15:34 Tirso de Molinanyñ dramaturgiýasy | |
TIRSO DE MOLINANYŇ DRAMATURGIÝASY
Teatr we kino sungaty
Tirso de Molina, (hakyky ady we familiýasy Gabriel Teles) 1583-nji ýyllar töweregi Madritda dünýä inýär, 12.03.1648-nji ýylda Soriýada aradan çykýar. Ol ispan ýazyjysy we dramaturgy. Molina Alkala-de-Enaresa uniwersitetinde okaýar. Ol ilkinji "Köşkdäki utançsyzlyk” atly pýesasyny 1605-1606-njy ýyllarda ýazýar. 1625-nji ýylda dine garşy pýesa ýazýan-lygy üçin buthana ýolbaşçylarynyň karary bilen ol Madridden sürgün edilýär. Molina 1627-1636-njy ýyllar aralygynda 400 pýesa ýazypdyr. Şol pýesalar neşir edilip çykarylsa-da, şu günlere gelip ýeteni 84 komediýa bilen 5- "auto” (bir aktly-bölümli) pýesa. Lope de Weganyň şägirdi we onuň döredijiligini dowam etdirijileriň biri bolmak bilen milli dramaturgiýany ösdürmek-lige beýleki dramaturglaram çagyrypdyr. Molina 1627-nji ýylda "Toledeý willasy” atly nowellede ýazylan ýygyn-dysyny çap etdirýär. Ol öz pýesalarynda Ispaniýanyň galkynyş eýýamyna bolan mahsuslygy ulanmak arkaly bir pýesanyň dowamynda tragediýanyň we komediýanyň elementlerini birleşdirmek arkaly hereketiň dartgynlylygyny gazanmagy başarypdyr. Molinanyň döredijiligini öwrenijiler onuň döredijiliginden Ispaniýada Galkynyş (Renessans) eýýamynyň tamamlanandygyny aňmak bolýandygyny belläpdirler. Sebäbi, onuň pýesalarynda ynsanperwerçilikli gumanizm häsiýetleri peýda bolup başlapdyr. Onuň soňky "ýapynja we gylyç”atlandyrylýan pýesalar toplumyna girýän eserlerinde ýaşlaryň söýgä we bagta eýe bolmalydygyny, ähli zady çözmäge olaryň özleriniň gatnaşmalydygyny öňe sürsede, adamyň tebigatynyň şeýle zada ukyplydygyna doly ynanmandyr. Onuň eserindäki personažlaryň köp bölegi dikdüşdilerden, baýlyga kowalaşýanlardan ybarat bolupdyrlar. Molinanyň iň gowy eserleri dworýançylygyň ýaramaz taraplaryny açmaga bagyşlanypdyr. 'Ýeňilkellelik üçin jeza” (1613), "Söýgi we gabanjaňlyk akylly bolmaklyga mejbur edýär” (1616), "Hakykat elmydama ýeňýär” (1623), "Söýgi tebip” (1625), "Don Hil we Ýaşyl balak” (1936), "Dindar Marta” (1636) atly pýesalarynda awtor örän hilegärlik sýužetleri kynlaşdyryp, olarda dawalaryň, garşylyklaryň daşky täsirini ýokarlandyrypdyr. Molina köp bolmadyk pýesalarynda taryhy tema baş urmak bilen Ispaniýada watançylyk ideýanyň ýokarydyny öňe sürýär. "Eserdeň aýallar” (1634) atly üç bölümden ybarat eserinde ähli Ispan halkynyň Döwlet Şalygynyň daşyna jebisleşip öz erkli feodal gatlagyň wekilleriniň garşysyna aýaga galmaga çagyrypdyr. Molinanyň gahrymançylyk temasyna ýugrylan "Anton Garsiýa” (1635) komediýasyda halkyň Döwletiň daşyna jebisleşmeginden başga-da, olarda graždanlyk borçlary ösdürmekde dramaturglaryň goşandynyň gerekdigini bellemek bilen "patriarhal” türkanalykdan daşda bolup, ýurdyň Şasynyň (Monarhyň) şahsyýetiniň öňünde köre-körlük bilen baş egmeli däldiginem beýan etmäge çalşypdyr. Molinanyň "Keramatly Huany” (1614), "Bogorodisa oliwkaly jülgede” (Bogoridisa-Isa pygamberiň enesiniň ady. 1636) atly pýesalarynda awtor ýerli feodal gatlaklaryň oba adamlarynyň üstünden gereginden artyk hö-küm sürýändiklerini aýtmak bilen oba adamlarynyň olaryň garşysyna göreş alyp barmaga mümkinçilikleriniň ýokdygynam pýesasynda ýerliklilik bilen açyp bilipdir. Molinanyň "Sewildäki özüne çekijilik" (1630) Bu dramanyň birinji bölümi "Don Žuan” halk rowaýatynyň täzeden işlenen görnüşi. Awtor halk döredijiliginiň çeşmelerine daýanmak bilen gahrymanlaryň çylşyrymly we gapma-garşylykly keşplerini öňe sürüpdir. Bu ýerde aristokratiýanyň ýyrtyjylykly hereketleriniň gahrymançylyk hasaplanmagynyň we feodal gatlaklaryň halka salýan sütemleriniň bolaýmaly zatdygy diýip akyl ýetirmekleriniň üstünden batyrgaýlyk bilen düşmäni başarypdyr. Dramanyň jemlenişinde dini-buthana işgärleriniň adamzadyň ösüşiniň öňe tarap ýol çekmeginiň tebigatyň esasy kanunydygyna düşünmän ony köre-körlük bilen saklajak bolmalarynyňam üstünden düşmek esasynda bu eserine filosofiki reňki çaýmagyň hötdesinden gelipdir. Molinanyň "Doly ynamyň ýetmezçiligi üçin günäkärlenmek” (1635) atly pýesasam dini-buthana wekilleriniň halk dyrmyşyna bolan gatnaşygyna ýüzlenilen pýesa hasaplanýar. Awtoryň şeýle pýesalaryny, "autolary” "keramatlylar hakyndaky komediýalar” diýlip, halk tarapyndan atlandyrylypdyr. Molinanyň "Gowy zenan“ (1634), "Öýde özüniňkini gögerdýän zenan” (1635) pýesalarynda dramaturg hökmünde zenanlaryň, öý bikeleriniň hojalygy dölandyrmakdaky orunlaryny ýokarlandyrmaklygy öňe sürse-de, olaryň hojalykdaky gudratyna gatyşmazlykda öz öňe sürmelerini pese gaçyrýar. Molinanyň dramaturgiýasy XIX asyrdan başlap Russiýada uly şöhratdan peýdalanypdyr. Onuň "Dindar Martasy” S.A.Ýurýew tarapyndan terjime edilip (1887) sahna çykarylypdyr. Şol pýesany M.W.Watson (1898), T.L.Şepkina-Kupernik (1935) tarapyndan rus teatrlarynyň sahnalarynda goýlupdyr. Bu pýesany Rus teatrlarynyň sahnalarynda görkezmeklik däbe öwrülýär. Pýesa Gorewoý teatrynda (1889), Aleksandrinskiý teatrynda (1898), Mihaýlowskiý teatrynda (1915), Kiýewiň dama teatrynda (1937), Moskwanyň Lensowet teatrynda (1938) sahna çykarylypdyr. Molinaniň "Sewildäki özüne çekijilik” 1890-njy ýylda A.N.Bežeskiý tarapyndan terjime edilip Kiçi teatrda (1890), 1923-nji ýylda W.A.Pýastom tarapyndan terjime edilip Kiçi teatrda goýulýar. Molinanyň "Don Hil we ýaşyl balak” pýesasi 1923-nji ýylda W.A.Pýastom tarapyndan terjime edilip Kiçi teatrda (1923), 1944-nji ýylda M.L.Lozinskiý tarapyndan terjime edilip Leningradyň drama teatrynda (1955), Swerdlowskiniň drama teatrynda (1962) sahna çykarylypdyr. Molinanyň dramaturgiýasy Günbatar Ýewropa ýurtlaynyň ählisinde diýen ýaly terjime edilip kitap görnüşinde neşir edilipdir. Dünýäniň uly teatrlarynyň sahnalaryny bezäpdir. Onuň pýesalary şu günlerem dünýä teatrlarynyň sahnasynda ýaşamagyny dowam etdirip gelýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||