TÜRKMEN DILINIÑ ÝAÑZYTMA AÝTGYLARYNYÑ SÖZLÜGI
■ Sözbaşy
Türkmen halk şahyrana döredijiligi hem-de onuň aýry-aýry şahalary dogrusynda biziň alymlarymyz Garaşsyzlykdan öň we soňky ýyllarda köp işleri bitirdiler. Ylaýta-da biziň meşhur alymlarymyz Baýmuhammet Garryýew, Mati Kösäýew, Hojaberdi Hanow, K.Berkeliýew, B.Mämmetýazow, A.Baýmyradow we beýlekiler halkyň hakydasynda ýaşap, dilden-dile geçip, şu günlere cenli gelip ýeten nakyllary, atalar sözüni, läleleri, monjugatdylary, öleňleri, matallary, ertekileri, rowaýatlary, ýaňlytmaclaryjtapmacalary we beýleki şahyrana eserleri toplamak, öwrenmek, gapa taýýarlamak, neşir etmek we halka ýetirmek babatda bitiren hyzmatlary çuňňur hormata mynasypdyr.
Biz hormatly halypalaryň asylly ýörelgelerine eýerip, türkmen halk şahyryna döredijiligiň aýratyn bir şahasy bolan ýaňzytma aytgylaryny toplamak,öwrenmek hem-de olaryň many ýorumlaryny anyklaşdyryp, halk köpçüligine ýetirmekligi maksat edindik.Biziň şu işimiziň gönezligi bolup durýan ýaňzytma aýtgylary şu çaka çenli türkmen dilini we edebiýatyny öwreniş ylmynda dürli awtorlar tarapyndan idiomalar, frazalogizmler, durnukly söz düzümleri görnüşinde atlandyryldy we öwrenildi.Şu ugurdan ylmy derňew geçiren alym, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Kakajan Babaýewiň ady uly hormat bilen tutulmaga mynasypdyr. 1976-njy ýylda neşir edilip, çapdan çykan "Türkmen diliniň frazologik sözlügini" düzmäge gatnaşan alymlar S.Güjükowyň şu ugurdan belli bir derejede peýdaly işleri bitirendiklerini aýratyn bellemek gerek. Şeýle-de bolsa bu edilen işlerden tapawutly tarapy biziň taýýarlan "Türkmen diliniň ýaňzytma aýtgylarynyň düşündirişli sözlügimizde " adyndan belli bolşy ýaly ýaňzytma aýtgylary aýyl-saýyl edilýar we olara anyk seljerişli düşündiriş berilýar.Şu zerurlygy nazara alyp biz köp ýyllaryň dowamynda ýaňzytma aytgylaryny toplap, öwrenip,tertibe salyp hem-de manysyny ýorup taýýarlan işimizi bir kitaba jemlemegi makul bildik.
Indi türkmen ýaňzytma aýtgylarynyň özboluşlylygy, häsiýetli aýratynlyklary dogrusynda kelam agyz.
Ýaňzytma aýtgylarynyň gelip çykyşy we döreýiş çeşmeleri edil atalar sözleriniň, nakyllaryň emele gelişine hem-de dil baýlygyna öwrülişine kybapdaşdyr. Ýaňzytma aýtgylaram, aslynda edil nakyllar ýaly aňy ýiti, pähimli ,synçy hem dilewar adamlaryň bize galdyran genji hazynasydyr. Asyrlaryň dowamynda bu ýerlikli aýdylan ýiti sözleriň hakyky eýesiniň ady-sory ýitip gidipdir, emma şol çeper sözleriň - aýtgylaryň welin, janly gepleşikde uzak ýyllaryň dowamynda timary ýetirilip kämilligi artypdyr.
Diňleýjiniň aňyna ýetiriljek bolunýan oý-pikir, duýgy-düşünjäni ceper hem aýlawly beýan etmekde iň ygtybarly edebi serişde bolup durýan ýaňzytmalar halkyň gündelik janly gepleşiginde hem-de ceper edebiýatda oran işjeň ýagdaýda peýdalanylýar. Sebäbi kämil kelamlardan düzülen ýaňzytma aýtgylarynda çeper häsiýetlendirme we aýlawly aňlatma esasy orunda durýar. Mysal Üçin, hossaryna, howandaryna bolan buýsanjynyny beýan etmekçi bolýan adam şeýle ýaňzytma aýtgysyny aýdyp goýberýär:" Garasy gara dagymdyr" ýa-da başarmajak zadyňy söz berip oturma diýen pikiri aýtmakçy bolanda "Agzyňda aş gatyklamasana"diýip öz pikirini çeper beýan edip bilýär.
Türkmen halkynyň şahyrana döredijiliginiň beýleki şahalaryna garanyňda ýaňzytmalar deňeşdirilip derňelen halatynda nakyllara, atalar sözlerine ýakyndyr. Bu ýakynlyk görnüş, forma meňzeşliginde, tema meňzeşliginde, taryhylyk babatynda, käbirleriniň aňyrsynda onuň döreýişi bilen baglanyşykly rowaýatlaryň, hakyky bolup geçen wakalaryň ýatmagynda ýüze çykýar. Biz bu ýakynlyk, meňzeşlikler barada aşakda aýratyn durup geçeris.
Halk döredijiliginiň bu şahalarynyň arasynda şeýle düýpli meňzeşlikler bar bolsa, onda olary tapawutlandyrýan zat nämede? Bu kanuny sowala şeýle jogap bermek bolar. Mälim bolşy ýaly nakyllarda, atalar sözlerinde diňleýjä akylly-başly maslahat,öwüt-ündew, pendi-nesihat berilýär. Ýaňzytma aýtgylaryna welin, ýokarda nygtaýyşymyz ýaly çeper häsiýetlendirme, ýaňzydyp duýdurmak, aýlawly aňlatma mahsusdyr.Sözümiz gury bolmaz ýaly mysallara ýüzleneliň. " Namarda zar bolaňdan,gara derýa gark bol" (Nakyl) " Ýüpüniň üstünde odun goýar ýaly däl" (Aýtgy) " Ýigit bolsa ot bolsun, ot bolmasa ýok bolsun" (Nakyl) " Basan ýerinden ot çykýar" (Aýtgy) " Dagdan arkasy bolanyň, ýüregi daşdan bolar" (Nakyl) " Ynananym gara dag , gara daga gar ýagdy" (Aýtgy) " Ogryny öýe öwretme, mollany toýa" (Nakyl) " Mellek ýerinde ekin goýmady, ýas ýerinde kokun"(Aýtgy)
Biri beýlekisiniň üstüni ýetirip duran şeýle deňdeş, täsin mysallary entek hem uzaltsa bolardy. Görüşimiz ýaly bu deňeşdirmelerde çeperçilik babatda-da, şekil hem mowzuk babatda-da ýakynlyk duýulýar. Emma bu ýakynlyk olaryň biriniň beýlekisini gaýtalap duran şol bir eser, şol bir çeper pähim däl-de, eýsem olaryň her haýsysynyň özboluşly, aýry-aýry, doly hem gutarnykly bir nusgadygyny subut edýän ýakynlykdyr.
Ýokardaky mysallardan görnüşi ýaly ýaňzytma aýtgylaryň nakyllardan,atalar sözlerinden ýene bir aýratyn tapawutly tarapy bu durnukly çeper söz düzümleriniň gÖçme manysynyň mese-mälim ýüze çykmasydyr. Köplenç halatlarda ýaňzytma aýtgylar, gÖçme manyly, basyrylgy ýatan mazmunly bolýarlar.Hut şu özboluşly aýratynlygyny nazara alyp biz olary "Ýaňzytma aýtgylary" adalgasy bilen atlandyrmagy makul bildik. Şeýle ceper serişdeleri pikiri has ýiti beýan etmek, gönümellikden gacyp, sypaýcylygy elden bermezlik üçin ulanylýar. Göşme manynynyň giňden ulanylýandygy sebäpli käbir aýtgylaryň aýdylanda asyl manysyna düşünmek kyn bolýar. Bu ýagdaý aýtgyny aýdýanyňam, ony diňleýäniňem üşükli, gep manysyny tirip bilýän bolmagyny talap edýär.Aýtgylar ony ulanan adamyň belli bir derejede medeniýetini, bilimini,pikirlenip biliş ukybyny,hatda onuň häsiýetini (mylaýym adammy ýa-da ýowuz, bähbidini araýanmy ýa-da bir gepli we ş.m.) hem aňdyrýar.Ýeri gelende aýtgylaryň bu aýratynlygyny ceper eseriň gahrymanlarynyň häsiýetini acyp görkezmekde ussat ýazyjylaryň giňden ulanýandyklaryny aýtmalydyrys.
Aýtgylaryň bu köp dürlüligi, täsin görnüşleri bilen birlikde olaryň örän sada şekillileri hem bardyr. Mysal üçin, ýadaw adam "Sütünim süýndi" diýýär "Ýadadym" diýip oňaýmaýar-da öz ýagdaýyny çeper suratlandyrýar. "Agaç ýuwudan ýaly", "Mumly ýüplük ýaly"...we başgada şuňa meňzeş sypatlandyrma häsiýetli aýtgylar halk arasynda giňden ýaýrap,olar gürrüňi edilýän zady göz öňünde janlandyrýan ýaňzytmalardyr.
Ýaňzytma aýtgylary edebi eserlerde has-da giňden ulanylýar. Aýtgynyň gymmatyna düşünmeýän ýazyjy ýok bolsa gerek.Olary ýerlikli peýdalanyp,öz eserleriniň gadyr-gymmatyny artdyrmagy başaran ýazyjylarymyz Berdi Kerbabaýew, Hydyr Derýaýew, Beki Seýtäkow, Agahan Durduýew, çary Aşyrow we beýleki söz ussatlarymyz gadymy halk şahyrana eserlerine täzeden jan bermeli, ile ýaýmagy başaran halypalardyr. Olar öz eserlerinde gadymy aýtgylara täze öwüşgin berip, olaryň has düşnükli bolmagyna, many ýorumynyň aýyl-saýyl bolmagyna halk arasynda olaryň has-da giňden ýaýramagyna uly goşant goşupdyrlar. Çeper döredijilik bilen iş salyşýan biziň şu günlerki ýazyjy- şahyrlarymyz, metbugat işgärlerimiz hem halk döredijiliginiň şu genji-hazynasynyň nusgalaryny - ýaňzytma aýtgylary öz eserlerinde häli-şindi peýdalanýarlar. Döredijilik işi bilen meşgullanýan adama örän peýdaly çeper serişde bolan aýtgylar özüne inçelik bilen, jogpkärli çemeleşilmegini talap edýär.Sebäbi söz aslyna ýetmek, onuň aňyrsyndaky gizlin mana doly we dogry düşünmek örän wajyp mesele bolup durýar."...Ýerini bilip sözleseň, ýüzüň nury dökülmez" diýen aýtgy halk tarapyndan ýönelige döredilen däldir.Aýratyn derňew edilenine degýän bu meselä degdi- gaçdy çemeleşmegi nädogry hasap edýänligimiz üçin, oňa içgin çemeleşmek bolsa esasy maksadymyza girmänsoň edebiýat bilen aýtgylaryň baglanşygy babatda kän bir mysallara ýüzlenip oňmakçy bolýarys.
II icinde giňden aýdylýan "Miweli agajyň başy aşak" diýen aýtgyny Mätäji şahyr "Agaç bar getirse başy pes bolar" diýen görnüşde ulanýar. Bu aýtgyny Gurbannazar Ezizow: "Miwe köp bolsa eger, Bag başyn aşak eger" diýen görnüşde işledýär. Halk arasynda "Seniňä munyň aýy dostlugy bolýar" diýip,ulanylýan aýtgynyň aňyrsynda täsin bir rowaýat ýatyr.
Bir döwürlerde bir adam bir aýy bilen dost bolupdyr.Ikisi dost-ýaran bolup, birek-birege hemişe hemaýat bermegi wadalaşypdyr. Aradan köp wagt geşmändir. Tokaýda bile aýlanyp, aw edip ýadanlaryndan soň az-kem ýatyp dynş almakcy bolupdyrlar. Adam gaty ýadaw bolansoň salkyn saýada derrew süýji uka batanmyş. Aýy-da dostunyň ukusyny bozmajak bolup, onuň başujunda otyrmyşyn. Şol barmana bir siňek Uçup gelipdir-de, uklap ýatan admyň ýüzüne gonupdyr. Aýy muny görüp, siňegi kowmak Üçin eline ullakan daş alypdyr-da zarp bilen ukuda ýatan adamyň ýüzüne urupdyr.
Bu rowaýaty nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň "Baş döker" atly şygyrynda şeýle peýdalanypdyr: "Bilgin uzak gitmez aýy dostlugy, Gahry gelse depäň üzre daş döker."
Ussat şahyr bu rowaýaty goşgyň iki setirinde beýan edip bilipdir.Halkyň janly gepleşiginde bolsa bu kyssa "Aýy dostlugy" diýen aýtgy bilen aňladylýar.
Indiki mysaly meşhur halk ertekisinden almakçy bolýarys. Ýaňzytma aýtgylarynyň edebiýaty baýlaşdyryşy ýaly halkyň gepleşik dilini baýlaşdyrýan jaýdar jümleler başga-da kän. Mysal Üçin, Berdi kerbabaýewiň "Aýgytly ädim" romanyndaky Artygyň harmanynyň epizody halkyň aňynda berk ornap,"Artygyň harmanyna döndürdiňiz-le" diýen aýtgynyň döremegine getiripdir.
"Aýnany kim alsa şol alsyn, bize toý bolsa bolýar" diýlen täsin çeper jümle şu eserde Gandym aganyň aýdýan sözi bolsa-da indi ol halk arasynda meşhurlyga eýe bolan ýaňzytma aýtgysyna öwrülip barýar.
Biz bu kitapda aýtgylaryň käbir aýratynlyklaryny derňemek bilen olara düşündiriş ýazmagy göwne makul bildik.Her näme-de bolsa bu bir täze başlangyç, ilkinji synanşyk.Kitapda käbir ýetmezçilikleriň, bärden gaýtmalaryň bar bolmagy mümkindir. Şeýle-de bolsa biz onuň türkmen halk şahyrana döredijiligi, ene dilimiziň täsin aýratynlyklary, söz manysy bilen içgin gyzyklanýan alymlar, terjimeçiler, okyjylar köpçüligi üçin peýdaly hem gyzykly boljakdygyna ynanýarys.Sebäbi halkyň hakydasynda ýaýrap ýatan hazynadan çÖplenen bu aýtgylaryň her birinde özboluşly bir many haýran galdyryjy röwüşde öwüşgin atýar.
Aşyr Salyh ogly,
Murgap. 2000.ý.
▶ Aýtgylar
1.Agzyňda aş gatyklama - öwnüp oturma, seniň başarjak işiň däl manysynda.
2.Arrygyňy gynama - meniň aladamy etme, azara galyp oturma manysynda.
3.Atan - atan ýerinde - ýatan ýatan ýerinde - bulam - bujar tertip düzgün ýok.
4.Aý aýdyn boldy, bizem ogry - ýalňyşynyň üstünde tutylan adam manysynda.
5.Agzy gyşygam bolsa baýyň ogly geplesin - ýaranjaňlyk edilýär manysynda.
6.Agzy ýelli - gepi sözi dereksiz manyda.
7.Agzyň bilen ak guş tutýanam bolsaň - ynamdan gaćan adama gönükdirilýän aýtgy..
8.Aç ýürege ajy aýran - ajygyp gelen adama suw, aýran, caý hödür etmek nädogry manyda.
ç.Ak düýäni gördüňmi - göremok - görenem bolsaň göremok, bilemok diýip jogap bermek manysynda.
lO.Agzynyň aýdanyny gulagy eşidenok.
1 l.Arabasy jygyldaýar. - wagty golaýlapdyr.
12.Agzyny itden alan ýaly.
13. Agzyna suw alan ýaly.
14.At oýnatma - bilmediksirän bolmak.
15.Atly gazak ýaly - üstüne abanyp durma.
lö.Atamyň ýowaryndan geldiňmi - minnet etme manysynda.
17.Agyryňa cydasaň müň ýaşa.
18.Alynyň al meýdany - uruş meýdany, göreş meýdany, zähmet meýdany. 1ç.Assa gaćan namart.
▶ T
1.Toýdan topukca.
2.Tapdyň bu ýerde kecetelpek türkmeni - meni akmak hasap etme manysynda.
3.Tamdyra gyzanda ýap.
4.Tomus öýlenen gul ýaly - agyr, galyň geýnen adama aýdylýar.
5.Türk adam - sada, öýnekeý, sähraýy adam manyda.
6.Towşantüý - sypjyk adam.
7.Telpegiňde dawam bar.
8.Takdyra ten bermek - Hudaýa sygynyp, maňlaýyňa näme ýazylan bolsa şoňa kaýyl bolmak.
ç.Taman tala daňylan ýaly bolsun - tamakin bolup oturma, puryja ýok manyda. lO.Tamda gulak bar - seresaply, oýlanşykly gürlemek manyda.
11. Tamdyra gyzanda ýap - pursaty gelende ýaýdanyp durma diýen manyda.
12.Tanapyna towsup dur- Sagdyn, gitmäge höwesek, dyzmac manyda. 13.Tanapyny boýnuna şolapdyr- erkin idegsiz, islän zadyny edip ýör.
14.Tepbedi okaldy - dünýeden ötdi ýa - da işi gaýtdy manyda.'
15.Telpegini ters geýdirdi. Puşmana goýdy, aldady,gaýdyp gelmez ýaly etdi manyda.
16.Telpegiňde dawam bar - yrsaraýan adamyň dawa gözläp aýdýan sözi.
17.Telpegini getir diýseň kellesini getirjek. Buýrulan ýumşy aňry ýany bilen ýerine
ýetirjek bolup oýlanşyksyz hereket edýän adamlar häsiýetlendirilýär.
18.Telpegiňi göge zyň - şatlan bagtyň geldi manyda. 1ç.Telpegi agan - ozal bir gezek öýlenen ýigit manysynda aýdylýar. 20.Tapdyň bu ýerde kece telpek türkmeni - sen meni özüni oňarman ýören adamdyr öýtme manyda. Aslynda türkmen kese telpek geýmeýär, şonuň ücin özüne gelişmeýän işi edip ýören adamdyr öýtme manyda.
21.Taryna kakyp görmek - osmakladyp, kakdyryp, cala duýdyryp sorap görmek manyda.
22.Ters okan - aýdylan gepe düşünmeýän, nadan, kähalatlarda bilsede bilmediksireýän köpbilmiş adam manyda.
23.Tomus öýlenen gul ýaly - yssy howada galyň geýnen ýaş ýigitlere aýdylýar.
24.Töwekgel işini taňry oňarar - ýaýdanyp durman aýgytly hereket etmegiň gerekdigini aňlatmak manyda.
25.Towşan tüýli bolmak gerek - sypjyk sypaýy ýuwaş bolmak manyda.
26.Towşany araba bilen tutýandyrlar - gacyp gitjek ýeriň ýok manyda.
27.Towugam ýumurtgalaýan ýerinde käkeleýär - ýat ýerde seniň sözüňi diňlejekadam ýokdur, özüňkileriň arasynda boluber manyda.
28.Towugyna tok diýilmedik - agyr söz eşitmedik, ynjydylmadyk, tekepbir manyda. .Towugam suw icinde Allasyna garaýandyr - pespäl bol, tekepbirlik etme manyda.
17.Töwekgel işini taňry oňarar - ýaýdanyp durman aýgytly hereket etmegiň
gerekdigini aňlatmak manyda.
18.Towşan tüýli bolmak gerek - sypjyk sypaýy ýuwaş bolmak manyda.
19. Towşany araba bilen tutýandyrlar - gacyp gitjek ýeriň ýok manyda.
20.Towugam ýumurtgalaýan ýerinde käkeleýär - ýat ýperde seniň sözüňi diňlejek
adam ýokdur özüňkileriň arasynda boluber manyda.
21 .Towugyna tok diýilmedik - agyr söz eşitmedik, ynjydylmadyk, tekepbir manyda. 22.Towugam suw igende Allasyna garaýandyr - pespäl bol, tekepbirlik etme manyda. 23.Toýdan topukga - toýdan paýy az ýeten adamlara göwünlik berip degişme
äheňinde hoşallyk bilen aýdylýan aýtgy. 24.Türk adam ekeniň - sada sähraýy, akýürek manyda.
25.Türkmeni dürtmeseň duýmaz - türkmen göwnüne hig zat getirmeýän, ak ýürekli,
ynanjaň adamdyr diýen manyda. 26.Tutan ýerinden kesen ýok - söwda edilende aýdylýan söz, birneme arzan ber, aşak
düş diýen manyda. 27.Tüýkesme ogry -
28.Tüýüňi täzeläpsiň - täze egin - eşik geýen adama aýdylýar.
30.Toýdan topukga - toýdan paýy az ýeten adamlara göwünlik berip degişme
äheňinde hoşallyk bilen aýdylýan aýtgy. 31 .Türk adam ekeniň - sada sähraýy, akýürek manyda.
32.Türkmeni dürtmeseň duýmaz - türkmen göwnüne hig zat getirmeýän, ak ýürekli,
ynanjaň adamdyr diýen manyda. 33.Tutan ýerinden kesen ýok - söwda edilende aýdylýan söz, birneme arzan ber, aşak
düş diýen manyda. 34.Tüýkesme ogry -
35.Tüýüňi täzeläpsiň - täze egin - eşik geýen adama aýdylýar.
36.Temmim ýiten ýaly boldyň - uzak wagtlap bir - birini görmedik adamlaryň bir -birine aýdýan sözi. Rowaýata görä ir zamanlarda Temmimatly bir adam gürüm -jürüm ýitipdir. Hudaý tarapyn ýitirim bolup, ýedi ýyldan soň ýene -de öz obasynda peýda bolupdyr.
37.Temmim ýiten ýaly boldyň - uzak wagtlap bir - birini görmedik adamlaryň bir birine aýdýan sözi. Rowaýata görä ir zamanlarda Temmimatly bir adam gürüm jürüm ýitipdir. Hudaý tarapyn ýitirim bolup, ýedi ýyldan soň ýene -de öz obasynda peýda bolupdyr.
38. Tur otur kersen getir -
▶ E
1.Edebi düýeden öwrendim.
2.Ederini bilmedige ýagy ne haj at.
3.Egri oturyp dogry gürleşeli - Ikimiz birek birege dogrymyzy aýdaly bellisini edeli manyda.
4.Elek bilen suw daşadym - " Men seň ügin juda köp alada etdim, bitirip bolmajak hyzmatlary bitirdim" manyda.
5.Elem tas bolup - aljyraňňy halda manyda.
6.Elheder aman - aslynda ejizligiňi boýun almak, aman dilemek manyda.
7.Elli iki aýdaý - her nage aýtsaňam bolanok manyda, bir ýylda 52 (elli iki) hepde bar
8.Emgek göz bilen gaşyň arasynda - emgege ugran adama duýgudaşlyk bildirilende aýdylýan aýtgy.
ç.Emmasy bar bolaýmasyn - Şübhe dörän wagty aýdylýan aýtgy.
10.Eneň ýagşy - ataň ýagşy - köşeşdirmek ügin kesir adama aýdylýan söz.
11 .Eňegine jaň dakylan ýaly - geplemsek, ýaňra manyda.
12.Enesini dula bakdyrmak - öldürmek manyda.
13.Enter pelegimi öwürdüň "başymy gözümi aýladyň" .
14.Erkek eşekdir - erkek adamdan aýyp görmeli däl manyda.
15.Erni gulagyna ýetdi - begenip ýylgyrdy manyda.
1ö.Eşegiň gulagyna ýasyn okan ýaly- gymmatly sözüňi haramzada sarp etme
manyda.
17.Eşek bilen deň bolma - pis adamyň derejesine genli peselme manyda. 18.Eşek näzini eden bolma - samsyklyk etme, seniň näziňi gekjek adam ýok manyda. 1ç.Eşek semrese eýesini deper - bigadr edilen ýagşylyklary unudýan manyda. 20.Eşekden palan alangada görenok - soňuna saýmazak batyr adam manyda, palan -eşegiňjuly.
21 .Etek alty ýeň ýedi, telpek sekiz, tahýa dokuz - aýal erkek hemmämiz ylgaşlap
gaýtdyk diýen manyda.
22.Ezip içibermeli - owadan gyz - gelin manyda.
23.Eli geldi - Işi şowlady manyda. 24.Eliň ýeňil eken.
25. Ejem ogly eken - Yaş oglan uşaga gönükdirilýän ýaňzytmanyň ejiz gorkakmanyda.
26.Elipden şermende -
▶ W
1.Wada - bergi. Wadasynda tapylmadyk adam bergili ýaly bolýandyr diýen manyda. Şeýle ýagdaý ýüze cykanda köplenc "Wadada wepa barmy" diýlen aýtgy aýdylýar.
2.Welilik satma - "Men - menlik etme", hemme zady öňünde bilýän kişi bolma, masgara bolarsyň" manyda.
3.Was - was bolma - was - was psihiki ruhy kesel. Hic zat ýok ýerinden gorkup ýörme diýen manyda.
▶ G
1.Gözel göwnüň - halanyňy et, keýpiň kelläňde manyda.
2.Gidene ýeňňe gelene baldyz.
3.Gözsüz batyr - gaýduwsyz manysynda.
4.Guş gelse ganatyndan, gulan gelse toýnagyndan galar - gaýym gala, goragy güýcli.
5.Gözünde oky bolsa atjak - görüp, duşman.
6.Gara ýer ýaly - gepsiz, gürrüňsiz, asylly ýigit.
7.Gyz bilen duza gytlyk ýok.
8.Gözüm gaşym cekip duranok - seni göresim gelip duranok manyda.
ç.Gözüm gaşym ýük - sen ýük däl. lO.Gülhöwes - gören zadyna höwes edip ýören. 11 .Gegiň öň aýagy ýaly.
12.Gözümiň üstünde ornuň bar.
13.Garasy gara dagym - howandar, hossar.
14.Götün ogry etdi - meni ýüzügara eydi.
15.Gurrudym guk- bar zady ýok diýip aýdýan husyt.
16.Göwnüň kap dagynda- sen hyýalbent manyda.
17. Gün berse y şyk berenok.
18.Gaýybyň häzir - ýitgi ceken adama duýgudaşlyk bildirmek manyda. 1ç.Gözüň aýdyň - ýitigini tapana, hossaryna duşana, uzak ýerden gaýdyp gelene
aýdylýan gutlag.)
20.Gapyrgaňa degýär - garyndaşyňa, dostuňa ýakynyňa aýdylan ýakymsyz sözi gaty
görmek.
21.Gurduň gündiz uwlady - işiň şowuna boldy. 22.Gelin bolmasagam gädiginden garap gördük.
23.Gözüňi ýandak bilen süpür.
24.Gonjuna gor guýuldy.
25.Gaýnyň söýýän eken - taýýar naharyň üstüne gelen adama aýdylýar.
26.Görübilmedigiň gözi cyksyn.
27.Gyryň daşy ýaly.
28.Göçüň gecip barýarmy.
29.Gazananyň bezeneniňe ýetenok.
30.Gyşyň güni gar almarsyň.
31 .Gaçan gutylar - duran tutylar.
32.Gylyjyň kesýärkä ýaýdanma.
33.Gapysyny ýel acyp ýapýar.
34.Görüne kümmet galdyrasy ýok.
35.Gökde goýsam yslanjak, ýerde goýsam poslanjak.
36.Gacyp kowara maý ber.
37.Garyp bir iş etse gürrüňi bolaýýar.
38.Göcenini ýel biler, gonanyny gi 3ç.Görümde dik oturaryn.
40.Guýruk tutdyranok
1.Syrtymy gaşara elim ýetenok.
2.Seniň tutan guşyňy men bireýýäm ütüp goýdum.
3.Seni öldüreniň kesewisi gögerer - ýalkanar.
4.Sanasaň sogaby bar — köp sany - sajagy ýok.
5.Sesine suw sepildi
7.Soňunasoganekildi.
8.Seniň ceýnejek cöpüň däl
9.Sag başym soltan başym - janym sag bolsa bolar manyda.
lO.Sadakada sandaş, toýsda tabakdaş bolma - ýoldaş bolup bolmaýan sylagsyz adam.
11 .Sen bolmasaň Senemjan - ýeke sen däl.
12.Söw - söw syryp ýör - bikär.
D.Saman ýaly suwuň ýüzüne cykma.
14.Saman astyndan suw goýberen.
15.Suw seňrikden agansoň - boljak iş boldy .
lö.Süllümbaý - ýagyşda ezilen adam.
17.Süýji duşman - perzent..
18.Sary sadylla bolup dur - umytsyz garaşmak.
1ç.Söbügüne münmek - yzyndan kowmak.
20.Sercäni gassabyna soýduraýsaň.
▶ M
1.Men näme diýýän, dutarym näme diýýär - menin aýdan sözüme sen düşünenok diýen manyda.
2.Mundan urdym gylyjy arapda şaňlar ujy - ýalan sözlemek manysynda.
3."Mus' - "mus" diýme "mustapa" diý - aýtjak sözüni dogrulap aýt diýen manyda.
4.Musulmancylyk öýde eken - sowuk güni öýe gireniňde öýüň ýyly ýakymlydygy manyda aýdylýar.
5.Maýmynam öz erkine oýnanok - mejbury ýagdaýda edilýän işifi manysynda
1.Ýasy ýanyň ýerde bolsun - hantama bolup oturma.
2.Yandym şäherinden owazyň geler - ýanarsyň, köýersiň.
3.Yata şärik - iş etmän tamakin bolýan.
4.Ya^isy gaýyşly - dawa jenjelden galmaýan.
5.Yarym göwün kemsidilen, bagty pes, zürýatsyz.
6.Yalan dünýäniň cyn adamy - dogrucyl.
7.Yagyň özüňe nesip etsin.
8.Yalan sözleseňem aýagyň bir ýere degsin.
ç.Yagyşdan gacyp damja ucradym. lO.Ýüz görüp gapyrga syrma.
11. Yüregi atyň kellesi ýaly - batyr manysynada.
12.Yyldyza toýnak atýar-jany sag, keýpi kök.
13.Yüz berseler ýüzün aşma.
14.Yüzi aklyk etdi - kyn ýagdaýdan alyp cykdy.
15.Yylan dilimi cykardym - köp aýtdym.
lö.Yüzüňi gyjakcynyň ýüzi ýaly edip.
17.Yyldyza ýörän ýaly - tukatlanma, şowsuzlyk manysynda.
18.Yüküniň üstünde odun goýar ýaly däl - ygtybarsyz adam barada.
19.Yüňsakgal etme - meni masgara edäýme manysynda.
20.Yüklüje geçýär - güzeran kynşylykly gecýär manysynda.
21. Yeriň teýinde ýylan gäwüşese bilýär - köpbilmiş.
22.Ýedi gat ýere girseňem - nirede gizlenseňem manyda.
23.Ýedi gapyda ýer tapmadyk - bidöwlet ýetimek manyda.
24.Ýekemen güjük - garasöýmez.
25.Ýer ýarylmady ýere girmedim. - utanmak, biamat ýagdaýa düşmek.
26.Ýolunda ýomut oturan ýaly.
27.Ýowarcynyň mäkisini gizlän.
28.Ýuwanyň segegi ýaly - ýumşak ýigit manyda.
29.Ýuwaşdan bimaza - assyrynlyk bilen.
▶ N
1.Namartja olam, sagja olam - güýjüň asgyndygyna gözüň ýetse, mertlik etjek bolma, başyňy gutar diýen manyda aýdylýar. Şu aýtgynyň uruşda, dawada namartlyk eden adamyny ýaňsylap aýdylýan ýeri hem bolýar. Meselem "namartja olam, sagja olam edipsiň - ow".
2.Nebsiňe "haý" diý - Acgözlük etme diýlen manyda aýdylýar. Aýtgy köplenc nahar wagty ýa - da mugta gözi düşen wagty kanagatyny elinden giderýän adama gönükdirilýär.
3.Nebsiniň guly - dünýe maly diýip, hars urup ýörene, her bir eden işinden bähbit, peýda arap ýören adama aýdylýar
4.Nuh eýýamdan galan - ir zamananyň, örän gadymy döwrüň zady diýlen manysy bar. Bu aýtgynyň "nuh eýýamyň gürrüňi" diýlen warianty hem bar.
5.Ne ciş köýsün, ne kebap - her bir iş oýlanşykly edilse ýagşy. Şeýle etsek iki tarapa - da peýdaly bolar" diýlen oý pikiri aňladýar. Has takygy: " Şeýle etsek ikimizede bähbitli boljak" diýip, pikirini jemlän adam şu aýtgyny aýdýar.
6. Nan atly biz pyýada - gahatcylygy, aclygy - horlugy gören adamlar, bir döwüm çÖrege zar bolanlar şol agyr günleri ýatlap, şu aýtgyny aýdýarlar. Gepleşikde geleňsiz, ýalta, bihepbe adamlara :"bolşuň şu bolsa, nan atly sen pyýada bolarsyň" diýlip, käýinilýän wagty bolýar.
7. Näden nä bolarka? - nämälim düşnüksiz pursatda aýdylýan aýtgy."näden nä bolarka diýip, durdym" görnüşde janly gepleşikde ulanylýar.
(dowamy bar)...
Türkmen dili