13:46 Teýmirleňiň ömrüniň 12 güni: Akyldar şyh Timura duýgurlygyň, düşbüligiň syryny açýar | |
Ikinji gün
Pedagogika we edep-terbiýe
AKYLDAR ŞYH TIMURA DUÝGURLYGYŇ, DÜŞBÜLIGIŇ SYRYNY AÇÝAR Daň atyp gelýärdi. Asmanda ýyldyzlar gözden ýitip, howa ýagtylyp başlanyndan goşundaky esgerler ukudan oýanyp başladylar. Timur ukudan oýanan dessine sowuk suwa ýuwundy. Suw onuň ukusyny düýnki argynlygy bilen bilelikde ýuwup aýran ýaly boldy. Ertir namazyny okap, geljekki etjek hereketleriniň pikirini edip uzak oturdy. Salam berip gelen müňbaşylaryna goşuny ýola çykmaga taýýarlamagy emr etdi. Şapak gyzaryp, Günüň altynsow naýzalarynyň şöhlesi görnüp ugrapdy. Säheriň arassa howasy, bilbilleriň sesi çarbaglygy şeýle bir lezzetli künjege öwrüpdi welin, edil ertekilerdäki täsinligi ýada salýardy. Akyp ýatan suwa seretseň edil Isgenderiň jadyly aýnasyna sereden dek bütin dünýä görünýän ýalydy. Timur çarbagyň suwdaky gözel keşbini synlady. Timuriň özünden birnäçe ädim aňyrda otuň üstünde oturan Şyha gözi düşdi. Daň säherde, ýaňy howa ýagtylyp başlanda ol muny gözüne görünýändir öýtdi. Timur garawulçylyk edýän sakçylara görünmän hiç kimiň geçip bilmejekdigi hakynda oýlanyp, töweregine garanjaklady. Emir bu gezegem haýran galdy. «Şyh bu ýerlerde nädip peýda bolduka?» diýen soragy aňynda aýlady. Göýä sesli aýdylmadyk şu soraga jogap berýän ýaly derwüş pessaý ses bilen şeýle diýdi: — Oglum, seniň kalbyňa şübhe dolup, içiňdäki soraglara jogap tapman kösenýärmiň? Seniň ähli şowlulyklaryňy we şowsuz ýeňlişleriňi men öňünden görüp, öňüni alyp bilen däldir diýip pikir edýärsiň. Ýaş wagtyň sen meniň aýdanlarymyň manysyna düşünip bilmediň. Sebäbi sen ol wagtlar juwandyň, meniň maslahatlarymy alardan ýaşdyň, ganygyzgyndyň. Sen ýeňiş gazanmaga jan edýärdiň. Hawa, bu zatlaryň diňe ganygyzgyn ýaşlara mahsusdygyna men düşünýärin. Men seni synlap, tä özüň ýalňyş ýoldan barýanyňa akyl ýetirýänçäň, saňa gep düşündirip bilmejegime göz ýetirdim. Dagly Badagşanyň jülgeleri gadymdan bäri ägirt uly gazylyp alynýan almazdyr zümerret we beýleki gymmatbaha daşlarynyň känleri bilen şöhratlanandy. Badagşan jülgeleriniň soltany Salah ad-Din bir gezek dünýäniň suratkeşlerini çagyryp älemde gaýtalanmaýan gözelligi döretmegi buýrupdyr. Ýeňijä ýedi arkasyna eklenmäge ýetjek baýlygy berjekdigine söz berip, wada edipdir. Dünýäniň ähli künjünden gelen on müňlerçe suratçy işe girişipdir. Olar yzly-yzyna döreden eserlerini görkezipdirler, ýöne soltan Salah ad-Diniň göwnüne ýarany bolmandyr. Suratçylarda gün geçdikçe ýeňiş gazanmaga bolan ynam azalypdyr. Ahyr soňunda ýekeje suratçy galypdyr. Çeken suratyny görkezmek üçin ony ýanyna çagyran Soltan edil bir almany iki bölen ýaly, özüne juda meňzeş suratkeşi görüp haýran galypdyr. Soltan ondan çeken suratyny görkezmegi talap edeninde ol: — Soltanym, dünýäde gaýtalanmajak gözelligi döretmek kyn zat. Onuň üçin bir hepde ýa-da bir aý däl-de, ýyllar gerek. Siziň şonça garaşmaga sabyr-takadyňyz ýetermikä?- diýip, soragly garapdyr. Dünýäde ýeke-täk gözelligi görmäge bolan höwes soltany gedemje suratkeşiň morta soragy üçin ony jezalandyrmakdan saklanmaga mejbur edipdir. Ýyllar geçipdir. Bäş ýyldan soň özüne meňzeş suratkeş soltana täsin suratyň taýýardygyny habar beripdir. Gaýtalanmaýan ajaýyplygy görmäge bolan höwes soltanyň goragsyz- janpenasyz, ýeke özüniň ata atlanyp suratkeşiň yzyna düşmegine sebäp bolýar. Dagyň gaýasyna çekilen suraty görüp soltan haýran galýar. Tekiz gaýanyň ýüzüni tutup duran suratda ýaz paslynda güllän güller edil ertekilerdäki gözelligi ýadyňa salyp durdy. Gaýanyň merkezinden geçýän ýodajyk dagyň depesine tarap uzalyp, inçelip bir gowaga girip gidýärdi. Soltan bütin ömrüniň dowamynda beýle gözelligi görmändir. Biraz wagtlap gören ajaýyplyklaryndan dili tutlan soltan özüni dürsäp suratkeşden: — Sen kim? Bu ýodanyň soňy nirä barýar?- diýip sorapdyr. Ussat suratkeş oňa: — Men ussadyň keşbindäkiseniň kämilligiň. Bu ýodanyň nirä eltýändigini ony özüň ýöräp geçmeseň bilip bolmaýar- diýip jogap beripdir. Soltan gaýanyň ýüzündäki gözellikden gözlerini aýyrman Kämilligiň elinden tutup, dünýä akyl ýetirmegiň syrlaryny açýan ýodadan ýöräp gidipdir. Ol ýoda ýüreklere barýan ýol ekeni. Käteler dünýäniň syrlaryna akyl ýetirmegiň ýolundan gitmelimi ýa-da gitmeli däl diýen soraga jogap tapman ikirjiňlenýäris. Kämillige tarap ýol bolsa seniň ilkinji ädimiňden we gelen netijäňden başlanýar. Beýik hytaý akyldary Konfusiý: «Müňlerçe ädimlik ýol ilkinji ädimden başlanýar» - diýip ýazypdyr. Amal edip biljek mümkinçilikleriň syryny özünde saklaýan seniň içki dünýäň— iň ajaýyp dünýädir. Seniň nämeler edip bilmäge ukyplydygyňy beýik Taňry bilen seniň özüňden başga bilýän ýokdur. Taňry: «Çaga ýaly boluň» diýipdir. Çagalaryň ululardan näme tapawudy barka? Olar dünýä göz ýetirmäge, öwrenmäge, öz-özlerini kämilleşdirmäge ilgezikdikleri, höweslidikleri bilen tapawutlanýarlar. Olar ulularyň maslahatyny ýeňillik bilen kabul edýärler we özleriniň köp zat bilmeýändiklerini boýun alýarlar. Olarda täsin gorag ulgamy bolýar. Çagalar bir emosial ýagdaýdan başga bir garşylykly ýagdaýa ýeňillik bilen geçýärler. Olar üçin göwniçökgünlik ýa-da depressiýa düşmek ýagdaýy ýokdur. Şonuň üçin hem täzeden çaga bolsaň, sen öz-özüňden gaçmarsyň. Kämilligiň hakykaty her kimiň içki dünýäsinde bolup, öz-özüni açmagyndadyr, ýaşaýşyň ylham çeşmesini tapmagyndadyr, aň-düşünjelilige ýol salmagyndadyr. Aslynda hakykat biziň içimizde, biziň özümizdedir. Taňrynyň, Hakyň hakykaty ony gözleýjileriň hemrasydyr, olaryň hakykaty tapmagynyň ýardamçysydyr. Ynsan ömür ýolunda hakykaty açyp, öz-özüni kämilleşdirýär. Ana şonda Taňrynyň güýjüni özüňde duýýarsyň. Şeýle güýjüň adama mahsusdygyny köpler bilmeýär we munuň ýaly başarnygy hemmelere gazanmak başartmaýar. Kämil adamda ine şular ýaly aýratynlyklar bolýar. Hakykata akyl ýetirmek — kämil bolmaga çalyşýan ähli ynsanýetiň arzuwydyr, bahasyz hazynadyr. Düýbi lagly-merjenli deňziň kenaryny göz öňüňe getirip gör. Her bir ynsan üçin ol baýlyklara eýe bolmak aňsat iş däldir. Ilki bilen ýüzmegi başarmaly. Soňra suwuň düýbünde birnäçe wagtlap saklanmaga uýgunlaşmaly. Bu zatlara ýetmek üçin ummasyz zähmet, yhlas, sabyr-takat gerek. Kimler güýjüni ýitirip, käbiriniň sabyr-kanagaty ýetmän, kimdir biri bolsa kämilleşmäge bolan isleginiň gowşakdygy sebäpli orta ýoldan yza dolanyp, deňziň düýbündäki hazyna eýe bolup bilmeýärler. Hakykata akyl ýetirmek üçin kämillige bolan sögiň has aýratyn bolmaly. Ynsan dünýäsinde söýginiň üç görnüşi: adamzadyň tebigy söýgüsi, maşgalaňa bolan söýgi, hakykata akyl ýetirmäge bolan söýgi bolýar. Awisenna hakykaty açmak üçin üç ýagdaýy gazanmagyň hökmanydygyny ýazypdyr. Olar: - Ýaramaz islegleriňi we hujuw-höwesiňi ýok etmek. - Ähli ünsüňi jemlemek. - Ruhuň, içki dünýäň arassa bolmagyny gazanmak. Ýaramaz islegleriňi we hujuw-höwesiňi ýok etmek — diňe olary çäklendiren ýagdaýyňda mümkindir. Şol duýgulary çäklendirmek bilen içki güýjümizi hakykata akyl ýetirmäge gönükdirip bileris. Ähli ünsüňi jemlemek diýmek bolsa — hyýalyňda aňyňa aralaşyp, öz içki dünýäňe düşünip bilmekdir. Ruhuň, içki dünýäň arassa bolmagyna bolsa ýüregiňden arassa pikirleriň söýgi bilen joşup çykan ýagdaýynda ýetmek bolar. Derýanyň bir kenarynda duranyňy göz öňüňe getirip gör. Beýleki kenarda ertekilerdäki ýaly ajaýyplyklaryň, duýgurlygyň we düşbüligiň, intuisiýanyň dünýäsi ýerleşýär. Ol kenar özüniň owadanlygy bilen seni özüne çekýär. Ýöne oňa geçmek üçin köpri ýok. Ýokarda agzan, ynsanyň içindäki üç sany ýagdaýymyzy birleşdirmek üçin seniň duýgurlygyň, düşbüligiň, intuisiýaň köpri bolup hyzmat etmelidir. Hemme adamda duýgurlyk,intuisiýa duýgusy bardyr. Bu täsin duýgynyň döreýşini düşündirmek örän kyndyr. Bu duýgy kimlerde heniz oýanmadyk bolsa, başga birinde juda güýçlüdir. Ylahydan berlen bu duýgyny nädip düşündirmeli we nähili syzmaly, aňşyrmaly? Jogap — hiç hili. Duýgurlyk, intuisiýa Beýik Biribaryň dünýäsinde ýaşaýar. Duýgurlyk, intuisiýa — Taňrynyň pyşyrdysydyr. Biziň dünýämizde akyl ýetirilen we akyl ýetirilmedik zatlar bar. Şeýle-de, biziň dünýämizde akyl ýetirip bolmajak hadysalar bolýar. Duýgurlyk, intuisiýa hem şolaryň biridir. Oňa akyl ýetirip, ony düşündirip, elde tutup bolmaýar. Taňrynyň döreden täsin hem çylşyrymly eseri bolan aýallarda tebigaty boýunça bu duýgy has güýçlüdir. Sen zenanlaryň haýsy birinden sorasaň hem olar bu duýgyny doly düşündirip bilmezler. Sebäbi bu düşündirip bolmaýan duýgudyr. Öz deň-duşlaryň bilen bukuldym oýnan çagalygyňy ýadyňa sal. Dostlaryň hemmesi gizlenendir, senem gözläp başlarsyň. Gizlenenleriň tas hemmesini diýen ýaly tapansyň. Ýöne içinde düşbüjesi, mekirjesi şeýle bir gizlenendir welin, tapar ýaly däldir. Sen ähli zady unudyp, çaga erjelligi bilen gözläp başlarsyň. Soňam ony ýadyňa-oýuňa düşmejek ýerden taparsyň. Iň soňky tapylan dostuň dilini çykaryp, uzak gözledeni üçin şatlyk bilen gülüp içiňi ýakar. Sen öz kalbyňdaky dörän şatlykly pikiri ýadyňa sal. Iň gizlin ýerde gizlenen dostuňy tapandygyňa bolan buýsanç, öz duýgurlygyňa bolan ynam, üstünlik, ýeňiş, umuman düşündirip bolmajak täsin duýgy seni gaplap alandyr. Edil şular ýaly duýgular joşguny bilen hakykata akyl ýetirmäge synanyşmak — duýmagyň, duýgurlygyň, intuisiýanyň oýanmagyna getirip biler. Şonda seniň kalbyňda täsin duýgular döräp, bu dünýä başgaça — Taňrynyň nazary bilen seredersiň. Duýgurlyk intuisiýa — Taňrynyň eçilen peşgeşi! Olar saňa durmuşyň doly bolmagy üçin, her bir pursadyň gadryny bilmegiň üçin gerek. Ynsan ömrüniň juda gysgadygy hakynda oýlanmak gerekdir. Her günüň, her sagadyň gymmatyny bilip, örän kän, şol bir wagtyň özünde-de juda az wagtyň galan ýaly ýaşa. Iki-üç ýaşyňdakaň töwerekdäkileriň näme diýjegi hakynda oýlanmazdan, her gün ertekilerdäki ýaly täsinlikleri başdan geçirip, balaksyz, ýalaňaç şapadaňlap ýöreniň ýaňy ýalydyr. Häzir bolsa minutdyr sagadyň, günlerdir aýlaryň nädip geçýänini hem bilmersiň. Bu ajaýyp dünýä bilen hoşlaşmaly wagtyň golaýlanda bolsa, ömrüň ajaýyp pursatlaryny ýalňyş ýaşandygyňa ökünersiň. Entek ýaşaýarkaň joşgunly, hyjuwly, şowhun bilen, şatlykly ýaşa. Gamlanyp hem şatlanyp, Ýaşa, ýaşap bilýärkäň. Asyr däldir ömrümiz, Pursatdyr ol, bolmaz kän. Hafiz. Живи, пока тебе живется, Пока страдаешь и ликуешь, Жизнь нам не на века дается— Всего на миг, ты это знаешь. Хафиз. Oglum, tas bütin dünýäni basyp alan Aleksandr Makadonskiý ýa-da bizde, ýagny, Gündogarda Isgender Zu-lkarneýn diýip atlandyrylan beýik serkerde öz goşun serkerdelerine bütin goşundaky esgerleriň onuň eliniň boşdugyny görerleri ýaly özüni tabyda goýanlarynda ellerini tabytdan daşyna sallap goýmagy wesýet edipdir. Şeýtmek bilen bütin dünýäni boýun egdiren beýik serkerde , älemde belli bolan gymmat-bahaly hazynanyň eýesi bolsa-da, o dünýä hiç zat alyp gidip bolmaýandygyny, eliniň boş gidýändigini düşündirmek isläpdir. Ýogsa ol patyşanyň ogly bolansoň, Gadymy Grek alymy Aristoteliň okuwçysy bolup, bilim alan bolsa-da, ömrüň, durmuşyň hakyky manysyna çuňňur düşünip, onuň ýazylmadyk kadalaryny kabul etmän ekeni. Diňe ömrüniň ahyrynda ol öz eden ýalňyşlyklaryna, ömrüň manysyna akyl ýetiripdir, düşünipdir, ýöne ýalňyşlyklary düzetmäge onuň wagty bolmandyr. Duýgurlyk intuisiýa Alla ybadat edilýän iň mukaddes ýerde ýerleşýär. Ol ýer seniň ýüregiň törüdir. Sen aňyňdaky ähli aladalaryňy goýup, gadymy derwüşler kimin ak ýüreklilik bilen ol ybadathana baryp, duýgularyňy açyp bilersiň. Ynsan ykbal ýoluny köre-körlük bilen geçmeli däldir. Ol bu ýoluň başynyň bardygyny bilşi ýaly, onuň soňunyň bardygyny hem bilmelidir. Duýgurlyk intuisiýa bolsa Taňrynyň beren peşgeşi bolan—Ömrüň manysyna, gymmatyna düşünmek üçin gerekdir. Pukara derwüş bolanlar — belent mertebä eýe bor, Ýüregini paralanlar — diýdiler belent gaýa bor. Beýik kämillik hakdaky boş arzuwlar ýok bolsun! Özi-özüňe düşünip— mertebä eýe bolup bor. Omar Haýýam. Нищим дервишем ставши — достигнешь высот, Сердце в кровь изодравши — достигнешь высот. прочь, пустые мечты о великих свершениях! Лишь с собой совладавши — достигнешь высот! Омар Хайям. Hawa, tutanýerli çekilen zähmetiň, güýçli islegiň netijesinde, öz-özüňi ýagşy işlere ugrukdyrmak bilen duýgurlyk, intuisiýa endigini kämilleşdirip, sen öz ömrüňde belent mertebä eýe bolup bilersiň. Akyl-huşyň intuisiýaň bilen sazlaşygynda intuisiýaň kämilligine ýetip bolýar. Oglum, seniň duýgurlygyň intuisiýaň — seniň ýüregiňe, täze döredijilik mümkinçilikleriňe barýan ýoldur. Sen öz ýüregiňe barýan ýoly tap. Eger şeýtseň, sen ömür ýolunda öz-özüňi taparsyň. Durmuşda ýoldan çykmak, ýitip gitmek aňsatdyr, yzyňa ömür ýoluna—öz-özüňe dolanmak bolsa juda kyndyr. Ömrüň her döwründe ykbal saňa her dürli adamlardan ýolbelet ugradar. Saňa ömür ýolunda azaşmazlyk üçin tejribeli ýolbelet gerekdir –diýip şyh sözüni jemledi. —Maňa ýolbelediň nämä geregi bar?-diýip, Teýmirleň sorag berdi. —Diňle, Mawerannahr bilen Eýranyň arasynda iki sany çöllük sähra, Garagum we Gyzylgum bardyr. Tomsuň jokrama yssysynda çäge şeýlebir gyzýar welin, ýumurtga bişiribermeli bolýar. Diňe käbir ýerlerde süýji suwly guýular bar. Olaryň nirede ýerleşýänini bolsa giň sähranyň ähli künjüne edil bäş barmagy ýaly bilet bolan tejribeli ýolbeletler bilýär. Gadymdan bäri çöl sährada bir damja suw gyzyldan gymmat saýylypdyr. Bir gezek Eýrandan uly kerwen biziň ýurdumyza tarap ugrapdyr. Baý täjirler tejribeli ýolbeledi ýanlaryna alyp, Samarkantda satmak üçin kerwendäki düýelere haryt baryny ýükläpdirler. Kerwende iki ýüzden gowrak adam we ýük urlan üç müňden gowrak düýe bar ekeni. Deňziň kenarynda mylaýym öwsen şemal, çöle ýetilende sörtük ýalyna öwrülip, gyzgyn howur ýuwdup-ýalmap barýan ýaly bolupdyr. Iňlär çölüň goýnunda onuň ýowuz kanuny bolan —teşnelikden heläk bolmakdan diňe tejribeli ýolbeletleriň tapyp bilýän guýularynyň jana tenekar suwy halas edip bilýärdi. Diňe ýolbeletler çölüň ýowuzlygyna tabyn bolmaýarlar. Şol sebäpden hem çöl olara ömrüň dowamaty bolan guýudyr kaklaryň niredediginiň syryny açýardy. Kerwen bir guýudan beýlekisine aşyp ýol ýöräp, ahyry akar çeşmäniň boýunda düşleýär. Irden ýabany taýpanyň adamlary kerweniň üstüne çozýar. Olar kerwenden öz çokunýan Hudaýlary üçin gurban etmäge bir adam bermeklerini talap edýärler. Bermeseler kerweni tutuşlygyna gyrjakdyklaryny aýdyp, hemle atýarlar. Söwdegärler öz harytlaryny we janlaryny aman galdyrmak üçin, ýabany taýpa bermäge adam gözläp başlaýarlar. Söwdegärleriň hiç birisi janlaryny gurban etmek islemändirler. Ahyrsoňunda ýabany taýpanyň adamlaryna ýolbeledi bermeli diýen karara gelipdirler. Kerwen ýabany taýpa öz ýolbeledini berip, ýola rowana bolupdyr. Gün yzyna gün geçse-de, kerwen suwly guýunyň üstünden barmandyr. Guýular edil ýer hopan ýalymyş. Söwdegärlerdir düýeler yzly-yzyna heläk bolupdyr. Çäge adamlar bilen oýun edýän kimin, uzaklardan suw bolup görünýän salgym adamlary aldawa salsa, şemal baky ukynyň aýdymyna hiňlenipdir. Tejribeli ýolbelediň aralarynda bolmazlygy suwsuzlykdan bütin kerweniň heläk bolmagyna getiripdir. Birnäçe hepdeden Garagumuň çäge aňňatlarynyň arasynda kerwen yzsyz-sorsuz ýok bolupdyr. Şondan soň kerweni gören-bilen bolmandyr. Bu durmuş edil çöl sährasy ýalydyr. Duýgurlyk, intuisiýa — seniň şol sähradaky ýolbelediňdir. Sen öz mümkinçilikleriňi açyp, tebsirän çölde suwsuz galan kerwen bolubam, ähli suwly guýulara belet ýolbelet bolubam bilersiň. Çyny bilen öz-özüne akyl ýetirmek islegi bolan adam özündäki duýgurlyk, intuisiýa duýgularyny açyp biler. Kerwenler kän. Ýöne olaryň öz maksadyna, barmaly menziline ýetýäni az. Sebäbi maksada ýetmek üçin jan etmäge hemmeleriň sabyr-takady, ukyp-başarnygy deň bolmaýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |