19:43 Türkmen şahyry Muhammet Fizuly Baýatly | |
TÜRKMEN ŞAHYRY MUHAMMET FIZULY BAÝATLY
Edebiýaty öwreniş
"Baýat boýundan bir är gopdy..." ("Gorkut ata") Taryhyny gadym zamanlardan alyp gaýdýan türkmen edebiýatynyñ has ösen döwrüniñ orta asyrlar bolandygy ikuçsyzdyr. Şol döwürlerde Merkezi Aziýada ýaşap geçen Mahmyt Kaşgarly, Abu Abdylla Muizzi, Omar Haýýam, Hoja Ahmet Ýasawy, Ýunus Emre, Mahmyt Pälwan, Ahmet Burhaneddin Siwasly (Kady Burhaneddin), Horezmi, Seýit Nesimi, Alyşir Nowaýy, Ahmet Wepaýy, Muhammet Fuzuly, Muhammet Baýram han, Abdyrahym han, Berhurdar Türkmen, Garajaoglan ýaly beýik şahyrlar, akyldar alymlar öz eserleri bilen dünýä edebiýatynyñ altyn hazynasyny baýlaşdyryldyrlar. Galyberse-de, "Gorkut ata", "Görogly" ýaly şadessanlarymyz, "Şasenem-Garyp", "Hüýrlukga-Hemra", "Saýatly-Hemra", "Nejeboglan" ýaly ýazary näbelli dessanlarymyz geçmişde örän ussat ýazyjy-şahyrlarymyzyñ ýaşap geçendiginden habar berýär. Sungatda, medeniýetde, edebiýatda we ylymda uly işler bitiren türkmen ägirtleriniñ, beýik akyldarlarynyñ bolandygyna taryh hem şaýatlyk edýär. Biziñ hemmämize mälim bolşy ýaly, ata-babalarymyz dünýäniñ medeni ösüşine saldamly goşanlarlar goşupdyrlar. Arap, pars we beýleki dilleri oñat özleşdiren akyldar şahyrlarymyz ene dilinde ~ türkmen dilinde hem ajaýyp eserler döredip, bize miras galdyrypdyrlar. Şolaryñ biri hem öz döwründe uly meşhurlyga eýe bolan we häzirki günlerde-de şygryýet äleminde giñden tanalýan türkmen şahyry Muhammet Fizuly Baýatlydyr. Şahyryñ hakyky adynyñ Muhammet bolandygy mälimdir. Emma haçan hem nirede dünýä inendigi barada anyk maglumat ýok. Takmynan, 1483-nji ýylda dünýä inendigi çaklanylýar. Dünýä inen ýeri hökmünde Kerbela, Hille, Bagdat şäherleri ýaly dürli garaýyşlar bar. Şahyryñ hakyky adynyñ Muhammetdigi, kakasyna bolsa Süleýman diýlendigi hakyndaky ilkinji anyk maglumatlary Kätip Çelebi "Keşfüz-Zunun" atly eserinde agzap geçýär. Şahyr häzirki güne çenli hem Muhammet ibn Süleýman ady bilen tanalýar. Şahyryñ kakasynyñ Hillede müfti bolandygy, kakasyndan soñ Rahmetulla atly pirden ylym öwrenendigi, hatda piriñ gyzyna aşyk bolandygy dogrusyndaky gürrüñler bolsa diñe rowaýatlygyna galýar. Fizuly şahyryñ ýörgünli ulanan edebi lakamy bolup, ol "päk ahlakly, gowy gylykly, ýagşylyk etmegi halaýan" diýmegi añladýar. Käbir çeşmelerde şahyryñ gadymy oguzlaryñ baýat tiresinden bolandygy, käbir maglumatlarda bolsa Akgoýunly türkmenlerdendigi aýdylýar. Şahyryñ asly, megerem, Orta Aziýadan Yraga göçüp baran we oturymly halklaryñ birine öwrülip giden şol baýatlardan bolmaly. Baýatlaryñ has irki zamanlardan bäri Gündogar Türkmenistanda, esasanam, Lebap welaýatynyñ käbir ýerlerinde köplük bolup ýaşap gelendigi mälimdir. Olaryñ Hazar deñziniñ ýakalaryna, şol sanda, Kiçi Aziýa we Yraga çenli ýaýrandyklary hakynda-da maglumatlar bar. XVI asyrda Anadoluda jemi 42 ýerde baýatlaryñ oturymly ilatynyñ bardygy bellenilýär. Muhammet Fizuly döwrüniñ üç beýik medeniýet dili bolan türki, arap we pars dilleriniñ üçüsinde-de kämil diwanlar ýazmagy başaran şahyr hem alymdyr. Şahyryñ özboluşly edebi şahsyýeti döwürdeşleri hem-de soñky edebiýaty öwrenijiler tarapyndan iki jähetden öwrenilmegine getiripdir. Oña döwrüniñ alymlary beýik akyldar hem paýhasly ynsan hökmünde garasa, dünýewi pikirli adamlar ony ajaýyp lirik şahyr hasaplaýarlar. Megerem, Gündogar edebiýatynda döredijiligi goşa ganatly hasaplanýan şahsyýet juda seýrek bolsa gerek. Şahyr diñe şygyr ýazmak bilen çäklenmän, öz zamanasynyñ ykdysady we jemgyýetçilik meselelerine hem ýüzlenipdir. Onuñ kelam ylmy, yslamyñ öñe saýlanan ylmy ugurlary hakynda dürli kitaplar ýazandygyny hem ýatlasak, onda Fizulynyñ edebi döredijiliginse üç keşp ~ şahyr, öwüt-ündewçi hem-de akyldar alym şahsyýeti ýüze çykarýar. Şahyryñ şygrynda söýgi hem yşk temasy ynsanlary birek-birege ýakynlaşdyrýan, olarda dostlugy hem mähribanlygy ýüze çykarýan duýgudyr. Şygyrlarda gözelligi duýmak, ynsanlar bilen mylakatly gatnaşmak, ýaradylan ähli janly-jandarlary söýmek ýaly temalar eriş-argaç bolup geçýär. Şahyryñ köñül nagmalaryndan syzyp çykan setirleri ynsanda kalby päklik, durmuşa söýgi, hemme zada oñyn garamak, ynsanyñ maddy hem ruhy gözelligine hormat goýmak ýaly duýgulary oýarýar. Şahyryñ şöhraty, eserleriniñ ençeme asyrlap aýratyn sarpa goýlup okalmagy onuñ çuññur zehininden habar berýär. Esasan hem gazallarynyñ jemi bolan "Diwanynyñ" köp ýyllaryñ dowamynda ençeme muşdaklary tarapyndan elden-ele geçip göçürilendigini we şol nusgalaryñ göwünlerden-göwünlere ýaýrandygy aýratyn bellärliklidir. Elbetde, Fizulynyñ öz eli bilen ýazan golýazmasy heniz tapylmady. Emma dünýäniñ dürli künjeginde Gündogar edebiýatyna degişli golýazmalaryñ saklanýan hazynasynda Fizuly Baýatlynyñ eserleriniñ bardygyny aýdyp bileris. XX asyryñ başlarynda her bir türkmen maşgalasynda diýen ýaly Fizulynyñ diwanynyñ bolandygy hakynda ygtybarly maglumatlar bar. Sebäbi şol döwürlerde sowat öwrenýän okuwçylara Fizulynyñ diwanyny okadypdyrlar. Fizuly jemi 16 sany eser döredipdir. Olardan 14-si öz ýazan eserleri bolup, ikisi bolsa terjimedir. Bu eserleriñ iñ esasylary şahyryñ arap, pars we türki dillerinde ýazan diwany, "Leýli-Mejnun" poemasy, "Syhhat we maraz" ("Saglyk we kesel"), "Şikaýatnama", "Rind-u zahyt" ("Rind we zahyt"), "Enis-ul kalp" ("Ýürek dosty"), "Söhbet-ul esmar" ("Miweleriñ söhbedi"), "Matla-ul ygtykat" ("Ygtykadyñ dogýan ýeri"), "Hadikat-üs Sueda" ("Bagtlylaryñ bossany") we beýlekilerden ybaratdyr. Muhammet Fizuly Gündogar edebiýatynda giñden öwrenilýän beýik şahsyýetdir. Şahyryñ türkmen nusgawy edebiýatynyñ wekillerine hem edebi mekdep bolandygyny aýtsak, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Onuñ "Ýanmazmy?" gazalyna Nurmuhammet Andalybyñ ýazan neziresi ~ tahmysy çeperçilik babatda hem, many bitewüligi babatda hem gazal bilen bir heñden gopýar: ■ Ýanmazmy? (Fizulynyñ gazalyna tahmys) Pygan, kim ol lebi-meýgun içip ganymny ganmazmy? Hazyn janymga her dem zulmy-bidadyn aýanmazmy? Ýanyp şowk oduna başdan-aýak jismim tükenmezmi? "Meni jandam osandyrdy, jepadan ýar osanmazmy? Pelekler ýandy ahymdan, myradym şemgy ýanmazmy?" Bolup ol but nykapefken, çeker men dertlig şiwen. Pelek sakfyn kylyp rowzan, gazam enduh, ýerim gülhan, Esim wale, tilim elken, sözüm bolgaýmu mustahsan, "Gamym pynhan tutardym men, diýdiler ýara kyl röwşen, Diýsem ol biwepa, bilmen, ynanarmy, ynanarmy?" Çykypdyr mehi-taban, jemalydan jahan rahşan, Guwan, eý göz, köñül, eý jan, içiñde galmasyn arman, Elendirme edip haýran, kylypdyr wagtdaýy-peýman, "Kamu bimaryna janan dowaýy dert eder yhsan, Niçik kylmaz maña derman, meni bimara sanmazmy?" Gözüñ pür pitneýi-jadu, gazaly-müşki-anbar bu, Atar sen ok keman ebri, kylar men janymny kabu, Durur köñlüm oña ötru, barur eşkim bolup ju-ju. "Güli-ruhsaryńa garşu gözümden ganly akar suw, Habybym, pasly-güldür bu akar suwlar bulanmazmy?" Pyrakyñda meni-bidil, işim müşgil üze müşgil, Tutup sen gaýr ile mähfil, ýatyp men hassa aýu-ýyl, Seri-köýüñ kylyp menzil, myradym bolmady hasyl, "Degildim men saña maýyl, sen etdiñ aklymy zaýyl, Maña tagn eýleýen gapyl, seni görgeç utanmazmy?" Çykypdyr nämusulmanym, kylypdyr kasdu-imanym, Pelekde ahy-suzanym, gözümde eşki-galtanym, Içimde derdi-pynhanym, tebib-a, ýokmy dermanym?" "Şebi-hijran ýanar janym, döker gan çeşmi-girýanym, Oýadar halky efganym, gara bagtym oýanmazmy?" Jahanda doly gowgadyr, pygany-Andalybadyr, Ne ýañlyg şuruşefzadyr, tilim waspynda guýadyr, Aña köýüñde mäwadyr, elinde jamy-sähbadyr, "Fizuly rindi-şeýdadyr, hemişe halka ryswadyr, Görüñ, kim bu ne söwdadyr, bu söwdadan usanmazmy?" Jumamuhammet AMANSEÝIDOW, Türkmenistanyñ Ylymlar Akademiýasynyñ Milli golýazmalar institutynyñ uly ylmy işgäri. # turkmendili_2016 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |