PARAHATÇYLYGYÑ HATYASYNA...
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan ildeşlerimiziň görkezen gahrymançylykly ýollary barada ýazmagy ýüregime düwüp ýörenime köp wagt bolupdy. Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygynyň belleniljek günleriniň öňüsyrasynda men bu baradaky pikirimi ejeme aýtdym. Ejem meniň sözlerime diýseň begendi. Soňra bolsa: «Gyzym, eger-de, sen urşa gatnaşyp, ony gözi bilen gören adam hakynda ýazjak bolsaň, onda şäherçämizde ýaşan Palta Saparow hakynda ýaz. Şeýtseň, onuň hossarlary-da, şäherçämiziň ýaşaýjylary-da juda begenerler» diýip, Palta Saparow hakynda öz bilýän zatlaryny gürrüň berdi. Bu gürrüňimiziň hut ertesi güni men ejemden Palta aganyň öýüniň salgysyny aldym-da, ýola çykdym. Şäheriň baş köçesiniň ugrunda ýerleşen arassa, tämiz howla girenimde, meni kelteräjik, orta ýaşdan agan saryýagyz aýal mähir bilen garşylady.
— Salam, gelneje! Ýalňyşmadyk bolsam, Palta aganyň öýüdir-le? — diýip, sözümi soňlap-soňlamankam bu mähirli zenan:
— Geliber, geçiber, gyzym! Ýalňyşmansyň. Saglyk-amanlykmydyr? — diýip, meni hamala öňden tanaýan ýaly hal-ýagdaý soraşdyrdy. Men gelnejä niýetimi aýan etdim.
— Örän gowy iş edýäň, gyzym. Ýör, öýe gireli. Çaý başynda söhbet etsek, gowy bolar. Palta dädeň pahyram gelen myhman bilen çaý içip gürleşmegi gowy görerdi. Gel, geçiber, çekinme! — diýip, saryýagyz gelneje meni yzyna tirkäp, Palta aganyň ýaşan otagyna alyp bardy. Otagda Palta aganyň agtyklary hem oturan eken. Gelneje meni olar bilen tanyşdyrdy-da, oturar ýaly ýer görkezip, çaýyň ugruna çykdy.
Meniň otaga girenimden Palta aganyň diwarda asylgy duran suratlaryna gözüm düşdi. Men suratlary synlap durşuma, Palta aga şähdaçyk bolan bolmaly diýen netijä geldim. Sebäbi ol ähli suratda-da ýylgyryp durdy. Onýança, her eli bir gülli çäýnekli hälki gelneje ýylgyryp gapydan girdi.
Meni ýylgyryp garşylap, mähir bilen öýe salan gelneje Palta aganyň gyzy bolup çykdy. «Beýik Watançylyk urşy» ordeniniň II derejesine, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli birnäçe ýubileý medallaryna eýe bolan Palta aganyň döwletli maşgalasy — dört gyzy, dokuz agtygy, on bir çowlugy bar eken. Ol öz neberelerine fronta gidişi, agyr söweşlere gatnaşyşy, türkmen ýigitleriniň frontdaky görkezen gahrymançylyklary barada köp gyzykly gürrüňleri beripdir. Oguldurdy gelneje hem kakasynyň aldym-berdimli söweşde ýaralanyşy, hassahanada özüni bejerdip, täzeden ýene-de söweşe gatnaşyşy, Leningrad (häzirki Sankt-Peterburg) şäherini duşmanyň agyr gabawyndan azat edişleri, 1945-nji ýylda ýeňiş bilen yzyna dolanyp gelşi hakynda gyzykly gürrüňleri aýdyp berdi.
Asuda günlerde ýaşasaň-da, uruş hakynda söhbet etmek, adamy birneme gussa batyrýan eken. Biz hem Oguldurdy gelneje bilen az-kem şeýle täsirlere berilsek-de, sözümiziň soňy bagtyýar günleriň hözirine ýazyp gitdi.
— Dünýäde parahatçylyk ýaly gowy zat ýokdur, gyzym! Ýurt parahat bolanda, ähli zat ýerbe-ýer bolýandyr. Hudaýa şükür, ýurdumyz parahat. Bu bagtyň hiç deňi-taýy ýokdur. Ykbal hiç kime-de uruş belasyny görkezmesin. Siz — ýaşlar, bagtyýar zamananyň gadyryny bilip, okaň, öwreniň, dörediň! Mukaddes topragymyzyň hakyky eýeleri bolup, hemişe ajaýyp döwran sürüň!
Oguldurdy gelnejäniň bu sözleri meniň kalbyma ganat bekledi. Men gelnejä, onuň agtyklaryna öz hoşallygymy bildirip, yzyma dolandym. Ýolboýy, gülşüp-oýnaşyp ýören çagalary, aladasyz, bagtyýar adamlaryň gülüp duran ýüzlerini görenimde, gün-günden özgerýän, ösýän Watanymyza buýsanjym has-da belende galdy.
Goý, hemişelik Bitarap Watanymyzda, elmydama parahatçylyk höküm sürsün!
Selbi AŞYROWA.
Edebi makalalar