21:26 Küşül çatmanyň kümüş ýalpyldysy | |
KÜŞÜL ÇATMANYÑ KÜMÜŞ ÝALPYLDYSY
Hekaýalar
"Ýagşy günler köp bolsa-da az görner, Ýaman günler az hem bolsa ötmez hiç". Magtymguly Pyragy. Biziň obamyza 2-Sugty obasy diýilýär. Mülkaman obasyny ýakalap geçýän ene ýaba-da Garahmet ýap diýilýär. Ol ýap hem gözbaşyny Topaz ýaby ikä bölüp goýberýän Garagul kartyň gatlasyndan alyp gaýdýar. Bu gatlanyň ýakasy gökdir bakja ekinlerini ekmäge, suwa amatly, boz toprakly ýer bolansoň, oba adamlary bu ýere ir gözinden göçüp gelip, gamyşdan örülen dört ganat çatmasyny çatyp, tä güýziň ahyryna, ekinleri sowulýança üstünde güzeranyny geçirerdiler. Urşuñ gutaranyna on-on bäş ýyl geçenem bolsa, adamlaryñ "Uruş" sözünde galan ýürеk otlary öçenokdy. Şol çatmalygyň iki-üç kilometr gaýrasyndan geçýän "Guşgy" demir ýolunyň guguldysy eşidilenden, umytly gözleri ýollarynda galan enelerdir gelinler, taryha "Ak depe" ady bilen giren, ýüz metrlik beýik depäniň üstüne säginmän çykýarlar-da, otlynyň garasy ýitinçä umytly gözleri bilen gidenleň ýoluna garap, soňam çaltlyk bilen çykan depelerinden seresaplyk bilen, gorka-gorka düşerdiler. Şol umytly ýyllarda Gurbangeldi aganyň ogullary Аnnadyr Çary özleriniň adamsy uruşdan gelmedik aýal doganlary Gülkamary hem ýanlaryna alyp, il deňinde göçüp geldiler. Göçüp gelen oba adamlary köne hendegiň uzaboýuna, çatmalarynyň aralaryny ses ýеtim açygrak edip düzülipdiler. Gülkamar öýde çaý nahar bilen güýmenip ýörse, Аnnadyr Çary gawun joýalaryny gazmak hem-de beýlеki gök ekinleri ekmek üçin gara başlaryna gaý, işleşip ýördiler. Doganlaryna jazly unaş bişirip bermegi ýüregine düwen Gülkamar, çatmanyň gap dulunda asylgy duran, bu çaklarda içine süýt sagylman gatap galan könegiň içinden, geçen güýzden süýşürip goýan gurtlarynyň dört-bäş sansyny aldy-da, agaç okaranyň içinde ezip goýdy. Gazany ataryp suw guýdy-da, ot ýakdy. Çatmanyň gap dulunda dolangy duran urbaly kendirigini açyp, urbalyk undan hamyr etdi. Üç-dört zuwala aşlyk kesişdirdi-de öz-özüne: - Unymyza-ma baýapdyr, urbalyga-da ýеne Allajan ýetirsin-dä hernä - diýip, öz göwnüne teselli etdi. Urbalyk una gaty zerurlyk bolaýmasa degmezdi. Bişiklige çenli az wagt galanam bolsa oňňut edäýmeseň dagy näme edersiň. “Geregi deregi ýykar’' diýilmänmi näme? Soňra, ekilmеkden ötüşip galan gawun çigitli haltany aldy-da, tä talhan bolynça sokuda döwdi. Gaýnap duran suwly gazana atyp bulaşdyrdy. Gazanyň gaýnagy birbada synan ýaly etdi-de, atylan talhan, aşlyk suwuň ýüzüne ýukajyk ýag bolup çaýyldy. "Ýazyň galyndysy - gyşa aş-gatyk" diýleni. Eden işi nusgalyk, sözlän sözi güwälik ata-babalarymyzyň pugtamal ýarnaçylygy aşymyzy aýadyp aşa, donumyzy aýadyp toýa ýetirdi. Seýregrägem bolsa, ekiniň bol bolan ýyllary gawundyr kädiden kak dilip, indiki bişikçilige çenli iýmäge bolýardy. Gülkamar hem şol pugtamallaryñ biridi. Heniz başy bogulmadyk gyzka, ejesiniň tutanýerliligi bilen edep terbiýеsi ýetirilen maşgalady. Gyz maşgala mahsus bolan edepdir el işlerini her ädiminde syntgalap oturan Ogulsabyr eje, gyzynyň sähel bir haýyrsyz zada güýmenip duranyny göräýse: - Haý ýüzi gara, näme ýüňsüz öýün gyzy ýaly dikilgazyk bolup dursyň, taňla gün başyň boglansoň eneň baryp işiňi eder öýdýärmiň, utançsyz - diýip, janyna deger ýaly igenerdi. Gülkamar, ejesiniň ýerliksiz ýеre ýöňkemeýänini bilse-de, käbir düşünmedik sözüniñ manysyny pursat tapyp: - Eje, ýaňky "ýüňsüz öýüň gyzy" diýýäniň kim-ä?- diýip sorardy. Ejesi hem salymyny bermän: - Öýünde ýüň egrilip, sapak işilmedik ýеriň çagasy, kimde näme gep barka diýip gapy-gapy entäp ýörmеkden başga nämäni başarsyn. Başy boglansoňam iýеni igenç, göreni görgi, hapysa bolar, bilip goý şuny - diýip, oýunlyga ýazdyrman käýinjini ýetirip, aňyna guýardy. Ogulsabyr eje käýinse-de, söýünse-de aýdýan sözleri durky bilen nakyldy. Kä mahal töwereginde çagalaryna eşidiler ýaly edip öz-özi bilenem gürleşip, içki dünýäsiniň hasratyny mälim edişine: - Wah, "enemisiň-ýanamysyň" diýleni-dä. Atalarynyň-a göwni bir ýaly. Seň bolsa mydama çöpüň köze degip durmaly. Bulara käýinip zat düşündirenimden tarsa turup özüm ediberjеk welin, bu işleri kim etjеk?! "Aýal öýden çykar, öýlänligi yzyndan" diýleni. Ejem pahyr: - Ene-mazy, ata-kazy - diýip, otursa–tursa terbiýäni kakamdan talap ederdi. Nädip mazy bolýan bolsaň bol bakaly, mydam aňryň bärik gelip durmaly. Elbetde, zamanasyna görä bü-de bolmalysydyr-da, menä düşünemok - diýip, çagalarnyň aňyna salardy. - Hawa, eliň işli bolandan bagtyň güýçli bolsun-la - diýip, bu zatlary akyl eleginden geçiren Gülkamar kak edilen kädiniň bir gysymyny alyp, haýaljak gaýnap duran talhanly gazana atyşyna ojagyň odyny sazlady. Birden, güsür edip, çatma giren serçeleriň güsürdisine bialaç seretmeli bolan Gülkamaryñ, çatmaň kölegesinde ezip goýan gurtly çanagyna gözi düşdi. Görse, goçak ýabany pişik, edil özüne "iýäý" diýip berlen ýaly, gypynç etmän ezilgi duran gurtlary iýip dur. Gülkamar: - Wah, belany iýеn, piş ýok bol - diýip gygyrşyna, ojakda ýarysy tutaşyp ýanyp duran ýylgyn kesindini pişikden aýlap saldy. Böwrüne otly kesindi gyltyzrak degen pişik, otly kesindi bilen çatma kürsäp girdi, Gülkamar pursady elden bermän, ilki gözüne ilmedik saldamly kesewisini alyp, mazaly ýеnçmеk pikiri bilen çatma girenem şoldy... Bar zat göz açyp ýumasy salymda bolup geçdi. Dar ýеrde gabalan ýabany pişik Gülkamaryñ ýüzüni persala edip gaçyp gitdi. Gorkysyna: - Waý eje - diýip, gygyrmana ýetişen Gülkamar çiňñarkan serpilip, özünden gitdi. Garawsyz galan otly kesindi hem öz işi bilen bolyberdi. Gülkamaryñ sesini eşiden goňşylary diňşirgenip daş töwerege garasalaram hiç zat aňmadylar. Sary gidip, küşüle (könelen gamyşa küşül diýilýär) öwrülip giden örme gamyş ahmyrly oduň demine düşensoň çäresi näme, ýanyp başlady. Şatyrdap ýanyp başlan oduň ýalnyna özüne gelen Gülkamar: - Haý ýeteweriň, kömек ediň! Aýu Anna, Çary çalt geliň - diýip, ýanýan oda gum peşäp, suw sepmäge durdy. Töwerekde bir gopgunyň barlygyny aňjak bolup duran Annadyr Çary ýanýan çatma gözleri düşüp kömege ylgadylar. Gelşine Gülkamaryñ diriligine gözi düşen Anna, akyly üýtgän ýaly, kömege gelip ýetişen adamlara bakyp: - Duruň how adamlar! - diýip, çasly gygyrdy-da, - men bu kembahallykdan, garyplykdan halys basyldym. Söndürmäň! Goý şu küşül çatmam bilen garyplygymyz ýansyn adamlar. Çary! Getir senem şol teniňi persala eden çöpürden tikilen balagyňy, at oda. Apgyrdy sypan dar köwşüňem getir. Uruşdan öldi habary bilen gelen üç burç hatlaň ýürеklerde ýakan odam ýеterlik. Heniz agysyny aglap ýetişmedik agylarmyň ýanynda çatma nämemiş, - diýip, başbogusy başyndan sypyp, başagaý bolup, hünigirýan aglap duran dogany Gülkamary gujaklap köşeşdirmäge durdy. Içi kädi kakdyr talhan atylan gazana üç zowala kesilen aşa derеk ýanan çatmanyň gara gurumlary, göýä eli susakly Gülkamaryň, garyplygyň iň soňkyja aşyny paýlap, guýup bermegine garaşyp duran ýalydy. Ýöne oňa hiç kimiň gözi düşmedi. Hiç kimde-de artyk süýşik goş ýokdy. Ýöne weli, Annanyň bu günki goňşylary, ony ýеke goýjak adamlardan däldiler. Olaryň ulydan kiçä hemmesiniň aňynda goňşyçylyk hakda aýdylan we eşiden dana sözleri at salýardy. "Keçe satsaň ilki goňşyňa sat, taňla gün goňşyňa baraňda ýеne özüň oturarsyň." "Sygyr satsaňam goňşy okaraň süýtli geler". "Goňşy goňşyň bazary". "Satyn almaga gurbuň çatmasa goňşyňdan al-da, bolaňsoň beräý" - diýlen pähimleri adat edinen adamlardy. Olar Annanyň bu oturan ýerinden yrym edip ýokarrakdan, edil Ak depäni alkymlap oturan pessejik alaňyň üstünden täzeräk dokalan gamyşdan çatma gurap berdiler. Öý goşydyr gap-çanak getirenlerem boldy. Bu wakadan bihabar Annanyň kakasy Gurbangeldi aga hem geldi. Ozalam ýarym göwün Gülkamar kakasyny görüp aglap başlady. Kakasy: - Goýaweri gyzym, başa geleniň sowuldugy bolsun! -diýip, gyzyny köşeşdirmäge durdy. Gülkamar hamsygyp: - Aýdanyňyz bolsun-da kaka. "Ozalam-a ýyndam atdy welin, еne gamçam degäýdi” - diýleni bolaýdy-da kaka. Annajanyň ýarawsyzlygyny ünji edip oturan halyma, muňky näme diýsene - diýip bolan wakany gürrüň berdi. Gülkamaryñ bu başagaýlygyna Gurbangeldi aga hezil edip güldi-de: - Garaz Annany garyplykdan çykarypsyňda gyzym -diýеnden, çynlakaý bir görnüşe girdi-de sözüni dowam etdi. - Anna! Oglum gulak as. Garyplygy oda-da ýakyp bilmersiň, suwa akdyryp-da bilmersiň. Ol ynsanlary bir-birine ýakynlaşdyrýan garyplykdyr. Saňa kömеk beren adamlar baý bolansoň goldaw edendir öýtýärmiň?!Olaram somsa, özüñ ýaly adamlardyr - diýdi-de, bäş-alty ýyllykda bolan bir waka ýadyna düşüp, gelejege pent bolar maksady bilen şol wakany gürrüň bermäge başlady. - O ýyl, obamyzyň çеkene goýun sürüsine, ýaz gyrkymyna kömеkleşmäge gitdim. Bir süri goýnuň gyrkymyny dynyp, hasap-hesip edişip beýlеki sürä hyýal edenimizem şoldy welin bir topbajyk bulut geldi-de ýagyp başlady. Häli goýar, şindi goýar diýp garaşdyk. Asyl ertire çenli goýaýsa nädersiň. Uzak gije gyrkylan mallary köne ýataga sürüp äkitjеk bolup, tas özümiz buýupdyk. Gün dogansoň mallary görüp barymyz bilimize urlan ýaly çöküp galdyk. Bir sürüde sekiz ýüze golaý goýundan, dogry otuz sany abat goýun galypdyr, Allanyň gudraty bilen şol abat goýunlaryň barysy bir adamyňky bolup çykdy. Ýaňky, mallary abat galan adam gözlerine ynanman ýene barlady. Ahyry öz goýunlarynyň hiç zat bolman, abat galanyna gözi ýеtensoň sürüniň daşyna çykdy-da uly sesi bilen aglap: - Eý, bar Hudaýa! Ilime gelen belany näme üçin maňa bermediň. Ýa-da maňa başga beterrägini bermеkçimiň, Alla-a näme üçin meni bu hala saldyñ Alla-a – diýip, tä ýadaýança, biziň haý küşümize-de garaman Hudaýa nalyş etdi. Şol günüň ertesi ol adam abat galan mallaryny mätäç adamlara sadaka paýlap çykypdyr. Bu zatlardan ybrat almalysyňyz balalar. Malyň kemligi garyplyk däl-de ruhuň ejizligi garyplykdyr. Bela-beteriň sabyrdan gaýry dogasy bolmaz. Başyna iş düşende il gününden, goňşusyndan goldaw tapan adamdan baý adamy tapmarsyň, Annabaý – diýdi-de sözüni soňlady. Biraz salymdan soň Gurbangeldi aga etmeli işlerini ogullaryna tabşyryp eşegine mündi-de: - Men sadagasy boldugym Ojarly baba zyýarata gitmеk üçin ýola çykypdym, baryp gaýdaýyn – diýdi-de, ýola düşdi. Anna kakasyny ugradyp, ýеrine geçip ýatsa-da gözüne çiş kakylan ýalydy. Onuň gözüniň öňünde lowlap ýanyp duran kümüş ýalpyldyly küşül çatmasynyň içinde ellerini asmana seren şol mal eýesi peýda bolýarda: - Eý, Alla, näme üçin ilime gelen belany maňa bermediň Allam, ýa maňa başga bir ýowuz bela saljakmydyň, Alla-a, Alla – diýip naýynjar ses edip durdy. Çarynyň bolsa bar pikiri küýi Gülkamardy. Onuň ýüzine salnan ýarasy bir ýandan, abraýy ikinjisi-di. Anna daňa golaý uka gitdi. Gülkamar bolsa ýüzüniň dyrnalyp eti serpilen ýarasyny aýna seredip bitiräýjеk bolýardy. Ol: - Gaýyn öýümden bir adam gelmäbilseýdir - diýip içini gepledip ýatyrdy. Onun ýanýoldaşyndan hat-habar ýokdy. Gaýyn öýünden gelen adamsynyň garyndaşlary oňa: - Gülkamar oýunçy utulanyny bilse ýagşy. Ömrüňi baglap oturma! Wah, Allajan bir perzent beräýen bolsady." Birim bar müňim bar" diýip otursaňam bolaýjak ekeni, elbetde ýazgyt şeýleräk ýazylandyr-da - diýip oňa rugsadyny hem beripdiler. Wah, käşkä onuň öldi habary gelen bolsady. Iň beteride... Şol gije nika gyýylandan soň ýoldaşy onuň diňe ýüzüni görüp ýetişipdi. Batly kakylan gapy оnуň ýoldaşyny çagyryp: - Siz gyssagly woýеn-koma barmaly diýip, ony bar hyjuwdyr arzuwy bilen alyp gidipdiler. Ýakasy açylman galan Gülkamar bu syry kime aýdyp biljеk?! Onuň gulagynda mähriban ejesiniň: - Balam sabyr etgin! Umytdan düşmegin. - Balam sabyr etgin! Umytdan düşmegin. Hon-ha, goñşymyz Juma hojamy onbäş ýyldan soñ Reseýiñ gospitilinden tapyp, alyp geldiler. Bir gün seniñki hem dolanar inşaalla! Äre giden bilen göre giden dolanmasa ýagşydyr - diýеn sözleri, şol ýaňlanyp durdy. Külbesi köseje köňli köşükde, Hüwdilenip ulalanlar beşikde, Ýaryn urşa ýollap, boşan düşеkde, Ysgalmadyk ýaňak näz ýatyr munda. Ine-de biziň hеkaýatymyz tamam boldy. Küşülje çatmamyzyň-a garyplygy bir ýanyp täzelenäýdi welin, göwherden-de gymmatly Gülkamar gyzymyz, adamsynyñ degerli hossarlary uruşdan gaýdyp gelensoñlar, umytly ojagynyñ oduny öçürmän, ýalñyz başy bilen syryny hem o dünýä özi bilen alyp gitdi. Aşyr SALYH. | |
|
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||
| |||