16:55 Ukrain ýomaklary | |
UKRAIN ÝOMAKLARY
Degişmeler
- Nirä dazlap barýarsyñ? - Uruşýanlary aralamaga... - Kim uruşýa? - Bondarçuk bilen men. * * * Kakasy ata-eneler ýygnagyndan dolanyp gelipdir. Ol öýde top oýnap ýören ogluny ýanyna çagyryp, gaharyny ýuwudypdyr-da: - Sen öz klasyñyzda iñ ýalta okuwçyny tanaýañmy? - diýip sorapdyr. - Bilmedim, kaka, hä näme? - diýip, ogly egnini gysypdyr. - Bileñokmy, a sen, belki, hemme kişi sapagyny işläp durka, iki elini biri-biriniñ üstünde goýup oturanyñ kimdigini aýdarsyñ? - Ä-ä! - diýip, ogly gygyrypdyr. - Wah, başda şeý diýip soraýmazlarmy? Ol-a biziñ mugallymymyz... * * * - Señ adyñ näme, oglanjyk? - Bilemok! - O nähili bileñok? Öýüñizde señ adyny näme diýip tutýarlar? - Kakam-a bezzat, ejem möjek, atam galtaman, enem bolsa şeýtan diýýär! * * * - Näme üçin sen äýnek dakynañok? - diýip, segsen ýaşly kempirden sorapdyrlar. - Wah, men näler dakynjak-la! Ýöne şü ärimden çekinýän. Birden ol maña "Sen-ä eýýäm garrapsyñ" diýse, men näderin! - diýip, kempir jogap beripdir. * * * Aýaly: - Bilýäñmi, maña bäş sany men diýen goç ýigit öýlenjek bolup çytraşypdy. Ýöne şonda-da olañky paşmady. Bu günki gün bolsa sen... Adamsy: - Päheý, bu akmagyñ sammyldaýşyny. Hut meniñ özüm on sany gyza öýlenjek bolup, olaryñ gözüni-başyny aýlapdym ahyry... * * * - Sen goñşyñyñ gulagyna ýelmäpsiñ diýip aýdýarlar welin, şol çynmy? - Galat! Eger-de ol şuña meñzeş ýene-de gabahat zatlary lakgyldaýsa, ony ýene bir ýelmärin welin, gaýdyp ikini islemez ýaly bolar... * * * Iki awçy özara söhbet edýär. - Sen ýekegapan awlañda tüpeñiñe nähili ok salýañ? - Diñe tüsselisini. - O näme üçin. - Sebäbi tüsse sowlynça men agaja dyrmaşmaga ýetişýärin. "Edebiýat we sungat" gazeti, 31.07.1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |