15:41 Geçmişiñ serhetçi serkerdeleri: "Üç begleri" | |
GEÇMIŞIÑ SERHETÇI SERKERDELERI «ÜÇ BEGLERI»
Taryhy makalalar
Şöhratly geçmişimizde ady äleme dolan beýik şahsyýetlerimiziň içinde, olaryň taryhyň dürli döwürlerinde guran döwletleriniň serhet çäkleriniň abadanlygyny we asudalygyny goran, taryhy çeşmelerde «uç begleri» diýlip atlandyrylan serkerdeleriň halk, ýurt üçin bitiren işleri nusga alarlykdyr. Özleriniň boý-tireleriniň öňbaşçylary bolan bu beglere «uç begleri» diýilmeginiň sebäbi, döwletiň uç-gyrak künjeklerinde mekan tutup ýaşamak we ýaşap ýören sebitiniň beýleki beglerine ýolbaşçylyk etmek bilen, bu ýerdäki serhediň goraglylygyny we döwletiň howpsuzlygyny üpjün edendigi üçindir. «Uç begleri» soltanyň buýrugyny alyp gelen ýokary wezipeli ynamdar emirler tarapyndan bellenipdirler, olaryň her biri üçin soltan tarapyndan aýratyn harby baýdak — «sanjak» iberilipdir. Olar öz ilaty bilen täze ýerlere göçüp gelip ýerleşen we özleriniň göwnünden turan otlaklydyr awlakly ýer böleklerinde mekan tutan türkmen begleriniň içinden saýlanypdyrlar we döwletiň serhet çäklerini goramak işlerini üstünlikli alyp barypdyrlar. Uç begleriniň wezipeleri ylmy edebiýatlarda şeýle görkezilýär: Uç begleri, – - döwletiň kiçi hem-de esasy serhet zolagyny goramak wezipesini ýerine ýetiripdirler; - özleriniň ýaşaýan sebitiniň obalaryny, kiçi şäherlerini, galalary gorapdyrlar, bu ýerleriň ilatynyň howpsuzlygyna gözegçilik edipdirler; - çäklere degişli ýollary, köprüleri, kerwensaraýlary gorapdyrlar, bu ýerlerden geçýän söwda kerwenleriniň ýoluny howpsuz dowam etmeklerine gözegçilik edipdirler; - kerwenleriň, ýolagçylaryň özleriniň we haýwanlarynyň (at, düýe we ş.m.) saglyk ýagdaýlaryna seredilişine gözegçilik edipdirler; - her bir göçüp gelen ilatyň tagmalaryny anyklap, belläpdirler, olary Oguz, Garlyk ýa-da beýleki türkmen taýpasynyň nyşanlarynyň içine baglapdyrlar, olaryň asuda ýaşamak hukugyna gözegçilik edipdirler; - ilatyň saglygyna seredýän tebipleriň, hekimleriň, adalatly ýaşamaklyga jogapkär kazylaryň we beýleki halk hyzmatçylarynyň, gullukçylarynyň edýän hyzmatlarynyň halkyň günlik durmuşyna ters täsir etmezligine gözegçilik edipdirler; - «Il gider töre galar» diýlen mysalyndaky atalar sözüni ýörelge edinip, boý-tireleriň, maşgalalaryň arasynda dörejek uýumsyz, kanunsyz wakalary, meseleleri çözüpdirler; - serhetde nobat tutup, atly aýlanyp, gelip biläýjek howpy merkeze habar beripdirler we ş.m. Umuman alanyňda uç begleriniň üstüne ýigrimiden gowrak şular ýaly ýerine ýetirmeli wezipeler ýüklenipdir. Uç begleriniň serhedi goraýjy nökerleri döwletiň serhet zolagyna dykgatly gözegçilik edipdirler, ony sak gorapdyrlar, daşyndan gelýän howplaryň döwletiň çäklerine geçmeginiň öňüni alypdyrlar. Şol döwrüň serhet goragçylary özleriniň öňbaşçy serkerdeleri bolan begleriň buýruklarydyr görkezmelerini takyk ýerine ýetiripdirler. Oba kethudalary bolan begler oba degişli uç-gyrak künjeklere özleriniň nökerleri bolan ýigitlerini nobatma-nobat gözegçilige iberip durupdyrlar. Döwrüniň kämil ýaraglary bilen doly derejede ýaraglanan dört türkmen atlysy nobatma-nobat serhede gözegçilige çykypdyrlar. Şol gözegçilik edilýän uç-gyrak künjekler bir tarapdan serhet zolagy bolan bolsa, ikinji tarapdan oba ilatynyň mallaryny otladýan öri meýdanlary, otlak ýerleri bolupdyr. «Uç begi» adalgasy, takyk aýdylanda, taryhy türkmen döwletlerinde serhet çäklerini goraýan esgerleriň öňbaşçy serkerdesi, sanjak begi diýmekdir. Anadoludaky Seljuk türkmenleriniň döwletiniň synmagyndan soňra Bizans (Wizantiýa) serhedinde ýaşaýan türkmen beglerine taryhy adalgaşynaslykda «uç begleri» diýlipdir. Olaryň guran beglik şeklindäki döwletlerine-de «uç beglikleri» diýlipdir. Şol döwürlerde «uç» adalgasy serhedi aňladypdyr. Seljuk türkmenleriniň taryhy çeşmelerinde «uç» adynyň berilmesi döwletiň uç-gyraklarynda köpsanlylykda ýaşan türkmenleriň boý-tireleriniň ilat toparlaryna berlen atdygy ylmy edebiýatlarda nygtalýar. Soltanlaryň bir topary uç begleriniň kömegi arkaly tagtynda mäkäm oturmak bilen, hökümdarlygyny ýöredipdirler. 1204-nji ýylda tagty täzeden ele geçiren Anadoluly Seljuk türkmenleriniň soltany Gyýaseddin Keýhusrew Birinji özüne kömek eden türkmen uç begleriniň saýasynda üstünlik gazanypdyr. Anadoluda Deňizli sebitlerinde, türkmenleriň diýseň köpsanlylykda ýaşan uç-gyrak ýerlerine Ynançogullary ady bilen atlandyrylan türkmen begliginiň esasyny goýan Mehmet begiň (Mämmet beg, aradan çykmagy h.660 y./m.1262 ý.) ady çeşmelerde «Mehmed Beg-i Uç» diýlip berilýär. Hatda, «uç» sözi XIV asyryň ortalaryna degişli mongol Ilhanylara degişli çeşmelerde «uçat» diýlip ulanylyp başlanypdyr. Memlük türkmenleriniň çeşmelerinde hem «Sahibü’l-uçat» sözüne duşmak bolýar. Ýeri gelende, taryhda meşhurlyk gazanan uç begleriniň käbiriniň adyny agzap geçsek has hem ýerlikli bolar: Ynançogullary türkmen begliginden Mehmet beg, Maraş uç begliginiň (1071-1258ý.ý.) uç begi Nusreteddin Hasan beg, Emir Hüsameddin Çopan beg (Kastamonu), Emir Gyzyl beg (Ankara) we beýlekiler Seljuklar döwrüniň uç begleridir. Şan-şöhratly taryhymyzda edermen, merdana şahsyýetlerimiziň ýurt goragynda bitiren işleri türkmeniň çäksiz watansöýüji halkdygyny subut edýär. Bize nusgalyk miras galan pederlerimiziň gahrymançylykly ýollary häzirki ajaýyp döwrümiziň ösüp gelýän ýaş nesillerini, galyberse-de, ýurt goragçylaryny watanperwer bolmaga iterýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň özleri hakdaky aladalaryndan ruhlanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň serhetçileri hem geçmişde öçmez yz goýan gaýduwsyz ata-babalarymyzdan nusga alyp, mukaddes Watanymyzyň serhedini berk goraýarlar. Alparslan BAÝRAMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |