05:52 Türkmenleriñ mamlýuklar döwletiniñ harby sungaty | |
TÜRKMENLERIÑ MAMLÝUKLAR DÖWLETINIÑ HARBY SUNGATY
Taryhy makalalar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli mirasymyzy we taryhymyzy öwrenmäge, ylmy-barlag işlerini geçirmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şol döredilen mümkinçiliklerden ugur alyp, türkmenleriň mamlýuklar (mamlýuklar) döwletinde harby sungatyň aýratynlyklary, şeýle hem döwletiň guryýer goşunlarynyň we deňiz güýçleriniň ýagdaýy barada giňişleýin beýan etmekligi makul bildik. Türkmenleriň mamlýuklar döwletiniň gurluşynda (1250-1517) harby düzgünler hereket edipdir. Mamlýuk esgerleriniň söweş lybasynda, okuny, naýzasyny, gylyçdyr galkanyny dakynyp, ok atyp, aw awlap duran pursatlaryny janlandyrýan miniatýura şekillerinden çen tutsaň, olarda döwlet gurluşynyň harby häsiýetlidigini görmek bolýar. Goşunda gulluk edýän mamlýuk gulamlary döwletiň harby birliginiň esasy bölegini emele getiripdir. Mamlýuklara söweş sungatynyň tilsimlerini öwredýän, şeýle hem olara ylmyň dürli ugurlaryndan taglymat berýän ýörite mekdepler gurlupdyr. Bu mekdepler Müsürde «Tybak» ady bilen meşhur bolupdyr. Ýagny, «Tybak» Müsürdäki (Kairdäki) galanyň harby şäherçesinde ýerleşýän we harby ugurdan mamlýuklara tälim berýän bilim ojaklaryna berilen atdyr. XV asyrda Müsürde 12 sany «Tybak» mekdebi bolupdyr, bularyň her birinde 1000 mamlýuk gulamy okapdyr, ýaşapdyr we tälim alypdyr hem-de olar oňat ýatakhanalar bilen üpjün edilipdir. Gündogary öwreniji ýewropaly alym professor Dewid Aýalon: «Tybak mekdepleri mamlýuklaryň goşun birliginiň bil oňurgasydyr» diýip belleýär. Bu mekdeplerde adatça söweş tärleri, onuň usullary öwredilip, döwlete we onuň emirlerine wepaly esgerler ýetişdirilipdir. Al-Makriziniň berýän maglumatyna görä, «Tybak» mekdeplerine Müsüre getirilen mamlýuk gulamlary ilki bilen soltanyň buýrugy esasynda gelen ýurduna we milletine görä toparlara bölünip ýerleşdirilipdir we olaryň ähli çykdajylary döwlet tarapyndan maliýeleşdirilipdir. Bu ýerde tertip-düzgün we nyzam ýokary derejede alnyp barylypdyr. Hatda, mamlýuk hökümdary soltan Kalawunyň döwründe gulamlaryň hiç birine gijäni Tybaklaryň daşynda geçirmeklige rugsat berilmändir. Mamlýuklaryň döwletinde ýörite «Frusiýýe» (ata münmek, at üstünde ýarag ulanmak) we «nuşşab» (ok atmak, okçulyk bilen bagly kitaplar) ady bilen harby sungatyň aýratynlyklaryna degişli kitaplar ýazylypdyr. Ibn Kaýýym El-Jewziniň (1356 ö.ý.) ýazmagyna görä, «Furusiýýe» tälimi ata münmek, naýza ulanmak, ok atmak we gylyç oýnatmak ýaly dört ugry öz içine alypdyr. Mamlýuk türkmenler Mamlýuk döwletiniň ynamdar, ygtybarly birlikleri hasap edilipdir. Şonuň üçin goşunyň aglabasy mamlýuk türkmen birliklerinden emele gelipdir. Mamlýuklar 1266-njy ýylda Debaskyň golaýynda duşman goşunyny derbi-dagyn edip, Tarsus, Adana ýaly ýerleri eýeläpdirler. Şu ýerde hökümdar Beýbarsyň hem-de onuň edermen türkmen ýigitleriniň bitiren hyzmatlary bellenmäge mynasypdyr. Makriziniň we Ibn Haldunyň işlerinde mamlýuk türkmenleri barada: «Türkmenler okuny, ýaýyny, naýzasyny, galkandyr gylyjyny ýanynda göterip, mydama söweşe taýýar ýagdaýda bolup, harby taýdan ukyply we söweşjeň häsiýetli» diýlip berilýär. Taryhdan mälim bolşy ýaly, Beýik Seljuk türkmenleriň şadöwletiniň gowşamagynyň we mongol çozuşlarynyň başlamagynyň netijesinde Horasandan, Azerbaýjandan we Orta Aziýadan gelen köp sanly türkmenler Anadola ýerleşipdirler we türkmen öýleriniň sany has-da köpelipdir. Olaryň käbirleri Wizantiýa topraklaryna hem göçüpdirler. Soltan Beýbarsyň ýolbaşçylygynda Çukur obada (Çukurowada) bolup geçen ýörişlere gatnaşan türkmenleriň uç ok goluna degişli ýörgür, kynyk, baýyndyr we salyr ýaly türkmen taýpalary mamlýuk döwletine goşulypdyr. Soltan Beýbars 40 000 öýliden gowrak türkmenleri mamlýuk birliklerine kabul edip, Gazzadan başlap Antakýa we Sis welaýatynyň serhedine çenli Ak deňiziň (Ortaýer deňzi) kenarýakalaryndaky haçlylardan alnan ýerleri olara ýurt edip beripdir. Türkmenleriň mamlýuklar döwletiniň çäginde deňizde we derýada ulanmak üçin aýry-aýry gämi ýasalýan ussahanalar hereket edipdir. Mamlýuk hökümdary soltan Barsbaýyň döwründe (1425-nji ýyl) Kybrys (Kipr) adasyny ele geçirmek üçin alnyp barylan ikinji harby ýörişde esgerleri ada daşamak üçin 13 sany «haýti» gämileriniň hyzmatyndan peýdalanylypdyr. Bu gämilerde söweş gurallar, dürli ýaraglar we esgerler daşalypdyr. Olar bu gämilerde Isgenderiýe (Aleksandriýe), Dimýat we Tinnis şäherleriniň üstünden Ak deňize çykyp duşmanlar bilen söweşipdirler. Türk alymy Burak Gani Erolyň «Mamlýuklar zamanynda ulanylan gämiler» atly eserinde mamlýuk türkmenleriniň agalyk edýän döwründe Müsüriň gämi ýasalýan ussahanalarynda gämileriň 70-den gowrak görnüşleriniň ýasalandygyny belleýär. Türkmenleriň mamlýuklar döwletiniň deňiz güýçleri we olaryň Kybrys adasyny eýelemek üçin alyp baran ýörişleri barada aýdylanda, 1424-nji ýylda mamlýuk soltany Mälik Eşref Seýfeddin Barsbaý Ak deňizden gatnaýan täjirlere hem-de olaryň gämilerine edilýän deňiz talaňçylyklaryň artmagy netijesinde hökümdar bu adany eýelemekligi karar edýär. Munuň üçin hökümdaryň buýrugy bilen Müsüriň gämi ýasalýan ussahanalarynda ýörite «Gurab»1 we «Haýti» atly söweş gämileriň ençemesi ýasalypdyr. Olaryň ýany bilen Tybak mekdeplerinde tälim alan mamlýuk türkmenlerden 600 sany pyýada goşun we 300 sany atly goşun taýýarlanypdyr. Atlary daşamak üçin «Şilindi»2 atly ýörite gämi ýasalypdyr we olara 20-30 aralygynda at ýerleşipdir. Mamlýuk goşuny bilen adadaky ilatyň arasynda 1424, 1425 we 1426-njy ýyllarda (üç ýöriş) bolup geçen çaknyşmada olar harby sungatyň dürli usullaryny netijeli ulanmagy başarypdyrlar. Soltan Mälik Zahyr Çokmak Ak deňizden gatnap söwda işlerini alyp barýan täjirlere hem-de olaryň gämilerini talamak isleýän deňiz garakçylarynyň artmagy bilen Rodos adasyny eýelemeklige karar edýär. Şonuň üçin mamlýuk soltany müňbaşy emiri Temurbaýyň hem-de emir Enal Alaýyň ýolbaşçylygynda 1443-1444-njy ýyllarda goşun taýýarlapdyr. Ol goşuny 2-ä bölüp, Temurbaýy deňiz güýçleriniň we Enal Alaýyny bolsa pyýada goşunyň emiri edip belläpdir. Umuman, mamlýuklar Ortaýer deňzinde uly harby flotlary, ýagny iň güýçli deňiz goşunlaryny (flotlaryny) döretmegi başarypdyrlar. Siriýanyň kenarýakalaryndaky deňiz duralgalaryna eýe bolupdyrlar. Mamlýuklaryň döwletinde söweş gämileriniň ýasalýan ýörite ussahanalaryň bolmagy, şeýle hem Müsürden ýüz müňlerçe kilometr uzaklykda ýerleşen Kybrys we Rodos adalaryna goşun çekip barylmagy öz döwründe olaryň deňiz güýçleriniň güýçli bolandygyna şaýatlyk edýär. Mamlýuk türkmenleriň döwletinde bolup geçen ýörişleriň şaýady bolan Ibn Haldun3 (1332-1406) «Mukaddima» atly eserinde söweşler esasy iki usulda – birinjisi hatarlara düzülip nyzam bilen hüjüme geçmek, ikinjisi herekete geçenden soň gaçan ýaly yza çekilip, täzeden hüjüm etmek arkaly amala aşyrylandygyny ýazypdyr. Olar köplenç ýagdaýda hatarlara düzülip söweşipdirler. Şeýle edilende tertip we nyzam berk saklanypdyr. Oňa «tulb» ady berilip, esasan-da Salaheddin Eýýubynyň döwründe bolup geçen ýörişlerde we ondan soňky döwürlerde bu usul has giňden ulanylypdyr. Mamlýuklar Tybak mekdeplerde öwrenen harby hünärlerini tejribede ulanmagy başarypdyrlar. Olar söweşde yza çekilmek bilen goşunyň bir ganaty ýaraglaryny, azyklaryny, gymmatbahaly zatlaryny taşlap, garşydaşyny aldawa salýar. Duşman bolsa muňa ynanyp, talaňçylyga we olja ýygnamaga başlan wagtynda olar duşmanlaryň üstüne çozupdyrlar we ýeňiş gazanypdyrlar. Bu bolsa olaryň söweş tilsimlerinden oňat baş çykarandyklaryny görkezýär. Türkmenleriň mamlýuklar döwletinde duşman çozuşlaryndan goranmak üçin birnäçe söweş usullary hem ulanylypdyr. Munuň bilen bagly Ibn Haldunyň «Mukaddime» atly eserinde: «Gadymy döwletler söweşlerde öz goşun ordalaryny duşman leşgerlerinden hendekler gazyp gorapdyrlar» diýen maglumat getirilýär. Alym sözüni dowam edip, «Soň-soňlar bu hendeklere ot atyjy toplaryň ýerleşdirilendigini» belläp geçýär. Osmanlylar bilen bolan söweşde mamlýuk soltany Tomanbaýyň gazdyran hendeklerine toplaryň we topçularyň ýerleşdirilmegi alymyň sözüni tassyklaýar. Mamlýuklaryň söweş tärleriniň esasylaryndan biri-de ok atmaklyk sungatydyr. Bu barada Ibn Haldun şeýle diýýär: «Biziň döwrümizdäki mamlýuk türkmenler ok atyp, hatarlara düzülip söweşýärdiler. Olar biri-biriniň arkasynda üç setire düzülip, atlaryndan ýere düşüp, oklaryny öňlerine döküp, duşmana garşy atmaga başlaýardylar. Her setir özüniň öňündäki setiri duşmanyň çozuşlaryndan goramaga synanyşýardylar». Mamlýuklaryň goşun birlikleri söweşe çykanlarynda, özlerine mahsus göterýän tugy bolupdyr. Bu tug ýörite ýüňden we pagtadan dokalypdyr. Ibn Haldun mamlýuk türkmenleriň ulanan baýdaklaryny taryplap şeýle diýýär: «Müsürde we Şamda höküm süren mamlýuklaryň ellerindäki uly baýdaklaryň öň tarapynda bir tutum seçek ýerleşdirilipdir. Muňa «çalyş» ýa-da «çetir» ady berilýär. Bu baýdak soltana mahsus bolup, söweşe soltanyň gatnaşýandygynyň alamaty hökmünde kabul edilipdir». Hökümdarlar ýörişlere gatnaşanlarynda gyralary dürli öwüşgünli seçekler bilen bezelen baýdaklar götermek, deprek çalmak, surnaýlar ulanmak adat bolupdyr. Mamlýuklar deprekleriň birnäçe görnüşlerini ulanypdyrlar, olar muňa «kösat» (söweşlerde ulanylýan uly deprekler) diýip atlandyrypdyr. Hökümdarlar şunuň ýaly söweş däpleri amal edilipdir. Söweşde ses çykaryjy we şowhun dörediji saz gurallaryň ulanylmagy garşydaşyň ýüreklerinde dowul döredipdir. Döwrüň taryhçylaryndan Al-Aýniň, Halyl bin Şahynyň we Wahramyň ýazmaklaryna görä, XV asyrda Müsüre bagly bolan Şamdaky şäherler we Halapdaky mamlýuk türkmenleriň taýpalary 180 000 atly harby güýje eýe bolupdyr. Arap syýahatçysy Al-Ömeri öz eserinde mamlýuk türkmenleriň goşun birliginiň esasy bölegini atly goşunlaryň emele getirýändigini we sanlarynyň 583 500-den köpräk bolandygyny ýazypdyr. Goşunda gulluk edýän türkmenlere ýolbaşçylyk edýänlere «Mukaddem et-türkman» diýlipdir. Bu emirler döwletiň iň ynamdar wekilleri hökmünde kabul edilipdir. Mamlýuklar şadöwletinde 35 sany müňbaşy emiri hereket edipdir. Olaryň her birine 35 000 atly mamlýuk gulamy berkidilipdir (35X35000=1225000 mamlýuk). XIV-XV asyrlarda Türkmenleriň mamlýuklar döwletiniň goşun birliginde gulluk eden esgerler üç topara bölünipdir. Olaryň birinjisi «Ejnadül-arap» «arap esgerleri», ikinjisi «Ejnadut-türkman» «türkmen esgerleri» we üçünjisi «Ejnadül-ekrad» «kürt esgerleri» diýlip atlandyrylypdyr. Arap esgerleri mamlýuk ordasynyň «meýmene» (sag tarap) diýilýän sag ganatynda ýer alypdyr. Türkmen birlikleri bolsa «meýsere» (çep tarap) diýilýän goşunyň çep ganatynda ýer alypdyr. El-Kalkaşandynyň bellemegine görä, haýsydyr bir ýörişe çykyljak bolanda sapara taýýarlanmaklary üçin goşunda gulluk edýän türkmen taýpalarynyň atlary tutulyp, hökümdaryň ýazan permany özlerine iberilipdir. Döwletiň resmi dili arapça bolsa-da, goşun dili türkmen dilinde alnyp barylypdyr. Olar öz aralarynda türkmen dilinde gepleşendikleri barada Al-Makriziniň we Ibn Iýasyň işlerinde bellenilýär. XV asyrda Müsüriň «Tybak» mekdeplerinde harby sungatyň aýratynlyklaryny öwrenen türkmenleriň mamlýuklar döwletiniň güýçli guryýer goşunyny we deňiz güýçlerini döredendigini, olaryň mongollara we haçparazlara garşy aýgytly ýörişler alyp barandygyny, şeýle hem dürli söweş tilsimleriniň baý gorlaryny miras galdyrandygyny görmek bolýar. Meretgeldi BAÝJANOW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |