01:14 Topraga tagzym | |
TOPRAGA TAGZYM
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
- Häzir adamzat ýylda 100 milliard tonna golaý dürli görnüşli tebigy baýlyklary, çig mal we mineral resurslary gazyp alýar. Gaýtadan işlemegi bilen olaryň umumy mukdarynyň 10 prosenti taýýar önüme öwrülýär. Galan bölegi bolsa tehniki galyndy, çaň-tozan, aerozol, aerogel, gurum, kül, çäge, duz, uglerodly, uglewodorodly, kükürtli, wodorodly, azotly birleşmeler, gazlar, buglar, oksidler görnüşinde biziň ýaşaýan döwrämizi hapalaýar. - Adam başyna ýylda 2-4 tonna zibil taşlanýar. - Şu günki günde 1 kwadrat km ýeriň antropogen hapalanyşy ykdysady we senagat taýdan yzagalak ýurtlarda ýylda 100, ösen ýurtlarda bolsa 5000 kilogramdan hem geçýär. - Dünýädäki bäbekleriň 1 prosenti kemis, 11 prosenti bolsa saglyk taýdan gowşak dogulýar. - Tebigy betbagtçylyklarda we dürli heläkçiliklerde her ýylda 56 müňden gowrak adam pida bolýar, 72 milliard dollarlyk zyýan çekilýär. - Her ýylda 1 milliardd tonna golaý dürli görnüşli zäherli we zyýanly himiki birleşmeler atmosfera ygallary bilen ýere ýagyp, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsine uly zeper ýetirýär. - Her ýylda 3-25 million gektar ýeriň tokaýy çapylýar. Ýagdaý şeýle dowam etse, onda Ýer şary ýene 70-80 ýyldan tokaýsyz galar. - Tebigy deňagramlylygyň bozulmagy netijesinde dünýäniň käbir sebitlerinde howa şertleri üýtgäp başlady. - Dürli sebäplere görä her ýylda dünýä okeanynda 11-12 million tonna nebit we nebit önümleri dökülýär. Toprak – tebigy şertleriň we faktorlaryň hem-de adamzadyň hojalyk işleriniň özara baglanyşygy, özara garaşlylygy, özara täsiri bilen ýüze çykýan örän çylşyrymly prosesiň netijesinde milliardlarça ýyllaryň dowamynda emele gelen Ýeriň üstki hasylly gatlagydyr. Bu prosesde toprak emele getiriji jyns, relýef we Ýeriň içki gurluşy, howa şertleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi, territoriýanyň geologiki geçmişi we jemgyýetiň ösüş aýratynlygy, hemişelik we wagtlaýyn suw akymlary, antropogen täsirler aýgytlaýjy rol oýnaýar. Toprak özboluşly biokos-janly närsedir. Onuň biomassasy Ýer üsi janly-jandarlaryň massasyna barabardyr. Toprak özbaşdak biokos jisim bolmak bilen oba hojalygynyň ähli pudaklarynda köp taraplaýyn ulanylýan hem-de çalşyryp bolmaýan tebigy resursdyr. Ol adamzadyň ykdysady durmuşynda ösümlikler bilen bilelikde biosferany, howanyň arassalygyny, atmosferanyň gaz düzümini, çyglylygy, suwuň hem-de azyk önümleriniň hilini, ilatyň saglygyny kadaly ýagdaýda saklamakda örän möhüm işleri amala aşyrýar. Adamzady döräli bäri ähli zerur zatlar bilen doly üpjün edip, ekläp-saklap oturan mukaddes topragymyzyň döreýşi, ýaýraýşy hem-de häzirkizaman antropogen täsirinde üýtgeýşi, topragyň mesligini ýokarlandyryp, hasyllylygyny artdyrmak hem-de suwarymly ýerleriň toprak-melioratow we agroekologik ýagdaýyny kadalaşdyryp, ony belli bir derejede saklamak, ýer-suw resurslaryny rejeli hem-de tygşytly peýdalanmak babatynda biziň ýurdumyzda örän köp işler durmu=şa geçirilýär. Adamzat jemgyýetiniň ösüş taryhy onuň tebigat bilen aragatnaşygynyň esasy görkezijisidir. Jemgyýetiň tebigata bolan gatnaşygy hem barha akyl-paýhas esasynda guralýar. Gadymy wagtlardan bäri adamlar topragy ýaşaýyş çeşmesi, esasy baýlyk we mukaddes zat hasaplap, oňa uly hormat goýup, gözleriniň göreji ýaly aýap saklapdyrlar. Toprak dogry we maksada laýyk peýdalanylanda, onuň hasyllylygynyň peselmän, eýsem ýokarlanýandygyny adamlar has irki döwürlerden bäri bilipdirler. Emma sosialistik totalitar gurluşyň agalyk süren döwründe biziň ýurdumyzyň ähli güýji diňe pagta öndürmeklige hem bütin soýuzy “pagta garaşsyzlygyndan” halas etmeklige gönükidirilipdi. Tarp hem-de boz ýerler agrotehniki, agrihimiki, agribiologiki düzgünler we talaplar berjaý edilmän gysga wagt içinde örän çalt depginler bilen özleşdirildi. Ýarym asyryň dowamynda diýen ýaly ekin dolanyşygynda gowaça meýdanlarynyň agdykly edip, ony ösdürip ýetişdirmekde dürli görnüşli mineral dökünleriň hem-de awuly himiki serişdeleriň örän köp mukdarda ulanylmagy toprakda olaryň nitrat görnüşinde toplanmagyna getirdi. Bu ýagdaý diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem tutuş sebitde ýer-suw resusrlarynyň, howanyň we biosferanyň hapalanmagyna sebap boldy. Suwaryş setleriniň, irrigasion-inžener desgalarynyň döwrüň talabyny ödäp bilmezligi, kollektor-drenažlaryň we zeýkeşleriň ýetmezçiligi, olaryň hapalanyp, kadaly işlemezligi, bejerilmezligi, häzirkizaman suwaryş tehnikalarynyň hem-de tehnologiýasynyň ulanylmazlygy suwarymly ýerleriň toprak-melioratiw we ekologik ýagdaýyny has erbetleşdirdi. Suwarymly ekerançylykda ulanylýan ýerleriň umumy meýdanynyň deň ýarysyndan gowragy dürli derejede, dörtden biri bolsa ýokary derejede şorlaşan ýerlere öwrüldi. Häzirki wagtda gowaça meýdanlarynyň iki esse diýen ýaly azaldylyp, duza çydamly däneli ekinleriň köp ekilmegi, ekin dolanyşygynyň agribilogiki esasda ýola goýulmagy hem-de köp sanly agrotehniki çäreleriň geçirilmegi netijesinde suwarymly ýerleriň ýerleriň toprak-melioratiw we ekologik ýagdaýy gowulaşdy. Ekerançylykda ulanylýan suwarynly ýerleriň şordan saplanyp, organiki galyndylaryň çüýremegi netijesinde topragyň gurplanyp, onuň hasyllylygynyň ýokarlanmagynda örän uly ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň artmagy-da munuň aýdyň subutnamasydyr. Gowaça ýetişdirmek üçin bir wegetasiýa döwründe agrotehniki işleriň we çäreleriň 31 görnüşi ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk işleriniň şeýle guralyşynda örän uly, agyr, kuwwatly we tigirli tehnikalaryň ulanylmagy topragyň gurluşyny bozýar. Diametri 1 mm-den kiçi bolan toprak bölejikleri ösümlik üçin zerur bolan ýokumly maddalary we suwy ýeterlik mukdarda saklap bilmeýär. Bu ýagdaý bolsa topragyň hasyllylygyny örän pese gaçyrýar. Topragyň ownuk bölejikleri ýeliň tizligi 6-8 metr sekuntdan geçen halatynda aňsatlyk bilen ýokary göterilýär we atmosferany hapalaýar. Ekerançylykda dürli görnüşli köp sanly tehnikanypň ulanylmagyna seretmezden, topragyň sürüm gatlagynyň ortaça çuňlugy biziň geçiren ylmy barlaglarymyzyň netijelerine görä 0-26 sm-den geçmeýärdi. Köp ýyllaryň dowamynda agyr tehnikalaryň yzygiderli ulanylmagy sürümiň aşagyndaky 26-45 (500 sm toprak gatlagynyň demrikmegine getirdi. Ýurdumyz özbaşdak bolandan soň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary alyndy. Ekerançylyga öňdebaryjy tehnologiýa giňden ornaşdyrylýar köp sanly agrotehniki çäreler utgaşdyrylyp, işler birleşdirilip, birnäçe tehnologiki prosesler we operasiýalar birbada ýerine ýetirilen halatynda topragyň strukturasy gowulanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýer eýeçiligi we ýerden peýdalanmagyň çäreleri hakyndaky” Permany bilen döwlet hem-de hususy eýeçilikdäki suwarymly ýerleriň toprak-melioratiw hem-de ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak babatynda ýer eýeleriniň jogapkärçiligini artdyrdy. Köp ýerden pes we erbet hasyl däl-de, eýsem az ýerden köp we gowy hasyl almaly. Onuň üçin ene ýere demriň güýji bilen erk etjek bolman, topragy yssy mähir bilen çoýup, gyzgyn elleriň bilen ýyladyp, eýe gözi bilen seredip, ýürekden söýmeli. Biziň ýurdumyzda şeýle ýer eýeleri ýoksuz-da däl. Şolar ýaly adamlaryň alýan hasyly ösen döwletleriň atly-abraýly fermerleriň alýan hasylyndan birjigem pes däl. Ata Watanymyzyň ene topragyny indiki nesillerimize häzirki ýagdaýyndan has gowy, has gurply, has bereketli toprak edip tabşyrmak üçin zerur bolan işleri geçirmäge her bir türkmenistanly Watan öňünde, geljekki nesliň öňünde borçludyr. Mukaddes topragymyzy gözümiizň göreji ýaly aýalyň, goralyň! Toprak hemişe mukaddesdir. Annageldi AMANOW, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty. "Zaman" gazeti, 21.04.2000 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |