«Tut elimden äkit meni...»
Tut elimden äkit meni ezizim,
Gara ýeller yzymyzdan ýetmänkä.
Aşyp pikir çölün, hasrat deñizin
Garañky gijäniñ ahy tutmañka.
Bagta däl, erkana añlara baka...
Tut elimden äkit meni ezizim
Ýaşmagyn açmañka goja ýer ýüzi...
Sen ýyldyz, men älemgoşar bolaýyn
Aýra ýoldan bir menzile gideli.
Bar reñkimi bagra basyp, galaýyn...
Göklere Arş bilen söhbet edeli,
Pata bersin Gögüñ Nurana eli...
Sen ýyldyz men älemgoşar bolaýyn,
Leýlisaçym, nuruñ bilen ýuwaýyn...
Aý ata dünýäniñ iñ uly şemi,
Dogýar, ýanýar, sönýär, soñ ýene dolýar.
Gujagynda tebigaty-adamy
Daña çenli yraman hüwdileýär...
Ýol görkezsin şol parahat nagmalar...
Hawa, Aý dünýäniñ iñ uly şemi,
Gel batly uraly azat gadamy...
Almaz çykyp, kömürlerden saýlanyp
Keseki düýşlere girmän öteli.
Halallykdan kültem-kültem şaýlanyp,
Der ýüpünden öz halymyz çiteli..
Bir ýüzüksiz barmak, bir al keteni...
Almaz çykyp, kömürlerden saýlanyp,
Näme bolsa bolsun bize taýlanyp...
Taýmaz SEÝIDOW.
Goşgular