar. Akademikler tussag astyna alynyp, institutyñ jaýy we arhiwler otlanýar. 16. 1930-njy ýyllarda Şri-Lankada gurlan Jafna halk kitaphanasy az wagtyñ içinde Aziýa yklymynyñ iñ uly bilim merkezine öwrülipdir. Palma ýapraklaryna ýazylan müñlerçe antik ýazgyny saklaýan kitaphana ýurda segseninji ýyllarda zarba uran tolgunşyklardan we çaknyşyklardan nesibini alýar. Köp sanly gymmatly eserler ýok bolýar. 17. 2011-nji ýylda häzirkizaman Müsüriñ iñ esasy arhiwlerinden Müsür institutynda (beýleki ady "Bilim ybadathanasy") "Arap bahary" wagtynda ýüze çykan tolgunşyklaryñ birinde zyñylan därili çüýşeden ot alyp ýanýar. Iñ gadymysy XV asyra degişli eserleriñ az sanly bölegi halas edilip ýetişilýär. Adnan GÜLLI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |