22:22 Türkmenlerde ekologik terbiýe | |
TÜRKMENLERDE EKOLOGIK TERBIÝE
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
Türkmen halky mundan beýläk özüniñ medeni mirasyny, milli köklerini, gadymy çeşmelerini we häzirki zaman mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn öwrenmeli bolar. Biziñ ata-babalarymyzyň örän gowy dap- dessurlary bar. Şol däp-dessurlar dini ýa-da kommunistik dap-dessurlar däl-de, dünýewi däp-dessurlardyr. Ýaşlara berilýän terbiýe milli esasda hem-de döwrüň talabyna görä guralmalydyr. Her halkyň ýaşayan territoriýasynyň tebigy şertleriniñ we faktorlarynyň täsirinde hem-de taryhy jemgyýetçilik ösüşiniñ netijesinde özüne mahsus bolan häsiýetleri kemala gelýär. Türkmenistanyň territoriýasynda örän uly döwletler döräpdir. Olaryň suwarymly ekerançylygy we oba hojalygyny ýöredişi gadymy Mesopotamiýa ýurtlarynyňkydan ýokary derejede bolupdyr. Gadymy döwürlerde-de biziň ata-babalarymyz mallaryň baş sanyny ekin we öri meydanlarynyň mümkinçiliklerine görä köpeldipdir. Netijede, tebigata bolan täsir hem-de agram şol döwrüñ durmuş-ykdysady ösüş ýagdaýlaryna laýyk kadalaşdyrylypdyr. Ýurdumyzda ilatyñ artyşyny nazara almak bilen öndüriji güýçleri ösdürmek we ýerleşdirmek, iş bilen üpjün etmek, suwarymly ekerançylygyň medeniýetini üzül-kesil ýokarlandyrmak, az ýerden köp we ýokary hilli önüm almak, öri meýdanlaryny suwlylandyrmak bilen mallaryň baş sanyny köpeltmek göz öñünde tutulýar. Ol işleriň hemmesi tebigy baýlyklary tygşytly ulanmaga, olary dikeltmäge we goramaga gönükdirilendir. Bu türkmen halkyna mahsus häsiýetdir. Bizin halkymyzyň tebigata bolan gatnaşyklary öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýar. Türkmenler tebigy baýlyklary münlerçe ýyllaryň dowamynda ulanmak bilen bir wagtda olar barada örän anyk hem-de zerur maglumatlary toplapdyrlar. Olar halk köpçüligi tarapyndan kabul edilip, uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip, nesillerden-nesillere geçirilip türkmen halkynyň öz kada-kanunlaryna öwrülipdir. Olar tebigata söýgi döretmekde hem-de terbiýeçilik meselelerini ekologik esasda guramakda örän uly ähmiýete eye bolup, hökmany berjaý edilmeli ýa-da yerine ýetirilmeli iş hökmünde kabul edilipdir. Seýlelikde biziñ halkymyzyñ ýer-suw, ösümlik we haýwanat dünýäsi, toprak, ýerasty we ýerüsti baylyklar, guşlar, atmosfera howasy hem-de beýleki tebigy baylyklary hakynda başga milletleriňkä menzemeýän özboluşly däp-dessurlary döräpdir. Biziň halkymyz Ýere ýaşaýyş hem-de baýlyk çeşmesi hökmünde baha beripdir. "Ýykylsaň ýere ýapyş", "Ýeri har etmeseň, ol seni hor etmez", "Ýer ýedi ýyl ekeniñki" diýen ýaly filosofiki düşünjelerden ugur alyp, öz ýaş nesillerini şol ruhda terbiýelāp, ýeri harlamazlygyň nusgasyny döredipdir. Türkmenler topraga mukaddes zat hökmünde garapdyrlar, oña mydama tagzym edipdirler. Ene toprak, ata Watan diyip olary iň ýokary derejede söyüpdir. Topragy Enä meñzetmek bilen türkmenler onuň tebigatynyň iññän näzikdigini, aýal tebigatyna kybapdaşdygyny, ony peýdalanmagy, bejermegi, saklamagy, idetmegi başarsaň seni iýdirip, geýdirip ekleýändigini has gadymy döwürlerden bäri bilipdir. Topragy söýüp, gorap, aýap saklapdyrlar. Dürli säwlikler sebäpli topragyň şorlaşyp, ot basyp, zaýalanyp, hapalanyp taşlanmagyna ýol bermändirler. Şeýle ýagdaý ýüze çykan halatynda ýer eýesine günäkär hökmünde çäre görlüpdir. Biziň halkymyz topragy hasyllylygy boýunça agyr ýa-da toýun, toýunsow hem-de ýeňil-çäge we çägesöw ýerler diýip tapawutlandyrmak bilen haýsy atyza haýsy ekini ekmelidigini gowy bilipdirler. Olar ekinleri görnüşlerine görä çalşyp ekmek arkaly ýeriň mesligini ýokarlandyrmagy ýaşlara öwredipdir. "Ýeri tabynda ek", "Bir gün bir ýyla deň", "Gün ýyly eklär", "Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür" diýmek bilen türkmenler ýeri göwnejaý ulanmagyň ekologik kadalaryny berk berjaý edipdirler. Hatda ekiş döwründe çigit çigitlemek we şänik çakmak gadagan edilipdir. Suw ýaşaýşyň gözbaşydyr. Suw ýaşaýyş çeşmesidir. Çöl şertlerinde suwuň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin biziň halkymyz "Suw damjasy-altyn dänesi", "Suw zer-ýer göwher" diýen gutarnykly netijä gelipdir. Sebäbi suwdan dogry ulanylan halatynda - biziň ekerançylyk şertlerimizde altyna barabar hasyl öndürmäge mümkinçilik döreýär. Suwy zere, ýeri göwhere deñāp, olaryň gymmatynyň örän ýokarydygyny nesillerden-nesillere yetiripdirler. Biziñ şertlerimizde suwy ekin meydanlaryna eltmek üçin örän çylşyrymly, köp zähmet talap edýän, gaty gymmat suwaryş desgalary zerurdyr. Kyrk gulaç guýulardan çykýan şerbet dek süýji suw hakykatdan hem özüne düşýän gymmaty boýunça türkmenler üçin zere barabar bolupdyr. Suwuñ şu häsiýetlerine göz ýetiren türkmenler ony altyna, zere deňäp gözüniñ göreji ýaly gorap saklapdyr. Ýeriň, suwuň gadyr-gymmatyna doly göz ýetiren eziz halkym olaryň hapalanmagyna, zaýalanmagyna we harlanmagyna hiç wagt ýol bermändir. "Atyz çilinden garrar" diyen düşünjeden ugur alyp, olar hatda çillerde gögeren haşal otlaryň tohumlarynyň we kök-damarlarynyň hem-de köpeliji bölekleriniñ atyza ýaýramazlygynyň öňüni alypdyrlar. Hojalyk-durmuş galyndylaryny, samany, ulanyp bolmajak ot-iýmleri, ot-çöpleri ýörite niýetlenen çukurlara ýygnap ýakypdyrlar. Ýa-da olary gömüp goýup çüýränsoñ dökün hökmünde peýdalanypdyrlar. Biziń ata-babalarymyz derýalaryň, arnalaryň, ýaplaryň, çeşmeleriñ, çaýlaryň, kärizlerin, ýerasty suwlaryň, guýularyň, howuzlaryň, sardoblaryň, kaklaryň, süýji suwly kölleriň we beýleki suw resurslarynyň arassalygy üçin zerur bolan ähli çäreleri berjaý edipdirler hem-de şol işlerin ýerine ýetirilişine gözegçiligi ýola goýupdyrlar. Ýer-suw resurslaryny kir suwy, ýuwundy, nebit önümleri we olaryň galyndylary, sabynly suwlar, azyk önümleriniň hem íýmit galyndylary bilen hapalamak gadagan edilip, ol işler uly günä hasaplanylypdyr. Mal öldürilende olaryň şahlary, toynaklary, ödi, dalagy we beýleki iýilmeýän bölekleri ýere gömlüpdir. Öý haýwanlary haram ölen ýagdaýynda bolsa olaryň maslyklaryny uzak aralyga äkidip, ulanylmaýan ýerlerde gömüpdirler. Damak ganyň akan ýerlerini ot ýakyp, arassalapdyrlar, ganyň syçyran ýerlerini gyrçap, gömüpdirler. Ýagyş suwlaryny ýygnapdyrlar. Suw ýygnanýan takyrlary, kaklary örän arassa saklapdyrlar. Bu işleriñ hemmesi daş-töweregi arassa saklamaga hem-de ekologik deňagramlylygy saklamaga şert döredipdir. Dürli gurluşyk desgalary, kerwensaraýlar, çaýhanalar, metjitler, öwlüýäler, degirmenler ekerançylyk üçin ýaramsyz ýerlerde yerleşdirilipdir. Şeýlelik bilen mes toprakly ýerleriň bisarpa ulanylmagynyň hem-de zaýalanmagynyň öňüni alypdyrlar. Ösümlikleri öz görnüşleri boýunça toparlara bölüpdirler. Çynar, arça, serwi, dagdan, leýlisaç, güjüm, tut ýaly agaçlary çapmak ýazgarylypdyr. Miweli agaçlary bolsa diñe gurandan son çapyp, odun hökmünde ulanypdyrlar. Hojalyk maksatlary üçin derek, söwüt, tal ýetişdirilipdir. Gara söwüdiñ hadalaryndan ak öyüň tärimlerini, uklaryny, çagaragyny bejeripdirler. Hatda çopan taýagy üçin hem aýratyn agaç, ýagny söwüt ulanylypdyr. "Söwüt-bakan malyň öwüt" diýen düşünje giň ýaýrapdyr. Odun üçin bolsa sazak, çerkez, ojar, gandym, sözen, ýylgyn, toraññy ulanylypdyr. Daragt ýetişdirmek sogap iş hasaplanypdyr. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, her bir ynsanyň her baharda iki düýp agaç oturtmaga borçludygy wagyz etmek we beýleki geçirilýän çäreler tebigy deňagramlylygy dikeltmek we ekologiki ýagdaýy kadalaşdyrmak babatynda uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň tebigy gaz bilen doly üpjün edilmegi ösümlikleri gorap saklamak we köpeltmek boýunça bahasyna ýetip bolmajak işleriñ biridir. Türkmenler tebigatyň eçilen baýlyklaryndan diñe özüne zerur bolan zatlary gerek mukdarynda almagy ählumumy kanunalaýyklyk hasaplapdyrlar. "Isrip-haram" diýipdirler. Awçylara haýwanlaryň her görnüşinden diñe ýekejesini awlamaga rugsat edilipdir. Durnany atmak günä bolup, ony öldüreniñ yzynyň ýitmek howpunyň bardygyny öz nesillerine berk tabşyrypdyrlar. Kepderi, garlawaç, mollatorgaý, bürgüt, tawus ýaly guşlary öldürmek günä hasaplanypdyr. Türkmenler guşlary dünýäniñ bezegi hasaplap, olary goramak we köpeltmek babatda uly işleri alyp barypdyrlar. Keýik, jeren, maral, dag goçlary-tebigatyň görki, gaplaňdyr ýolbarslary bolsa tebigatyň sakçylary hasaplapdyrlar. Amangeldi AMANOW, oba hojalyk ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |