10:25 Selim Ileri | |
SELIM ILERI
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Selim Ileri, tanymal türk ýazyjysy, edebi tankytçy, senarist Aly Selim Ileri 1949-njy ýylyñ 30-njy aprelinde Stambulyñ Kadyköý raýonynda inžener Hasan Hilmi Ileriniñ we öý hojalykçy Süheýla Ileriniñ maşgalasynda dünýä indi. Onuñ Selim adyny Osmanly soltany Ýawuz Selime ýanap, uýasy Meral Ileri goýupdyr. 1953-nji ýylda professor ylmy derejesini alan Hasan Hilmi Ileri Germaniýa göçdi we maşgalasyny ýany bilen alyp gitdi. Gelejekki ýazyjy başlangyç mekdebe başlamaly ýyly maşgala Stambula dolanýar. Galatasaraý we Bakyrköý liseýlerinde okaýar. Ol bu ýerde Frans Kafkany türk okyjylaryna elýeterli eden fransuz dili mugallymy Wedat Günýol we Rauf Mutluaý bilen ýakyndan gatnaşýar. Ol bu iki mugallymyñ ýardam bermeginde çeper edebiýat bilen içgin gyzyklanyp başlady. Liseýiñ ikinji synpynda okaýarka Peride Jelalyñ "Dar ýol" romanyndan täsirlenip ýazan "Undulmak" atly romanynyñ çap edilmegi üçin ähli neşirýatlary aýlanyp çyksa-da, onuñ bu islegi biragyzdan ret edildi. Mundan soñ ol eseriniñ ýeke-täk golýazma nusgasyny ýyrtyp ýok etdi. Soñra "Cumhuriyet" gazetiniñ ýaş ýazyjylaryñ döredijiligine mümkinçilik döretjekdikleri baradaky bildirişinden soñ "Garañky ýüzli Günüñ ýagtylygy" ("Karanlık Yüzlü Günün Aydınlığı") atly täze ýazan romanyny goltuklap gazetiñ redaksiýasyna geldi. Eser milli çarçuwadan daşda hasap edilse-de, ýazyjynyñ ýazmaga ukyply talantdygy aýratyn nygtaldy. 1967-nji ýylda "Uruş bägülleri" ("Savaş Çiçekleri") atly hekaýasy "Yeni Ufuklar" žurnalynda çap edildi. Ol bu žurnalyñ redaksiýasynda Jemil Meriç, Ferit Edgü, Nermi Uýgur, Orhan Şaik Gökýaý ýaly tanymal ýazyjylar bilen tanyşdy. 1968-nji ýylda W.Günýolyñ goldawy bilen "Şenbe ýalñyžlygy/Güýz bellikleri" ("Cumartesi Yalnızlığı/Güz Notları") atly hekaýalar kitaby çapdan çykdy. Ol bu kitabyny merhum kakasyna bagyşlap ýazdy. 1971-nji ýylda ikinji hekaýalar ýygyndysy çapdan çykdy. Onuñ bu kitabynda-da ilkinji eseri ýaly Peride Jelalyñ bir romanyndan ýiti täsirlenmeler bardy. Kitap okyjylar köpçüligi tarapyndanam gowy garşylanmady. 1970-nji ýyllaryñ başynda ýazyjy dosty Halit Refigiñ täsiri bilen senariýa ýazmaga başlady. 1971-nji ýylda "Jennetiñ gapysy" atly ilkinji senariýasyny ýazdy. Ýazyjy S.Ileri Stambul uniwersitetiniñ hukuk fakultetine okuwa girenem bolsa, 1972-nji ýylda okuwyny taşlady. 1973-nji ýylda "Dessan göwünler" atly ilkinji romany çapdan çykdy. 1975-nji ýylda neşir edilen "Dostluklaryñ ahyrky güni" atly hekaýalar ýygyndysy 1976-njy ýylda Sait Faik adyndaky edebi baýraga mynasyp boldy. Atilla Ilhanyñ goldawy bilen "Bu gije we her gije" romanyny ýazdy. Ýöne Ilhanyñ teklibi bilen romanyñ adyny "Her gije plýaža" öwürýär. Roman 1977-nji ýylda Türk dil guramasynyñ edebi baýragyna mynasyp boldy. 1980-nji ýylda "Bir deñiziñ eteklerinde" hekaýalar ýygyndysy, 1983-nji ýylda "Iñ soñky tomus gijesi" powesti kitap bolup çykýar. 1983-nji ýylda neşir edilen "Ejem üçin" atly awtobiografik kitabynda ejesiniñ döredijilik dünýäsine eden täsirini beýan etdi. Ýazyjy ejesini sekiz ýyllap başagaý eden kesel zerarly öz düşünjesini üýtgetdi we gynansak-da, mundan beýläk onuñ durmuşynda alkogol esasy orny eýeledi. 1981-nji ýylda ýazan "Hasratly söýginiñ kyssasy" ("Kırık Bir Aşk Hikâyesi") hekaýasynyñ ekranlaşdyrylmagy bilen ýazyjy 1982-nji ýylda Kinomatografiýa ýazyjylary birleşiginiñ "Ýylyñ iñ gowy senariýaçysy" baýragyna mynasyp boldy. Munuñ yzyndan ol "Seni kalbyma jaýladym", "Köl" kinofilmleriniñ senariýalaryny ýazdy. Halit Ziýa Uşakligiliñ meşhur eseri "Aşky Memnunyñ" iñ soñky sözüni romanyna at edip alan "Ýaşaýarka we ölýärkä" ("Yaşarken ve Ölürken") romany "Milliyet Sanat" edebi birleşmesi tarapyndan ýylyñ iñ gowy romany diýip ykrar edildi. Şol ýyl onuñ "Aşky-Memnu ýa-da uzak gyşyñ gaýly günleri" atly edebi seljerme kitaby çapdan çykdy. "Döwrebaplyk meseleleri", "Düşünje we gyzyklanma" (1982), "Seni juda küýsedim" (1986), "Duzy gaçan ýazgylar" (1996) ýaly kitaplarynda türk edebiýatynyñ meselelerine tankydy nukdaýnazardan seretdi. 1983-nji ýylda "Ölýänçäm seniñki", 1984-nji ýylda "Geldi-geçer şapak" romanlary neşir edildi, ýöne bu eserler okyjylar tarapyndan gowy garşylanmady. Çagyryş boýunça harby gullugy etmekden dürli bahanalary tutaryk edip sypajaklap ýören ýazyjy, tölegli gullugyñ giriziljekdigini eşidip, "Hürriyet" gazetinde "Hyýal we yza" romanyny çap etdirdi. 1987-nji ýylda tölegli gullugyñ girizilmegi bilen üç aý gullukda boldy. Harby gullugy tamamladym edip gelensoñ senariýasyny ýazan we režissýorlyk eden "Hiç bir gije" kinofilmi ekranlara çykarylmady we Antalýa kinofestiwalynda emin agzalary tarapyndan yzyna gaýtaryldy. Selim Ileri 1990-njy ýyllarda dramaturgiýa üns berdi. Jahide Sonkunyñ ömründen söz açýan "Jahide, ölüm we almaz" ýazyjynyñ ýazan ilkinji pýessasydyr. Ondan soñky "Hudaýa tabşyrdyk" ("Allaha ısmarladık") respublikan baýraga, 1997-nji ýylda hem Afife Jale we Awni Dilligil adyndaky baýraklara mynasyp boldy. 1998-nji ýylda sahnalaşdyrylan "Öli kebelek" pýessasy üçin ýazyja "Sungatda at gazanan işgär" ("Devlet Sanatçısı") ady berildi. Ol Türkiýäniñ Ýazyjylar birleşiginiñ roman baýragyna mynasyp bolan "Mawy ganatlaryñ bile meñki bolsañ bolmaýarmy" romanyny 1991-nji ýylda neşir etdirdi. 1997-nji ýylda "Jemil Şewket beg", 1999-njy ýylda "Ada", "Her ýekelik ýaly", 2000-nji ýylda "Solmaz hanym", "Eýesiz okyjylar üçin", 2001-nji ýylda "Bu tomus", "Aýralygyñ ilkinji tomsy bolar" romanlary neşir edildi we ady agzalan soñky romany 2002-nji ýylda Orhan Kemal adyndaky edebi baýraga mynasyp boldy. 2006-njy ýylda "Suratymy saña ugradýaryn" atly hekaýalar kitaby bilen hekaýa žanrynda dolanyp geldi. 2007-nji ýylda dürli-dürli žanrlarda ýazan "Hemmesi ot-ýalyn", "Ýapyk ykdysadyýet we Stambul lälesi", "Sümmül" kitaplary neşir edildi. Ýazyjy Selim Ileri häzirki güne çenli dürli-dürli žanrlarda köp sanly çeper eserleri döretdi. • Ýazyjynyñ edebi stili Ýazyjy Selim Ileri romanlarynda we hekaýalarynda esasan Stambul durmuşyny, bu şäheriñ ýaşaýjylaryny, hususanam döredijilik adamlarynyñ durmuşyny, üsti çañlara basyrylan ýatlamalaryny beýan edýär. Onuñ eserlerinde ýazyjy-şahyrlar gelejege ikilenç we ýeñlen ýagdaýda gadam basýarlar. Käbir eserlerinde bolsa ol bu aýratynlygyny has-da çuñlaşdyryp, progressiw adamlaryñ dramatiki pursatlaryny gaýtalanmajak ussatlyk bilen açyp görkezýär. Eserlerini hiç hili kynçylyk çekmezden ýazýandygyny aýdýan ýazyjyda stil gaýgysy ýok. Selim Ileri käbir romanlaryny tutuşlygyna syýasy röwüşli hasaplaýar. 2018-nji ýylyñ 23-nji awgustynda Habertürk teleýaýlymynda "Kübra Par ile AÇIK VE NET" telegepleşiginde eden çykyşynda "Garaşylan mähriban" ("Beklenen sevgili") atly täze romanyñ üstünde işleýändigini we ýakynda bu romany okyjylar köpçüligine elýeterli etjekdigini mälim etdi. Romanda 1959-60-njy ýyllarda syýasatdan çetleşdirilen Abdylhak Hamydyñ kyssasy beýan edilýär. Selim Ileri häzirki döwürde jemgyýetiñ we metbugatyñ edebiýatdan barha daşlaşýandygyna ünsi çekdi. Ol bu sözüni teleýaýlymlarda çeper edebiýata bagyşlanan telegepleşikleriñ ýoklugy bilen delillendirdi. Bu bolsa halkyñ, giñ okyjylar köpçüliginiñ çeper edebiýat we sungat bilen arasyna düşen galyñ diwary gitdigiçe galñadýar. Ol millilik bilen bitewileşmegi ýazyjynyñ iñ esasy we gerekli aýratynlygy hasap edýär. Selim Ileri "Açık ve Net"-iñ alyp baryjysy Kübra Paryñ berýän sowallaryna jogap berende, internet saýtlaryna asla girmeýändigini aýtdy. Ýazyjy munuñ sebäbini internet sahypalarynda ýazylýan zatlaryñ aglabasynyñ ýalan-ýaşryk habarlardygy, has beteri bolsa internet okyjylarynyñ şol ýalan-ýaşryk maglumatlary hakykat hasap edýändigi bilen baglanyşdyrdy. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |