13:20 "Gorkut ata" eposynda däp-dessurlar, adat we etika | |
«GORKUT ATA» EPOSYNDA DÄP-DESSURLAR, ADAT WE ETIKA
Edebi makalalar
Tä XI asyra çenli gelip çykyşy, taryhy bir bolan, özlerini Oguz hanyň, oguzlaryň nesli hasaplaýan türkmenlerde, türklerde, azerbaýjanlarda gahrymançylykly halk eserleri − «Gorkut ata», «Oguznama», «Görogly» ýaly eposlar has giňden ýaýrandyr. Akademik Žirmunskiniň belleýşi ýaly, bu eposlar oguz türkmenleriniň ata watany Merkezi Aziýada döräpdir. Oguz türkmenleriniň we beýleki türki halklaryň − gypjak, halaç, peçenek we başgalaryň, günorta-günbatar ýurtlaryna ýaýramagy, göçüp gitmegi bilen, biziň gadymy ýerli, milli medeniýetimiz − halk döredijiligimiziň; haly, şaý-sepler we beýleki sungat önümlerimiziň şol ýerlere giňden ýaýramagyna getiripdir. Şeýlelikde, bu ýagdaý türkmen sungatynyň dünýä medeniýetine uly goşant bolmagyna sebäp bolupdyr. XI-XII asyrlardan oguz-türkmenleriniň köpçülikleýin günbatara göçüp gitmegi sebäpli, şol ýerlere düşen «Gorkut ata» we beýleki eposlarymyzyň günbatar ýurtlarynda ýerli ýagdaýlara görä, ýerli görnüşleriň döremegine getiripdir. «Gorkut ata» eposynyň giňden ýaýran we 1922-nji ýylda akademik W.Bartold tarapyndan rus diline terjime edilen golýazmasy XV-XVI asyrlarda Akgoýunly we Garagoýunly türkmen döwletleriniň çäklerinde ýazylyp alnan bu eser «Kitabi Däde-Korkut» ady bilen bellidir. Bu eposyň Drezden hem-de Watikan nusgasy hakda türk, azerbaýjan, türkmen dillerinde ýazylan işler sanardan kändir. «Gorkut ata» kitabynyň günbatar nusgasyny gadymy yslamdan has öňki wagtda bolan däp-dessurlar, içki we daşky oguzlaryň tire-taýpa gatnaşyklary bilen bir hatarda, günbatara giden ildeşlerimiziň XIV-XVI asyrlardaky syýasy-ykdysady ýagdaýlary, şonuň ýaly-da yslam dininiň güýçli täsirleri bar. Muňa XIV asyrdan başlap halifatyň funksiýalarynyň Osmanly türk soltanlarynyň ygtyýaryna geçmegi we şuňa meňzeşler täsir edipdir. «Gorkut ata» kitabynyň, Reşideddiniň «Oguznamasynyň», Abulgazynyň «Türkmenleriň şejeresi» atly işiniň mazmunynda we esasy gahrymanlarynyň häsiýetlerinde meňzeşlikler, umumylyklar köp. Biziň Sarahsdan toplap, çapa taýýarlan «Salyr Gazan hakyndaky» rowaýatlarymyzyň köpüsi − «Salyr Gazanyň ogly Orazyň öýüniň talanmagy», «Salyr Gazanyň atasy Ulaş hakdaky» rowaýatlar we başgalar hem «Gorkut ata» eposynyň mazmuny bilen utgaşýar. Biz eposyň asly, dörän watany bolan Turan we oguz-türkmenleri bilen baglanyşykly käbir gadymy däpler, düzgünler hakda gysgaça durup geçmekçi bolýarys. Eposyň esasy gahrymanlary Baýandyr hana, onuň giýewisi Salyr Gazana, Derse hana we başgalara «Türküstanyň diregi» diýilýär. (Türküstan−Türkmenleriň ýurdy diýip, araplaryň Orta Aziýa beren ady). «Gorkut ata» eposynda Baýandyr han goşun toplanda oguz-türkmenleriniň ýigrimi dört uly taýpasyny göz öňünde tutup, eposda: «Baýandyr han buýurdy − ýigrimi dört sanjak begleri gelsin» diýdirilýär. Mundan başga-da eposda ady belli beglere «seljuk ogullary» diýilýär. Şonuň ýaly-da eseriň käbir bölümleriniň başy «oguz zamanynda...» diýen sözler bilen başlanýar. Bu bolsa bize türkmenleriň oguz zamanyndan gaýdýandygyny görkezýär. «Gorkut ata» eposynyň baş gahrymany Gorkut ata Gara Hojanyň ogly, Baýat taýpasyndan. Ol juda paýhasly, akyldar, halkyň ýakyn maslahatçysy, keramatly adam. Toý-tomaşalarda ol gopuzyny çalyp, aýdym aýdyp, adamlara ak pata beripdir. Baýandyr han ýylda bir gezek uly toý tutup, oguz beglerini ýygnaýar eken. Şonda ol bir ýerde ak öý (otag), bir ýerde gyzyl öý, bir ýerde gara öý dikdiripdir. Türkmenlerde toý edilen wagtynda ak öýüň dikilmegi, «Gyzyl öý − gyzylly öý» diýilmegi hem şondan galan bolmaly. Baýandyr han toýda ýene bir öý (gara) dikdiripdir. Kimiň ogly-gyzy bolmasa, onuň aşagyna gara keçe düşäp, oňa gara goýnuň etinden nahar beripdir, «iýse-iýsin, iýmese turup gidibersin» diýipdir. Ogly bolany ak öýe, gyzy bolany gyzyl öýe salypdyr. Ol ogly bolmadyga «Alla gargapdyr» diýer eken. Gadymy oguz-türkmenleriniň, gadymy türkmenleriň däplerine eýerip, Baýandyr han toý tutanda, esasan, ýylky, düýe, goýun öldürip, içgiden bolsa, esasan, gymyz berýän eken: «Köl kibi gymyz sagdyr, Depe kibi et ýyg». Ýylky etini iýmek, gymyz içmek däbi soňky asyrlarda türkmenlerde, azerbaýjanlarda, türklerde saklanmandyr. Bu däp ozal türkmenlerde (Maňgyşlakda) XVI asyrda bar eken. Diňe çowdur, abdal, igdir taýpalary tä XIX asyra çenli bu däbi saklapdyrlar Eposda Baýbijan beg we Baýbugra begiň arasynda ogul-gyzyny adaglamak hakynda gürrüň gidýär. Bu gadymy däp türkmenlerde giňden ýaýrandyr. Eposda urugçylyk döwürleriniň galyndysy we ylymda «inisiasiýa» diýilýän däp hem bar. Onda oglan jahyl çykan wagty onuň başarjaňlygyna görä, at dakylypdyr. Eposda Derse hanyň ogly bir uly öküziň garşysynda durup, öküzi (bugany) ýeňýär we oňa bu başarjaňlygy üçin «Bugaç» adyny dakýarlar. Oňa bu ady dakan Gorkut ata: «Adyny men berdim, ýaşyny Alla bersin» diýip, doga-dileg edýär. Bular ýaly oguz begleriniň ogullaryna Gorkut ata at dakypdyr, pata beripdir. Akademik Žirmunskiý bular ýaly däbiň gadymy türkleriň nesilleri hasaplanýan Altaý halklarynyň eposlarynda hem bardygyny belleýär. Gorkut ata özüni Ogzuň nesli hasaplaýar. Eposda oguzlardan üç ýüz altmyş alty sany alp batyr, ýigrimi dört sany beg, otuz iki soltan döräpdir diýilýär. Bu ýerdäki ýigrimi dört san, ýigrimi dört sany oguz taýpalaryny we onuň başynda duran begleriň sanyny görkezýär. Simwoliki san üç ýüz altmyş alty bolsa, bir ýylyň üç ýüz altmyş alty gününiň her bir gününde dörän batyrlary aňladýar. «Gorkut ata» eposynyň hemme nusgalary, şonuň ýaly-da eposyň Salyr Gazanyň ady bilen baglanyşykly türkmen rowaýatlary biziň eramyzyň başlaryndan tä XVI-XVII asyrlara çenli döwrüň wakalaryny, däplerini öz içine alýar. «Gorkut ata» eposynda häzire çenli türkmenlerde saklanyp galan halk nakyllary we atalar sözleri köpdür. Olar oguz-türkmenleriniň sada we ynanjaň, arassa halk bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu hakda biz Ahmet ibn Fadlanyň rus diline terjime edilen (921-922) «Wolga syýahat» diýen işinde-de okap bileris. Edep meselesinde oguz-türkmenleriniň adatlarynyň, däp-dessurlarynyň häzirki türkmen adatyna ýakyndygyny görkezýän käbir mysallara ýüzleneliň. Bu nakyllar eposda köplenç Gorkut atanyň wesýetleri, pata görnüşinde berilýär: «Ogly bolan öýerermiş, gyzy bolan göçürermiş». Haçan-da bir ýere gudaçylyga gidilende gelen wagty «oglanmysyň, gyzmysyň?!» diýlipdir. Bu aňlatma «gurtmusyň, tilkimisiň?!» görnüşinde-de gelýär. Eger iş şowly bolsa, gudaçylyga giden «gurt ýa-da oglan» diýipdir. Bulardan başga-da eposda şeýle nakyllar getirilýär: «Ene haky − Taňry haky. Taňry bermese, är baýamaz. Tekepbirlik edeni Taňry söýmez. Külden depe bolmaz, Garry (köne) duşman dost bolmaz. Gyz eneden görmese, öwüt almaz, Döwletli ogul ojagyň közi. At iýmeýän ajy otlaryň biteninden bitmedigi ýeg, Gonak gelmeýän gara öýleriň ýykylany ýeg». «Gorkut ata» eposynda nika we galyň däpleri hakynda hem gyzykly maglumatlar bar. Haçan-da Baýbugranyň ogluna, onuň adaglysy Baýbijanyň gyzyny aljak bolanlarynda, Baýbugra gudaçylyga türkmenleriň iň abraýly aksakaly Däde Gorkudy iberýär. Gyzyň gardaşy hasaplanýan Däli Garçar uýasy üçin ummasyz galyň salýar. «Gyz üçin näme galyň saldylar?» diýip soranlarynda, Gorkut ata: «Gyzyň gardaşy ýerine ýetirmesi kyn bolan salgydy saldy, ýagny: müň aýgyr, müň bugra, müň goýun görmedik goç, müň guýruksyz-gulaksyz köpek we müň büre getirmegi buýurdy» diýýär. Eposyň günbatar türkmenleriniň arasyndan ýazylyp alnan nusgalarynda türkmenleriň gara donly, azgyn dinli kapyrlara garşy göreşleri, oguz-türkmenleriniň XI asyrda Zakawkaziýany, Kiçi Aziýany (Wizantiýany) basyp alan döwürlerine degişlidir. «Däde Gorkut» kitabynda Gorkut ata şatlyk gopuzyny çalýan, oguznama (aýdym) düzýän, ak sakally, öwüt beriji, keramatly adam hökmünde häsiýetlendirilýär. Umuman aýdylanda, asyl ýeri Turan bolup, soň wagtyň geçmegi bilen birnäçe wariantlary peýda bolan «Gorkut ata» eposy taryhymyzy we etnografiýamyzy öwrenmek üçin gymmatly çeşmedir. Edebiýatymyzyň iňňän uly we gymmatly ýadygärligidir. Ata JYKYÝEW, Gully AKYNYÝAZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |