14:16 Teýmirleňiň ömrüniň 12 güni: Bagt näme? Ynam - ýeňşiň özeni | |
Dördünji gün
Pedagogika we edep-terbiýe
BAGT NÄME? YNAM — ÝEŇIŞIŇ ÖZENI Daňdanyň ümüş-tamyşynda Timur dagdan akýan Sanzar derýasynyň şaggyldysyna oýandy. Goşundaky esgerleriň şadyýan sesleri uzaklara ýaýraýardy. Samarkanda çenli bir günlük ýol galypdy. Esgerleriň öz mähriban dogan-garyndaşlaryny basymrak göresleri gelýärdi. Emir atlary eýerlemegi buýrup, derýanyň kenarynda sowuk suwa ýuwnup, täret alyp, namaz okady. Soňra garyljyk sesi bilen gygyryp, atyny getirmegi buýurdy. Timuryň we şyhyň baştutanlygynda goşun ýerinden gozganyp, ýola rowana boldy. Akyldar şyhyň asyrlar aşan paýhasynyň Teýmirleňiň ýüregine çuňňur ornamagyny isleýän ýaly wagt bir duran ýerinde duran ýalydy. Hat-da agaçlardaky ýaz aladalary bilen başagaý bolan guşlaram olaryň wajyp gürrüňlerine gulak asýan ýaly jürküldemelerini bes edipdirler. — Diýmek, Sizden öwrenen zatlarymy peýdalanyp, men bagta ýetip bilýärindä, şeýlemi? –diýip, Teýmirleň sorapdyr. — Bagt diýmegiň özi näme? – diýip Şyh gyzyklanypdyr. Timur aljyraňňylyk bilen aladaly nazaryny halypasyna dikýär. — Oglum, men saňa bu soragy bermek bilen, seni gapyl galdyrmak islemedim. «Bagt» sözüni eşdip, sen nähili duýgulary başdan geçirýärsiň? Bagt diýen düşünjäni nähili düşündirip bolar? Bagt diýip atlandyrylýan duýgyny nädip beýan edip bolar? Duýgularyň ýagdaýy nähili bolýar? Oglum, seniň ýa-da başga biriniň geljegine seredip, onuň ykbalynda nämeleriň boljakdygyny anyk bilmäge hiç kimiň güýji ýetmez. Ine häzir men saňa ýeňiş gazanmagyň tärlerini öwredýärin, edil şu wagt ömürleriň täze dowam edijileri, biziň dünýämizi dikeldip, üýtgedip biljek güýçli adamlar dünýä inýär. Olaryň takdyrynda näme bar? Biziň dünýämize olar nämüçin we nähili maksat bilen geldiler? Ykbal olaryň täleýine şöhratmy, gussamy, şatlykmy, gaýgymy, söýgimi ýa ýigrençmi, kynçylykly, güzaply durmuşymy ýa-da ýeňil ýaşaýşymy, uzak ömrümi ýa-da irki ölümi — näme ýazdy? Ýeriň ýüzünde olara näçe wagt ömür sürmek berlipdir? Gaty köp akyldar adamlar adamzat ömrüniň manysyny we ähmiýetini öwrenmäge çalşypdyrlar. Ykbal şunuň ýaly synaglary ugradyp, bizi az synanok, oglum. Biziň synaglardan geçýän wagtymyz edýän pikirlerimiz, başdan geçirýän duýgularymyz, edýän hereketlerimiz ömür derýamyzyň akymyna täsir edýär. Her bir adam gyzykly hem joşgunly akymda özüçe ýüzüp, gowulyga — bagta ymtylýar. Her kim bagtly bolmak düşünjesine özüçe düşünýär. Olaryň hersi öz düşünjesini özleriçe dogry hasap edýärler. Käbir adam üçin bagt deňziň gyrasyndaky bagly-bakjaly uly jaýdan, maşyndan ybarat. Ýene biri üçin köp aýlyk tölenilýän iş — bagt hasaplanylýar. Kimdir biri üçin bolsa bagt — uly maşgalaly bolmak. Ýene biri üçin ir säher sag-aman örüp, öz şöhlesi bilen ýüzüni sypap, ukudan oýaran Güne ýylgyryp, salam bermek. Kimdir biri bolsa ir ertirden giç agşama çenli Taňrynyň razylygy üçin doga okamagy özi üçin iň uly bagt hasap edýär. Gadym döwürlerde bir tebibiň ýanyna aýal maşgala gelip, edil eňegine jaň dakylan ýaly bolup, agzyny ýummazdan derdinip: «Hormatly tebip, men uly betbagtçylyga duçar boldum. Kömek ediň. Şu ömrüme çenli adamyma günüň dowamynda sagatlap iňirdeýädim. Durmuşa düşünmeýändigini subut etjek bolup baý jan etdim. Ýakynda bolsa betbagt adamymyň bütinleý eşitmeýändigine göz ýetirdim» - diýip jammyldapmyşyn. Tebip ýaňra aýaly diňläp, kellesini ýaýkap: «Edil häzirki wagtda eşitmezlik siziň adamyňyz üçin betbagtlyk däl-de, Taňrynyň ýalkadygy! Uly bagtlylyk! » diýip, jogap beripdir. Her bir adam öz ömründe bagtly pursatlary başdan geçirendir. Ynsan öz geçen günlerine eserdeňlik bilen garap, ömrüniň iň ajaýyp pursatlaryny ýatlap, özi üçin bagt döredip, ähli düýrmegi bilen ony duýmagy başarmalydyr. Ir döwürlerde obada ýaşaýan bir adam özüni dünýäde iň betbagt adam saýýar ekeni. Onuň durmuşdan nalaýşyndan, iňirdilerinden obadaşlary bizar bolupdyrlar. Ol adam mydama gamgyn halda öz gününden nalap gezer ekeni. Ol bu dünýäde näçe köp ýaşadygyça, şonçada onuň sözleriniň teýenesi, awusy artýarmyşyn. Obanyň ýaşaýjylary ol adamdan daşyrakda bolanlaryny kem görmändirler. Sebäbi onuň ýanynda ýylgyryp-gülüp gürleşip bolmaýar ekeni. Ol adamlaryň şatlygyny özüniň kemsidilmegi diýip düşünýär ekeni. Halk arasynda «Eger seniň goňşyň kör bolsa, onuň janyny ýakmazlyk üçin bir gözüňi süzübräk ýaşa» diýen pähimli sözler hem ýöne ýere dörän däl bolsa gerek. Öz ömründen öýkeli, gününden kineli adam uzak ýaşapdyr. Onuň ýüz ýaşan güni oba: — Ýaşuly ýylgyrýar, hiç zatdan nägile bolup, iňirdänok, nalanok. Ol juda bagtyýar, şadyýan. Hat-da onuň daş keşbem üýtgän ýaly, edil gije ýaşula akgöwünli perişde duşan ýalymyş – diýen, täsin bir habar ýaýrapdyr. Obanyň ähli ýaşaýjysy gojanyň öýüne tarap eňipmişin. Gapydan garanyňam ilkinji soragy: — Size näme boldy? - diýen sorag bolupdyr. Goja bolsa hemmelere mähriban ýylgyryp: — Maňa hiç zadam bolanok. Ýüz ýaşaýançam bagtly bolasym gelip ýaşadym, ýöne bagt gelmedi. Ýüz ýaşan günüm bolsa,bagt bolmasada ýaşap bilerin diýen netijä geldim.Şonda bütin ömrüme özümiň iň bagtly adam bolandygym hakyndaky pikir kelläme geldi. Maňa şunça ýaşyň berilmeginiň özi bagt ahyry! Ömrümiň ahyrynda men şu ýagty jahanda ýaşamagyň, alan her demimiň bagtdygyna düşündim. Arman, men muňa ýaş wagtlarym däl-de, ýüz ýyldan soň, juda giç düşündim – diýip jogap beripdir. Oglum, goja öz ýalňyşyna ýüz ýaşanda düşündi. Sen durmuşyň şatlygyny datmak üçin gojaňky ýaly garraýançaň garaşjak bolmagyn. Her günüň şapagyny ýüze sylyp, täze günüň başlanyna begenip ýaşagyn. Bagty gözläp tapmaly däldir, ony biriniň satyn alyp ýa getirip bererine-de garaşmaly däldir. Bagty sen töweregiňden, öz köňlüňden tapjak bol. Ony öz mähribanlaryň bilen paýlaşyp, olar bilen bilelikde bagtly bolmagy başargyn. HAFYZ Bägül deýin ynsan ömri— Juda gysga, on günlük. Soňra ahmyr etmez ýaly, Ömri geçiriň gülüp. Жизнь роз, жизнь людей — Всего лишь десять дней. Жизнь проживи смеясь, Чтоб не жалеть о ней. Ullakan köpek kiçijek güjüjegiň öz guýrugyny tutjak bolup pyrlanyp ýörşüni synlap, ondan: — Sen näme edýärsiň? –diýip soraýar. Güjüjek oňa: — Itleriň bagty guýrugynda bolýar diýýärler. Menem bagtymy tutjak bolýaryn – diýip jogap beripdir. Ullakan köpek bolsa akylly nazaryny güjüjege dikip: — Olar ýaly pähimi menem eşitdim. Men öz bagtymyň hakykatdan hem öz guýrugymdadygyny anyk bilýärin. Sebäbi men haýsy ýana ýöresem, nirä gitsem bagtym meniň yzyma düşüp gidýär – diýipdir. Prometeýiň ýalkymly ody özi bilen göterip, halkyň ýoluny ýagtyldyp ýörşi ýaly, sen öz bagtyňy ýanyňda göterip, baran ýeriňi, gatnaşýan adamlaryňy bagtly etmäge çalyş. Her pursatda ömrüňe täze öwüşgin berýän, galkyndyryp, joşdurýan duýgularyň güýçli akymyny duýmagy başar. Bagt — döşüňi ýaryp gelýän, hiç kimiň togtadyp bilmejek, edil nireden geleni bilinmeýän güýçli harasat ýaly, täsin duýgudyr. Bagt —dört tärimden giň sähranyň goýnuna çykmakdyr, dagyň çür başyna dyrmaşmakdyr, ýaz gülleriniň gözelligini synlamakdyr. Bagt — asman giňişligine seredip, seni özüne bendiwan eden belentlige galmak, uçmak hakyndaky täsin duýgulara berilmekdir. Bagt — söýgidir, ýagny, seniň öz-özüňi, dogan-garyndaşlaryňy, seni gündelik gurşap alýan adamlary söýmegiňdir. Ýöne nämüçindir ömrümizde şatlykly pursatlar juda köp bolsa-da, biz ony, onuň süýjüsini duýup, hakyky gymmatyny bilip ýaşamaýarys. Köpsanly adamlar, şol sanda oglum, hut sen hem ömrüň bagtly pursatlaryny akyla sygmajak, tötänleýin bolaýan waka hökmünde kabul edýärsiňiz. Ol bagtly pursatlary ýöne bir gabat geläýen zat, indi hiç-haçan gaýtalanmajak Taňrynyň sowgady, gudrat diýip düşünýäris. Adamlar bagtlylygy bolmalysy ýaly kabul etmeýärler.Köplenç olar ömür boýy arzuwlan, köp wagtlap ugrunda selpän zatlaryna eýe bolanlaryndan soň, öňki ruhy galkynyşlaryny, arzuwlaryna bolan gyzyklanmalaryny ýirirýärler we öz wysal bolan arzuwlaryna adaty bolmaly zat ýaly garaýarlar. Adamlar şeýle pursatlary başdan geçirýän döwürlerinde edil seniň bolşuň ýaly näsaglaýarlar, köpçülikden çetleşip, beden we ruhy taýdan garraýarlar. Ýöne sen isleseň ähli zady başaryp bilersiň. Dünýädäki ählitaraplaýyn ýeňişler seňki bolup, sen töweregiňdäki adamlara düşünip, olary bagyşlap, olara bagtyýarlyk paýlap bilersiň. Şeýle ýagdaýlar saňa tanyşdyram oglum, şeýle dälmi? Sen ömrüňdäki şeýle pursatlary ýatlap gör. Bu bagtlylyk ekeni! Bagt — şeýle bir guş ekeni, onuň yzyndan ylgasaň gaçýar, üns bermeseň, görmedik bolsaň bolsa, ol elmydama biziň ýanymyzda bolýar ekeni. Seniň her bir günüň, minudyň hiç haçan gaýtalanmaz we hiç haçan gaýdyp gelmez. Ömrüňdäki her bir pursat— beýik Taňrynyň serpaýy bolup, ol dünýädäki hazynalardan hem gymmatlydyr. Bagt —bu biziň barlygymyzyň tebigy ýagdaýydyr. Bagty hiç zat bilen ölçäp bolmaz.... Gadym döwürlerde bir şäherde iki sany goňşy ýaşapdyr. Olaryň biri Gurhany gowy bilýän, beýlekisi bolsa ýönekeý daýhan ekeni. Ylymly adam daň bilen turup, metjide haýdapdyr. Ol uzakly gününi Gurhany öwrenmäge we namaz okamaga, doga dileglere sarp edipdir. Garyp daýhan bolsa da bilen turup, ertir namazyny okapdyr-da, her gün maşgalasyna owkatlyk gazanmak üçin gijäň ýaryna çenli gara zähmete gümra bolupdyr. Iki goňşy ýolda sataşan wagtlary garyp daýhan öz ýanyndan: «Goňşym örän bagtly ýaşaýar. Ol meniň bütin ömrüme arzuw eden zadymy edýär. Keramatly kitaplary okap, beýik Taňra sygnyp gününi geçirýär» – diýip pikir edipdir. Baýlygy ýetik bolan okumyş adam hem garyp goňşusy hakynda: «Bu betbagtyň bar bileni-biteni agyr zähmet. Metjide barmagada wagt tapanok» - diýip oýlanar ekeni. Günleriň birinde iki goňşynyň ikisi hem bir günde bu dünýä bilen hoşlaşyp, bakylyga göç eýläpdirler. Bakylygyň derwezesiniň agzynda duran adalatly perişde bu ikisinden ömürlerini bagtlylykda ýaşap-ýaşamandyklaryny sorapdyr. Onuň elinde terezisi bar ekeni. Okumyş baý adam adalatly perişdäniň soragyna: —Hawa, men bagtly ömür sürdüm. Ömrümi ylym öwrenip, namaz okap, ybadat edip geçirdim- diýip jogap beripdir. Adalatly perişde onuň jogabyny tereziniň bir tarapyndaky gaba atypdyr. Daýhan hem öz gezeginde oňa: —Men bagtly ýaşamadym. Gije-gündiz zähmet çekip, maşgalamy ekledim, ylym öwrenmäge, ybadat etmäge wagtym bolmady.Ýöne ylymly-bilimli bolmak arzuwy meniň kalbymy ýagtyldan, ömrüme çyrag bolan islegdir- diýipdir. Perişde onuň jogabyny tereziniň beýleki tarapyna goýupdyr. Hemmäni haýran galdyran zat bolsa tereziniň iki tarapynyň hem deňleşmegi bolupdyr. Şonda adalatly perişde baý okumyşa garap: —Sen barjamly, baý bolsaň-da,öz baýlygyň içinde gözýetimi dar, ruhy taýdan garyp adam ekeniň. Şol sebäpli hem sen ybadatdyr ylym-bilim öwrenmek bilen ruhuňy baýlaşdyrypsyň, gözýetimiňi giňeldipsiň. Şeýtmedik bolsaň seň baýlygyň, mal-mülküň seniň ruhuňy baý edip bilmezdi. Ynsan ýagty dünýäniň baýlygyna, keýpi-sapasyna bolan islegden el çeken wagtynda ruhy kämillige ýetip bilýändir- diýipdir. Garyp daýhana garap bolsa perişde şeýle sözläpdir: — Sen ömrüňde köp kynçylyklara duş gelip, köp zähmet çekmeli, synaglary ýeňip geçmeli bolupsyň. Şonuň üçin hem sen özüňi bagtsyz hasap edipsiň. Ýöne bu beýle däl. Bagtdyr ruhy kämillik baýlyk bilen ölçenilmeýär. Seniň ömrüň her bir pursady arzuwlaryňa ýetmek, maşgalaňy eklemek, ylymly-bilimli bolmak, doga-dileg etmek islegi bilen ýaşalypdyr. Sen öz ömrüňde özüňçe bagtly ýaşapsyň. Hut şonuň üçin meniň terezimiň iki tarapy hem deňleşdi. Siziň bagt hakyndaky pikirleriňiziň, ony duýşuňyzyň näderejededigine garamazdan, adalatlylygyň öňünde siziň bagtlylygyňyz we ýagty dünýäde amal eden işleriňiz deň gelýär. Hawa, bagt — munuň özi bu ýagty jahanda ýaşamakdyr. Galan zatlaryň ählisi seniň islegleriňe we hereketleriňe baglydyr. Owaldan adam döretmek we ýaratmak üçin dünýä getirilendir. Hut şonuň üçinde ynsan Taňrynyň özüne kybapdaş ýaradylandyr. Sen öz mümkinçilikleriň gutarnyksyzdygyna ynan, özüňe ynan! Ömrüň her bir pursady bagtdyr. Öz ömrüňi soý, ol seniň genji-hazynaň, hany-manyňdyr, baýlygyňdyr. Özüňi söý we sarpala. Hemmeler üçin elýeterli, ähli kişä mälim bolan ýol — seniň ýoluň däldir. Durmuşda özüňi tapmagy başar. Dünýäde bir zatlary üýtgetmek isleýän bolsaň, ilki bilen özüň pikiriň, päliň içre özgermegi başar. Häzirki döwürde şu günüňde ýaşa! Geçeni yzyna gaýtaryp bolmaz, geljegi bolsa indi ýaşamaly. Hiç haçan gussa batma, gaýgy öz ýanyna özüne meňzeşleri çekegendir. Hiç hili hereket etmezden geljek hakda pikir etýän adam betbagtdyr. Şu gün elinde baryny edip, işläp, ertirini döredýän adam bagtlydyr. Eger şeýle etseň bagtyň nämedigine düşünersiň. Öz ýüregiňi, köňlüňi ýagşylyklardan doldur. Bir gezek bir derwüş Muhammet pygamberiň ýanyna gelip: —Ýagşylygyň we ýamanlygyň nirededigini aýtsaňyzlaň- diýipdir. Pygamber onuň elinden ýüregine tarap barmagy bilen çyzyk çeken ýaly hereketleri edipdir-de: —Olaryň ikisi hem ine şu ýerde ýerleşýär. Seniň ýagşy pikirdir niýetleriň ýüregiňe merdemlik we rahatlyk berýändir. Şol ýagşylykdyr. Ýamanlyk bolsa illeriň ynanyp, aklap duran wagty öz-özüňe ynamsyzlyk etdirýän şübhe donuna dolanan ýaman niýetdir päliňdir – diýip jogap beripdir. Samarkant... Asyrlarboýy pajarlap ösen Samarkant. Ol göýä daşdan diwar ýaly, üç taraplaýyn ýeňilmezek belent daglar bilen gabalan, müňlerçe ýyllar bäri ähli ýaşaýjylarynyň rahatlygyny gorap gelen şäher. Demirgazyk Gündogaryndaky beýik Pamir daglarynyň, Günbataryndaky Nurata dag gerişleriniň täsin keşbi birleşip, Samarkandyň degre-daşynyň aýdyp-diýip bolmajak gözelligini döredýärler. Bu sebit öz amatly ýerleşýän ýeri we gözelligi bilen biziň eramyzdan öňki IV asyrdan häzirki döwre çenli bu ýerde şeýle ajaýyp şäheriň döremegine getirdi. 1370-nji ýyl. Gündogaryň bulutsyz, garaňky ýaz gijesi ýat gözlerden gabanýan ýaly, şäheriň täsin gözelligini garaňkylykda gizleýärdi. Asman gümmezi sansyz ýyldyzlarynyň ýalkymy bilen özüne çekýärdi. Gündogaryň ajaýyp şäherine barýan kerwen asmandaky Akmaýanyň ýoluny çelgi edinýärdi. Samarkant gadymdan bäri Gündogary Demirgazyk bilen birleşdirýän medeniýetiň we söwdanyň ösen merkezi hasaplanylýar. Samarkanda Günortadan Eýranyň, Arap ýurtlarynyň, demirgazykdan — Altyn Ordadan we Ruslardan, Gündogardan bolsa — Hindistanyň, Hytaýyň, günbatardan — franklar ýurtlarynyň we beýleki döwletleriň kerwenleri gelýärdi. Gündogar döwletleri bilen demirgazykdaky ýurtlary baglaşdyrýan Beýik Ýüpek ýoly şu şäheriň üstünden geçýärdi. Gündogaryň bu künjeginde görüp bolmaýan millet ýokdy. Bu ýerde şepbik ýaly gara induslara, mydama dymyp we ýylgyryp ýören hytaýlylara, gopbamsy wizantiýalylara, italýanlara,eýranlylara, türklere hem araplara duşmak bolýardy. Göýä dünýäniň ähli milleti bu şähere öz wekillerini ugratmak hakynda özaralarynda dilleşen ýalydylar. Kerwenbaşy söwdegärler bolsa bu ýere gelen beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen diňe bir satmak üçin getiren harytlaryny däl-de, eýsem öz ýurtlarynyň medeniýetini we ylmyny, dilini paýlaşýardylar. Şeýdibem olar diňe bir ýönekeý söwdegär däl-de medeni gatnaşyklary ösdürijiler, öz ýurtlaryna täzeçilligi getirijiler bolýardy. Demirgazykdan bu ýere demirdir deri önümlerini, duzdur bal, günorta gündogardan bolsa Samarkandyň arzan, hytaýyň gymmatbahaly, hindileriň nepis ýüpek matalary we gündogaryň hoşboý ysly önümleri getirilýärdi. Söwdada iki taraplaýyn sypaýyçylyk edebi saklanýar. Gündogarda söwda etmegi başarýan adamyň sarpasy uly bolýar. Sebäbi olar iş başarjaň adam öz etjek işini bilip, gazananyny ýele sogurmaýar diýip düşünýärler. Söwdada batmak we gurplanyp baýamak hadysasy mydama bile ýöreýär diýen düşünje bar. Diňe paýhasly adam olaryň arasyndaky göze görünmeýän ilteşigi basman, etmeli dogry hereketleri duýup, aňlap bilýär. Bu gün bu ajaýyp şäher gündiziň hysyrdyly we şüweleňli söwdasyndan soň, ýyldyzly asmanyň astynda, garaňky gijede birahat ukuda ýatydy. Şäheriň demir derwezesi ýapykdy. Samarkandy töweregini gurşaýan suwuň ýokarsyndan çekilen köpri ýokary galdyrylyp, ýygnalypdyr. Belent diwaryň üstündäki ýiti gözli garawullar şäheriň rahatlygyny goraýardylar. Baglardaky bilbilleriň şirin nagmasy gijäniň ümsümligine ýaýraýardy. Ýaz gülleriniň beýhuş edip barýan ysy bütin howany gaplapdy. Gülläp-ösýän Samarkanda ýene-de gabawdyr weýrançylyk garaşýardy. Munuňam sebäbi Timuryň ýeňilmegidi. Ol näme üçin bu gezekki söweşde ýeňiş gazanyp bilmedi? Onuň sebäbi näme? Nirede ýalňyşlyk goýberildi? Geljekde boljak wakalary, etmeli anyk we dogry hereketleri nädip bilmeli? Derbi-dagyn edilen goşundan galan söweşijileriň nädip ruhuny galdyrmaly? Olary nädip ýeňişe ruhlandyrmaly? Nädip täzeden ýeňilmezek, merdana, arslanýürek esgerlere öwrüler ýaly etmeli? Eýranyň ýumşak halysynyň üstünden ýazylan ýüpek örtükli ýorganda ýatan Timur diňe şu zatlar barada oýlanýardy. Gapynyň jygyldysy onuň pikirlerini böldi. Timur gaňrylyp serdeninde, gyzykly gürrüňleri dowam etmäge gelen şyha gözi düşdi. Şyh şeýle diýdi: — Şu keýpiň bilen hiç-haçan islän netijäňi gazanyp bilmersiň. Öz güýjüňe, ýeňjegiňe bolan güýçli ynamyň bolmazdan hiç bir söweşde ýeňiş gazanyp bolmaz. Sen söweşde näme üçin ýeňiş gazanyp bilmedigiňi aýdyp biljekmi? Munuň sebäbi sen özüňe ynanmadyň, öz ýeňjekdigiňe, goşunyň güýjüne şübhelendiň. Men saňa özüňe bolan ynamyň nähili güýçli zatdygyny görkezeýin. Saňa öz goşunyň bilen Samarkandy terk edip, sähranyň goýnunda güýç toplap, garaşmagy teklip edýärin. Men şäher halkynyň kalbynda ýeňşe bolan ynam döredeýin. Onsoň sen ýönekeý halkyň gazanýan ýeňşini, ynamyň gudratyny görersiň. Ynam — seniň içki güýjüň özenidir, ruhy galkynyşyňdyr. Ähli düýrmegiň, barlygyň bilen ynanyp, uýýan zadyň hakykatdan hem wysal bolýandyr. Ynamyň güýçlüligi, berkligi seniň kimdigiňi, geljekki pähimli hereketleriňi aňladýar. Ynamyň — seniň geljegiňi görkezýän aýnaňdyr. Men saňa bir rowaýaty gürrüň bereýin. Bir obada ogly bilen ýaşaýan ene bar ekeni. Onuň ogly Mustapa esger bolansoň, öýünde juda seýrek görnüpdir. Ol söweşden gelen wagty, ejesi öýlerine bütin obanyň adamlaryny ýygnar ekeni. Oba adamlary Mustapanyň gören-eşden täsinliklerini, Zeminiň üstündäki gudratly ýerler, pähimli derwüşleriň ýönekeý adamlara edýän ýagşylyklary hakynda berýän gürrüňlerini demlerini alman diňläpdirler. Gudratly ýerleriň özüne gelýän zyýaratçylaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolmagyna, dertleriniň dep bolmagyna peýda edýändigi hakyndaky keramat hakynda aýdanlary bolsa hemmeleri haýran galdyrypdyr. Şol täsirli gürrüňlerden soň, onuň ejesi özi üçin bir ýagşyzadaň külembike ýaljak süňküni, gudratly ýerlerden keramatly teperrik getirip bermegini sorap özelenipdir. Mustapa serkerdesiniň çagyrmagy bilen ýene-de söweşe ugraýar. Bu gezekki söweş juda surnukdyryjy bolup, ol öýlerine golaýlanda ejesiniň sargydy ýadyna düşýär. Ýeri, sähranyň aňňat-aňňat gum depeleriniň arasynda ol nireden gudratly mazarystanlygy tapsyn?! Oňa derek sähranyň goýnunda janly-jandaryň çaşyp ýatan süňkleri näçe diýseň bar. Mustapa ejesini gynandyrmajak bolup, kiçijek bir süňki alyp, ony keramatly teperrik hökmünde getirip berýär. Bu teperrik üçin juda begenen ene günde irden turup, şeýle sowgady özüne nesip etdiren Taňra alkyş aýdypdyr. Ol bu teperrigiň ýöne bir keramat bolman, hakyt bir ýagşyzadaň külembikesiniň süňküdigine, dertleri dep edýän keramatdygyna berk ynanypdyr. Iki ýylyň içinde töwerekdäki obalardan keramatly teperrikden şypa gözläp gelen adamlaryň sany-sajagy bolmandyr. Olaryň içinde çagasy bolmaýanyň çagasy bolup, dertliniň dertden gutulyp gideni, hat-da ýöräp bilmeýänleriň aýak üstüne galany hem bolupdyr. Bir gün bolsa agyr ýaraly Mustapany ejesiniň öýüne getiripdirler. Ol özüni bilmän, iki dünýäniň arasynda janserek bolup ýatyrmyşyn. Ene ähli ynanjyny bir ýere jemläp, pygamberden ýalňyz balasynyň gutulmagyna ýardam etmegini diläp, keramatly teperrigi oglunyň ýüreginiň üstünde goýupdyr. Ogly özüne gelipdir. Ene günde keramatly teperrikden oglunyň halas bolmagyny diläp, doga okapdyr. Mustapa bäri bakyp ugrapdyr. Onuň ýaralary bitip, reňki durlanyp başlanynda ene keramatly teperrigiň gudratyny ogluna aýdypdyr. Mustapa şol bada huşundan gidip, çaşypdyr. Sebäbi ol bu teperrigiň ýagşyzadaň külembike barmagynyň süňki däldigini anyk bilýärdi. Ol huşundan gidip, özüni bilmän ýatyrka öz öňünde duran ak eşikli ýagşyzadany görýär. «Müňkür bolmak gowy däldir. Ejeň hem-de obadaşlaryň ynamy seni ölümden halas etdi» - diýip, ýagşyzada hoşlaşyp elini galdyranynda, onuň külembike barmagynyň ýarsynyň ýokdugyna Mustapanyň gözi düşüpdir. Mustapa şeýdip ölümden halas bolupdyr. — Sen bu rowaýata nähili düşündiň Timur? — Köp zada düşündim halypam. Ýeňjegiňe ynanmaly, Gündogar pähiminde ýöne ýere «Ynam bar ýerinde ýaşaýyş bar» diýlip aýdylmandyr. Ynamy görüp bolmaýar, ony köňlüňde döredip, onuň bilen ýüregiňi, kalbyňy doldurmaly.Kalbyňda ynamyň döremegine gorkudyr, şübhe,ynamsyzlyk päsgel berip biler. Bular bolsa adamy göýdük, gowşak, güýçsüz edýär. Ynam — daglary ýerinden gozgadyp biljek güýçdür. Diňe ynam bilen öz maksadyňa ýetip bolar.... — Oglum, meniň aýdan zatlaryma dogry düşüneniňe juda begendim.Her bir adam jemgyýetde öz bahasyny özi gazanýar. Adamyň mertebesiniň belentligi ýa-da pesligi onuň erkiniň güýjüne, tutanýerliligine, özüne bolan ynamyna baglydyr. Şonuň üçin hem adamdan ejiz we adamdan belent zat ýokdur. Durmuşda synaglaryň ýeňijisi bolmak üçin ynamyňa ruhuň güýjüni goşmaly. Sen öz bagyňdaky ýüz ýaşly deregi synlap gör. Ol agaç nämä daýanýar? Ol öz köklerine daýanýandyr. Onuň güýçli kökleri ýeriň çuňlugyna uzap, çuňlukdan sorup alan güýjüni şahalarynyň üsti bilen, bagyň çür başyna ýetirýär. Baglaryň uzak ýaşamagy onuň kökleriniň ýagdaýyna baglydyr. Haýsy adamdan, hat-da ömründe ýekeje bag ekip gören adamdan sorasaň, ol hem bagyň düýp tutmagyna kökleriniň uly täsiriniň bardygyny aýdar. Biziň köklerimiz — biziň ruhumyzyň, ynamymyzyň güýjüdir. Ruhy taýdan güýçli adamlar durmuş ýolunda ýöräp barýandyrlar, ruhy taýdan göýdükler, gowşaklar bolsa bu ýolda emedekleýändir. Sen ruhy taýdan güýçli, özüňe ynamly wagtyň seni ýeňip bilen bolmaz. Men saňa munuň şeýledigini Samarkandyň ýaşaýjylarynyň mysalynda subut edeýin. Men sada halkyň her biriniň kalbynda ynam, ruhy güýç döredip, olardan ýeňilmez urşujy esger taýýarlaryn. Men saňa durmuş sapagyny: sada halkyň gowy ýaraglanan mongol goşunyny ýeňip, onda-da sensiz, diňe ýüreklerindäki ynamdyr erkin ýaşamak hakyndaky arzuwlaryna daýanyp, gazanjak ýeňişlerini görkezeýin. Timuryň akyldar şyh bilen näçe wagt söhbetdeş bolanyny bilýän ýok. Halypa şägirdiň arasyndaky pähimli söhbediň emiriň aňyna keşdelenip, kalbyna mydamalyk ýazylandygyny welin onuň soňky ýeňişleri subut eder. Geljekki hökümdaryň öňünde bagtyýar günleri, howsalaly pursatlary, synagdyr ýeňişleri özünde jemleýän uzak ýyllar ýatyr. Eger akyldar şyh emire öz wagtynda duşmadyk bolsa, onuň ömür ýoly has başgaça bolardy. Emir pikir ummanyndan aýňalanda bagyň içinde ýeke özüniň oturandygyny gördi. Derwüş pisint şyhyň oturan ýeriniň otlarynyň hem basgylanmandygyna emir haýran galdy. Bu gün ir säherde öz soraglaryna şyhyň beren jogaplaryny aňynda saldarlan emir, onuň sözleriniň gudratyny görmek üçin şäherden çykyp gitmeli diýen netijä geldi. Emiriň agyr goşuny bilen şäherden çykyp gidenini gözi bilen gören adamlaryň kalbyna howsala aralaşyp, halk basga galyp başlady. Olar öz ýanlaryndan «mangollar şähere çozsa weýrançylyk bolar, halk talanar, garyp düşer, gulçulykda ýaşamaly bolar» diýip, pikir edýärdiler. Samarkandyň meşhur Jomýe metjidi bu gün adatdakysyndan hem köp adamlydy. Metjide gidilýän köçeleriň ugry hem adamdan hyryn-dykyndy. Şyh Mir Seýit Barak şäherdemişin diýen habary hemmeler eşdipdi. Adamlary namaza çagyrýan azançynyň ýerine minaranyň üstünde derwüşe meňzäp duran adam peýda boldy. Onuň «Samarkandyň ýaşaýjylary, adamlar!» diýen garyljyk sesi howanyň içinden parran geçen ýaly boldy. Onuň ýeke gezek sesini eşiden müňlerçe adamyň gykylyk-gowry şol bada kesildi. Soňra şeýle bir ümsümlik aralaşdy welin, töwerekde diňe uçup ýören balarylaryň wyzzyldysy eşdilýärdi. — Adamlar, meni emir siziň ýanyňyza ugratdy. Ol size şäheri içinden goramagy höküm etdi. Öz goşuny bilen ol arka tarapdan duşmana hüjüm eder. Men Saýhunyň kenaryndaky söweşi gözüm bilen gördüm. Mongollaryň goşunynyň gylla ýaryny emir kül-peýekun etdi. Diňe ýaraly, gowşak, ýadaw söweşijiler galdy. Olary size ýeňmek aňsat düşer. Maňa ynanaýyň! Muny size Şyh Mir Seýit Barak aýdýar! Şäheri goramakda men size ýolbaşçylyk ederin, men siziň bilen bolaryn. Siz ýeňersiňiz! Men muny anyk bilýärin, munuň şeýle boljagyny men öňünden gördüm! Söweşe taýýar boluň! Olara öz şäheriňizi weýran etdirmäň! Şu söweşde şehit bolanlar Jennete düşerler! Keramatly şyhyň kesgir sözlerinden ruhlanan halk söweşe taýynlyk görüp başlady. Şuhyň gudraty hakyndaky gürrüňleri köp eşiden halk onuň aýdanlarynyň hakykatdan hem wysal boljagyna çynlary bilen ynanýardylar. Şäherde hakyky söweşiji goşunyň ýokdugy üçin her bir demirçi, neçjardyr gurluşykçy söweşiji esgere öwrülip, öz maşgala ojagyny goramaly bolar. Elinde ýaýdyr gylyç, naýza tutup bilýänleriň hemmesi şäheriň Registan meýdançasyna ýygnandylar. Olary «sarbadarlar» diýip atlandyrdylar. Sarbadarlar diýmek bolsa — öz çagalary, maşgalasy, mähribanlary üçin göni ölüme barýanlar, ajal bilen darkaş gurýanlar diýen manyny aňladýardy. Şyh mongol goşunlarynyň gylla ýarsyny şäher derwezesinden içine salmagy, soňra bolsa derwezani ýapyp, galan goşunyň şähere girmegine ýol bermeli däldigini sargady. Şeýle-de mongollaryň atly goşunynyň hereketini çäklendirmek maksady bilen, şäheriň köçelerini kerpiçdir agaç, arabadyr agyr daşlar bilen ýapmaly diýlen netijä geldiler. Säher bilen şäher ilatynyň şäheriň diwarlaryna golaýlaşyp gelýän mongol goşunynyň öňdäki söwşijilerine gözleri düşdi. Daş töwerekde eşdilýän galmagalyň içinden atlaryň aýak sesleridir olaryň kişňeýşini, atly esgerleriň gykylygyny saýgarar ýaly däldi. Öňdäki mongol goşunynyň ýüzlükleri şäheriň derwezesiniň açyk duranyna haýran galdylar. Olar bendi böwsen derýä ýaly uly gykylyk edip, şähere girdiler. Golaýdaky howlulardan bosup çykan bäş müňe golaý sarbadarlar derwezäni ýapmak üçin okduryldylar. Iki taraplaýyn ýowuz söweş başlandy. Beýle gaýtawula garaşmadyk mongollar biraz salym yza serpikdiler. Az salymyň içinde sarbadarlar derwezäni berk ýapdylar. Derwezäniň goragynda iki ýüz töweregi adam goýan sarbadarlar ýeňjekdiklerine çyn ýürekden ynanyp, uly güýç, gaýrat bilen şähere giren mongollaryň yzyndan okduryldylar. Mongollar arkadan hüjüme geçilmegine garaşmandylar. Iki tarapyň söweşijileri garym-gat boldular. Şähere giren ýigrimi müňe golaý mongol goşuny nämäň-nämedigine düşünibem ýetişmedi. Özlerini ýeňiji saýyp, basyp almaga gelen mongol goşuny duzaga düşdi. Gugaryp galan ýaly bolup görünen Samarkant duşmanlary çabga ýaly ýagýan peýkam oklary bilen garşylady. Darajyk köçelerde egin-egne berip oturan bäş metre golaý beýiklikdäki jaýlar göýä mähriban şäherlerini goramaga çykan äpet adamlary ýadyňa salýardy. Şäher halkynyň uzak gije çirim etmän agaçdyr kerpiç, daş bilen petiklän köçeleri atlylaryň hereketini çäklendirýärdi. Hereket etmäge mümkinçiligi bolmasyk atly goşun sarbadarlar üçin diri nyşana öwrülýärdiler. Şäheriň köçeleriniň ugry mongol goşunlarynyň urşujylaryndan doludy. Şäheri goraýjylar bolsa jaýlaryň üstünde ýerleşip, ýaýdyr naýza, gyzgyn smoladyr daş bilen duşman goşunyna hüjüm edýärdiler. Derwezäniň daşynda galan mongol goşuny nämäniň-nämedigine düşünip ýetişýänçä, şäheriň içinde galan goşun sarbadarlar tarapyndan doly ýok edilipdi. Samarkandy azat etmek üçin bolan söweşde şäher ilaty ýeňiş gazandy. Söweş tälimini almadyk ýönekeý halk ruhy taýdan güýçli bolup, ýeňşe bolan uly ynamlaryna daýanyp ýeňiş gazandylar. Mongollar beýle zatlara garaşmaýardylar. Olar beýle gabawa taýýar däldiler. Olaryň Samarkandyň diwarlaryna söýemek üçin merdiwanlary hem, derwezäni böwsüp geçmäge taýýarlyklary hem ýokdy. Şonuň üçin-de derwezäniň daşyndakylaryň şäheriň içindäki goşuna edip bilen kömekleri bolmady. Mongol hany aljyraňňylyga düşdi. Teýmirleň bilen bolan söweşdede ol edil şu günki söweşdäki ýaly kän adam ýitirmändi. Indi näme etmeli? Öňde ýeňişden ruhlanan we gyrylan mongollaryň ýaraglary bilen ýaraglanan Samarkandyň halky durdy. Indi olar şäheri bermezler, iň soňuna çenli gidişerler. Sähranyň bir künjünde Teýmirleňiň söweş tälimini alan goşuny hem garaşyp ýatyrdy. Eger mongol goşunlarynyň gylla ýarsynyň gyrylandygy hakyndaky habar emire ýetäýse, ol öz goşuny bilen ertir irden şu ýerde häzir bolar. Şeýlelikde mongol goşuny iki oduň arasynda galypdy. «Duşmanyň gaçyp barýanyny görse, gorkagam batyr bolar» diýen sözlerem ýöne ýere döremändir ahyry. Öz goşunynyň doly kül-peýekun bolmagyndan gorkan han mongol kaganyndan kömek soramaly diýen netijä gelip, Saýhunyň kenaryna yza çekilmek hakynda buýruk berdi. Saýhunyň kenaryna çekilen wagty bolsa beýik mongol kaganynyň aradan çykandygy hakyndaky habary alan han täze kaganyň saýlawyna gatnaşmak üçin Mongoliýa dolanmaly boldy. Patyşa tagty üçin özara urşuň başlanmagy bilen bolsa mongollaryň Teýmirleňe elleri hem degmedi. Emir bolsa birnäçe ýyl höküm süren asudalykdan peýdalanyp, halklaryň agzyny birleşdirip, şäherleri birikdirip, ýeke-täk güýçli döwletiň düýbüni tutdy. Ençeme ýyl geçeninden soň bolsa, ol goşun toplap Mongoliýany basyp almak üçin ýöriş etdi. Ol ýurduň içinden terslin-oňlyn geçip, özüne boýun egdirip, ýakyp-ýandyryp, uly baýlyk toplap, Samarkanda dolandy. Bu hakynda biz biraz soňrak gürrüň ederis. Terjime eden Gülälek MERETMYRADOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |