22:55 Toprak mukaddesdir | |
TOPRAK MUKADDESDIR
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
Sosial-ykdysady ösüş belli bir derejede daşky sreda öz täsirini ýetirýär. Türkmenistan çig-mal resurslaryna örän baý ülkedir. Emma şol bir wagtň özünde ykdysady ösüş tebigatyň kanunalaýyklyklary esasynda planlaşdyrylmalydyr, sazlaşykly hem-de ylalaşykly ýagdaýda alnyp barylmalydyr. "Täze oba syýasaty", "Galla" maksatnamasy, Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek, Ýer eyeçiligi we ýerden peýdalanmak, Çölleşmek prosesiniñ öñüni almak, Aral ekologiki krizisiniñ çözgütleri, Hazar deňziniñ suwunyñ ýokary galmagy hem de Garabogaz köl aýlagynyň problemalary, Türkmenistany, ösümlik we haýwanat dünyasini goramak, Suw resurslaryny peýdalanmak, Daş-töwerekdäki tebigaty goramak, "Suw damjasy-altyn dänesi", "Gök guşak" ýaly onlarça ylmy Konsepsiýalary tebigaty goramagyñ we tebigy baýlyklarymyzy diñe il-halk bähbitleri üçin ulanmagyň anyk yol görkezijileridir. Antropogen täsirler netijesinde planetamyzyň tokaýlarynyň 30 prosenti tebigy ýagdaýyny ýitirdi. 1,5 milliard adam öz durmuşynda ýangyç deregine agaçlary ulanýar. Her ýylda 30-35 million gektar ýeriň tokaýy dürli sebäplere görä ýok edilýär. Şu ýerde ýurdumyzyň ilatyny gaz bilen üpjün etmegiñ diñe bir ilatyň sosial-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem tebigaty goramak işine-de uly goşant bolandygyny aýratyn nygtamak isleyäris. Türkmenistan doly gazlaşdyrylan ýeke-täk döwletdir. Ýurdumyzyñ gazlaşdyrylmagy tokaýlaryñ we çöl ösümlikleriniñ odun üçin çapylmagynyň doly öñüni aldy. "Gök guşak" meýilnamasy netijesinde gözel paýtagtymyz, şäherlerdir obalarymyz hem de ilatly punktlarymyz ýaşyl guşak bilen gurşalýar, derýalaryñ, suwaryş kanallarynyň we ýaplaryñ kenarlary tebigy tokaýa öwrülyär. Paýtagtymyz Aşgabadyň ilersine-dag eteğine saýaly agaçlary ekmek däbe öwrüldi. Bu örän uly işiň ýerine yetirilmegine yzygiderli gözegçilik edilýär. Şol ýere ekilen millionlarça agaç nahallary ýaşyl keşde bolup dag baýyrlaryny bezäp, göwünleri galkyndyrýar. Orta ululykdaky bir daragt üç adamyň bir gije-gündiziñ dowamynda dem aljak kislorodyny bölüp çykarýar we sol bir wagtyñ özünde 100 kilogram kömürturşy gazy sorup alýar. Ýer şarynyň tokaýlary atmosfera kislorodynyň 60 prosentini arassalap berýär. Tokaýlar arassa kislorod öndürýän tebigy zawodlardyr. Amazonka tokaýlary planetamyzyň öýkeni hasaplanýar. Tokaýlar we tokaý zolaklary güýçli ýelleriñ döremeginiñ öňüni alýar. Olar tozan gatyşykly ýelleriň güýjüni 70 prosente çenli peseldip, çaň-tozanlaryň 90 prosentini özünde saklap galýar. Tokaýlar siliñ hem-de güýçli suw akymlarynyň döremeginiň hom öňüni alýar. Ýagýan ýagynlar ilki agaçlara düşüp, öz güýjüni yitirýär we haýallaýar. Ýere gowy siñýär hem topragy ýuwup bilmeýär. Tokaýlar we ösümlik örtügi bolan ýerlerde gyşyna ýagan garlar haýal ereýär. Ösümlik dünýäsi tutuş tebigatda çyglylygy kadalaşdyryjy hem-de Ýeriñ hasylly gatlagyny gorayjy tebigy zwenodyr. Köpetdagyň gerşindäki arça tokaýlary çapylmanka XX asyryň başlarynda Gökdepe bilen Änew aralygynda ululy-kiçili kyrka golaý dag çeşmeleriniň we akarlarynyň bolandygy hem oňa şaýatlyk edýär. Şol arça tokaýlary çapylansoň häzirki wagtda bary-ýogy alty sany çeşme akýar. 2000-nji ýylda Hindiwar dagynda "Serdar ýoly" açyldy. Serdar ýolunda täsin dag tebigaty adam elleri bilen dörän emeli ýoly, elin ekilen agaçlar we baglar, dynç almak, oturmak we durmak, daş- töweregini synlamak üçin ýörite bejarilen ýerler, owadan yşyklandyryjylar, depämiziñ täji bolan Ýaşyl Tugumyz bilen utgasyp şeýle bir ajayyp gözellik döredýär. Serdar ýoluny halk Saglyk ýoly diyip atlandyrdy. Soñ şol gün Saglyk güni diýip yglan edildi. Sebäbi şu zatlaryň hemmesi "Halkyñ saglygy-ýurduň baýlygy" programmasynyñ bir bölejigi bolup durýar. Sagdyn adamlar ruhy taýdan güýçli bolýar. Ruhubelent adamlar kämil jemgyýeti döredýär. Kämil jemgyýet bolsa özüniñ tebigatyñ sosial we syýasy zwenosydygyna doly düşünýär. Serdar ýolunda Ýaşyl Tuguñ aşagynda durup gözel paýtagtymyza näçe seretseñ-de ýene-de seredesiñ gelýär. Şäheriñ täze gurulýan binalary, göni köçeleri, çar tarapa gidýän ýollar kalbyñy ganatlandyrýar, güýjüne güýç goşýar. Büzmeýin-Änew aralygy dag tebigaty, gadymy binalary, täze gurulýan desgalary, oturymly we suwarymly ýerleri, gupba ýaly obalary, Garagum derýasy, halkara aeroporty, Gurtly köli ýüregiñi joşa getirýär. Şeýle owadan hem mähriban ýer başga ýerde ýokdur, meniň ýerim-ýurdum-topragym üýtgeşikdir, ajaýypdyr diýýärsiñ. Serdar ýoly ruhuñy tämizleýär. Saglyk ýoly saglygyñy dikeldýär. Serdar ýoly saglygyñy dikeldýär. Serdar ýoly tutuş kalbyñy täzeleýär. Ykdysady garaşsyzlygy gazanjak bolsañ, ulanyşdaky ýerleriň hili üçin ýer eýeleriniň şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmaly. Şondan ugur alybam, gowaça meýdanlary 630 müñ gektara çenli azaldylyp, däneli ekinleriň meýdany artdyrylýar. Az ýerden köp we ýokary hilli hasyl almagyň, bir atyz yerden oba hojalyk ekinleriniň 2-3 hasylyny almagyň anyk tehnologiýasy görkezilýär. Ekin dolanyşygynda dänelileriň agdyklyk etmegi netijesinde topragyň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna, ekin meydanlarynyň toprak-melioratiw we ekologik ýagdaýlarynyň gowulanmagyna şertler döredi hem-de gallanyň öndürilişi 1,5 million tonna ýetirildi. Ýer-suw resurslaryny goramak we tygsytly peýdalanmak netijesinde ekologik taýdan arassa önüm öndürmek her bir oba hojalyk işgäriniň, her bir daýhanyñ esasy wezipesidir. Annageldi AMANOW, oha hojalyk ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |