06:51 Tolstoýmy ýa Dostoýewskiý? | |
TOLSTOÝMY ÝA DOSTOÝEWSKIÝ?
Edebi makalalar
Ruslaram iñ köp şu ikisini gowy görýär Klassyky rus edebiýatynyñ döwürdeş iki läheñi Tolstoý bilen Dostoýewskiý XIX asyrdan bäri biri-biri bilen deñeşdirilmekden halas bolmady. Bizem "Tolstoýmy ýa Dostoýewskiý?" soragyny çeper edebiýatyñ ussatlary Ahmet Altan, Ataol Behramogly, Gündüz Wassaf, Mario Lewi, Selim Ileri daga berdik Rus we dünýä edebiýatyny düýbünden sarsan XIX asyryñ iki uly ýazyjysy Lew Tolstoý bilen Fýodor Dostoýewskiý ýüzlerçe ýyllap biri-biri bilen deñeşdirilip gelindi. Täsin ýeri, bu iki ýazyjy bir döwürde we jemgyýetde ýaşanam bolsalar, bir gezegem ýüzbe-ýüz görüşmediler we ýeke setir hat alyşmadylar. Emma ömürleriniñ ahyryna çenli ýeke ýerde gabat gelişmese-de, biri-birleriniñ eserlerini elmydama sypdyrman okapdyrlar. Dostoýewskiý "Ýazyjynyñ gündeligi" kitabynda Tolstoýyñ genidigini we "adatdan daşary döredijiliginiñ" bardygyny nygtap, şeýle diýýär: "Anna Kareninanyñ awtory ýaly adamlar jemgyýetiñ mugallymlarydyr, biz bolsa diñe olaryñ okuwçylarydyrys". Tolstoý bolsa "Ölüler öýünden ýazgylar" kitabyny okandan soñ Dostoýewskini Puşkindenem ýokarda goýup, döwrüñ rus edebiýatynda Puşkiniñ eserleri bilen birlikde beýle gowy kitap okamandygyny aýdypdyr. Dostoýewskiniñ aradan çykandygyny eşidenden soñ rus akyldary we edebi tankytçysy Nikolaý Strahowa ýazan hatynda-da şeýle diýipdir: "Ony ýeke gezegem görmedim, onuñ bilen birem gürleşmedim, emma indi öldi welin, birden Dostoýewskiniñ maña iñ ýakyn, iñ gymmatly, iñ gerekli adamdygyna düşündim..." Bir döwüriñ iki ýazyjysy hernäçe biri-birleriniñ döredijiligine aýratyn gadyr goýup gezenem bolsalar, "Tolstoýmy ýa Dostoýewskiý has beýik?" deñeşdirmesi XIX asyrdan bäri edebiýatçylaryñ we okyjylaryñ arasynda iñ köp jedeli edilen gürrüñleriñ başyny çekýär. Biz hem çeper edebiýatda bir zehini başgasy bilen deñeşdirmegiñ we pikir soralşygyñ ýerliksizdigini, belki-de, gereksizdigini bilsegem, ýyllar boýy jedeli edilip gelinen bu soragy çeper edebiýatyñ ussatlaryna berip gördük. Ahmet Altan, Ataol Behramogly, Gündüz Wassaf, Mario Lewi, Selim Ileri ýaly ýazyjylaryñ "Tolstoýmy ýa Dostoýewskiý has beýik?" soragyna beren jogaplary şeýle boldy: Ahmet ALTAN: Aslynda çeper edebiyat içinde köp dürli ýazyja ýer beren, köp reñkli derýa ýaly zat. Çeper edebiýatda "biri beýlekisinden has gowy" gözi bilen seredilmeýär. Emma Dostoýewskiniñ we Tolstoýyñ döwürdeşdigi we iki aýry dünýägaraýşyñ wekili bolandygy üçin bu sorag hemişe berlip gelindi. Meniñ özüm-ä Tolstoýy saýlap alanlardan. Tolstoýyñ beýan edijiligi maña hasam "durmuşy gujaklaýşy" gelýär. Tolstoýyñ elleri şolar ýaly iri welin, durmuş maña onuñ arasyndan akýan ýaly bolup görünýär. Şeýle-de, Tolstoýyñ ýazuw güýjüniñem Dostoýewskiden has artykdygyny pikir edýärin. Dostoýewskiniñ ýazuw güýji olar ýaly köp däl, emma maña "däliligiñ çäginden çykyp, däliler dünýäsine, akylyñ gara ýanlaryna gidip, olary aýdyp berýän habarçy" ýaly bolup görünýär. Ýagny, ýazyjydan has beter adamzat taryhynda juda az adamyñ edip bilen, belki-de, Dostoýewskiden başgasynyñ edip bilmedik işini eden ýaly bolup görünýär. Meniñ üçin Tolstoý ýazyjydan we çeper edebiýatdan has beýik, onuñ ömri has giñ gurşawly durmuş. Dostoýewskiý durmuşyñ has dar gatlagy bilen gatnaşyp bilipdir, Tolstoý bolsa bütin jemgyýeti bolup geçýän zatlary bilen birlikde beýan edip bilen garaýşa we güýje eýe. Galyberse-de, çeper edebiýatynda beýle soraglaryñ barsy gury gep-gürrüñdir, "kim gaýkyny söýer, kim küýkini". Men Tolstoýy gowy görýärin. Ataol BEHRAMOGLY: Lew Tolstoýy hemişe öñe tutup geldim. Romanlarynda gereksiz uzaltmalaryñ ýokdugy üçin. Has az didaktiki bolandygy üçin. Hem pomeşikleri, hem daýhanu birmeñzeş ussatlyk bilen suratlandyryp bilýändigi üçin. Dostoýewskide ýok adatdan daşary suratlandyrmalaryñ bardygy üçin. Aldym-berdimli pikir akymyna golaýlaşýan beýan etme aýratynlyklarynyñ bardygy üçin. "Jenaýat we jezany", "Doganlar Karamazowlary", "Idioty" ikilenç okajagymy-okamajagymy bilemok. Emma "Iwan Iliçiñ ölümini", "Anna Kareninany", "Uruş we parahatçylygy" ýene okap bilerin. Tolstoýyñ eserlerinde giñelýän, çuñlaşýan bir zat bar. Dostoýewskiý bolsa hemişe öz töwereginde aýlanyp duran ýaly. Netijede olaryñ ikisem juda beýik ýazyjy. Emma Tolstoýyñ açyk-aýdyñ, elmydama gözlegde, janly durmuş bilen doly ruhy maña Dostoýewskiniñ huzursyz, içki nerwi patetik kimliginden has beter ýakyn. Gündüz WASSAF: Bu soragyñ üstünde birinji gezek pikir edenimde "Söýgiñden haýsy birini saýlap alýarsyñ?" diýýän ýaly ýa-da "sag gözüñi çep gözüñe çalyşjakmy?" diýýän ýaly boldy. Ikisi-de durmuşa biri-birinden tapawutly penjireden seredýär, şonuñ üçin birini beýlekisinden üstün tutmagym mümkin däl. Tolstoýa-da şu soragy beripdirler. Ol "men beýle deñeşdirme edip bilmerin" diýipdir. Emma bu soragyñ üstünde näçe ýurtda jedel gitdi, häzirem ýazyjylaryñ arasynda jedelleşilip gelinýär. Bu soragyñ üstünde ýazylan kitaplar bar. Hernä, Russiýanyñ nesibesi güýçli, iki beýik ýazyjy olara ene dillerinden seslenipdir. Dünýäde başga haýsy ýurduñ iki ýazyjysynyñ şular ýaly jedelini edip bilýäris? Dostoýewskiý psihologiki prozanyñ başlangyjy, Tolstoýam legendanyñ, Gomeriñ dowamy saýylýar. Emma bular emeli kategoriýalar. Men ikisinde-de adam dünýäsini dolulygyna alyp bilýärin. Tolstoýda Dostoýewskä garanda has köp taryhy panorama, Dostoýewskide adamyñ içindäki gapma-garşylykly duýgular bar. Tolstoýda taryhyñ meni, meniñem taryhy döredýändigimi, Dostoýewskide men diýip tanaýan menimiñ meni hemişe aljyradyp biljekdigini görýärin. Iki kitabym bar: "Dowzahyñ öwgüsi" ("Cehenneme Övgü"), "Behiştiñ düýbi" ("Cennetin Dibi"). Kitaplarymyñ adyndan ugur alsam, Dostoýewskiý bilen "dowzahyñ öwgüsini" başdan geçirýärin. Tolstoý bilenem "behiştiñ düýbüni". Tolstoý meniñ üçin uç-gyraksyz, düýpsüz ymman, Dostoýewskiý şaglap akýan şaglawuk... Tolstoý bilen söýginiñ bitewiligini derñeýärsiñiz, Dostoýewskiý bilen ömrüñiziñ ilkinji söýgüsini... "Çola adalaryñ birine gitseñ, ýanyñ bilen haýsy kitaby alyp gidersiñ?" diýip, öñden gelýän sorag bar. Çola ada gitsem, ýanyma hökman Tolstoýy alyp giderin. Emma öýde ýekekäm gije ýarymdan soñ okaýanymam Dostoýewskiý bolar. Meniñ üçin geñ galdyrýan ýeri, bular ýaly azat iki beýik ynsanyñ diñle geldim-gitdimli çekişmelerinde azat bolup bilmändikleri. Ýöne rus bolup dogulan bolmaklaram munuñ bilen baglanyşykly bolmagy mümkin. Mario LEWI: Meniñ kesgitli saýlawym Dostoýewskiý. Çünki Dostoýewskide adam häsiýetleriniñ has çuñ işlenendigine ynanýaryn. Aýratynam şuña üns berýärin, Nişse "Tragediýanyñ döreýşi" atly kitabynda añyñ iki görnüşinuñ bolýandygyny aýdýar: biri "apolloniki' beýlekisi-de "dionisiki" añ. "Apolloniki" bolany danalygy, logiki pikir ýöredijiligi, akyl-paýhasy bilen öñe saýlanýar. "Dionisiki" bolany bolsa duýgyny. Tolstoý bilen Dostoýewskiniñ arasyndaky tapawut meniñ pikirimçe şu taýda many-mazmuna eýe bolýar. Men Tolstoýy has beter apolloniki Dostoýewskini-de dionisiki hökmünde görýärin we hemişe saýlap alýanym duýgularym boldy. Şeýle täsin zada göz ýetirdim: Dostoýewskini we Tolstoýy rus dilinden okama bagtyna eýe ruslar bilenem, rus edebiýatyny öwreniji edebiýatçylar bilenem gepleşip görenimde, olar maña Tolstoýyñ has beýik ýazyjydygyny aýtdylar. Ýagny rus dilini bilýänleriñ nukdaýnazaryndan ýagdaý şeýle. Onsoñ "Eýse Tolstoý rus edebiýatyna has köp täsir etdimikä?" soragyny özümdenem soraman bilemok. Tolstoý rus edebiýatynyñ öz içinde Dostoýewskiden has beýik ýazyjy bolmagy mümkin, emma meniñ gözüme Dostoýewskiý has ýakyn bolup geldi. Dostoýewskini gowy görmek has kynyrakdyr, emma bir halansoñ ony hemişe halarsyñyz. Şu sözümi biraz çekinip aýdýaryn, ýöne men Tolstoýy Dostoýewskiden has içgysgynç görýärin. Dostoýewskiý meni öz dünýäsine alyp gidýär, Tolstoýy okanda bolsa wagtal-wagtal beter ýadandygymy duýýaryn. Selim ILERI: Meniñ gowy görýän ýazyjym-a Dostoýewskiý. Emma elbetde Tolstoýam rus edebiýatynyñ iñ beýik ýazyjylarynyñ biri. Onuñ "Anna Kareninasyny", beýleki käbir kitaplaryny hezil edip okapdym. Dostoýewskiý meniñ ýaradylyşyma has ýakyn. Ondaky merhemet duýgusy, ýazyjylyk durmuşymda maña elmydama ýolgörkeziji şamçyrag boldy. Içerki dünýäleri Tolstoýdan has çuñ derñäp bilýändigi üçin XX asyryñ edebiýatyna ýol arçan öñbaşçy ýazyjydygyny pikir edýärin. Elbetde, Tolstoýyñ "Anna Kareninasy-da" özbaşyna bir içki dünýäniñ çözgüdi, "Iwan Iliçiñ ölümi-de" şolar ýaly, emma Dostoýewskiý meniñ ýaradylyşyma hemişe ýakyn boldy. Öz içki gaý-tupanlary-da maña juda ýiti täsir edipdi. 13.07.2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |