17:02 Ukrain ýomaklary | |
UKRAIN ÝOMAKLARY
Degişmeler
• Ýyljak söz - Ezizim, meñ bilen juda sowuk gepleşýärsiñ. Iñ bolmanda ýekeje ýyljak söz aýt ahyry - diýip, gyz ýigide nägilelik bildiripdir. - Possun! - diýip, ýigit ýüzüniñ ugruna jogap beripdir. • Dogry jogap - Meniñ pikirimçe, zehinliligiñ özi hem bir keselmikä öýdýän! - diýip, bir ýazyjy dostuna gürrüñ beripdir. - Gamlanmañ, siz tut ýaly sagdyn ahyry - diýip, dosty oña jogap beripdir. • Bilip goý - Eger men saña birden haýwan diýäýsem, näme ederdiñ? - Maña şek ýetireniñ üçin jogapkärçilige çekdirerdim. - A, eger-de men sen haýwan diýip, diñe pikir edäýsem näme? - Onda hiç zadam etmen. Sebäbi hemme kişiñ islän zadyny pikir etmäge haky bar. - Beýle bolsa, bilip goý: men seni haýwanlaññam nejisi diýip pikir edýän. • Dyza çökdi - Aýalyñ bilen düýnki jenjeliñiziñ soñy näme bilen gutardy? - Aýalym öñümde dyza çöküp, süýndi. - Be? Ol, onsoñ, saña näme diýip ýalbardy. - Betbagtyñ çagasy, züwwetdinligiñi etme-de, tiz krowatyñ aşagyndan çyk! - diýdi. "Edebiýat we sungat" gazeti, 15.12.1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |