14:49 Türkmeniň Seljuklar döwletinde serhediň goragy | |
TÜRKMENIÑ SELJUKLAR DÖWLETINDE SERHEDIÑ GORAGY
Taryhy makalalar
Türkmenleriň orta asyrlardaky taryhy bilen bagly öwrenilmeli gyzykly maglumatlar kän. Şolaryň biri hem Seljuklar döwletinde serhetde ýaşan ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň we goragynyň üpjün edilişi bilen baglanyşyklydyr. Serhedi goramak, oňa gözegçilik etmek, baryp, Oguz han zamanasyndan bäri wajyp işleriň biri hasaplanylypdyr. Çünki oguzlarda ýere bolan hormat uly bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Ata-babalarymyz Watany söýmegiň mekdebini öz ömürleriniň manysyna öwrüp, baky ýaşadypdyrlar. Watana bolan söýginiň gözbaşynda Oguz hanyň «Ser bereris, ýer bermeris» diýen pähimi bardyr» diýip bellemegi, Watany söýmegiň mukaddesdigini kesgitledi. Türkmenleriň Seljuklar döwletiniň hökümdarlary öz döwletiniň serhetlerini goramak üçin harby sungatdan taýýarlykly adamlary goýmaga çalşypdyrlar. Ermeni taryhy çeşmeleriniň şaýatlyk etmegine görä, Ahemeni döwletiniň hökümdary Kiriň goşunynda biziň ata-babalarymyzyň hem gulluk edendigi bellenilýär. Türkmenleriň ussat serhet goragçylary bolandygy sebäpli, Gruziýanyň hökümdary Dawid IV Gurluşykçy döwletiniň serhet ýerlerine türkmenleri göçürip, «wank» (mülk ýerleri) paýlap berip, hemişelik goşunynyň düzümine salypdyr. Gruziýanyň «Gypjaka Wank», «Didgor oba» ýaly ýerleriniň döremegi türkmenleriň bu döwletlerde syýasy tarapdan agramly bolandygyndan habar berýär. Türkmenler döwletiň serhedini goramak üçin oba bolup, göçüp barypdyrlar. Olar serhetdäki ýaşaýan ilat bilen dil tapyşmagyň aladasyny edipdirler. Serhet ýakasynyň ekerançylyk ýerlerinde türkmenler oturymly ilat bilen goňşuçylykly gatnaşyklary kesgitläpdirler. Bu ýagdaýyň baryp XI asyryň başlarynda ýola goýulandygyny subut edýän maglumatlar, Beýik Seljuk döwletiniň soltany Sanjaryň permanynda açyk aýdyň şöhlelenýär. Orta asyrlarda dörän oguz türkmenleriň döwletlerinde hanlar, begler ýokary gatlagy düzen adamlar hasaplanypdyrlar. Taryhy çeşmelerde «begler» gatlagynyň arasynda iň täsirlileri hökmünde sypatlandyrylýar. «Beg» derejesi nesilden-nesle, ýagny atasynda ogluna geçipdir. Oguzlaryň töreçilik däbi boýunça beglik kiçi ogla däl-de uly ogla degişli bolupdyr. Käte çarwa taýpalary özlerine begi maslahat esasynda saýlapdyrlar. Begleriň höküm we temmi bermek, ýazmaça we dilden buýruklary bermek ýaly işleri gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetirilipdir. Begleriň häkimiýeti döwletiň diňe bir çarwa ilatyna däl, ýarym oturymly ilatyna hem degişli bolupdyr. Seljuk türkmen döwletiniň begleriniň arasynda iň täsirlileri «uç begler» hasaplanypdyr. Olara döwletiň serhet gyralarynda gorag gullugyny alyp barandyklary sebäpli, şeýle at berlipdir. Taryhçy K.Baýramowyň «Geçmişiň serhetçi serkerdeleri «Uç begleri» atly taryhy makalasynda hem bu barada giňişleýin beýan edilýär. Begleriň syýasy tarapdan örän täsirli bolandygyny hökümdaryň olara maslahat salandygy bilen düşündirip bolar. Bu ýagdaý türkmenleriň «Gorkut ata» eposynda hem açylyp görkezilýär. Serhet ýakalarynda uçbegleriň goşun düzümindäki esgerlerinden taýýarlyk köp talap edilipdir. Çünki olar agşamsy bilen bellenilen ýerleri goramak üçin aýlanmaly bolupdyrlar. Hüşgärligi elden bermezlik üçin, esgerleriň arasynda yşarat (parol) bellemek ýörgünli bolupdyr. XI asyryň taryhy çeşmelerinde türkmenleriň ony «üm» diýip atlandyrandyklary bellenilýär. Köp halatlarda «üm» üçin ýarag ýa-da guşuň adyny tutmak adat bolupdyr. Dilçi alym Mahmyt Kaşgarly «Diwan Lugat-at Türk» atly eserinde «ümüň» bir hökümdara gulluk edýän esgerleriň gijelerine gullukda biri-birleri bilen garpyşmazlygy üçin bellenilendigini öz işinde ýazypdyr. Ýary gije duşan adamdan garawullar yşarat (parol) sorapdyrlar. Ters aýdylan ýa-da bilinmedik ýagdaýynda nätanyşa dessine çäre görlüpdir. Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde «üm bilse, är ölmez» diýlip, halk arasyndaky ýörgünli nakylyň getirilmegi, türki dilli halklarda yşaratyň (parolyň) soňraky döwürlerde hem ygtybarly orun tutandygyny aýdyň görkezýär. «Üm» sözüniň ýene-de bir manysy esgerler ýatakhanalarynda gijelerine nobatçylygy aňladypdyr, hanyň we galanyň gijeki goragçylaryna «ýatgak» diýlipdir. Nobatçylaryň we bekçileriň oýa halyna «sak» diýlip, Anadoly ýüwrüklerinde söweşe taýýar duran esgerleri hem şol söz bilen aňladypdyrlar. Türkmenleriň harby düzgün-nyzamynda «üm» we «sak» sözleri XVIII-XIX asyrlarda ýaýramak bilen birlikde, häzirki döwürde hem peýdalanylýar. Döwletiň serherdi uly söwda bazarlarynyň guraljak wagtlary türkmen esgerleri has hem ykjam goralypdyr. Köp halatlarda şowhunly söwda bazarlarynyň geçirilmeginiň tarapdary bolup hökümdarlaryň hut özleri çykyş edipdirler. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Milady hasabyndan öňki II asyra hun hanlarynyň biri Hytaý imperatoryna söwda etmek üçin serhetde uly derweze açmak meýlini beýan edip hat ýazypdyr» diýip belläp geçýär. Gadymy we orta asyrlarda serhet döwletiň ygtybarly goraýan we söwdanyň, salgydyň, harby-strategik tarapdan wajyp zolagy bolup hyzmat edipdir. Şonuň üçin, hökümdarlar ony goramagyň düzgünlerini eýýäm gadymy we irki orta asyrlar döwründe kesgitläpdirler. Türkmenleriň Beýik Seljukly döwletinde serhet ýerlerinde gaýduwsyz begleri goýmaga çalşypdyrlar. Çünki «uç beglige» bellenen türkmenler syýasy tarapdan iň täsirlileri hasaplanylypdyr. Serhet ýerlerinde gulluk alyp barýan türkmen esgerleri berk tertip-nyzamy ýerine ýetirip, aýlyk haklaryndan we döwletiň döredýän beýleki artykmaç hukuklaryndan peýdalanypdyrlar. Jennet ALLABERDIÝEWA, Türkmenistanyň YA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||