17:02 Nurnazar Jumanazarow | |
NURNAZAR JUMANAZAROW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Mirasgär Nurnazar Jumanazarow 1947-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak obasynda Jumanazar awçynyň maşgalasynda dünýä inýär. Başlangyç bilimi oba mekdebinden alandan soň 1970-nji ýylda türkmen döwlet uniwersitetiniň bedenterbiýe fakultetini tamamlap Duşagyň 18-nji mekdebinde işe başlaýar. Ol türkmeniň milli mirasynyň däp-dessurlaryny içgin öwrenip başlayar. Ol bu işinde tebip we awçy kakasy Jumanazar agadan köp zatlary öwrenýar. Ejesi Akjemal ejeden türkmenlerimiziň maşgala medeniýetini, edep-ekram, gylyk hasiýetleri öwrenip süňňüne ornaýar. Oba ýerlerindäki jemgyýetçilik köpçiliklerinde, gazetdir radio, telewideniýede edilýän çykyşlaryndan başga-da esasy bitiren işleriniň biri hem "Türkmenfilm" kinostudiýasynyň haýyşy bilen "Türkmenler" ady bilen, 1993-1996-njy ýyllarda çykan gysga göwrümli, Buşluk, Galpak toýy, Sünnet toýy, Gurban baýramy atly çeper filmleri döredýär (ssenariýsiniň awtory). 1990-njy ýylda "Magaryf" neşiryaty tarapyndan, "Mälik Aždar pälwan" atly kitaby çykdy. Şeyle hem türkmen halkynyň içinde ady rowaýata öwrülen halk gahrymanlarynyň, ar-namys we mertebe kemsidilmeleriniň garşysyna goreşip, öz janyny gurban eden şehitleriň ömür beýanyny halkyň dilinden alynan baý maglumatlar bilen hakykaty halka ýetirmekde uly işler bitirýär. Siziň şu eliňizdäki kitap hem şol gahrymanlaryñ biri, asly mäneli bolup il içinde howandar saýylan Ata Mäneli, Ata mergen, Ata çommolan ady bilen tanalýan Atajan Berdinyýaz oglunyň ömür beýany barada söz açmaga köp mümkinçilik berýar. Taryhy dokumentleriň metbugat we arhiw maglumatlarynyň baý toplumlary esasynda ýazylan bu eser, okyjylaryň göwnünden turar diyen tamamyz bar. Biz mirasgär we ussat yazyjymyza maşgalasynda we döredijilik işlerinde uly üstünlikler arzuw edýäris. Hajy Aşyr SALYH. 2013 ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |