10:08 Awlagda / hekaýa | |
AWLAGDA
Hekaýalar
(Hekaýa) Jokrama tomus günleri öz ornuny çigreklije güýze berdigiçe, deñiz kenarynyñ märekesi selçeñläp ugrady. Dynç alyş möwsümi tamamlanansoñ, sapaly kenar sowlan bazara döndi. Bu ýürek gysdyrgyç ümsümlik uzaga çekmedi. Demirgazykdan gyşlamaga gelýän ganatly myhmanlaryñ ilkinji sürüleri göründi. Hemişe bolşy ýaly, bu ýyl hem tüññeledir gorjanlar beýleki suw guşlaryñ başyny çekip geldiler. Guşlar, köplenç, gije gelýärler. Bu gün görseñ aýna ýaly bulduraýan aýlagda iñlär siñek ýokdur. Ertir barsañ şol aýlagyñ ýüzi syýahatçy guşlardan ýaña petir bezelene dönendir. Agşamlaryna guba gazlaryñ sazlaşykly gygyldysy, ýaşylbaşlaryñ wakgyldysy köpeldi. Emma barak görünmeýärdi. Garry mergenler baragyñ hemişeki wagtyndan gijä galmagynyñ sebäbini howanyñ maýyllygyndan görýärdiler. Barak mañlaýynyñ sakary diýäýmeseñ, guýrugy gommuk gara towuk mysaly ümsümje guş. Ol adam bolsun, haýwan bolsun ürkmeýär. Çekinmeýärem. Il arasynda şeýle rowaýat bar. Uzak ülkeleri görüp, gyşlardan dolanyp baran guşlary olaryñ patyşasy kabul edýärmişin. Şonda gazlardyr ördekler "oruldyk-da-gyryldyk" diýip, arz edýärmişinler. Baraklar bolsa, "bitimiziñem burny gananok" diýýärmişinler. Ýogsam iñ köp awlanýan guşlar barak ahyryn! Sebäbi baraklaryñ san-sajagy ýok. Olar dünýä boýunça-da iñ köp guş bolaýmagy mümkin. Güýz bilen gyşyñ sepgidinde howa tiz-tizden üýtgeýär. Bir görseñ Gün çykyp durandyr. Birdenem deñiz bilen asmanyñ sepleşýän ýerinden göterilen çal bulutlar goç kimin süsüşip, ýyldyrymyñ ýiti gylyjy ýalpyldap gidýändir. Maýdaja ýagyş damjalary paýyrdaşýandyr. Gulan aga bilen ýatymlaýyn awa gaýdypdym. Ikindin öwsüp duran şemal ýuwaş-ýuwaşdan güýjäp, ýassyna deñiç harasada öwrüldi. Şuwlaýan güýçli ýel ýerkümämiziñ ot-çöp bilen basyrylan üçegini goparyp, honda zyñyp goýbermese-de, iki baka yraýardy. Kalbyña wehim salýardy. - Kenara örklengi taýmyllaryñ ýüpüni ýel üzäýmez-dä, hernä?! - diýip, içki galagoplugyny daşyma çykardym... Köpi gören: - Taýmyllaryñ başbagy pugtadyr. Mundan güýçli tupanlara-da döz geler - diýip, hemişeki arkaýynlygy bilen gürledi. Soñ hem ýeliñ piri Haýdar baba sygyndy: - Ýa gurbanyñ bolaýyn Haýdar baba, gaýrat et! Içi ýelli meşigiñ bujagyny ýene biraz açaweri! Uçmaga ýaltanýan semiz baraklary ýel bilen getir-de, dök biziñ aýlaga. Goja awçy heniz dañ ýyldyzy dogmanka oýardy. - Oglum, turaweri! Dilegimiz kabul bolupdyr. Düýnki ýel barak barynh getiripdir. Ýerkümeden ýarpy göwrämi çykaryp, deñze tarap nazar aýlaýaryn. Harasat ýatypdyr. Tüm garañky gije. Hiç zat görnenok. Gara perdäniñ añyrsyndan dürli owazlar eşidilýär. Çuluklaryñ jüýgüldisi, uzyn aýakly gogurlaryñ jagyldysy, jygaly ördekleriñ şadyýan sesi awlag ýerimizi göçüräýjek bolýar. Endigan çykýan "dyk-dyklar" bolsa, has-da köp eşidilýär. Şol "dykgyldylar" süri-süri baraklaryñ sesi bolmaly. Täze gelen baraklardan geregimizi edindik. Goşlarymyzy ýygnap, öýe gaýtmaga häzirlendik. Kenara golaýdaky barak sürüsi gökje çolanlaryñ bolrak ýerlerinde agyp-dönüp, erkana sonarlap ýördi. Birden olar tebil tapyp, bir ýere üýşdi. Biri-birine gysylyp, bir toprak gara keçä öwrüldiler. Şol demde "gara keçäniñ" dik ýokarsynda çüñki egri ýyrtyjy guş peýda boldy. Ol gyrgydy. Gyrgy awunyñ üstüne birbada inmedi. Ol has-da belende galyp, bir nokada öwrülip saklandy. Aýylganç ses edip, dikbaşaşak gaýtdy. Baraklar dilleşen ýaly, bary arkan agyp, asmana suw peşäp ugradylar. Gyrgy badyny saklamaga mejbur boldy. Ol suw guşy däl, gyr guşy. Suwdan öler ýaly gorkýar. Üstüne syçyran sowujak suwdan ürküp ümdüzine tutdurdy. Ejizje baraklar şeýdip, ýowuz duşmany suw bilen ýeñdiler. Agzybir baraklar toplumyny bozman, duşmanyñ täze hüjümine garaşdylar. Gyrgy bolsa soñ yzyna köwlenmedi. Baraklar ýene-de ýazylyp-ýaýrap, öz rysgallaryny çöplemäge girişdiler. Indi olaryñ depesinde her ganaty bir geze golaý garry, ak çarlak pel-pelleýärdi. Baraklar ondan ätiýaç etmeýärdiler. Ol balykçy, höregi diñe balyk, onuñ barak bilen asla işi bolmaýar. Ikisi-de suw guşy. Bar tapawudy barak ot iýýär, çarlak balykdyr et iýýär. Şu gün çarlagyñky şowuna däl. Ganatly myhmanlar onuñ awlagyny daraltdylar. Tüññeledir gorjanlar çülpeje balyklary ýer eýesine ýetirenoklar. Tüýs "Mellekçä ýer berseñ, ýer eýesini ýerden çykarar" diýleni boldy. Çarlak gorjanlary jandan-tenden ýigrenýär. Olaryñ agzyndaky balyjaklary aljak bolup, üstlerine hüjümem edýär. Gorjan çümmäge diýseñ ökde. Ol oljasyny çüñküne gysýar-da, deñziñ düýbüne ýitirim bolaýýar. Ýüz ädim añyrdan çykanda bolsa, onuñ çüñki boşdur. Diýmek, balyjak eýýäm barjak ýerine barypdyr. Çarlak ýüzmäge ökde bolsa-da, çümmegi başaranok. Çarlak aýylganç açlyk belasynyñ ejirini çekýär. Ençeme gyşyñ añzagyna, jöwzaly tomsuñ yssysyna polat deýin taplanan sary çüñküni gaharly şakgyldaýar. Ol garakçy gyrgy ýaly golaýyndaky barak sürüsine topulanok. Suwuñ ýüzünde balyk bolmasa-da, balyk awlanan mysaly özüni suwa urýar. Düýbi görnüp duran suwy pagşyldadyp, ýene-de asmana göterilýär. Ol şeýde-şeýde, barak sürüsine aralaşdy. Onuñ aşak-ýokary inip-galmasyna halys öwrenişen baraklar oña ünsem bermeýärdiler. Ine, ol süriniñ bäri çetirägindäki baragyñ ýakyn ýanynda suwy pagşyldatdy. Barak oña tarap nazar aýlamady. Çarlak bu gezek öñkülere garanda has belendiräge galyp, özüni ýene aşak goýberdi. Ýöne baragyñ golaýyna däl-de, üstüne düşdi. Ýylçyr gaýanyñ çür başynda oturan, awy oñmadyk gyrgy çarlagyñ ähli hereketlerine syn edip otyrdy. Ol ekezlendi. Irimçik ýeleklerini hüžžerdip, öñe atyldy. Ýyrtyjy guşuñ bäsdeşini başa-baş söwrđ çagyrýan aýylganç sesi awlan awuny ýañy tüýtmeläp ugran ak çarlagyñ zähresini ýardy. Alaç ýok. Yza çekilmese, gyrgynyñ demir penjeleri onuñ boýnuny sogurjakdygy gümansyzdy. Ol zordan ýeten oljasyndan söweşsiz el çekmäge mejbur boldy. Çarlagyñ penjesinden sypan baragyñ göz açyp-ýumasy salymyñ içinde deñze çümenini görse-de, asmandan okdurylyp, gelýän gyrgy badyny saklap bilmän, özüni suwa urdy. Emma, eýýäm giçdi. Deñziñ içinde balyk kibi ýüzüp barýan baragyñ ýiteñkirlän garasuny zordan saýgaran gyrgy, tolkunlaryñ batly pagşyldysyndan elheder alyp, tizden-tiz özüni dürsedi-de, asmana göterildi. Şol wagt, gyrgynyñ duýdansyz hüjüminden aman sypan çarlak bolsa, añyrsyna-bärsine göz ýetmeýän mawy deñziñ joşgunly tolkunlarynyñ üstünde erkana ganat ýaýyp ýördi. Oraz GUWANJALYÝEW. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |