13:39 Türkmen edebiýatynda bedewleriñ waspy | |
TÜRKMEN EDEBIÝATYNDA BEDEWLERIÑ WASPY
Edebiýaty öwreniş
Ahalteke bedewleriniň taryhy öz gözbaşyny örän uzaklardan alyp gaýdýar. Hormatly Prezidentimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda «Bu dünýäde çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşli tohumlarynyň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip çykandyklaryny tassyklaýan maglumatlar bar» diýip belleýär. Elbetde, munuň aýdyň subutnamasy bolup çykyş edýän türkmen edebiýaty özüniň gadymy döwürlerden bäri her bir eserinde türkmen atlaryna uly orun beripdir. Mysal üçin, «Görogly» şadessanynda bedew atyna adam häsiýetleri berilýär. Agyr söweşlere Görogly bilen bile gatnaşan Gyrat duşmanyň üstüne topulmak bilen, Göroglynyň ýeňişlerine öz hemaýatyny ýetirýär. Kynçylykly ýagdaýlardada Göroglyny agyr howplardan halas edýär. Meşhur halk aýdymyna öwrülen «Gyrat, meni Çandybile sen ýetir» goşgusynda hem Gyrat hemmetaraplaýyn taryp edilýär. Bu goşgy Görogly agyr ýaraly bolup, ejir çeken wagty aýdylan setirlerdir. Görogly beg bu kynçylykly pursatda hem öz derdini Gyrat bilen paýlaşmak üçin şeýle ýüzlenýär: Çandybile az galypdyr aramyz, Hakyň takdyryna nädir çärämiz, On sekiz ýermizden düşdi ýaramyz, Gyrat, meni Çandybile sen ýetir! Ahalteke bedewleri «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarynda bolşy ýaly, nusgawy şahyrlarymyz Magtymgulynyň, Seýdiniň, Magrupynyň, Mollanepesiň we Mätäjiniň goşgularynda giňden wasp edilipdir. Mysal üçin, Magtymguly Pyragy özüniň «Aty gerek» atly goşgusynda goç ýigidi bedew atsyz göz öňüne getirmeýär: At gazanar goç ýigidiň, Owal bedew aty gerek, Gelene garşy çykmaga, Ýagşy muhabbeti gerek. S.Seýdiniň «Üsti bedewiň» atly goşgusynda bedew aty hemmetaraplaýyn taryp edýär. Ol ata gowy seredip, eýer-esbabyny ýerbe-ýer edip münseň, onuň üstüniň Süleýmanyň tagtyndan kem däldigini şeýle taryp edýär: Münende şaý bolsa tükel esbaby, Tagty — Süleýmandyr üsti bedewiň, Jul eýleseň, atlaz ile zerbaby, Şonda biarmandyr üsti bedewiň. Şahyr bedew atyň belli bahasynyň ýokdugyny, oňa näçe mal-mülk berip alsaňam ýene azdygyny aýdýar: Bedew münen deh diýp, girer oýuna, Ony gören gözler ajap söýüne, Berip alsaň ýüz müň düýä, goýuna, Şonda-da arzandyr üsti bedewiň. Magrupy şahyr özüniň «Ýigide gaýratdyr bedew» diýen goşgusynda bedew aty örän ussatlyk bilen taryp edýär: Kakdyryp nalyn kümüşden, Iýmiti dürli iýmişden. Ýüwrüşi artykdyr guşdan, Bahar öwsen batdyr bedew. Mollanepes bolsa özüniň «Bedew» atly goşgusynda: Käkilik deý ýorgalap, boz balaman deý bakyşyň, Mislini destan edeý, misli jeren deý böküşiň, Ýola düşseň, ýorgalaýşyň — käkilik deý sekişiň, Ýoldaşa haýbat urar, üýşülse bedew — - diýen setirlerinde bedew atyň hereketlerini, çalasynlygyny käkilige, boz balamana meňzetse, onuň oýnap böküşini, çarpaýa galşyny keýige meňzedýär. Mollanepes şahyr hem bedew atyň eýer-esbabyny simu-zerden, altyn-kümüşden edip, bezäp-beslemegi maslahat berýär. Şu meselede Mätäji şahyr hem: Men şu gün waspyňny aýdaý turpa nyşanly bedew, Zinkesi zerbapdan olgan, gyrmyzy jully bedew, Segredip meýdana çyksa, üsti şemally bedew, Şalara tarypy ýetgen, şahymar dilli bedew, Bili syk, boýy deraz, sagrysy meýdanly bedew — diýip taryplaýar. Goşgy setirlerinden görnüşi ýaly, şahyr dal bedewi taryp etmek üçin meňzetmeleri, deňeşdirmeleri örän ýerlikli ulanmagy başarýar. Behişdi bedewlerimiziň waspy nusgawy şahyrlardan soňky türkmen edebiýatynyň wekillerine-de özboluşly täsirini ýetirip, täze eserleriň peýda bolmagyna getirdi. ХХ asyr türkmen edebiýatynda hem bedew atyň şowly keşpleri döredildi. Muňa B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynyň baş gahrymany Artyk Babalynyň Alaşasyny mysal getirenimizde-de, Ata Gowşudowyň «Dordepel» hekaýasynda-da owadan, düşbi, ýyndam ahalteke bedewiniň keşbini görmek bolýar. Häzirki edebiýatymyzyň şygryýetinde halypa Gözel Şagulyýewanyň goşgularynda hem bedew waspy giňden ýetirilýär. Onuň «Akhan», «Arkaly Arkadag Akhany bilen», «Arkadagym ganatyňdyr ak atyň», «Ak ýolunda, Akhanynda Arkadag», «At aýagyn ýazyp bildiň Arkadag» ýaly şygyrlary türkmen bedewleriniň waspyny belende göterýär. Meselem: Ýöreýşiňde, ýönelşiňde kän zat bar, Baksaň doýup bolunmasyz zynat bar. Ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinden görnüşi ýaly, bedew — türkmeniň ykbaly, bedew — türkmeniň ykrary. Şonuň üçin-de ony bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Selbi AŞIROWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |