04:44 Ynamyñ güýji | |
YNAMYÑ GÜÝJI
Edebi makalalar
«Ynam» hakda, esasan, öz-özüňe bolan ynam hakda pikir edip gördüňizmi? Bu sowala men «hawa» diýip jogap beresim gelýär. Sebäbi men özümiň kiçiligimden ýokary okuw mekdebini tamamlap, elime hünär alyp, şol hünäri ak ýürekden ýerine ýetirjekdigime ynandym. Islendik zada ynansaň, şonuň hem amala aşýandygyna göz ýetirdim. Ýaňy emedekläp, ýörjen-ýörjen bolup ýören çaga-da özüniň tiz wagtda ýörejekdigine ynanýar. Şol ynamy amala aşyran çagajyk özüniň gürlejekdigine-de ynanýar. Şol kiçijik ädimler bilen başlanýan şeýle ynamlar seni uly üstünliklere atarýar. Gerçek ýigitlere Watany goramak ynanylýar. Watany goramak saňa ynanylan bolsa, sen şol ynamy ödemelisiň! Sen Watanyň goýnunda dünýä indiň, ulaldyň, şol ýeriň çöregini iýdiň, suwuny içdiň, howasyndan dem aldyň. Watan şeýle baýlyklary eçilensoň, saňa diňe ak ýürekden gulluk edäýmek galýar. Gyzykly ýatlamalarymy ýazýan ýadygärlik gündeligimde «Ynam bilen ynanç bir zat däldir» diýip uly harplar bilen ýazypdyryn. «Ynanç» sözi öz içine köp manyny alýar. Şu ýerde bir mysala ýüzleneliň: Lukmanyň ýanyna ençeme adam öz saglygyny bejertmäge barýar. Lukman hassany doly barlagdan geçirýär we şol derdi üçin peýdalanmaly dermanlary, emleri maslahat berýär. Hassa lukmanyň aýdanlaryny dogry we wagtynda ulanyp bilse, gutuljakdygyna ynam bildirýär. Rahmet Gylyjowyň «Halallyk kyssalary» atly kitabyndaky kyssalaryň birini okanymda-da ynamyň bar ýerinde ähli zadyň şowly, üstünlikli boljakdygyna has göz ýetirdim. Şu ýerde şol kyssany ýatlap geçesim gelýär. «Oglanjyklaryň biri eline düşen az-owlak teňňesini kitaplarynyň astynda ýygşyryp goýýan gapjygynyň içine salypdyr. «Ýene biraz toplasam, belki, gudraty satyn almaga ýeter» diýip, uludan dem alypdyr. Aradan birnäçe gün geçipdir we oglanjygyň gapjygy ýene bäş-on teňňelik galňapdyr. «Her näme-de bolsa, bagtymy synap göreýin ýa-da şuňa düşenje gudraty satyn alaryn» diýipdir. Ol golaýdaky dermanhanalaryň birine barypdyr. Boýy zordan ýetýändigi üçin ökjesini galdyryp, ýanyndaky ähli puluny dermanhanaça uzadyp: «Maňa şuňa düşýän gudraty beräýiň» diýipdir. Dermanhanaçy bu kiçijik oglanyň näme soraýandygyny birbada aňşyrmandyr. «Näme gerek diýdiňiz? Men düşünmedim» diýipdir. «Maňa gudrat gerekdi» diýip, oglanjyk sowally gözlerini dermanhanaça dikipdir. «Gudrat? Ýöne bu ýerde diňe derman satylýar ahyry, gudraty başga ýerden gözlemeli bolaýmasyn» diýip, dermanhanaçy bu oglanjyk bilen has içgin gyzyklanyp başlapdyr. «Ýogsa-da, gudrat saňa näme üçin gerekdi?» diýip sorapdyr. «Meniň bir ýarawsyz jigim bar. Kakam-ejem özara gürrüň edenlerinde, «Indi muny diňe gudrat halas edäýmese» diýişdiler. Men şol günden başlap olara kömek edeýin diýip, süýji satyn almagym üçin özüme berlen pullary ýygnap başladym. Şuňa näme gudrat düşse, satyn alyp, kakam-ejemi begendiresim gelýär» diýipdir. Bu sözler dermanhanaça ýiti täsir edipdir. Ol oglanjygyň elinden tutup, «Ýör, gowusy, meni öýüňize alyp git! Belki-de, meň size kömegim deger» diýip, dermanhanaçy oglanjyga teklip edipdir. Soň olar bile tirkeşip, oglanjygyň öýlerine gidipdirler. Dermanhanaçy öýüň ýagdaýy bilen tanşypdyr hem-de olaryň körpelerine kömek etmegi öz üstüne alypdyr. Asyl, şol dermanhanaçy bu ýerlere lukman dostuny görmäge zyýarata gelen, ýurduň şol ugurdan ýöriteleşen iň tanymal lukmanlarynyň biri ekeni. Hut şol gün dostunyň bir zerur işi çykandygy üçin onuň ýerine dermanhanada özi oturmagyny towakga edipdir. Birnäçe lukmançylyk çärelerinden we emlerinden soň, oglanjygyň jigisi mese-mälim gowulaşyp, derdinden gutulypdyr. Bu kyssadan nämeleri öwrenip bolýar? Durmuşda tötänlik ýok, her bir zadyň özüne ýetik sebäbi, hikmeti bar. Niýet bilen ynamyň magnitiňki ýaly ukyby we güýji bardyr. Gudrata bolan ynam, edil magnit ýaly bolup, ony özüne çekýär. Ony garşylamaga bolan niýet bolsa alnyňa getirýär. Hemme zat özümiz bilmezden taýýarlanyp, taýynlanyp, hasyl bolup başlaýar. Iň esasy zatlaryň biri hem ene-atalaryňyzy we özüňizden uly-kiçileri begendirmegi, olara ýagşylyk etmegi ömrüňiziň baş maksadyna öwrüň, şonda gudratyň özi ýanyňyzda häzir bolar». Şu kyssany okap, ähli zada ýürekden ynanyp bilseň, şonuň hem amala aşjakdygyna göz ýetirdim. Sen ynamy hiç ýerden gözlemeli däl. Ynam seniň özüňde, ol seniň ýüregiňde, belki-de, iň eziz hasaplaýan zatlaryňdadyr. Selbi AŞIROWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |