15:34 Türkiýede nämeler bolup geçýär? | |
TÜRKIÝEDE NÄMELER BOLUP GEÇÝÄR?
Publisistika
26-njy maýda Türkiýäniň daşary işler ministri Fatin Rüştü Zorlu fransuz žurnalistleriniň bir toparyny kabul etdi. Şol wagtlar türk studentleriniň “Ýok bolsun Menderes! Azatlyk isleýäris!” diýen şygar astynda hökümete garşy eden çykyşlary mynasybetli ministre: - Goşun nähili pozisiýada durýar? – diýen sowal berdiler. Zorlu bu sowala “Hökümet goşun barada asla şübhelenmeýär. Goşun suýasatdan çetde durýar, geljekde hem şeýle bolar” diýip jogap berdi. Ministriň şol beýannamasyndan soň birnäçe sagat geçen badyna daşary işler ministri özüni tussag etmäge gelen ofiserlerden gizlenmeli boldy. 26-njy maýdan 27-nji maýa geçilýän gijede hamala syýasatdan çetde duran goşun döwlet agdarlyşygyny geçirdi. Zorlunyň örän ökde gizlenendigini hem aýtmak gerek. Şol wagtlar eýýäm prezident Jelal Baýar we mejlisiň başlygy Refik Koraltan, premýer-ministr Adnan Menderes we Maliýe ministri Hasan Palatkan hem tussag edilipdi: Içeri işler ministri Namyk Gedik hem tussag edilipdi, ýöne ol soňra özüni özi öldürdi, şol tussag edilenleriň hemmesi maşyna salnyp Ankara harby mekdebiniň jaýyna getirildi we olara zir-zibilleri daşamak işleri tabşyryldy. Daşary işler ministri bolsa heniz hem tapylmandy. Ony gowy tanaýan adamlaryň aýtmagyna görä, saýlantgy Ankara jemgyýetiniň ygtyýarynda bolan ençeme näzeninleriň-de öýleri barlanyp çykyldy, emma Zorlu tapdyrmady. Ofiserler Zorluny we onuň aýalyny Bakjalyöýler diýen ýerdäki jaýlaryň birinden tapanlarynda muňas haýran galdylar. Miniastriň jübüleri dollardan doly ekeni. Agdarylyşykdan soň ýurtda häkimiýet Milli agzybirlik komitetiniň eline geçdi, onuň sostawynda bolsa 38 ofiser: 5 general, 8 polkownik, 4 podpolkownik, 13 maýor we 8 kapitan bar. Komitetiň çlenleriniň ortaça ýaşy 43 ýaş bolup, olaryň iň ulusy 64 ýaşynda, iň kiçisi bolsa 27 ýaşynda. 12-nji iýunda jar edilen wagtlaýyn konstitusiýa görä, ýurtda kanun çykaryjylyk häkimiýeti Milli agzybirlik komitetiniň ygtyýarynda bolup, ýerine ýetirijilik häkimiýeti bolsa Ministrler Sowetiniň ygtyýaryndadyr. Ministrler Sowetiniň çlenlerini döwletiň baştutany belleýär we komitet tassyklaýar. Milli agyzbirlik komitetiniň başlygy şol wagtyň özünde döwletiň, hökümetiň baştutanydyr we Ýaragly Güýçleriň baş komanduýuşisidir. Milli agzybirlik komiteti “entek demokratik prinsiplere laýyk gelýän täze konstitusiýa kabul edilýänçä we saýlaw kanuny çykarylýança hem-de şolara laýyklykda ýakyn wagtlaryň içinde ähliumumy saýlawlar netijesinde täzeden dörediljek Türkiýe Milli ýygnagynyň ygtyýaryna häkimiýet berilýänçä türk milletiniň adyndan ýurtda ýolbaşçylyk etmäge borçludyr”. Milli agzybirlik komitetiniň baştutany general Jemal Gürsel boldy. Ol 1895-nji ýylda Erzurumda doguldy. Gürsel 1915-nji ýylda goşuna geldi. Ol birinji jahan urşy wagtynda Dardanel we Palestina kampaniýasyny goramaga gatnaşdy, türk halkynyň Milli azat-edijilik urşunda tapawutlandy. Gürsel dürli garnizonlarda gulluk etdi, şonda ol batareýa, soňra bolsa polka wwe brigada komandirlik etdi, harby mekdebiň naçalnigi boldy, birnäçe wagtlar bolsa harby razwedka baştutanlyk etdi. General Gürsel 1958-nji ýylda Türkiýäniň Guryýer goşunlarynyň komanduýuşisi edilip bellendi. 1960-njy ýylyň maý aýynda goşuny özüniň syýasy duşmanlaryny basyp ýatyrmak üçin peýdalanjak bolan hökümetiň hereketlerini ýazgarany sebäpli oňa “uzak wagtlyk dynç almaga gitmegi” teklip etdiler. Türkiýe harby komandowaniýesiniň Ankara radiosy boýunça berlen habarda şeýle diýilýär: “Ýurtda graždanlyk urşunyň döräýmek mümkinçiliginiň öňüni almak üçin goşun agdarylyşyk etdi, ol belli bir işgärler, partiýa ýa-da topar bilen baglanyşykly däldir, şu diňe mümkin bolan mahalynda bolsa “ýurtda erkin we adalatly saýlawlar geçiriler”. Şol habarda BMG-nyň Ustawyna, adam hukuklarynyň Deklarasiýasynyň prinsiplerine, NATO, SENTO prinsiplerine hem-de Türkiýäniň baglaşan beýleki şertnamalaryna we soýuzlaryna wepalylyk hem tassyklanýar. 1-nji iýunda Ankarada geçirilen metbugat konferensiýasynda çykyş edip, täze hökümetiň daşary işler ministri Selim Sarper Türkiýäniň daşary syýasatynda düýpli özgerişler bolmaz, emma şony iş ýüzüne geçirmekde buirnäçe nýuanslar bolar diýip ýene-de tassyklady. Soňra ministr şeýle diýdi: “Täze hökümet ýurduň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny goramak işinde mundan beýläk-de zerur işleri etmekçidir. Türkiýe ähli ýurtlar bilen öz gatnaşyklaryny diňe deň hukukly esasda ýola goýýar”. Täze hökümetiň eden iljkinji ädimlerinden Günorta Koreýadan Türkiýe brigadasyny (simwoliki goşunlar hökmünde diňe ýekeje rotany galdyryp) yzyna çagyrmak baradaky karary belläp geçmek gerek. Hökümet ABŞ-nyň içalyçylykly samolýotlarynyň Türkiýe bazalaryndan türk hökümetiniň rugsady bolmazdan uçmaklaryny gadagan etmek barada hem karar çykardy we “Amerikan kömeginiň” mundan beýläk syýasy şertler bilen utgaşdyrylyp alnyp barylmazlygyny talap etdi. “Franssuar” gazetiniň habarçysy şu kararlary “Türkiýäniň täze ýolbaşçylarynyň öz ýurdunyň garaşsyzlygyny örän hormatlamagy gazanmak ugrunda göz-görtele edýän aladasy” hökmünde häsiýetlendirdi. Täze hökümetiň öňünde duran iň köp problemalardan biri-de ýurduň ykdysadyýetini iň berk ýola goýmakdan ybaratdyr. Demokratik partiýanyň ýurdy on ýyllap dolandyranlygy zerarly ýurduň ykdysadyýetiniň haýy gaçypdy. “Cumhuriyet” gazeti 15-nji iýunda ine şeýle ýazypdy: “Biziň halkymyz gedaýçylykda ýaşaýar. Ilatyň 80 prosenti sowatsyz. Biziň senagatymyz ýok. Biziň ýerimiz örän kän, emma daýhanlaryň köpüsiniň ýeri ýok. Biz yza galan milletdiris. Ozalky hökümet ahyr soňy gaznany hem tozduyrdy”. 21-nji iýunda döwlet ministri Şefik Inan ýurduň daşarky we içerki bergileri 18.959 lir diýip aýtdy. Türkiýäniň daşary ýurtlara bergisi ýurtda bar bolan altyn we walýuta zapaslaryndan 25 esse köpdür. Ýurt 1960-njy ýyldan 1965-nji ýyla çenli döwürde daşary ýurt döwletlerine bolan öz bergilerini üzmegiň hasabyna olaryň her birine ýylda bir milliard lir berip durmalydyr. Türkiýe öz bergilerini 2008-nji ýyla çenli üzmäge mejbur bolar. Hökümet ýurtda tygşytlylyk düzgünini geçirmäge girişdi. Senagat ministri Muhtar Ulueriň 13-nji iýunda beýan edişi ýaly, ýurtda heläkçiligi maliýe ýagdaýy mynasybetli pugta tygşytlylyk syýasatyny geçirmeklik karar edilipdir. Türk metbugaty 21-nji iýunda hökümetiň geçirýän täze ykdysady çäreleri barada habar berdi. Ähli döwlet maýa goýumlaryny planlaşdyrmak maksady bilen, döwlet plan uprawleniýesini döretmeklik karar edildi. Türkiýe we daşary ýurt ekspertleri ýaňyja başlanan maýa goýum işleriniň geçirilişiniň maksada laýykdygyny örän gyssagly kesgitlemelidirler, şol maýa goýumlar bolsa Ereglide ikinji metallurgiýa kombinatyny desgalaşdyrmak, Erzurumda sement zawodyny gurmak, Demir ýollaryň döwlet uprawleniýesi tarapyndan dizel-lokomotiwleri satyn almak ýaly işlere harçlanjakdyr. “Azatlyk zaýomy” diýen döwlet zaýomyny çykarmak barada hem karara gelindi. Täze hökümet ykdysady çäreler bilen bir hatarda ýurduň syýasy durmuşyny kadalaşdyrmak üçin hem täze ädimler ädýär. Ozalky hökümetiň çlenleriniň we mejlisiň Demokratik partiýanyň çlenlerinden bolan deputatlarynyň işi barada hem derňew işleri geçirilýär. Hökümet profsoýuzlara käbir erkinlikleri berdi. Öu aýyň başynda azat profsoýuzlaryň halkara konfederasiýasyna girmäge Türkiýäniň işçiler profsoýuzynyň konfederasiýasyna rugsat berildi. Türkiýede täze režimiň ýolbaşçylary özleriniň maksadynyň ýurtda syýasy durmuşy kadalaşdyrmakdan, iň bir ýakyn wagtyň içinde saýlawlary geçirmekden we häkimiýeti täze mejlisiň ygtyýaryna bermekden ybaratdygyny telim gezek aýtdylar. Saýlawlaryň haçan boljakdygy entek takyklananok. General Gürsel “Assoşieýted Press” agentliginiň habarçysy bilen eden gürrüňinde saýlawlaryň güýz geçiriljekdigini aýtdy. Ol soňra, ýöne welin, saýlawlaryň şol wagt boljakdygyny-bolmajakdygyny men doly kesgitlilik bilen aýdyp bilmeýärin diýdi. Eger-de saýlawlary güýzde geçirmeklik mümkin bolmasa-da, onda saýlawlary “diňe ýazda geçirmeli bolar” diýlip Milli agzybirlik omitetiniň beýleki wekilleriniň beýananamalynda nygtalyp görkezilýär. Geljekki saýlawlaryň netijeleri barada aýdanyňda bolsa, şol saýlawlarda Ismet Inönü tarapyndan baştutanlyk edilýän Halk-Respublikan partiýa (JHP) üstün çykmalydyr diýip birententekler hasap edýärler, şol partiýa bolsa häkimiýet başynda 20 ýyllap bolandan soň 1950-nji ýyldaky saýlawlarda ýeňilipdi. Emma welin, türkiýedäki birnäçe toparlaryň pikirine görä, şol partiýa onçakly bir umyt baglamak hem gerek däl, çünki ol häkimiýet başynda uzak wagtlap bolanda özüni şeýle bir gowy görkezip bilmedi. 20-nji iýunda Stambuluň “Tercuman” gazeti ine şeýle ýazdy: “halk-Demokratik partiýasynyň (HDP), ylaýta-da Ataatürk aradan çykandan soňky goýberen ýalňyşlyklary ýurda örän agyr düşdi. Ýurdy Halk-respublikan partiýa dolandyran döwründe, edil Menderesiň mahalyndaky ýaly, adamlar gulluk wezipelerini öz maksatlary üçin peýdalandylar, para aldylar, žurnalistlere sud etdiler, gazetleri ýapdylar we şoňa meňzeş işleri etdiler. Halk-respublikan partiýasy bilen Demokratik partiýanyň programmalarynda we ustawlarynda hiç bir hili tapawut ýok, olaryň iş herekletlerinde-de tapawut ýok. Biz öz konstitusiýamyzy näçe gowy etsek-de, biz her näçe kepillikler bersek-de, Halk-respublikan partiýasy we onuň häzirki ideologiýasy hem-de kadrlary bize röwşen geljegi üpjün edip bilmez. Diňe Milli agyzýbirlik komitetine umyt baglamak gerek”. Türkiýeden gelen habarlar ýagdaýy örän aýdyň görkezýärler. Ýurt çylşyrymly döwri başdan geçirýär, şuňa görä-de, soňraky wakalaryň nähuili ýaýbaňlanjakdygyny öňünden aýtmak kyn. W.WASILÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 07.07.1960 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |