13:27 Gün dogup barýarka / hekaýa | |
GÜN DOGUP BARÝARKA
Hekaýalar
Menem salamdan başlaýyn. Salam... Hal-ýagdaýyňy soraýyn. Gowymyň?.. Özüm hakda ýazaýyn. Ähli zat gülala güllük. Bu hat edil esger haty ýaly. Okalansoň ýyrtylyp goýberilýän hatlary bilýänsiň?! Bulam şolaryň biri bolar-da. Şol bir gaýtalanýan sözler. Salamlaşyk, hal-ahwal, salamdan soňky sözler. Soňam "Hoş gal, hatyňa garaşýaryn, hormat bilen pylany". Wessalam. Aslynda, durmuşyň özem şeýle dälmi näme? Şol bir gaýtalanýan adaty zatlar. Her gün gündogardan Gün dogýar, soňam günbatarda alyslara çümüp gidýär. Durnalar, bulutlar, ak gara bürenen howaly daglar. Pyntyjaklar, tänip ýere düşen sary yapraklar. Jykyryň golçasy deý dynman gaýtalanyp dur. Yssy, jokrama yssy, maýyl, doňaklyk. Soň ýene yssy, ýene-de maýyl, ýene doňaklyk. Durnalar, bulutlar, pyntyklar we ýapraklar... Dur, edil beýle däl bolaýmasyn? Ne-hä pyntyklar, ne-de yapraklar meňzeýärler biri- birine. Olaryň ählisem başga. Diymek, menem indi başga. Ikibaşdan her minudymyz başga. Şu mähirli Gün Bulguzaryň depesinde dogup, Garadepeden aňryk aşýança, gör näçe pudaklara serçeler gonyar. Biz olary duýamzok. Olar jürküldeşýä-de, uçýar. Dym-gyzyl tudanalara, ýagny arzyly ykballaryna gowuşýarlar. Şol ykbal dälmi eýsem, olaryň käbirini garagol çagalaryň yzgytsyz kemanlaryna nyşana eden?! Ah, siz bezzatlar, wah, petigara serçeler. Siz, adaty serçeler. Diňe jürküldeşip, uçup ýören ýaly. Iñ bolmanda, bize şeyle görünýär. Ýöne düýbünden başgaça tagam, başgaça ses, düýbünden üýtgeşik many siziň ömrüňiz. Belki, başga serçeler geler ikindä çenli. Men ýene şol arzyly baýryň depesinde. Hemmeleriň aňyndaky adaty görünýän zatlaryň parhlydygyny duýjak bolýaryn. Düýn padymanymyzyň gapysy açykdy. Gök tutylary galgaýardy. Biz öňňin üýşüp batbörek uçurypdyk. Emma bugün başgaça. Hanha, Kerwen odundan, Kakajan awdan gelýär. Gün bolsa eýýäm gyzaryp barýar. Indi men başga. Hatymam öňki hatlara meňzänok. Sebäp her pursat ömür üýtgeýär. Şu üstünde ýaşaýan dünýämiz Galileýden öň hem aýlanyp durdy. Apet düwünçegini çöşläp, her kime öz paýyny berýärdi, indem şeýdýär. Güldürýär, agladýar, ýadadýar. Ýok, aslynda, ol diňe paýlaýar. Bizem şol ykbaly gujagymyza alyp ýylgyryp bakýas. Ýa-da bialaç gerdenimize hopba edip ýegşerilip ýörüs. Hawa, bu diñe hatymyň ilkinji ysy. Ýagny, adaty däl hatymyň ilkinji salamy. Seniň ýagdaýyňy-ha şonsuzam bilýän. Menden gatam görüp durmarsyň. Sen muña öwrenişibem gitdiň-ä. Onsoňam bägüller diñe derýanyň akymyna gidýärler ahyryn. Men ýene şol arzyly baýryň depesinde. Ýekesöwüdiň başynda. Garabugra akyp ýatyr. Oba tarap, durmuşa tarap, ýagny Saňa tarap. Hanha, ýaňky bägüller güzerden aşyp, akyp barýar. Men hem-de, ynha, şu ýeke söwüt. Ikimizem durmuşdan üzňe. Ikimizem ýalňyz. Aslynda, hemmelerem şeýle. Aramyzdan suw akýar. Indi has belentden synlaýaryn seni. Ýogsa-da durmuşa ýokardan garamak nähili ajaýyp eken. Adamlar, guşlar, pudaklar we bezzatlar umuman, akyp barýan durmuş. Içinde men welin ýalňyz. Ýöne, men hakda oýlanyp, ýanma "Ykbalym". Men - şö bir men. Ýalňyşym, saňa tarap ýollanan ejiz nazarym, şu durkum bilen men. Menden özge bagty isleme. Şu wagt şemal bolasym gelýär. Alyslardan diňe gözellikler getirerdim. Arman, mende karar ýok. Bizi wagt eýläpdır. Bizi mekan ýugrupdyr. Bulardan aýrylyp, elkin ýaşap bilemok. Ýa-da päk hyýalymy ýyrtyp, janseregem bolamok. Men ynanýan. Ynanýanlar özgelerden, elbetde, artykmaç bolýar ahyryn. Ynha, ýandak gülläp otyr, bägül bolsa solup dur. Aý aýlanýar. Kiçijikler ulalýar. Ulular has hem ulalýar. Olar garraýarlar. Çaga deý ynanjaň, çaga deý öýkelek bolýarlar. Günlerde bir gün, sylaşýan dostumyzyň bizden göwni ynjaýar. Durmuş näme? Zynjyr deý sepmi? Tüweleý deý tupanmy? Oýlananyňa degýär-ä. Ony ürç edip okasaň. Durmuşa asla düşünmeýänlere-de düşünýänlere-de düşünseň. Ynanmak hem ynam bildirmek, bu ertirki günüňe umyt dälmi, ýogsa?! Anha, men şol umyt-da. Aýazda üşämok, jokramada suwsamok. Iň esasam senenamaň ýukajyk ýapragyny gaşymy çytman ýyrtyp bilýän. Sebäbi men ynanýan. Ertirime umydym bar. Aýazlar menden gorkup üşäp başlarlar, depäňi deşip barýan yssylaram şeýle. Sebäbi olaryň hiçisine-de köňül beremok. Näme, onda biparhmy men?! Oglanlykda orak orman, ýigitlikde ýük götermän ulalanja biweçmi men?! Asla, diñe ruhumy taraşlap gezýän derwüş sypat biri. Ony ertirime getirýän. Mundan bäş ýyl ýa-da on ýyl soňky ykbalyma eltýän. Soň özümi galyň bir kitapmykam öýdýän. Şonda men näçeräk adamyň we kimleriň ömrümi gaýta-gayta okajakdygyny synlajak bolýan. Tekjelerde çaň basyp ýatmak maňa diýseň ýokuş degjek. Ýogsa, başga biri üçin onuň ullakan tapawudam bolmaz. Belki, hakykatdanam şeýledir. Indi bessir. Sähel duman görnüberse gamlanmagy goýaly. Indi biz ýetginjek däl ahyryn. "Indi menden sorama, söýgi hakda aýdymlar. Indi menden sorama, many hakda goşgular. Gijä galdy garagöz, Ýola düşdi gürrüňler." Gürrüňler bir eýýäm ýola düşdi. Durna deý toýnuk gurap üstümizden aşdy. Ýok, ýene bolmady. Durnalar hatar gurap şol yssy ýurda, şol mähirli söýgä ýetip bilmän, orta ýolda galdy. Men ýene göwne degdim. Ah, Enwer, Enwer. Enwer menden ynjan bolmaly. Sen meni bagyşla, Enwer. Galamym, senden hem ötünç soraýan. Senem özüňi okan göreçleriň damja düwmeleri bolup ýene özüňe daman soň, senem edil meň ýaly şol gara gözlerden ötünç soragyn. "Ykbalym", gel, ýüregimiziň nagşyny täzeden çitip başlaly. Sen men, menem sen ahyryn. Ikimiziň ykbalymyz diňe ikimize bagly dälmi? Bilmek başga zat, düşünmek bolsa düýbünden başga zat eken. Parhly eken. Men ýene Ýekesöwüdiň depesinde. Oýlanýaryn. Bilipdiris, düşünmändiris. Soňky puşman şemal bolup iňleýär. "Arman bilmändirin..." Jumamuhammet AMANSEÝIDOW. | |
|
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |