00:03 Täze ýoluñ başlangyjyndaky şahyr | |
TÄZE ÝOLUÑ BAŞLANGYJYNDAKY ŞAHYR
Edebi tankyt
Has Türkmen tahallusly şahyrymyzyñ ýiti zehininden kemal tapan goşgularyny okap her bir adam täze bir dünýä syýahat eden ýaly bolýar. Adatça torç edilen ugur tär boýunça eser dõredileninde ol okyjylary tiz ýadadýar, käte muşdaklaryñ gaharyny getirýär. Şonuñ üçin her bir şahyr, ýazyjy sabyr-takatly bolup gerek bolsa az sanly ýõne many maksatly eser döretmeli. Has Türkmen özgeleriñkä çalymdaş bolmadyk ýol ýodany saýlap alypdyr, ony mundan beýläk-de kämilleşdirmek gerek. Awtoryñ şygyrlarynyñ kõp sanly adygan awtorlaryñkydan baý edebi dili, hoş owazlylygy, owadanlygy, sözleriniñ şirinligi, çeperligi, çuñ manylylygy bilen tapawutlanýanlygyny arkaýyn aýdyp biljek. Ynha şu zatlaryñ ählisiniñ bir ýerde jemlenmegi şahyryñ käbir şygyrlarynyñ aşa uzyndygyna garamazdan belent derejä eýe bolmagyna (käte olary okañda Deržawiniñ, Puşkiniñ, Blogyñ epiki şygyrlary ýada düşýär), muşdaklary tarapyndan iññän çintgilenip söýülip okalmagyna itergi berýär. Megerem, onuñ özüne maýyl ediji derejedäki we gönümel ýazylan sözleriñ añyrsyndaky göçme many añladýan syrly simwolik setirleri ýazan awtory ýakyndan tanamak islegi Has Türkmeniñ goşgulary bilen tanyş bolanlaryñ her birinde dörän bolsa gerek. Çünki liriki gahrymanyñ ruhy we awtoryñ dünýäsi bilen bir bitewilige öwrülen göçgünli metaforalar bir seretseñ-ä liriki gahrymandan awtory gözledýär, bir seretseñem awtordan liriki gahrymany... Muny aýyl-saýyl edäýmek bolsa ýeñil-ýelpaý iş däl. Şahyryñ "Nämälim hyýal" "Garlawaç" "Aht" "Aýdylmadyk aýdym" ýene-de bir topar ady agzalmadyk goşgulary õzüniñ düzüliş täri, usuly boýunça häzirki zaman türkmen edebiýatynda seýrek gabat gelýär. Gizläp otyrmaýyn, onuň käbir goşgularyny okanyňda bolsa ýaşlygyň hakydaňda janlanýar. Ýüregiň joş urup, kalbyň heýjana gelýär, ýigdelen ýaly bolýarsyň. Sebäbi Has Türkmeniň goşgularynda rowaýatlar, mistika, lirika, nowella, hekaýa bagry bilen badaşandyr. Öz haýranlaryny kõkerip bilýän aetora muşdaklar şeýle belent sarpa goýýarlar ahbetin! Göräýmäge pessimizme iterýän jadyly setirler şatlykly we gamgyn günlerinde adamlaryñ kalbynda geljege bolan umyt uçgunlaryny döredýär, adatdan daşary tolgunma döredýär. Zehin parlak ýyldyzdyr. Has şahyryñ saýlap alan ýoly hem şamçyrag mysalydyr. Goý, ol alyslara özüniň röwşen nuruny saçsyn * * * Türkmen halky dilewarlyga, suhanwerlige belent sarpa goýan halk. Toý-tomaşalarda, dabaralarda danyşmentlere, şahyrdyr-ýazyjylara, döredijilik bilen meşgul bolýan ynsanlara törden orun beripdirler. Sebäp diýilende, ýagşy söz, oňat goşgy, hoşamaýlyk ynsanyň ömrune ömür goşýan närse. Men oňat goşguny höwes bilen, gaýtalap okamagy gowy görýärin. Has Türkmeniň goşgularyna diýseñ synym oturdy. Şonuň üçin syrdaşlarym bilen gaýta-gaýta okadyk, hatda käbir goşgulary barasynda jedele hem girdik. Munuň özbolşly sebäbi, şahyryň goşgularyny ýüzugra okap, manysyny tirmek kyn. Her bentde bir pelsepe, başga bir many bar. Juda okymyş bolmasaň, bilmedigiňi pikirdeşleriňden sorap köpleşip orta alaýmasañ, kyn ýagdaýa dūşýarsiň. Pöwhe setirleri ýalpyldawyk sözler bilen ýuguryp goşgy dõredýänlerem bar. Ýöne şeýle "eserleriň" agramy siňegiňki, ömri çirkeýiňki ýalydyr. Çünki, şunuň ýaly goşgyny okap gutarmakaň hakydaňdan çykýar. Şonuň üçin täze ýoluñ başlangyjyndaky Has Türkmen inime Täze ýylda sarsmajak jan saglyk, mizemez agzybirlik, üstünlik, maşgala ojagyna egsilmejek yrsgal-döwlet arzuw edýärin. Zehiniň, galamyň ýiti bolsun taze eserleriňize sabyrsyzlyk bilen garaşyarys. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |