TÜRKMEN HALKYNYÑ GELIP ÇYKYŞY
■ ýa-da bu babatda gadymy türkleriñ roly
"Gadymy türkler" diýip kime aýdylýar? Olaryñ türkmen halkynyñ taryhyna näme dahyly bar? Bu mesele örän giñ, uly we gyzyklydyr. Häzire çenli türkmenleriñ taryhy hakyndaky ýazylan eserlder gadymy türkler we olaryñ biziñ eramyzdan ozalky III-II asyrlarda, biziñ eramyzyñ VI-VIII asyrlarynda esaslandyrylan Beýik Gun türkleriniñ, Beýik türk kaganatlarynyñ (hanlyklarynyñ) Hytaýdan Kaspi deñzine çenli aralykda guran imperiýalary hakynda hiç hili maglumat ýok diýen ýaly. Şoña görä-de, bu uly gyzykly problemanyñ Türkmenistanyñ taryhyna dahylly käbir taraplary we maglumatlary bilen okyjylary tanyşdyrmakçy bolýarys.
Ir döwürlerden başlap, tä X-XI asyrlara çenli häzirki Hytaýdan tä Ýewropa çenli aralykda, şol sanda Merkezi Aziýada, Turanda, günorta Sibirde - Altaýda, Tuwada, Hakasiýada, Ýeniseý derýalarynyñ ýakalarynda we başgalarda ýaşan türki dilli ilata alymlar ("Древнетюркский словарь" М.. 1969 й.) "gadymy türkler" diýýärdiler. Muña bu agzalan ýerlerde dürli döwürlerden saklanyp galan mazar depeleri (kurganlary), gadymy türk hanlarynyñ mazarlarynyñ üstünde goýlan ýadygärlikleri - ýüzi ýazgyly daş sütünleri (stelalar), Orhon, Ýeniseý, Talas derýalarynyñ ýakalaryndaky V-VIII asyrlara degişli daşlara ýazylan gadymy türk runi ýazgylary, rus we ýewropa dillerine terjime edilen hytaý hronikalary, grek-rim-wizantiýa, siriýa awtorlarynyñ eserleri, VII-XI asyrlaryñ arap-pars-türk dilindäki eserleri doly şaýatlyk edýär.
Bu ägirt uly territoriýada gadymy türki dilleriniñ şiwelerinde geplän onlarça halkyýetler, ýüzlerçe taýpa-uruglar ýaşapdyr. Olaryñ hersiniñ öz ýerli atlary bolupdyr. "Türk" diýen etniki (ilaty) at hökmünde Altaý daglarynda ýaşan we Beýik Türk kaganatlyklaryny esaslandyran dinastiýanyñ taýpasynyñ ady bolup, soñ Türk kaganatlyklary imperiýa döwründe ol syýasy manyly etnik ada öwrülipdir. (Edil X asyrda ýaşan Seljuk Ýabgunyñ adynyñ XI asyryñ ortalarynda onuñ agtyklary Çagry begiñ we Togrul begiñ esaslandyran Seljukly imperiýasynyñ adyna öwrülişi ýaly).
Muña esaslanyp, gadymy türkler hakda ýazylan işleriñ köpüsinde türki dilli halklaryñ (häzir Aziýada we Ýewropada ýaşaýan türkmenler, türkler, azerbaýjanlar, özbekler, gazaklar, gyrgyzlar, altaý kişiler, ýakutlar, çuwaşlar, tatarlar we başgalar) köpüsiniñ ata Watany Altaý bolupdyr diýen ýaly ýalñyş pikirler ýöredilýär we ýaýradylýar.
Orta asyrlarda, ylaýta-da arap basybalyjylaryndan soñ, "türk" etnonimi has giñden ýaýrap başlaýar. Hytaý ýazuw çeşmeleriniñ bu türki (hytaýça tukýu, tugýu) taýpanyñ (gadymy türkçe "urugyñ") gelip çykyşy baradaky maglumatlarda tukýularyñ ata-babalary günbatar deñzinden (Kaspi deñzi bolaýmagy mümkin) gündogarda ýaşaýarlar. Olaryñ hunlaryñ aşina şahasyndandyr, asly möjekden gelip çykandyr. Aşina öz derwezesiniñ üstünde möjek kelleli baýdagy dikdi. Türk kaganlyklarynda, "türk" adyny alan taýpalar Aşina dinastiýasyndandyr diýilýär.
Birinji Türk kaganlygy 551-nji ýylda türki dilli taýpalary birleşdirip, il hany diýip yglan edilen Bumyn hanyñ döwründe döräpdir.
1899-njy ýylda, günbatar Mongoliýada gadymy türkleriñ ýaşan ýerlerine guralan ekspedisiýa baştutanlyk eden A.N.Kazakow, Kobdo şäheriniñ ýanynda gadymy türkleriñ totem (keramatly) hasaplanan möjeginiñ, murtly erkek adamlaryñ daşdan ýasalan heýkelleriniñ bardygyny ýazypdyr.
Häzirki Türkmenistanyñ antik we Orta asyr döwürlerindäki atlary Turan, Horasan VII asyrdan araplar gelensoñ, Orta Aziýa tutuşlaýyn Türküstan, ýagny türkleriñ ýurdy hem diýlipdir.
Bar bolan ýazuw çeşmeleriniñ köpüsinde bolsa, Turan türki dilli ilatyñ ýurdy hökmünde görülýär. "Türk" we "türkmen" atlary, ylaýta-da, "türk" ady has gadymydyr. Olaryñ manysy we gelip çykyşlary bir-birine örän ýakyn we meñzeş. Türkiler sada we gowy, bir sözli adama "türk" adam diýýärler. Bu söz klassyj şahyrlarymyzyñ eserlerinde-de şular ýaly manyda ulanylypdyr. Bu barada halkyñ arasynda şeýle goşgy setirleri bar:
Türküm türküm türkümdir,
Türküm meniñ görkümdir,
Türküm meniñ berkimdir.
Toklusyny satar sekize,
Guýrugyny alar dokuza.
Türkmen adynyñam düýp sözi "türk" sözüdir, onuñ diñe ikinji bogny hakynda taryhy ýazuw çeşmelerinde dürli pikirler bar. Olaryñ has gadymysy XI asyryñ uly alymy Mahmyt Kaşgarlynyñ "türkmen" sözi Aleksandr Makedonskiniñ döwründe "turkmanend", ýagny, "türke meñzeş adam" sözünden gelip çykypdyr diýen maglumaty. Hytaýda V asyrda daş, günbatarda ýerleşen Sude diýen ýurda başgaça "Tokumung", ýagny, türkmenleriñ ýurdy diýlipdir. Abu Reýhan Birunynyñ düşündirişine görä bolsa, X asyrda yslam dinine geçen oguzlara "türk iman", ýagny, "imanly türk" diýlipdir. Belli türkmen alymy Ata Annanurowyñ pikiriçe, "men" goşulmasy degişliligi añladýar, ýagny, "türkmen" diýmek "türki adamlar" diýmekdir. Başga-da pikirler köp. "Gadymy türkler" diýip atlandyrylan gadyny halklaryñ, taýpa-uruglaryñ maddy we ruhy medeniýetinden, taýpa-tire gurluşyndan, atlaryndan, dilinden häzirki türki dilli halklaryñ durmuşynda, ylaýta-da, türkmenlerde saklanyp galan meñzeşlikler köp. Bu bolsa olaryñ türkmen halkynyñ gelip çykyşynda uly rol oýnandygyny tassyklaýan zatlaryñ biridir.
V-VIII asyrlaryñ daşlaryñ ýüzündäki runi ýazgylarynda 3, 7, 9 oguz taýpa bileleşikleriniñ (budun), kurykan, garlyk, gypjak, göktürk, tatabaý, türgeş, awar, gyrgyz ýaly ençeme taýpalaryñ (halklaryñ) atlary duş gelýär.
Taýpanyñ 2, 3, 7 topara, bölege bölünmek däbi türkmenlerde-de bar. Mysal üçin, Sarahsdaky salyrlaryñ 3 ene bölekleri - garaman, ýalawaç, kiçi aga. Şeýle hem salyrlaryñ, saryklaryñ, garagalpaklaryñ ýedi uruga (ýaba) bölünme däpleri-de bolupdyr. XI asyryñ arap geografiýaçysy Abdylla ibn Hordadbek "Ýollar we welaýatlar hakynda kitap" atly eserinde türkleriñ garlyk we halaç (Farapda) toparlarynyñ derýanyñ añyrsynda ýaşaýandygyny, olaryñ 16 şäheriniñ bardygyny ýazypdyr. Ýokarda agzalan toparlardan oguzlaryñ (olar giñ territoriýa ýaýrapdyrlar we köp regionlarda ýaşapdyrlar), kurykanlaryñ (megerem, garkyn bolmagy ähtimal), garlyklaryñ, göktürk(men)leriñ türkmen halkynyñ kemala gelmegindäki uly rollaryny aýratyn bellemeli.
VI-VIII asyryñ türk il hanlary - Bumin hanyñ, Tonýukukyñ, Kulteginiñ we başgalaryñ mazar daşlarynyñ ýüzündäki ýazgylarda olaryñ eden ýörişleri, ölen ýyllary we başgalar türkmenleriñ häzirki halk kalendary bolan müçe ýyllarynyñ seneleri, atlary bilen ýazylypdyr. (Syçan ýyl, ýylky, luw, bijin, koý, takyk we ş.m.). Bular gadymy türkleriñ keramatly diýip ynanan haýwanlarynyñ we guşlarynyñ atlary. Her 12 ýyldan gaýtalanyp duran bu kalendar, biziñ pikirimizçe, gadymy türkleriñ arasynda döräp, soñ bütin günorta-gündogara Aziýa ýurtlaryna ýaýrapdyr. Oña ylymda 12 ýyllyk haýwanlaryñ ady bilen baglanyşykly kalendar sikli diýilýär.
Ata-babalarymyzyñ yslamdan ozalky gadymy dini ynançlaryna zoroastrizm we şamanizm diýilýär. Ot, ýer, suw, gök (asman), Gün keramatly hasaplanypdyr. Keramatly hasaplanan haýwanlaryñ, guşlaryñ, ösümlikleriñ dürli hünärleriñ öz pikirleri bolupdyr. Gögüñ (asmanyñ) Tañrysy iñ uly, esasy Hudaý hasaplanypdyr. Häzire çenli türki halklaryñ musulman toparlarynyñ hemmesinde-de Tañry, Allanyñ bir ady hökmünde görülýär. Ýeriñ-suwuñ (gadymy türk ýazgylarynda sub-ýar), ýagşyñ hudaýy Umaý bolupdyr. Türkmenlerde Mamaka, Burkut baba (bu "burgut" sözünden gelip çykypdyr) ýagşyñ, bulutlaryñ piri hasaplanýar. Suw çeşmeleri, guýular keramatly hasaplanýar, olary hapalamak günä diýilýär. Gadymy türkleriñ totem (keramatly) haýwanlary goç, öküz, gurt (möjek, böri) häzirem gowy görülýän haýwanlardyr.
Gurt - dogumlylygyñ, işiñ şowlulygynyñ simwolydyr. Gadymy türkleriñ gerbi bolan gurt hakynda türkmenlerde "Gurtmy, tilki?", "Ertir gurt, öýlän tilki göreniñ işi mübärek" ýaly jümleler aýdylýar. Salyrlarda, saryklarda, çowdurlarda toýda ýöredilýän "gök böri", porhan oýnatmak, zikir çekmek däpleri hem gadymy türklerden bize galan däpdir. X asyryñ näbelli awtorynyñ "Hudud alalam" ("Dünýäniñ serhetleri") diýen işinde:
"Türkler her bir oñat we täsin zada tagzym edýärler, tebiplere sarpa goýýarlar, olara baş egýärler. Maryda oñat pagta ekilýär, süýji-şeker kökeler, toşap (duşab), süzme, oñat ýüpek, keteni matalary öndürilýär" diýip ýazypdyr.
Gadymy türkler daşlaryñ, gaýalaryñ üstündäki haýwanlaryñ yzlaryna meñzeş tebigy şekilleri-de keramatly hasaplap, tagzym edipdirler. Bu ýerleriñ köpüsi yslam dini ýaýrandan soñ, "Alynyñ legendar aty Düldüliñ yzy", "Düldüliñ ahyry" diýen ýaly atlary alypdyrlar. Orta Aziýada, Türkmenistanda, Gündogarda (Hytaý), Türküstanda bular ýaly ýerler köp.
Günorta Sibirde (Altaýda, Hakasiýada, Tuwada) gadymy türkleriñ ýaşan ýerlerinde, akademik P.Oklidnikow tarapyndan öwrenilen dag gaýalaryñ, daşlaryñ ýüzüne çekilen ok-ýaýyñ, peýkamyñ, naýzanyñ, hojalyk gurallarynyñ, aw awlanan haýwanlarynyñ-keýikleriniñ-marallarynyñ, atly-ýaragly nökerleriñ we ş.m. şekilleri saklanypdyr. Daşlaryñ ýüzüne edil şular ýaly şekilleri çekmek däbi Orta asyrlara degişli. Olary Mañgyşlakda ýaşaýan türkmenleriñ ýadygärliklerinde-de - mawzoleýlerinde-de, mazar üstündäki daşlarda görmek bolýar. Çarwa maldarlaryñ esasy ýaşaýyş jaýy bolan gara (ak) öýlerimiz hem biziñ eramyzdan has öñ gadymy türkleriñ ýaşaýyş jaýy bolupdyr. Bu babatda Hytaý ýazuw çeşmeleri habar berýärler. Sähelçe wagtda dikip we söküp, düýelere ýükläp, täze ýerler gyssagly göçmek üçin, ýylyñ hemme pasyllary üçinem örän amatly konstruksiýasy bolan gara öýler çarwalar üçin zerur zatlaryñ biridir. Gadymy gara öýlerimiz (gara öýleriñ ýerli görnüşleri beýleki türki dilli halklarda-da, gyrgyzlarda-da, garagalpaklarda-da, mongol halklarynda-da bar) müñlerçe ýylyñ dowamynda has kämilleşipdir.
Hytaý imperatorlary goñşy türki halklar bilen parahat we asuda ýaşamak maksady bilen hemişe olar bilen garyndaşlyk aragatnaşygyny saklapdyr, hytaý şazada gyzlaryny türk hanlaryna durmuşa çykarypdyrlar. Bular şazada gyzlaryñ biri öz ata-enesine: "Meni daş uluslara berdiñiz, men daşy keçe aýlanan tegelek öýde ýaşaýaryn, iýmitim bolsa et-süýt, meniñ gaty ýüregim gysýar" diýip, habar edipdir.
Gadymy türk runi ýazgylarynyñ dili häzirki türkmen dili bilen deñeşdirilip, olaryñ ýakynlygy, düýbüniñ, köküniñ birligi öwrenilip, düýpli iş ýazylsa, ol türkmen halkynyñ aslyny yzarlamaga uly goldaw bolardy. Runu tekstleriniñ dili türkmen diline ýakyn. Mysal üçin, olarda "ogul, ögeý" (öweý, ene manysynda), "siñi" (siñli, ýagny gyz dogany), "ogul, il, kara budun" (türk oguz begleri), il han, ýaýla, agyl, kelin, sub (suw), ýer, gök (asman), "Tañry, göktürk" (Gök Tañra [Asman Hudaýyna] ynanýan türkler), üç, ýedi, dokuz, oguz, koý (goýun), syçan, ýylky, ýylky, ýaýla ýaly terminler köp.
Türkmenleriñ toý-ýas däplerinde-de, oýun-tomaşalarynda-da (owlak çapdy, aksüñk, geşdek, düzzüm) gadymy ata-babalarymz bolan Merkezi Aziýanyñ, şol sanda-da Turanyñ, Demirgazyk Horasanyñ türki we başga dillerde geplän ilatyndan galan däp-dessurlar köp. Bu däp-dessurlary deñeşdirip, umuman, däpleri ýüze çykaryp öwrenmeklik türkmen halkynyñ taryhyny we etnogenezini öwrenmäge uly goşant bolardy. Munuñ üçin häzirki döwürde ähli mümkinçilikler bar. Şonuñ üçin öz aslymyzy, gelip çykyşymyzy has içgin we dogruçyl öwrenmek gerek.
Ata JYKYÝEW,
taryh ylymlarynyñ doktory.
# "Edebiýat we Sungat", 26.03.1999 ý.
Taryhy makalalar