16:27 "Şemal meni alyp gidäýjek ýaly..." | |
ŞEMAL MENI ALYP GIDÄÝJEK ÝALY...
Goşgular
"Bizi alyp gider bu agşam şemal" Fürug Ferruhzad. Şemal meni alyp gidäýjek ýaly, Gulagma pyşyrdap ýyllaň buşlugyn. Garaş maňa, garaş! Boýuňa gal-da; Serwi boýly bir dilberiň ugrunda Egni gysyk gezen - göýdük ýaşlygym. Bir tarapy ýaşyl, beýlesi sary Ýapraklarda gaýýar şemalyň heňi. Her perdede çözülip dur bir düwün; Käte dünýälere sygmaýan göwün Ikije ýapraga sygjak ekeni. Eý, meniň ömrümiň ýaşyl ýapragy! Sen bahary alyp gideliň bäri Hazan höküm sürýär şahalarymda. (Ne toprakdan pena, ne Gökden dalda..) Diňe, käwagt, ak pagta deý bulutdan Teşne heserime ýetişýär däri. Bu gün bolsa şemal gujagna gysyp, Göteräýjek ýaly ýar saňa tarap. Tapylmanlar galsyn öňki gujurym, Ilkinji günki dek terdir hyjuwym. Şem ýa:zyksyz, kebelekdir döwtalap. Şemal meni alyp gidäýjek ýaly Ýagyşa dürsedip ýadaw demimi. Göýdükligmi bulutlara bagyşlap, Hasratymy ýapraklara nagyşlap, Barýaryn ezizim, sakla lebiňi... 19.07.2019 ý. © Taýmaz SEÝIDOW. | |
|
√ Seniň yşkyňda eý, nämähriban, bihanyman boldum... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Görüp göçmeli dünýedir / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ Soñudagy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Watan / Goşgular - 25.11.2024 |
√ Söýüň çagaňyzy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |