11:11 Türkmenleriñ Anadola gelişi | |
TÜRKMENLERIÑ ANADOLA GELŞI
Taryhy makalalar
Garşa-garşa "geçmişi" ýatlap "şu günümizi" dolap bilmeris. Taryh dilimiziñ ujunda däl-de, ýüregimiziñ töründe ýaşamalydyr! Türkleriñ Orta Aziýadan Anadola gelişleri biziñ eýýamymyzdan hem öñki müñlerçe ýyllara uzap gidýär. Emma biz bu makalamyzda miladynyñ 1000-nji ýylyndan bärki döwürlerden söz açmak isledim. Çünki türkleriñ aglabasynyñ köpçülikleýin göçüp gelmeleri şol döwürlerde bolup geçipdir. XI asyryñ ortalaryndan başlap türkmenler Anadola gelen wagtynda, bu ýerde rumlar, ermeniler, suryýanylar we araplar ýaşaýardy. Ýöne şol wagt häkimiýet Wizantiýa imperiýasynyñ elindedi. Anadoluda bu halklardan başga hristian türkler hem bardy. Wizantiýa seljuk ýörişlerine garşy gorag halkasyny döretmek maksady bilen olary Balkan ýurtlarynda ýaşaýan hristian ynançly oguz (gyz), gypjak-kuman we peçeneg türklerini wagtal-wagtal Anadola göçürip getiripdir. 1048-nji ýylda Hasangala ýeñşinden soñ Anadola aralaşyp başlan türkmenler Gündogar we Merkezi Anadolyny eýelemegi başardylar. Türkmenler Anadolynyñ gündogar we merkezi etraplaryna ýaýranam bolsalar, bu ýerler heniz olara ýaşamaga howply ýurt bolmagynda galýardy. Çünki türkmenleriñ güýji legioner wizantiýa goşunlaryna garşy söweşmekdekden entek pes gelýärdi. Şonuñ üçin wizantiýa goşunlary üstlerine gelen wagtlary türkmenler Kawkaz ýurtlaryna çekilýärdiler. Şeýle-de, heniz Anadolynyñ eýelenmedik birnäçe möhüm ilatly nokatlary we galalary bardy. Ýeterlik ýarag güýji bolmadyk türkmenleriñ bu galalary eýelemegi kyn düşjekdi. Seljuk goşunlaryñam türkmen doganlaryna goldaw bermek üçin hemişe diýen ýaly Anadola gelmek mümkinçiligi ýokdy. 1071-nji ýylyñ 26-njy awgustynda gazanylan Malazgirt ýeñşi Wizantiýanyñ agyr goşunyny we güýjüni amana getirdi. Bu şanly ýeñiş türkmenlere Anadolynyñ derwezesini soñuna çenli açdy. Wizantiýalylara berlen aşagyndan galkyp bolmajak agyr urgy türkmenleriñ Anadola joşgunly sil kimin dolup-daşmagyny üpjün etdi. • ANADOLYNYÑ TÜRK ÝÜZI Malazgirt ýeñşinden soñ Anadoly bilen Türküstanyñ arasynda "göç akymy" başlady. Türkmenler kowçum-kowçum bolup Anadola göçüp gelmäge başladylar. Türkleriñ Anadola gelişi bir wagtyñ özünde bolmady, ol birnäçe asyrlap dowam etdi. Türk göçüşliginiñ arasy XVI asyryñ başlarynda Sefewi türkmen döwletiniñ gurulan wagtyna çenli kesilmedi. Sefewiler döwründe Türküstan bilen Anadolunyñ arasyndaky bu "göç akymy" kesildi. Anadola gelen türkleriñ agramly bölegi oguzlardyr. Oguzlaryñ (türkmenleriñ) ýigrimi dört taýpasynyñ ählisine-de Anadolyda duş gelmek mümkin. Bulardan daşgaryn hem beýleki türki taýpalardan bolan gypjaklar (kumanlar), peçenegler (bu peçenegler oguzlaryñ ýigrimi dört taýpasyndaky peçeneglerden başgadyr), ak hunlar (abdallar) we bulgarlar Anadola göçüp gelipdirler. Türkleriñ gelmesinden soñ Anadolynyñ ýerli halkynyñ belli bir bölegi wagtyñ geçmegi bilen türkmenleşipdir. Ýöne bu türkleşmäni uly sanlar bilen görkezmek ýalñyş bolar. Sebäbi seljuk taryhçylary köpçülikleýin jemgyýet çalşygyna (dini üýtgetmeler we ş.m.) duş gelinmändigini ýazýarlar. Şeýle-de fransuz taryhçysy professor Klod Kaen hem türkmenler bilen rumlaryñ dostana gatnaşyk saklandyklaryny, ýöne olaryñ arasynda kän bir garylyp-gatylmanyñ bolmandygy belläp geçýär. Kaen bir ýerde şeýle ýazýar: "XVI asyra degişli osmanly salgyt depderlerini öwrenenimde, şol döwürde Anadolynyñ oturymly ýaşaýyşyna doly uýgunlaşmadyk bir milliona golaýa türkmeniñ bardygyny anykladym. Şol sanda eýýäm şol asyra geleninizde türkmenleriñ oturymly ýaşaýyş şertlerine ymykly ornaşanlaryñam sany az däl eken. Olaryñam sany bir milliondan geçipdir. Arhiw maglumatlarynda musulmanlar bilen musulman dälleriñ bir ýerde garylyp-gatylyp ýaşamandygy, olaryñ aýry-aýry raýonlarda oturandyklary aýdylýar. Bularyñ ählisi Anadolynyñ ýerli halky bilen o diýen bir garylyp-gatylmanyñ bolmandygyny we Anadolynyñ türkmençilik hamyrmaýasynyñ saklanyp galandygyny subut edýär. Görnüşi ýaly, käbir taryhçylaryñ öñe sürýän pikiriniñ tersine, türkleriñ Anadolyda başga halklar bilen garyşmasy diýen ýaly ýagdaý bolmandyr". • TÜRKMEN ÜLKESI Türkleriñ Anadola ilkinji gelip ýerleşen we döwletlerini guran ýerleriniñ başynda ilki bilen Gündogar we Gündogar-Günorta Anadoly gelýär. Artyklylar, Saltyklylar we Mengüç ogullary bu ýerleriñ ilkinji hojaýynlarydyr. Soñra bu sebitlerde ýene iki sany uly türkmen taýpasu peýda bolýar: Muş sebitinde Garagoýunlylar, Diýarbekir sebitinde Akgoýunlylar. Emma ilki Garagoýunlylar, yzyndan Akgoýunllar, has soñra Sefewi türk döwletini guran anadolyly türkmen taýpalary Gündogar we Günorta-Gündogar Anadolydan galkyp Eýrana göçdüler we öz döwletlerini gurdular. Bu ýagdaý Gündogar we Günorta-Gündogar Anadolynyñ türkmen ilatynyñ azalmagyna getiripdir. Gündogar Anadoly, Eýran we Yrak üçburçlygyna "Türkmen ülkesi" (italýan syýahatçysy Marko Polo "Türkmenistan" diýýär -H.T.) diýip at berlipdir. XVI asyrda başlanan sefewi-osmanly agzalalygy sebitiñ türkmençilik hamyrmaýasyna öwezini dolup bolmajak zyýanlaryny berdi. Sefewiler bilen osmanlylaryñ arasyndaky oñşuksyzlyk ilkibaşda Gündogar Anadoludaky Akgoýunly döwletiniñ ýerlerinde kimiñ agalyk sürmelidiginiñ üstündedi. Wagtyñ geçmegi bilen syýasy oñşuksyzlyk mezhep oñşuksyzlygyna öwrüldi we Sefewi döwletini guran alawy türkmenleriñ Anadolyda galan bölegi Osmanly häkimiýetine howp salyp biläýjek güýç hasap edildi. Hut şonuñ ýaly Sefewi häkimiýetiniñem sünni kürtlere bolan negatiw garaýşy bardy. Osmanlylar Gündogar Anadolyny howpsuz zolaga öwürmek maksady bilen türkmenlere ýowuz darap, tersine kürtlere hoşniýetli syýasat ýöretdi. Ýowuz Soltan Selimiñ döwründen (1512-1520) başlap osmanly häkimiýetinden zulum gören türkmenleriñ belli bir bölegi Eýrana göçdi, belli bir bölegi kürt taýpalarynyñ arasyna siñip, wagtyñ geçmegi bilen kürtleşip gitdiler. Birnäçe taýpalara arhiw maglumatlarynda "türkmen ekrady" (Türkmen Kürtleri) diýilmegi munuñ iñ ynamly subutnamasydyr. XVI asyrda ady türkmen diýip ýatlanýan birnäçe türkmen taýpasy bu gün biziñ garşymyzdab kürt bolup çykýar. Muña mysal hökmünde Urfadaky garageçili, Kilis sebitlerindäki Okçy Izzeddinlileri, Gaziantepdäki, Adyýamandaky, Malatýadaky, Konýadaky, Haýmanadaky rişwan ýaly asly türkmen kürt taýpalaryny görkezmek bolar. (Giñişleýin maglumat üçin Faruk Söýlemeziñ "Osmanly döwletinde taýpa dolandyryşy: Rişwan", Mustapa Öztürküñ "Kilis, Urfa, Adyýaman sebitlerindäki jemagatlar we oýmaklar" kitabyna seret). • ANADOLYDA TÜRKMENLER Osmanly imperiýasynyñ çäklerinde ýaşaýan taýpalaryñ agramly bölegi Anadoluda ýaşaýardy. Anadoludaky iñ uly iki taýpa Ulyýörük we Dulkadyrly türkmen taýpasydy. Ulyýörükler Tokatda, Siwasda, Çorumda, Kyrşehirde, Ankarada, Eskişehirde, Ýozgatda, Dulkadyrly türkmenleri bolsa Maraşda, Elbistanda, Kyrşehirde, Ýozgatda, Adanada, Urfada, Adyýamanda, Kaýseride ýaşaýardylar. Bu iki taýpanyñ XVI asyrdaky ilat sany 300 müñ töweregi eken. Anadoly şäherleriniñ ortaça adam sanynyñ pesinden 5 müñ, köp bolanda 10 müñ bolanlygyny göz öñüne tutsak, onda taýpalaryñ ilat sanynyñ köp bolandygyny görmek bolýar. Atçekenler Konýa ýaýlalarynda, çepniler Trabzonda, Giresunda, Gümüşhanada, Balykesirde, owşarlar Kaýseride, Täze il (Ýeni il) türkmenleri Siwasyñ günortasynda (Diwrigide, Şargyşlada, Kangalda, Gürüniñ eteklerinde), garageçililer Ankaranyñ we Bursanyñ arasynda, bozulus türkmenleri (akgoýunly türkmenler) Diýarbekirde, Urfada, Mardinde, Erzurumda we Karsyñ eteklerinde, elliji we mukataa ýörükleri Manisada, Merkezi Egeýde (Kütahýada, Uşakda, Denizlide) bozguş ýörükleri, gyljan ýörükleri, akgeçili ýörükler, Denizlide gaýy we çopan ýörükleri, Aýdynda garajagoýunlar, çuga we çulluýan ýörükleri, Muglada we onun eteklerinde gaýylar, gyzyljageçililer, Diwana Aly, Balykçy we Horzum taýpalary, Mersinde we onuñ eteginde içel ýörükleri, Kütahýada kütahýa ýörükleri, Antalýada teke türkmenleri, Bolyda boly ýörükleri, Hataýda we onuñ eteklerinde Özer ogullary (Üzeýr türkmenleri), Adanada Remezanly ulusy, Tarsusda Warsaklar, Kastamonyda kastamony ýörükleri, Kaýseride Yspartada, Afýonda, Aýdynda, Balykesirde, Kütahýada, Nigdede, Aksaraýda, Newşehirde, Kyrşehirde - Danyşmentliler ýaşapdyrlar. • ANADOLY TÜRKİÝE BOLDY Türkler Anadolyny eýelänlerinde Türkiýedäki seljuklaryñ döwletinden daşgaryn dört uly türkmen begligini gurupdyrlar. Artyk begiñ ogullary Gündogar we Günorta-Gündogar Anadolyda (Diýarbekir-Mardin-Elazig-Hasankeýf), Danyşment Gazy (Siwas-Amasýa-Tokat) we Mengüjek Gazy (Erzinjan-Diwrigi) Orta we Gündogar Anadoluda öz begliklerini gurup, bu ýerleriñ türkmenleşmesini üpjün etdiler. Emma bularyñ hiç birisi-de wagtyñ geçmegi bilen çäklerini giñeldip bilmediler we Türkiýedäki seljuklaryñ tabynlygyna girdiler. Malazgirtden soñ türkleriñ akym-akym bolup Anadola göçüp başlamagy netijesinde, mundan beýläk bu ýerler Türkiýe diýip atlandyryldy. Professor Faruk Sümer ýewropalylarñ baryp 1085-nji ýyldan bäri Anadola Türkiýe diýýändiklerini ýazýar. Üçünji haçly ýörişiñ komanduýuşisi we Mukaddes Rim-German imperatory Fridrih I Morsakalyñ 1191-nji ýyldaky haçly ýörişinden soñ günbatarlylar türk tabynlygyna giren ýurtlara şol wagta bermedik ady bolan Turchia/Turquie (Türkiýe) diýen ýurt adyndan söz açyp başladylar. Fridrih Morsakalyñ haçly ýörişiniñ üstünden ýarym asyr geçensoñ Saýmon of Sent-Kwentin muny ýörgünli ada öwürdi. Taryhçy Klod Kaeniñ aýtmagyna görä, "Anadolyda türkmenleşme prosesi hernäçe ýygjak bolanda-da we şol wagtky Türkiýäniñ çäkleri hernäçe belli bir çäkde bolmasa-da, döwürdeşleriniñ gözünde Anadolynyñ türk özeni ýurduñ ähli künjegini özüne dolap alypdyr". • Peýdalanylan çeşmeler: 1). "Elbistanyñ taryhy" ("Elbistan" neşirýaty, 2003); 2). Faruk Söýlemez "Osmanly döwletinde taýpa häkimiýeti" ("Osmanlı Devleti’nde Aşiret Yönetimi", "Kitabevi" neşirýaty, Stambul-2007) 3). Mustapa Öztürk "Kilis-Urfa-Adyýaman-Elazig sebitlerinde jemagatlar we oýmaklar" ("Kilis-Urfa-Adıyaman – Elazığ çevresinde Cemaatler – Oymaklar", Elazig-2004). Adnan GÜLLI, taryhçy. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |