17:03 Tüýkesmeler | |
TÜÝKESMELER
Satiriki hekaýalar
(felýeton ýerine) Gadymy Şagadamyñ orruk ortasynda iki sany kümsük pete-pet gabatlaşdylar. Olaryñ ikisem ýigrimi bäşiñ dälijesi bolsalar-da, pişesiz entäp ýören bikärlerdi. Mars Sadykow köne ülpeti Nedir Merdanowa duşandygyna begenip, gyzyl tapan ýaly, ýyrş-ýyrş etdi. Olar tirkeşip, deñiz kenaryndaky meýhanalaryñ birine bardylar. Töre geçip, jaýlaşdylar. Çişlik, çekdirmedir bökdürme öñlerine gelensoñ, kümsükleriñ söhbeti alşyp gitdi. - Hawwa, Mars halypa, bi günler nä kär edýäñ? - Şo-ol öñki kärdir. Özüñ haýsy pişä ulaşyp ýörsüñ? - Meñem köneje kärim. On barmagym sag bolsa hor-homsy boljak gümanym ýok. - Tüweleme, ikimizem öz söýgüli kärimize wepal-ow! Gel, şonuñ saglygyna götereli! - Baş üstüne! Bulgurlar yzly-yzyna jyññyrdady. Kelleler gyzdy. Olar soñabaka nirede oturandyklarynam unutdylar. Ker bilen gepleşýän ýaly gygyryşyp, pynhan syrlaryny ile ýaýyp ugradylar. Nedir Merdan ogly agzyny köpürjikledip men-menlik satýardy. - Näçe ýataklary garaldyp, ençe keteklerde ýumurtga togalabermeli etsemem, ýeke gezek ele düşen däldirin! - Ökdeläpsiñ-ow! Gol beren ussadyñ barmy? - Eýsem näme. - Oña kim diýerler? - Şagal Şagal ogly diýerler. Sadygyñ dogmasy Mars gülüp-gülüp kese ýykyldy. - Be, sen-ä degişgen bolup gidipsiñ. Heý-de gezip ýören şagaldanam halypa bolarmy? - Gulak as! Şagallar ogurlyga haçan gidýärler? Ýelli-ýagmyrly gijeler. Ýa-da ukynyñ iñ şirin wagty, dañ ýyldyzy gözüni görkezmänkä. Menem şol göreldä eýerýän. - Düşnükli. - Balbulagyñ ýokarragynda ýaşaýan bendeleriñ biri bir goýuny iki ýyla golaý bakyp-bejerdi. Bakysy ýetirlen baggoýun semräp, sygyr ýaly boldy. - "Ekin ekeniñki, mal bakanyñky" diýipdirler. Ol goýnuñ saña näme dahyly bar? - "Sakawayñ soñuna seretsen-e!" Şagal halypamyñ awa çykýan mahaly, gijäniñ tüm garañkylygynda ýañky baggoýuny gaplañ aparana dönderdim. Muny ynsan-a däl, hatda itlerem duýmady. Ele düşen oljany weşeñ-weşeñ pula öwräge-de, ine, saña hezzet-hormat edip otyryn. - Garañky gijede bükdekläp ketege-ýataga girip ýörmegi öñýeten ogry oñarar. Başarsañ, meñki ýaly gündiziñ günortany depseñ yranmaz öýleri urup, gülberini göçürip gaýdýarlar. - Heý, gündizem öý urup bolarmy? - Başarsañ, başaryp bolmajak iş ýokdur. Menem saña soñky başdan geçirmelerimiñ birini gür bereýin. Ýelken ýaly gulagyñy bäri çöwür. - Gulagym sende, aýdyber. - Jübime pul düşjegini öñünden duýýaryn. - Nädip? - Elimiñ aýasy gijeýär. Ol gezegem şeýle boldy. Gelmişekleriñ kisesini bilbiliñ ketegine öwüreýin diýip aeroporta bardym. Elim uran kisämden boş çykmasa-da, aýamyñ gijilewügi aýrylmady. Gaýtam güýjäp, ýüregme düşüp ugrady. Diýmek, maña has gabarak olja garaşýar. Daş çykdym. Ho-ol, añyrda seleñläp oturan gatbar-gatbar ýaşaýyş jaýlaryna tarap ümzük atdym. Ikinji gatdaky äpişgäniñ ýokarky gözi açyk eken. Şol otagyñ gapy tarapyndan baryp, işigi şunça kaksam-da, ses beren ynsan bolmady. Içerde janly-jandar bara meñzeş däl. Onnoñ şol jaýyñ yzyna dolandym. Gapdalda başlanyp, taşlanan gurluşyk bardy. Işçileriñ taşlap giden köne-sanasyna girip, julumy çalşyrdym. Iki sany hekli bedräni, tam agardylýan gurallary, dört-bäş gulaçlyk merdiwany ýaşaýyş jaýyna tarap süýredim. Hawa, ýeke kişi menden erbetlik güman etmedi. Gaýtam: "Berekella, biziñ jaýymyzam remont edeweriñ!" diýýärler. Menem: "Garaşyberiñ, size-de nobat ýeter" diýýärin. - Wah, señ "remont" eden içeriñde soñra tupan turýanlygyndan habarlary ýok-da olaryñ. - Yzyny diñlesene! Merdiwany söýäp, ýokary dyrmaşdym. Öñünden peýläp goýan äpişgämiñ töweregine uly yhlas bilen hek çaldym. Onsoñ aýnadan içeri jykladym. - Heke bulaşanyña degýärmi? - Olar ýaly olja señ düýşüñe-de giren däldir. Edil, patyşalaryñ hazynasy ýaly eken. Äpişgäniñ açyk gözünden elimi sokup, ildirgijini ýazdyraga-da, öýüñ törüne geçdim. Ýalpyldawuk aýakgaplary, göwher gap-gaçlary, sütükli gursakçalary, heniz adam ysy çykmadyk penjekdir balaklary, täzeje çaga egin-eşiklerine deñiç orta üýşürdim. - O zatlary nädip alyp gitjek? - Hekdir sementden boşan köne haltalary özüm bilen alyp barypdym. Gülberleri şolara gapgardym. Ýigrimi gramlyj altyn zynjyrlary, enaýyja sagatlary penjegimiñ jübüsine dykdym. - Pul ýok ekenmi o taýda? - Kän eken. Olary goltuk jübime saldym. - Başga jübiñe salanda bolmaýamy? - Sen-ä pekge ekeniñ-aý. Pul ýüregi ýyladyp duraa adam pahyr gaýratly bolýar-a. Düşdüñmi?! - Adamlañ aýak üstünde gezip ýören wagty sen güpbasdy edilmekden gorkmadyñmy? - Kimden gorkaýyn? Şol gazykdan ýöretme sadaja goñşujyklardanmy? Içi deljr harytlardan doly, daşy çañjaryp duran köneje haltalary gurluşygyñ añyrsyndaky hendege tarap hyklap-çoklap alyp barýarkam goñşularyñ käbiri maña dözmezligen etdiler. Ussa akyr-ukurlary azyrak göter. Ýogsam agram salyp, biliñi gypjyndyrarsyñ. Isleseñ göterişmäge kömek edeli!" diýdiler. - Birküç sany haltany olaryñ arkasyna goýmaly ekeniñ. - "Gerekli daşyñ agramy ýok" diýipdirler. Agyram bolsa o zatlary çekmäge bir özüm hötde geldim. Soñam bir kireýkeşiñ ýük maşyny bilen öýüm getirdim. - Biriniñ öýüni göçürip gelendigiñi aýalyñ geñlemedimi? - "Aýalda akyl bolmaz, eşekde sekil" diýip, ötenlerimiz rast aýdyrlar. Men oña: "Bir dostum gyssagly göçüp gitmeli boldy. Oña pul gerek. Ähli öý goşlaryny satyp bermegi menden towakga etdi" diýip, çyna berimsiz jypdyrdym welin, ol görgülijik bi bol-telkiligiñ änigine-şänigine ýetjegem bolmady. Gaýtam, kömekleşdi. Harytlary mazamlap, bahasyny ýetirip ýelmemäge başlady: - Onça zada hyrydary nädip tapdyñ? - Men señ ýaly il ýatyp, it uklansoñ ogurlyk edip, pynhan söwda edemok. Meñki hemişe aç-açanlyk. Şäheriñ köp mähelleli ýerlerinde açyk söwda guraýan welin, satuwa çykaran harydym duw-dagyn bolaýýar. "Jennet" dükanynyñ işiginde söwdam şeýlebir gyzdy welin, hatda dükançy gelinler öz söwdalaryny taşlap, meñ daşyma egele bolaýdylar. Olar ömründe nobata durup görmedik gelinler-dä. Agzymdan çykaran nyrhymy elime tutduraga-da, haltamdaky zatlary ham paýlaşan ýaly edäýdiler. - Onsoñ, "remont" eden öýüñden gazanan "girdejiñ" näçeräk dagy boldy? - Manat hasaby bilen 50.000-den geçendigine özüm diri şaýat. Hemmesini satyp ýetişemok, artan-süýşen haryt ýene bar öýde. - Ýör, onda size gitdik. Belki menem tüýümi täzelärin. Şü artyp galan şylhalardan bizar bolupdyryn. - Ýogsa-da, meñ artbujagym gijäp ugrady. Bi nämäniñ alamatyka? - Meñkem şeýle. Biz tizara uzak ýola rowana bolarys. - Diýmek, biz başga şäherlere syýahata gideris, şo taýlardaky kärdeşlerimize penr berip, olaryñ rysgallaryny agyzlaryndan kakup gaýdarys. Yranyşyp barýan iki sany lül-gammar "Söýenişen ýykylmaz" edip, özlerini zordan Marsyñ öýüne atdylar. Öý eýesi öz harydyna gymmadrak nyrh kesip, Nediri aldap-ogşap soýmaga synanyşýar. Olam serhoş bolsa-da öz hasabyna jür. Birdenkä-de serhoşlaryñ gepleri azaşdy. Ýaka tutuşyp, gyzyl ýumruga girdiler. Araçy bolmansoñ it bolup çeýneşip, şagal bolup uwlaşdylar. Soñra söweş daşarda dowam etdi. Olar biri-birini gaýgyrman ýenjýärdiler. Kimdir biri milisiýa jañ edensoñ, "kärdeşleri" idenekleşip, alyp gitdiler. Gargynçdyr sögünçler milisiýanyñ jaýynda-da dowam etdi. Mars sesine bat berýär. - Sen ownukçyl kümsük. Biziñ adymyza ysnat getirip, jüýje-towuk, owlak-guzy ogurlaýañ. - Sen bolsa öý ýaryp, galyñ bendäñ içini juwladýañ. Gahar-gazaba münen pyýadalar ähli aýyplaryny biri-biriniñ ýüzüne bazyrdadyp basdylar. Milisiýa işgärlerine-de geregi şol. Olaryñ gep-gürrüñleriniñ gylyny gyşartman ýazga geçirdiler. Soñam olary huşa getirijä ýeke günlük "myhmançylyga" iberdiler. Ertesi özlerine gelen tüýkesmeler düýnki aýdan sözlerinden kes-kelläm boýun towladylar. Nedir özüni dälilige salyp, düblän boldy. Möjek alana dönen goýnuñ derisi Nediriñ öýünden çykansoñ, ol gaçybatalgasyny aldyrdy. - Muña goýnuñ özi günäkär. Howlyma girip, bag-bakjalarymy wes-weýranlapdyr. Menem şoñ öwezine, onuñ başyny kesip, derisini serdim. Marsyñ tünegi barlananda bolsa onuñ heniz ýoguna ýanyp ýetişmedik 4.250 manatlyk ogurlyk zatlary tapyldy. Ol indi jezadan sypmajagyna göz ýetirdi. Ýöne ony ýeñilleşdirmek üçin sapalak atmaga başlady. - Şol öýüñ eýesiniñ maña kän pul bergisi bar. Wagtynda üzlüşmän, meni it aldan ýaly edip ýör. Onsoñ menem şeýdip özümjik hasaplaşaýdym. "Dertdeşleriñ" ikisem eli bilen edenini egni bilen çekmeli boldy. Nediriñ lükgeligi bilen bokurdagyndan ötüren ýumry goýnunyñ bahasyny garry kakasy pensiýasyndan tölemäge razylaşdy. Marsyñ ýele sowran elli müñüniñ gowzuny doluşmaga döwtalap dogan-garyndaş welin tapylmady. Karzyny üzmek üçin sud oña üç ýarym ýyl möhlet berdi. Ol häzir çitenekli simiñ añyrsynda daşy saklawly işläp, gazanç edýär. Ogry-jümrüleriñ artbujagy gijese eýelerini, gör, nirelerden çykarýan eken! Oraz GUWANJALYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |