23:44 Tekepbir çarlak / erteki | |
TEKEPBIR ÇARLAK
Ertekiler
Gadym zamanlarda Hazar deňzinde uly bir ada bolup, ol Ýaşyl ada diýlip atlandyrylýan eken.bar eken. Ada dürli ösümlikleriň we göç edýän guşlaryň mekany eken. Olar isleseler balyk awlap, ialeseler—de ter ösümlikleri çokjalap bol—telkilikde ýaşapdyrlar. Suw guşlarynyň bir topary bu ýerde höwürtge gurnup jüýje çykarypdyrlar. Şol guşlaryň arasynda akja çarlak hem bar eken. Gür ýelekli, kelte aýakly, bu guşuň tekepbir häsiýeti bar eken. Baharda akja çarlak beýleki guşlar ýaly höwürtge gurnupdyr. Içine ýumşayk otlar düşände höwürtge has—da ykjamlaşypdyr. Onuň höhürtgesi suwa halys golaý ýerdeýerleşipdir. Kowumdaşlary akja çarlaga höwürtgäni howpsuz ýerde gurmagy maslahat berseler—de känbir pitiwa etmändir. Günleriň birinde ýagyş ýagyp, deňizde gaý-tupan turupdyr. Deňziň suwy joşup kenardan çykanda akja çarlagyň höwürtgesini suw basypdyr. Şonda akja çarlak harap bolan ýumurtgalaryna bakyp gözýaş döküpdir. Kowumdaşlarynyň maslahatyny kabul etmänligi üçin gaty ökünipdir. Gojaman ak guw Ýaşyl adada mekan tutunan guşlaryň geňeşdary eken. Olar her bir işde ondan maslahat sorarlar eken. Akja çarlak hem guwuň ýanyna baryp pajygany gürrüň beripdir. Şondan soň Ýaşyl adanyň beýigräk ýerinde oňaýlyja höwürtge peýda bolupdyr. Ol akja çarlagyňky eken. Ilki kinniwanja höwürtgede ýumurtga, soňra bolsa jüýjeler peýda bolupdyr. Bir gotan hortumyny balyklardan dolduryp jüýjelere sowgat getiripdir. Şol pursat guşlaryň göç edýän döwri eken. Çar tarapdan gelen guşlar öz dillerinde saýraşyp, akja çarlagy gutlapdyrlar. | |
|
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |