16:31 Güýz ýapraklary düşende / hekaýa | |
GÜÝZ ÝAPRAKLARY DÜŞENDE
Hekaýalar
- Güýz gelse, ýekesiräp, yüregim gysyp başlaýar. Göyä güzaýdan öwüsýän sowuk semal edil ähli umytlarymy dyr-pytrak edýän ýaly. - Näme beý diýen bolýan. Ýüzüñ gülen çagy ýog-a seniñ. - Onyñam dogry welin, güýz gelse hasam beter yekesireýärin. Ýöne welin gynanamok. Sebäbi ýalnyz galan wagtym has içgin oýlanmaga pursat tapýaryn. Aslynda, herimiz özbaşymyza ýalñyz ýolagçy dälmi? Her kim ömür ýoluna ýalñyz çykyp, menziline ýene ýeke barýar ahyryn. Ine, şetdaly agaçlary. Şulam bir mahallar özüni güjeñlän bolýardy. Diñe şol durkuna galaýjak ýaly, jöwzaly günlerde baý odundyryp-da. A indi bolsa eşidilmedik hem hiç görülmedik yalan yaly. Gaýtam gury çybyklary bilen ruhuny eýmendirýär. Bu yerlerde ne nardan, ne hozdan, ne beýiden, ne-de üzümden hiç zat galmandyr. Diñe şemal ugruna eýläk-beýläk gaýyp ýören gyzylly-saryly altyn ýaprajyklar bar diýäýmeseň, indi bu yere gelerligem galmandyr. Olaryň hemmesem müýnli ýaly gugaryşyp otyr. Nenen müýnli bolmasynlar, olaryn bu pasyllyk ömürleri gutarmadymy näme? Gutaran bolsa, goý müýnürgesinler, duýgylaryna köz basyp, çuňňur gama batsynlar ýa-da öz-özlerinden hasabat sorasynlar. Eýsem bu adaty zat dälmi? Ynha alma agajam şemalyñ zarbyna çydam edip bilmän, enaýyja ýapraklaryny ýere gaçyryp başlady. Ýaprak üçin parhy näme, ýokarda-da owadan yerde-de. Men bolsa muna gyýylýaryn. Şunuň ýaly güýzüň ajy hem sowuk günleriniň birinde ýüreginden gopup giden jigerbendini uzak Kawkazyň eteklerinde güllä aldyran enäniň gamgyn-gamgyn yranjyrap "suwdan umyt, guwdan umyt" diýip guýa giden bolmasy şu alma agajynyc ykbaly bilen neneň kybapdaş. Alma nämeden umyt edip yranjyrap otyrka, belli däl. Näme üçindir bilemok, yöne men şonda-da bu agaçlary söydüm. Almany, sary beýini, al-asmana asyl-asyl bolup duran hozy, üzümi, inçejik nar agaçlaryny Düýnki gün ýas ýerine gelen aýal-ebtatlardan az ses etseler-de, men ýene şu agaçlary söydüm. Merhumyñ ýakynlary, goñşulary ýa-da obadaşlary ýas yerine hökman ses edip barmalydyr. Hala yürekden gelsin, hala gelmesin. Ýöne sen duýgudaşlygyňy ile şeýdip görkezäýmelişiň. Dek düýnüň özinde Aman aga pahyr bolaýdy. Ol ömrüniň köp bölegini çopançylykda geçiripdi. Edil çakgynyň tygy ýaly zehini bardy. Ynha çarhyny jarkyldadyp, horjunly eşegini idip gelýändir. Soñam naýynjar mäleşip duran akja owlajyklardan birini çykarar-da, "kelek geçiniñki, mañlaýy sakar geçiniñki, boýny düwmeli mor başlynycky ýa-da öten ýyl süregçiden alnan çal dogyñky" diýip, enesini salgy berip başlar. Ýogsam süriniñ ählisem angor geçidir. Haýsy geçini görkezseñ alygyny, şu ýylky owlagyny, naçinji garyndandygyny ýatdan saýrap oturandyr. Pahyr özi ýaman işeññrdi. Bir görseñ Garagözüni tirkäp Ýylanlyda, bir görseñ Hajyñ köwünde gezip ýörendir. Bir görseñem eşegini odundan mas ýükläp, Ýekesöwütden ecip gelýändir. "Dowar gezegim gutardy" diýip birjik-de dükanyñ agzynda ýa-da goşa bagyñ aşagynda oturanyny göräýmersiñ. Ahyry ýaşynyň soňunda "indi aýaklarymam diýen edenok" diýip, depelerde daş owratmaga başlapdy. Galyñ bende "jaý saljak, kümejik edinjek" diýip, alyp duran son, «bu depäni öz-ä gutarankyrlaryn» diýip, degşen bordy. Ýöne ahyry özi gutaryp galdy Düýnki hossarlar, ýakyn-ýatlar hem hut şunun üçin ses edýärdiler-dä. Şonda bu agylar meni şeýle bir eýmendirdi, şeýle bir eýmendirdi welin şu bakja nädip ylgap ýetenimem bilmän galypdyryn. Güýz. Tylla güýz. Özem hut menin ýalnyzlygymyn hasam artyp, möwç alýan pasly. Şonda şu ýaşajyk agaçlaram ýas tutýardy. Yöne beýle gapyl ýas däldi. Dine gamlanyardylar, gynanýardylar hem-de öz yanlaryndan zaryn we sessiz iňleýärdiler. Kakam aşaky ýatyrda üzüm kesýän eken. "Habary ýokmyka?" diýip ýanyna bardym. - Kaka, Aman aga ýogalaýypdyr - diýdim. Kakam oturan yerinden: - Eşitdim, eşitdim. Aramyzdan aýryldy pahyr - diýdi-de oňaýdy. Beh, men "ýogaldy" diýdim, kakam bolsa bilgeşleýin diýen ýaly "aramyzdan aýryldy" diydi. Munuň bir sebäbi bolaýmalydyr. Kakam diline näme gelse ýüzüniň ugruna aýdyp göýberjek adamlardan däldir. Bir zat diýjek bolýandyr. Men kän kelle döwdüm: "Näme üçin "ýogalda" derek "aramyzdan aýryldy" diýdikä? Ahyry kelebiň ujuny telim okalyp, telim taşlanan galyň kitapdan tapdym. Ýalňyşmaýan bolsam, şol ýerde barlyk hem ýokluk hakda, älem, durmuş hakda iki adam jedelleşýärmikä diýýän. Gaty uzynam ýazylypdyr. Özüne ylymlydyryn öýdüp ýöreniñ biri galaktika, planeta, hakynda özüne görä bir näçe delil getirip bularyñ bir gün tükenip galjagyny subut etjek bolýardy. Ýöne ýaşuly alym bolsa-da sabyrly eken. Okap otyrkam daşyndan özüm ýadap gitdim. Menem kanagatlanarlyja jogaba garaşyp otyryn, ýogsam bir eýýäm ýogyna ýanjakdym. Jigilerimic biriniñ eline düşüp, düşünjesini bulaşdyraýmagy ähtimaldy. Geñ ýeri şonda-da şol yerleri ürç edip okalypdyr. Ine, şu ýeri bolsa ayratyn bellige alnypdyr. Ýokluk ýokdyr. Heý "ýok" diýlen zadyń yokdugyny görkezip bilersiňmi? Hany görkezdä? Eger-de "ine şu zat ýok" ýa-da «öň bardy, indi bolsa yok boldy» diýip, görkezip bilýän bolsaňyz, onda seniň munyň "ýok" däl-de, barlygyň hut özüdir. Hä-ä, indi boldy. Indi düşündim kakamyň maksadyna. Bakjamyzdaky agaçlaram, belki, şeýle pikirdedir. Ýapraklary, kesilen şahalary öñ bardy. Soňam ýok bolmadylar. Belki, mekanlaryny üýtgedendirler. Sözümiň başynda "ahyry özi gutaryp galaýdy" diýipdim. Ýok, onda ol gutarmady. Aman aganyc durmuşy gaýtam has başgaça we täzeçe başlady ahyryn. Içimizden biri aramyzdan aýrylyp, has ajaýyp, has gözel bir şähere gitse we bize-de şol şäheriñ merkezi duralgalaryndan birinde garaşyp, şäheriñ in barjamly, tanymal adamlary bilen sizi garşylajakdygyny aýtsa, içimizdäki begenjimizi şeýdip pygan aňladarmydyk? bilen Belki-de öñ ol şäher hakda atamyzdan ýa-da agalarymyzdan haýsy hem bolsa birinden eşiden bolsag-a asla gynanmazdygam, gaýta begenerdik. Şeyle dälmi? Men ýaly sähel çygly şemal öwüsse "güyz geldi" diýip, başyňyzy egip hem ýörmezdiniz. Ýöne meniň atam ol şäherler barada maňa kän gürrüň edip bermedi-dä. Agalarymam näme, ählisem dymma. Ýanyna baryp ýönekeý mesawy gürrüň edenimem ýadyma düşenok. Garaz, gepiň tümmek ýeri barmaly ahyrky pelläm barada bar bilenjelerim goşawujymy dolduryp ýüzüme sylarlyk däl. Şonuñ üçinem şol şeýdip ýörşüm. Jumamuhammet AMANSEÝIDOW. | |
|
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |