22:08 Teýmirleňiň ömrüniň 12 güni: Seýit Barak şyh bilen duşuşyk | |
Birinji gün
Pedagogika we edep-terbiýe
SEÝIT BARAK ŞYH BILEN DUŞUŞYK Ýazyň gündizi ornuny agşama berdi. Timuryň serkerdelik edýän goşuny hiç ýerde düşlemän, öz ýaşaýan mähriban ýerlerine tarap gidip barýardylar. Gündogaryň agşamlary juda gysga bolýar. Käte gözüňi açyp, ýummankaň agşam öz ornuny gije bilen çalyşýar. Gündogar ertekilerinde wasp edilişi ýaly gije öz ajaýyp şaly bilen görkana Mawerannahryň üstüni örtdi. Misli bu abadan ýurda aşyk bolan ýaly, ýagyşdan soň has tämiz görünýän asmanyň ýüzünde san-sajaksyz ýyldyzlar ýalpyldaýardy. Olar ýagtylyk we rahatlyk eçilip, uka gidip barýan topragy hüwdüleýän ýalydylar. Gündizki howply jenjelden soň, tebigat dynç alýan ýalydy. Edil durmuşyň gyzykly kitabynyň sahypasyny agdarýan ýaly agaçlaryň ýapraklary şemala şygyrdaýardylar, otlardaky çekirtgeler parahat jyrryldaýardylar. Emiriň goşuny henizem ýoldady. Ilkinji gezek ýeňlişe sezewar bolan Timur pikirlerini çugdamlap, bir ýere jemläp bilenokdy. Edil asmanyň ýüzüni bulutlaryň ýapyşy ýaly, gahar-gazaba aňyny aldyran pursaty Huseýniň yzyndan okdurylaýasy gelýärdi. Ýarygyje garawul esgerler düşlemäge amatly ýeriň tapylandygyny habar berdiler. Emir düşleniljek ýeri synlap oňlady we goşuna goş ýazdyrmaga rugsat berdi. Hawa, bu ýer hakykatdan hem gowy ýerdi. Üç tarapy dag jülgeleri bilen gurşalan belent baýyrlar, baglyk obadan golaýjagynda akyp ýatan çeşme. Yzly-yzyna köpsanly otlar lowlap ýanyp başlady. Wagtyň giçdigine garamazdan, esgerler nahar taýýarlamagyň ugruna çykdylar. Bişirilýän naharlaryň tagamly ysy töwerege ýaýrap başlady. Emiriň düşlän düşelgesine tarap esgerleriň ýekesi hem nazar aýlamagahet edip bilenokdylar. Goşuny goramak üçin goýlan garawullar baýryň depesinden düşelgä hiç kimiň golaýlaşmazlygy, bilniksiz girmezligi üçin eserdeňlik bilen daş-töwerege gözegçilik edýärdiler. Dartgynly, jepaly geçen günden soň adamlar dynç alýardylar. Tebigatyň güýjüniň öňünde öňünde ejiz görünýän, ýöne söweşlerde bekän batyr, edermen ýigitleri gijäniň asudalygy hüwdüleýän ýalydy. Öüne bendi edip ýanýan odunlaryň asudaja şatyrdysyny diňläp Timur az salymlygam bolsa irkildi. Birden oýananynda bolsa, onuň göwnüne oduň başynda özünden başgada kimdir biri bar ýaly boldy. Ol kellesini galdyranda bolsa oda ellerini çoýup oturan derwüş eşikli adama gözi düşdi. «Kim ol we hüşgär garawullardan nädip geçdikä?» diýen soraglar aňynda atsalýardy. «Garawul!» diýip gygyrmaga häzirlenen pursatynda, derwüş: —Alada galma emir. Men Mir Seýit Barak şyh. Emir gözlerine ynanman haýran galyplar seretdi. Hakykatdan hem onuň öňünde öz täsinlikleri bilen şöhrat gazanan şyh otyrdy. Ol ýetmiş belany dep ediji hasaplanylýardy. Onuň göze görünmän, howa siňip bilýändigi barada gürrüňler ýaýrapdy. Emir bu gürrüňleri samsyk oýlap tapmalardyr öýdýärdi. Şyhyň ýuwaşdan ynamly sesi onuň köňlündäki gahar-gazaby el bilen aýrylan ýaly edip, ýaraly köňlüne melhem bolup ornaýardy. Timur bu meşhur akyldary demini alman diňleýärdi. —Seniň janyň ýanyp durla oglum. Emir Hüseýniň dönüklik edeni üçin gahara aňyňy aldyryp, gazap donuny geýipsiň. Iň gowy esgerleriň gyrylmagyna bolan gynanjyň seň ýüregiňi gyýýar. Hasrat seniň aňyňy özüne ýesir edipdir. Bu zatlar seni güýçden gaçyryp, sen özüňi hassa , mynjyradylan ýaly duýýarsyň. Gel, ikimiz kalbyňy eýelän gahardyr gazap bilen ýeňip ýa ýeňlip bolýandygynyň çözgüdini bilelikde gözläli. Kalbymyzy, ýüregmizi ýaramaz oý-pikirlerden, gahar-gazapdan dolduryp, öz bedenimize uly zyýan ýetirýäris. Bu zatlar nädip we namüçin bolýar? Ýagşy hem-de ýaman pikirleriň hersi bedende özüne orun ýasanyp, özüçe tagma goýýar. Nähili? Olar bedeniň maglumatlary kabul edip we geçirip biliş ukybyna laýyklykda aň eleginden elenýär. Eger seniň pikirleriň we duýgyň ýaramaz bolsa, aň duýuş ýollarynyň üsti bilen bedeniň ähli agzalaryna howp abanýandygy habar berilýär. Bedenbolsa şol howpuň gelmegine taýýarlanýar. Sen howply ýerde ýa-da gahar-gazaply, stresde wagtyň aňyňda howsalaly duýgulary işläp çykarýan örän ajaýyp gipofiz we gipotalamus mäzleri bar. Bu mäzler dörän ýagdaýy böwrek üsti mäzlere ganyň üsti bilen habar berýär. böwrek üsti mäzler bolsa howsala dörediji adrenalin we rahatlandyryjy noradrenalin gormonlaryny işläp çykarýar. Adrenalin güýçli ýürek urgusyny döredýär. Damarlardaky gan güýçli akymda bolup, damaryň diwarlarynda basyş güýçlenýär. Eger seniň ýüregiň gowşak bolsa bu ýagdaýdan çykmak kyn bolýar. Şeýlelikde, sen özüňde infarkt, insult, ýüregiň çalt urmagy, gan basyşyň ýokarlanmagy ýaly keselleriň döremegine ýardam berýäň. Adrenalin we noradrenalin gysga wagtyň içinde dargaýar we zäherli maddalara öwrülýär. Bedeni şol zäherli maddalardan arassalamak bolsa böwrekleriň paýyna düşýär. Böwrekler ýuwaş-ýuwaşdan nähoşluk tapynýar. Bularam heniz hemmesi däl. Gahar-gazapdan ýaňa turşulygy has ýokary galan aşgazan şiresi aşgazanyň nemli bardasynyň ýanmagyna getirýär. Şeýdibem aşgazan-içege ýollarynda gastrit, ýara we beýleki keseller döreýär. Bularyň barysy birigip bagryň işiniň bozulmagyna getirýär. Aşgazan asty mäziň işiniň bozulmagy bilen bolsa, bedende allergiýanyň dürli görnüşleri ýüze çykýar. Ine ynsan bedeninde depressiýanyň, gahar-gazabyň, öýke-kinäniň döredip bilýän nähoşluklary. Ine ynsanyň ýaramaz oý-pikirleriniň netijesi! Hawa, şatlykly ýa howsalaly duýgular bedende özüne ýer edinýär. Aňda peýda bolýan pikirleriň bolsa dörediji ýa-da ýumrujy güýji bolýar. Olar edil magnit ýaly özlerine gerekli duýgulary çekip alýarlar. «Balyk başyndan porsar» diýlişi ýaly, bizem ýaramaz oý-pikirlerimiz bilen öz saglygymyzy, ajaýyp arzuw-isleglerimizi ýitirýäris. Her bir adam öz negatiw, ýagny, ýaramaz oý-pikirleridir gahar-gazaby bilen özüni haraplap biler. Şeýle ýagdaýlar bedeniň immun ulgamynyň — bedeniň içki güýjüniň peselmegine getirýär . Öz bedenini şeýle derejä ýetiren adamyň ýönekeýje dümewden hem heläk bolmagy mümkindir. Akyldarlaryň aýdyşy ýaly «Ömri uzaltmak sungaty bu— ömrüň kemelmeginiň öňüni almakdyr». Biziň şowlulyklarymyz we şowsuzlyklarymyz ykbalyň peşgeşidir. Bular ykbalyň garşylygy. Saňa bu synaglary peşgeş beren ykbal seniň indiki etjek hereketleriň synlaýar. Synaglarda synýarmyň ýa-da olary ýeňip geçmäge taýýarmyň? Dörän kynçylyklara gaýtawul bermäge güýç tapyp biljekmi ýa-da ýok? Bu kynçylyklar sowukganly bolup çykalga tapmagyň, ýeňiji bolmak üçin dogry ýoly saýlamagyň üçin seniň aňyňy ýonup, kämilleşmegine ýardam edýär. öz ömrüň we ykbalyň ýeňijisi bolmagyň üçin. Bu tebigatyň kanuny. Ol zabun, rehimsiz, eger sen ony ýeňip geçmek üçin güýç tapmasaň, öz geljegiňi isleýşiň ýaly gurup bilmersiň. Seniň geljekde nähili ýaşajakdygyň şu günki gelen netijäňe baglydyr. Saňa gymmatly, bahasyz, kesgitli wagt berlen. Sen bu kesgitli wagty lezzete, arkaýynlyga, şöhrata ýada dowzahy azaba we jebir-jepa öwrüp bilersiň. «Dowzah, Jennet—asmanda» — nygtadylar özgeler, Kalbyna nazar aýlanyň pikirleri özgerer. Dowzah, Jennet — giň älemiň köşgüniň töweregi Dowzah, Jennet—hersi ruhuň bir bölegidigni biler. (Omar Haýýam.) «Aд и рай — в небесах» — утверждают ханжию Я, в себе заглянувб убедился во лжи. Aд и рай — по круги во дворце мироздания, Aд и рай — это две половины души. Омар Хайям. Ýöne seredeniňde dört setir, bir bent şygyr ýaly görünýän bu goşgy setirlerini akyl eleginden geçireniňde ,dört müňe golaý many aňladýandygyna göz ýetirmek bolýar. Dowzah we jennet seniň öz içiňde ýerleşýär. Ýaramaz, negatiw duýgulary döredýän öýkedir kineden, gerekmejek ökünçlerden içki dünýäňi, ruhuňy arassalamaga güýç tapmaly, saňa ýamanlyk eden adamlary bagyşlamagy başarmaly we öz köňlüňde jennet döretmeli. Ilki bilen biz öz-özümizi bagyşlamagy başarmaly. Käte biz özümizi nähak ýere kötekleýäris we içurnuk bolup, özümizi köseýäris. Bziň aňymyzyň ýadynda şeýle bir adamlar bolýar. Olaryň ady ýadymyza düşende gaharymyz gelýär. ýöne ol adamyň özi bu zatlary duýanok. Belki ol eýýam bu dünýäde ýokduram. Beýik Biribaryň öňünde her kim eden günäsi üçin jogap bermeli. Hiç haçan hiç kim eden günäsi üçin jezasyz galmaýar. Älem jahanyň ýa-da bizi ýaradan Biribaryň öz kanuny bar. biz munuň şeýledigine düşünmelidiris. Ilki bilen dost saýlanymyzda oýlanyşykly, eserdeň bolmaly Paýhasly ýaşamak üçin köp zatlary bilmek zerur, Iki sany çyn kadany ýatda sakla ilki bilen. Çem gelen zady iýenden, gowy bolar aç gezeniň, Gowudyr ýeke bolanyň, ýoldaş bolandan çem gelen. Omar Haýýam. Чтобы мудро жизнь прожитьб знать надобно немало¸ Два важных правила запомни для начало: Ты лучше голодай¸ чем что попало есть¸ И лучше будь один¸ чем вместе с кем попало! Омар Хайям. Halk arasynda: «Duşmanyna töhmet atýan adamyň halanylmazlygy — adamlaryň kada-kanuny. Ýöne öz dostuna, ýakynyna töhmet atanyň heläkçilige uçramagy — tebigatyň kanuny» diýlen pähim bar. Halk töhmetçileriň, ýaman niýetlileriň garraýançalar ýaşamaýandyklaryna ynanypdyrlar. Şol sebäpli hem dünýä halklarynyň arasynda juda manydaş «Her kimiň niýeti, päli ýoldaşy bolýar» diýen ynam döräp, ony nesilden-nesile geçirilipdir. Ýaramaz niýetli adamlaryň içindäki gahar-gazapdyr görüplik, eden günä işleriniň agramy olaryň nesillerine hem zyýan edýär diýen pikirleriň ýaýrawynyň giňemegi hem ýöne ýere däl. Bu akyl ýetirip bolmajak syrly waka bolup, ol Beýik Biribaryň hakykaty. Adamlar şol hakykata boýun bolup, tebigatyň kanunyny berjaý etmelidirler. Ýogsa ýaramaz niýetdir päliň bumerang ýaly yzyna dolanyp, özüňi heläk etmejegi ikuçsyzdyr. Hiç haçan hiç bir kişiniň yzyndan ýaramaz zat diýme. Muhammet pygamber: «Kimdir birine bir zat arzuw etseň, arzuwyň hasyl bolar. Şol wagt Taňry bir perişdäni şaýat eder we ol perişde şol minutda seniň ýanyňda bolar. Eger sen kimdir birine ýerdäki we asmandaky eşretleri arzuw etseň, ýanyňdaky perişde: «Goý, saňada ýerdäki we asmandaky eşretler nesip etsin!» diýer» diýipdir. Görşümiz ýaly kimdir birine gowulyk arzuw etmek bilen biz özümize hem şony arzuwlaýan ekenik. Gündogaryň gadymy kitaplarynyň birinde şeýle ýazylypdyr: «Hiç haçan men özümi ýaramaz duýýan» diýme. Taňry seniň sözleriňi eşidip, «Özüňi ýaramaz duýmagyň nämedigini sen entek bileňok— ony saňa görkezeýin» diýer. Nähili ýagdaýa düşseň-de «Maňa juda gowy » diý. Taňry seniň sözleriňi eşidip: «Sen entek gowulygyň nämedigini bileňok — men ony saňa görkezerin» diýermiş». Biziň her birimiz bu ýagty jahanyň myhmany. Taňry bolsa bu jahanyň eýesi. Göz öňümize getirip göreliň. Siziň öýňüze ýöne hyk-çok edip, durmuşdan zeýrenip ýören öýkelek, sähel zada yrsarap duran myhman gelse, seniň üçin görgi, çekmesi kyn jeza bolmazmydy? Sen şeýle myhmany öýüňden basymrak ugratmagyň aladasyny edersiň. Eger seniň öýüňe şadyýan, pähim-parasatly, açykgöwünli bir myhman geläýse, seniň göwnüň hoş bolar. Sen şeýle myhmanyň öýüňde köpüräk eglenerini işlärsiň. Ol myhmana iň gowy zatlary hödür edesiň geler. Edil şonuň ýaly pähimli, asylzada adamlary Taňry üçin hem bu ýagty jahanyň islegli myhmany. Şeýle adamlara beýik Taňry ýerdäki we asmandaky eşretleri bagyş edýändir. Biriniň bagty rowaçdyr , edeni bolar oňuna, Başga biri synaglaryň çykyp bilmez hiç soňuna. Özgeleriň şatlygy köp diýip gam-gussa çolanma Begen illere garaňda öz azaplaň az bolanna. Omar Haýýam. Тот, кто мир преподносит счастливчиком в дар, Остальным — за ударом наносят удар. Не горюй, если меньше других веселился, Будь доволен, что меньше других пострадал. Омар Хайям. Eden gowy ýa ýaramaz işlerimiz üçin irde-giçde her kim jogap bermelidir. Halk arasynda «Hasapsyz zat ýokdur» diýilmesi hem ýöne ýere däl. Özgeleriň hereketine baha bermek, ýazgarmak olaryň gybatyny etmek ýa-da ýalkamak hukugy hiç bir ynsana berlen däldir. Her bir ynsanyň öýkedir kine saklamagyň netijesinde dert döreýändigini bilmegi hökmandyr. Seni ynjydanlary bagyşlamak bilen, öz saglygyňy berkitýändigiňi unutma. Halk arasynda «Ýagşylyga — ýagşylyk, her kişiniň işidir. Ýamanlyga — ýagşylyk är kişiniň işidir» diýen pähimiň ýöne ýere döremändigi hakynda oýlanmak hem bagyşlamagyň sogabyna düşünmäge ýardam eder. Öz paýhasyňy kämilleşdirmäge çalyş! Dünýäde şeýleräk parasatly sözler bar: «Pikirlenip başlamankaň — etjek pikirleriň hakda pikir et!» Dowamy bar. Terjime eden Gülälek Meretmyradowa. Oglum, gybatyň edilmezligini isleseň, hiç-haçan gybat etme! Meniň sözlerime akyl ýetirip, ak ýürekden hemmeleri bagyşla! Bagyşlamagyň örän uly bejerijilik güýji bardyr. Bagyşlamasaň öz-özüňe jepa çekdirersiň. Bagyşlamazlyk edil pos ýalydyr . Bagyşlap bilmezlik öz ömrüňi, saglygyňy weýran etmekdir. Rehimsizlik rehimsizligiň, ýagşylyk ýagşylygyň döremegine getirýär. Biz bir ýönekeý ynsan. Şonuň üçin hem her birimiziň ýalňyşmagymyz, ýukaýüreklilik ýa-da samsyk hereketleri etmegimiz mümkindir. Kimdir biriniň az salymlyk erksizlik edenini, samsyk hereketlerini,ýalňyşlygyny bagyşlamagy başar. Bagyşlap bilmezligiň özüniň ejizlikdigini unutma. Diňe özerkli, güýçli adamlar bagyşlap bilýändir. Bagyşlamak bilen sen öz kalbyňa ajaýyp duýgulary bagyş edip, ejirli pikirlerden halas bolarsyň. Köňlüň hapalanmagy seniň aňyňa täsir edip, bedeniňde dürli keselleriň ýüze çykmagyna, dömme çişleriň döremegine getirýär. Birini bagyşlamak ýa-da birine bagyşla diýmek bilen, sen birnäçe keselleri köki-damary bilen ýok edýändigiňi unutma. Bagyşlamak — öz-özüňi jepalardan halas etmekdir. Bagyşlamak — içki rahatlyga barýan ýoldur. Elmydama ilkinji bolup aýgytly ädim ät. Ilkinji bolup bagyşlamagy başar. Bagyşlamak — öz janyňy halas etmekdir. Ol akyl-huşuňy arassalaýar. Bagyşlamak — döredijilikli pikirlere tarap ýoldur, diňe şonda biziň aňymyz geçmişiň jepaly pikirlerinden saplanyp biler. Bagyşlap bilmezlik seni geçmişiň jepaly ýatlamaly bilen baglaýan kerepdir. Sen gerekmejek ýükli arabany itip gelýäniňi göz öňüňe getirip gör. Ine, häzir şol ýüki şu ýerde taşlap gitmek isleýärsiň. Agyr ýükli arabasyz ykbalyň nähili boljakdygy hakynda pikir et. Täsin ýeňillik seni gurşap alar. Paýhasly adam bagyşla diýmek bilen we bagyşlamak bilen öz öňki ýalňyşyny gaýtalamaz. Bagyşlamak bilen özüni dertdir jepaly pikirlerden halas edýändigine düşünmek paýhaslylykdyr. Saňa ýamanlyk edenleriň ählisini bagyşlamak bilen sen özüňi geçmişiň girdabyndan halas edersiň. Düýn – seniň taryhyň, ertir— seniň geljegiň, häzirki pursatlar bolsa saňa Taňrynyň peşgeşi. Şu günki gün bilen ýaşamagy başar. Geçmişiňize bolan garaýşyňyzy üýtgetmek bilen, siz öz ykbalyňyzyň gowulyga tarap üýtgändigine göz ýetirersiňiz. Bagyşlamak — paýhaslylyga tarap ilkinji ädimdir. Muhammet Pygamber şeýle diýipdir: «Biliň, garyplyk — betbagtlykdyr. Ýöne bedeniň dertlemegi garyplykdanam erbetdir, ruhuň näsaglamagy bolsa bedeniň dertlemesinden hem beterdir. Paýhaslylyk bilen kynçylyklaryň garşysyna çykmagyň akyllylykdygyny bilgin». Akylly adamlaryň beýlekilerden nähili tapawutlanýandygyny bilýärmiň? Bir akyldardan «Iň gerekli ylym näme?» diýip soranlarynda ol: «Gerek däl zatlary ýatdan çykarmak ylmy iň gerekli ylym» diýip jogap beripdir. Paýhasly adamlar şeýle ajaýyp häsiýetleri bilen tapawutlanýarlar. Olar bagyşlamasalar öz köňüllerinde orun alan ýigrençdir gahar-gazabyň öz saglyklaryny weýran etjekdiklerine akyl ýetirýärler. Hormatly şyh hoja Baha ad-Din Nagyşbendi şeýle diýipdir: «Gowy adamlary hemmeler gowy görýärler. Eger sen zalym, rehimsiz adamlary hem söýüp bilen bolsaň, ol seň öz-özüňi ýeňdigiňdir». Saňa ýamanlyk edenleriň hemmesini öz-özüňi ýeňmek üçin bagyşla. Özgeleri bagyşlanyňdan, öz-özüňi bagyşlamak has kyndyr. Edil özgeleriň hatalaryny bagyşlap bilmeýşiň ýaly sen öz-özüňi hem bagyşlap bilmersiň. Eger bagyşlap bilýän bolanlygyňda öýke-kineden, gahar-gazapdan agralan ýükli haltany gerdeniňde göterip ýörmezdiň. Ilki bilen öz eden hatalaryň, hasyl bolmadyk arzuwlaryň üçin üçin öz-özüňi bagyşla. Omar Haýýamyň aýdyşy ýaly: Dört hadysaň perzendi sen, diňleýäň sesini dünýäň, Ýaranjaňlygy bilmeýäň hem juda syrly görünýäň. Sen adammy, haýwanmy, wagşy ruhmuň hiç gülmeýän, Köňülleň çuňunda şolaň gizlenip ýatanny bilýän. О чадо четырех стихий, внемли ты вести, Из мира тайного, не знающего лести. Ты зверь, ты человек, злой дух и ангел ты, все, чем ты кажешься, в тебе таится вместе. Омар Хайям. Oglum, goý, ömür ýolunda iň gowy häsiýetler seniň hemraň bolsun. Ýagşy niýetdir gowy häsiýet bilen ýol ýol ýöremek aňsat bolar. Şu günki gün az hem bolsa bar zadyna şükür edýäniň kämillik ýoluna düşen adamdygyny hiç haçan unutma! Az zat bilen oňňut edip, köňlüne rahatlygy ýaran edinen adam kem-kemden öz maksadyna ýetýändir. Öz ene-ataňy bagyşla, sebäbi olar seniň üçin iň gymmatly we mukaddes adamlardyr. Olar saňa dünýäni aýlanyp tapyp bolmajak gymmatlygy — ömrüňi sowgat etdiler! Seni ekläp-saklamak üçin olar gör nämeler etmediler, öz ýaşlyklaryny saňa bagyş etdiler. Ýaramaz ene-ata bolmaýar we olar saýlap alynmaýar. Sen olaryň öňünde elmydama bergilisiň. Gadym döwürleriň akyldarlary: «Öz ene-ataňy edil Hudaý bilen deň derejede goýup hormatlamaly» diýip, tekrarlapdyrlar. Oglum, seniň eneň-ataňa bolan garaýşyň — Beýik Biribara bolan garaýşyňdyr. Sebäbi ol ilkibaşdan seniň Ýaradyjyň, Döredijiň we ataňdyr. Eger sen eneň-ataňy boluşlaryna görä kabul edip, sylap, hormatlamaýan bolsaň, seniň Allanyň islegine boýun bolmadygyňdyr. Bu hakykatdan hem şeýle! Eger sen öz ykbalyňdan närazy bolsaň, bu seniň Ýaradana bolan nägileligiňdir. Bu seniň Onuň bilen jedelleşmäge hyýal edýänligiňi aňladýandyr. Ene-atany sylamazlyk— dönüklikdir, onuň üçin Ýaradan bir topar betbagtçylyklaryň üsti bilen ömrüňi gysgaldyp, seni jezalandyrýar. Şol bir wagtyň özünde-de Ýaradan ol adama ene-atasynyň ykbalyndan hem beter ykbaly berýär. Köplenç käbir adamlar öz perzentleri üçin ellerinden gelenini aýamadyk ene-atalaryny şowsuz ykballary üçin günäkärleýärler. Bu ýalňyşdyr. Olar başgaça ýaşap hem bilmezdiler, başarmazdylar. Şonuň üçin hem adamlaryň saňa bolan gatnaşygynyň üýtgemegini, ykbalyň özgermegini isleseň ilki bilen özüň özgermeli, gowluga tarap üýtgemeli. Özem gowluga tarap uly höwes bilen, şatlanyp üýtgemeli. Oglum, Gurhanda dine ynanýanlaryň ömrüniň dowamynda bäş sany düzgüni berjaý etmelidikleri hakynda ýazylandygyny bilýärmiň? Birinji —Ýaradanyň ýekedigini we Muhammediň onuň iň soňky wekilidigini ykrar etmek. Ikinji — günüň dowamynda bäş wagt namaz okamak. Üçünji — ýylda otuz gün oraza tutup, agzyňy beklemek. Dördünji —ýyl ýüzi gazanan girdejiň kyrkdan birini haýyr-sahawat bermek. Bäşinji — Mekkä haja gitmek we Muhammet pygamberi hormatlamak. Gadym döwürlerde bir ýigit ejesine ogulluk borjuny ödemegi ýüregine düwüpdir. Ol ejesini arkasyna alyp, Haj parzyny ýerine ýetirmek üçin Mekkä tarap paý-u-pyýada ýola düşüpdir. Ýigit birýarym ýyllap ejesini arkasynda göterip ýol ýöräp, ahyry keramatly topraga ýetipdir. Haj parzyny ýerine ýetirensoňlar ol ýene-de ejesini arkasyna alyp pyýadalap öz ýurduna gaýdypdyr. Ýene birýarym ýyl ýol ýöräp, öz iline gowşupdyrlar. Ýigit öz obalaryndaky akyldar gojanyň ýanyna baryp: — Atam, maňa ömür beren ejemiň öňündäki bergi-borjumy ödedimmikäm?-diýip sorapdyr. Akyldar bolsa oňa: — Hawa, oglum, sen onuň çagakaň üstüňde kökenek gerip geçiren ýekeje ukusyz gijesi bilen hasaplaşyp, şonuň bergisini ödediň! – diýipdir. Şu zatlardan netije çykaryp, dünýäniň hiç bir gymmatlygy ene-atanyň öňündäki bergi-borjumyz bilen hasaplaşmaga ýetmejekdigine göz ýetirýäris. Ene-ata bütin ömürleriniň dowamynda perzentlerini mähir bilen ýyladyp, alada edip, goldap ýaşaýarlar. Ýogsa olaram iň kämil adamlar däl, olaryňam eden ýalňyşlyklary bar, ýöne seni çyn ýürekden, bütin barlygy bilen söýüp bilýärler. Olar öz söýgülerini elmydama aýan edibem duranoklar. Çagalarynyň ýürek agyrdyjy hereketleri üçin olar öz alaçsyzlyklaryny gaharlanmak bilen gizleýärler. Şeýle ene-ata öz söýgiňizi we sylagyňyzy peşgeş ediň! Olar bilen gürleşeniňizde sabyr-takatly boluň. Olaryň çagakaň seni terbiýelemek üçin näçe sabyr-takatly bolanyny bir bilsediň! Öz ene-ataňy söýmek — adam üçin tebigy ýagdaýdyr. Onda-da hiç haçan göwünlerine degmän, çyn ýürekden, çynyň bilen söýmek. Bir gezek Muhammet Pygamberiň ýanyna öz ýakynlarynyň biri gelip, halkyň goragynda wagty ýaralanan egindeşleriniň biriniň ölüm ýassygynda agyr ýatandygyny habar berýär. Pygamberimiz habar getiren ýigit bilen agyr ýaralanan hassanyň ýanyna barýar. Muhammet Pygamber hassanyň gulagyna bir doganyň sözlerini gaýtala diýip pyşyrdaýar. Ýaraly esger näçe çytraşsa-da, doganyň sözlerini gaýtalamaga dili aýlanmaýar. Esgeriň gözgyny halyny gözi bilen gören Pygamber: — Ýigidiň ejesini meniň ýanyma çagyryň. Eger gelmäge haly ýok bolsa, onda özüm bararyn- diýýär. Egindeşleri enäniň ýanyna baryp bu sargydy ýetirýärler. Ene: — Men ýöräp bilmez haldaky hassa däl. Özüm bararyn- diýýärde, habar getiren ýigidiň yzyna düşüp gaýdyberýär. Salam berip gapydan giren ene bilen saglyk-amanlyk soraşan Muhammet Pygamber ondan näme günä eden bolsa-da, öz oglunyň günäsini ötmegini soraýar. Ene bolsa: — Men oglumyň günäsini hiç haçan bagyşlamaryn. Oglum ýedi ýaşyndaka adamym dünýäden ötüp, dul galdym. Oglumyň atalygynyň zulumyna duçar bolmagyny islemänim üçin ikinji gezek durmuş gurman, bütin ýaşlygymy, ömrümi oňa bagyş etdim. Ony ulaltdym, adam etdim, öýerdim. Öýleneninden soň ol düýpgöter üýtgedi. Maňa üns bermesini goýup, bary aladasy aýaly boldy. Ony öwüp-öwüp arşa çykardy. Öýüň ähli işi kem-kemden iki esse ýük bolup meniň boýnuma düşdi. Men öz öýümde gyrnaga öwrüldim. Men öz maşgalamdan we ähli sylag-hormatdan mahrum boldum. Bu öýde çydar ýaly bolmady. Men çykyp gitmegi ýüregime düwdüm. Goşlarymy ýygnap başlanymda meniň oglum galmagymy sorap ýalbarmagyň ýerine goşlarymy göterip, köne külbä taşlap gaýtdy. Men henizem şol külbede ýaşap ýörin. Şonda ýüreginde galan kinäni men hiçhaçan bagyşlap biljek däl- diýipdir. Muhammet Pygamber öz egindeşlerine: — Giň meýdanda uly edip ot ýakyň-da, günälini şotaýyk getiriň. Biz ony oda ýakarys. Kim öz ejesiniň göwnüne degen bolsa dowzahyň oduna ýanmaga sezewar bolar. Bu dünýäde ýa-da ol dünýäde ýandy, tapawudy näme – diýip, ot ýakmagy emr edipdir. Pygamberiň sözlerini eşiden ene: — Meniň oglumy ýakmaň. Men müňlerçe gezek bagyşlaýaryn. Goý, meniň oglum Jennede düşsün- diýip hamsygypdyr. — Enäniň öz perzendini bagyşlandygyny eşiden Pygamber egindeşleriniň birini ýaraly ýigidiň halyndan habar almaga ugradypdyr. Hassanyň gapysyndan garan ýigit onuň okan dogasynyň iň soňky sözleriniň pyşyrdysyny eşidip galypdyr. — Ana şonda Pygamberimiz: «Jennet eneleriň aýagynyň astyndadyr!» diýen ekeni. — Ene ýüregi... Göräýmäge örän kiçijek we şol bir wagtyň özündede ümmülmez giňişlik. Käte pikirlenmezden biz onuň göwnüne degýäris. Ýüregine ýara salyp, ynjydýarys. Öz durmuşymyz bilen başagaý bolup, ejemizi unudýarys. Ejesiniň göwnüni ýykan ynsan özüni Beýik biribaryň razylygyndan mahrum edýändir. Öz perzendine bolan mähirden doly ene ýüregi çagasynyň üstünde pelesaňdyr. Ene nirede gezip ýörendigine garamazdan, onuň söýgisi, goldawy biz bilendir. Ene ýüreginden çykýan mähir we şugla biziň kalbymyzy ýyladyp, ýollarymyzy ýagtyldýar. Gadym wagtlarda ýaş ýigit bir gyza aşyk bolupdyr. Yşkyň derdini çekip,iýmän-içmän ýören ýigit örän horlanypdyr. Onuň horlanmagynyň başgada bir sebäbi bar ekni. Rehimsiz gyz ýigidiň ýalňyz ejesinden başga hossarynyň ýokdugyny bilip, geljekki gaýynenesinden dynmak maksady bilen ýigide: «Eger sen meni söýýän bolsaň, söýýändigiň subutnamasy hökmünde ejeň ýüregini getirip ber» diýipdir. Ýigit beýle uly günäni etmäge ýürek edip bilmän ençeme günleri gaýgy-hasratda geçirip, ahyry bir gün aýgyt edýär. Ejesiniň ýüregini eline alyp söýgülisine bermäge alňasap, ylgap barýarka, ýolda büdräp ýykylýar. Şol wagt ene ýüregi: «Balam, bir ýeriňi agyrdaýana-a dälsiňdä?!» diýip seslenipdir. Günlerde bir gün bir ýaş ýigit Muhammet Pygamberiň ýanyna gelip: — Men il-güne ýagşylyk etmek isleýärin. Kimlere ýagşylyk etmegi maslahat berýärsiňiz? – diýip sorapdyr. Pygamber: — Ýagşylygy ilki bilen ejeňe et- diýip jogap beripdir. Ýaş ýigit: — Ýene-de kime ýagşylyk edeýin?- diýip sorapdyr. Pygamber: — Ejeňe – diýip jogap beripdir. Ýigit üçünji gezek: — Ýene kime? – diýip soranynda, Ol: — Ejeňe – diýip, öňki jogabyny gaýtalapdyr. Ýigit dördünji gezek gyzyklanyp: —Ýene kime men ýagşylyk edip bilerin? – diýip soranynda bolsa Pygambe-rimiz: — Indi öz kakaňa we dogan-garyndaşlaryňa – diýip, jogap beripdir. Gadym zamanlarda bir şäherde ataly ogul günä iş edipdirler. Olary adyl kazynyň huzuryna alyp gelipdirler. Kazy günäkärleň hersine on gamçy çalmaly diýip buýruk çykarypdyr. Ilki ýaş oglanyň kakasyny jeza meýdançasyna alyp gidipdirler. Gamçylap jazalandyranlarynda ol adamdan bir gezegem ses çykmandyr. Soňra ogluna gezek ýetipdir. Ogluna birinji gamçy çalnanda atasy uly sesi bilen gygyrypdyr. Soňky urlan urgularda bolsa atanyň sesi has çasly çykypdyr. Kazy ol adamy ýanyna çagyryp: «Bu edilen işde esasy günäkär sen bolanyň üçin seni has gaty saýmagy tabşyrypdym. Ogluň ýaşdygyny göz öňünde tutup, ony ýuwaşyrak gamçylamalydygyny aýdypdym. Emma şeýle-de bolsa sen näçe gaty saýylsaňam jyňkyňy çykarmadyň. Sen näme üçin ogluňy urup başlanlarynda uly sesiň bilen gygyrdyň? » - diýip sorapdyr. Ýaş ýigidiň kakasy: «Siz meni uranyňyzda meniň tenimi saýgyladyňyz. Bu agyra çydasa bolýar. Ýöne siz meniň oglumy urup başlanyňyzda meniň janymy, ýüregimi, bagrymy saýgyladyňyz, ol agyra çydar ýaly bolmady» - diýip jogap beripdir. Şonuň üçin hem oglum, sen öz kakaň hakykatdan hem gazaply, daşýürek, saňa düşünmeýän adamdyr diýip pikir etme. Onuň hyrsyzrak görünýän keşbiniň aňyrsynda daşyna çykaryp bilmeýän mähribanlygy, söýgisi bardyr. Köplenç ol seni halamaýan, söýmeýän ýaly görünendir. Emma ol seni söýýändir, onda-da nähili! Ýöne ol seni özüçe söýýär. Sen ony bagyşla we onuň söýgüsine düşünmändigiň üçin ötünç sora. Gadym döwürlerde ýekeje ogly bilen ýaşaýan täjir bolupdyr. Täjir örän dogruçyl bolup, hiç-haçan öz haýry üçin ýalan sözlemändir. Ol uzak wagtlap baýap bilmändir we şowlulyk özünden ýüz öwrendiröýdüpdir. Emma Taňry ony synaga salýan ekeni. Şeýle bir gün gelipdir welin, şowlulyk onuň öýüniň töründe orun tutupdyr. Onuň öýünde şatlyk, bolçulyk, rowaçlyk höküm sürüpdir. Şowlulyk täjire näçe ýylgyrdygyça, täjir has köp pikire batypdyr we beläny söwujy dogalary okapdyr... (Kitapda yzy ýok) Terjime eden Gülälek MERETMYRADOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |