08:28 Türkmenleriň taryhda harby söweş usullary | |
TÜRKMENLERIÑ TARYHDA HARBY SÖWEŞ USULLARY
Taryhy makalalar
Taryhy çeşmeler türkmen halkynyň ýer togalagynyň ussat harby milletleriniň biridigini ykrar edýär. Geçmişde ildeşlerimiz ýaşaýan ene topragyny — Watanyny gorap söweşipdirler, ýeňiş gazanypdyrlar. Bu harby hereketlerde dürli harby söweş usullaryny, tärlerini, tilsimlerini ulanypdyrlar. Olaryň özboluşly atlandyrylyşy bolupdyr. Türkmenleriň öz ýurduny gorap, alyp baran çaknyşyklarynda ýaga garşy ulanan harby söweş usullary barada taryhy we ylmy çeşmelerden maglumatlary almak mümkin. Olaryň birtopary barada M.Kalkan, Ş.Baştaw, N.U.Ujuzsatar, M.Emin Efendi, A.Demir we beýlekiler ýaly türk alymlary agzap geçipdirler. Ildeşlerimiziň geçmişde ulanan harby söweşlerdäki çozuş söweş usullaryndan «Aý» («Turan»), «Gurt oýny», «Çöl» («Sähra»), «Arkadan gaýtarma», «Galany gabama», «Guýy duzagy», «Derýa saldyrmasy», «Ejizletme», «Gorka salma» usullaryny we beýlekileri agzamak bolar. Bulardan käbiri barada söz açsak ýerlikli bolar: • «Aý» söweş usuly Muňa edebiýat çeşmelerinde «Turan» ýa-da «Hilal» söweş usuly hem diýilýär. Bu ata-babalarymyzyň taryhyň irki döwürlerinden ýakyn taryhy döwürlere çenli ulanyp gelen harby söweş usulydyr. Çozuş söweşiniň «Aý» çozuş usuly şeýle amala aşyrylypdyr: ildeşlerimiziň goşuny söweş taýýarlygyny tamamlap, duşman goşunyna garşy merkezi bölek hem-de sag we çep ganat bolup çozuşa taýýarlanýar. Merkezi goşun bölegi çozuşa başlaýar. Duşman merkez bölegi nazarlap, güýçli garşylyk berýär. Merkez asgynlan bolup, yza çekilip başlaýar we gaçyş tilsiminde söweşi dowam edýär. Ýeňşe barýandygyna ynanan duşman ony yzarlap, hüjüme geçýär. Ildeşlerimiziň goşunynyň ýan ganatlary gapdala pytrap, atlylar depeleriň arkasyna duwlanýarlar we ozaldan bukuda ýatan ýoldaşlaryna goşulýarlar. Ýokardan seredeniňde goşunyň sudury ýarym aý şekline meňzeýär. Kowujylaryň ýeňsesi görnüp ugraberende, bukuda ýatan esgerler çozup gelýänleri ýan depelerden ýaý okunyň ýagmyryna tutýarlar. Merkezi goşun bölegi hem yzyna dönüp, aýgytly hüjüme başlaýar. Atly goşun bölekleri kowujylaryň arkasyndan hüjüme geçýär. Aldawa düşen duşman goşunyny gorky gurşaýar, galagopluk başlaýar, ruhdan düşýär. Esasy goşun güýçleriniň kowga topulmagy bilen, duşman serkerdesiniň karargähiniň töwereginde esger güýji azalýar we ýagy serkerdesiniň gorag howpsuzlygy ýitirilýär. Biziň atly goşunlarymyz duşman karargähine hüjüm edýär we baş serkerdäni ýesir alýar. Şeýdip, söweşde «aý» usulyny ulanmak bilen, ýeňiş gazanylýar. • «Gurt oýny» söweş usuly Adyndan belli bolşy ýaly, bu harby söweş usuly gurtlaryň hereketini ýatladýar. Gurtlar sugun ýa-da keýik sürüsini ýadatmak maksady bilen kowalaýarlar. Soňra yzda galan güýçsiz haýwanlary bukuda ýatan möjeklere tarap öwürýärler we iň garry ýa-da ýarawsyz haýwanlary awlaýarlar. «Gurt oýny» söweş usulynda hem duşman goşunyna az sanly atlylar bolup çozuş edilip, olar bukuda ýatan goşun ganatlaryna tarap eltilip, derbi-dagyn edilipdir. Aslynda hunlarda we seljuklarda «gurtlar» diýlip atlandyrylan goşun bölekleri hem bolupdyr. Olar gurt derisinden geýimleri, kellesine gurt başly başgaby geýipdirler. Ildeşlerimiziň harby çozuş usullarynyň başgalarynyň hem harby söweş özboluşlylygy bolupdyr, biz diňe olaryň käbirini sanap geçdik. Bu agzap geçen çozuş usullaryndan başga-da, ildeşlerimiz geçmişde «Çöle çekme», «Düzlükdäki duzak», «Olja usuly», «Ýaran etme», «Bogazkesen», (ýa-da «Geçitde darama») we beýleki harby goranyş usullaryny hem ulanypdyrlar. Alparslan BAÝRAMOW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |