06:42 «Sen aýtdyñ: "meşhur Saady mydama…» | |
«SEN AÝTDYÑ: "MEŞHUR SAADY MYDAMA…»
Goşgular
Sen aýtdyñ: "Meşhur Saady mydama Ogşar eken öz ýarynyñ göwsünden". Tagapyl et, läläm, pursat ber maña, Öwrenerin şeýdip öpmegi men hem. Sen aýtdyñ: "Ýefratdanam uzakda, Gülçe ýokmuş näzli-näzli gözeller". Söze çeper bolan bolsam, sen hakda Dörederdim täze, täsin gazallar. Şol gülleñ üstünde ganatym ýaýyp, Keserdim men läleleriñ hemmesin. Goý, dünýäde Şaganeden ajaýyp, Ýeke gül hem, ýeke gyz hem bolmasyn. Seniñ bu öwütleñ gury bahana. Gowsy olar bilen örteme meni. Şahyr bolup indimmi men jahana, Şahyr şekilli-de ogşaryn seni. Terjime eden: Halyl KULYÝEW. * * * Ты сказала, что Саади Целовал лишь только в грудь. Подожди ты, Бога ради, Обучусь когда-нибудь! Ты пропела: «За Ефратом Розы лучше смертных дев». Если был бы я богатым, То другой сложил напев. Я б порезал розы эти, Ведь одна отрада мне – Чтобы не было на свете Лучше милой Шаганэ. И не мучь меня заветом, У меня заветов нет. Коль родился я поэтом, То целуюсь, как поэт. 19 декабря 1924 г. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |