12:02 Umyt uçgunlary | |
UMYT UÇGUNLARY Gowy kämil zatdan göwnüñ suw içse, aýrylasyñ gelenok. Goşgularyny gaýtalap-gaýtalap okadygym Aknur Rozyýewa, Nurgözel Akmyradowa, Maýa Halykowa dagylaryñ her haýsynyñ öz ýüzi bar. Şygryýetde öz ýüzüñi görkezip bilmek, bu örän belent zehini talap edýär. Sadalyk bar, keramat bar kalbyñda, Dogduk mekanyñy gudrata öwürmegiñ özi-de bir belentlikdir! Özge ýerde giñ jahana sygmadyk, Aknuryñ beýleki iki goşgusy bolsa, içki duýgusy güýçli goşgulardyr. Olaryñ birinde erkana, eziz Diýarymyzyñ asuda, tämiz säheri taryp edilse, beýlekisinde bägülleriñ tebigatyna şahyr gözi bilen syn berilýär, şahyr ýüregi bilen gülleriñ gözelligi syzylýar Garañky şalyny ýygnap ýör gije, Biziñ günde görüp ýören säherimize şygryýetiñ nuruny saçyp, ony şeýle bezemek, şahyr ýüreginiñ sünnäli nagşydyr. Ýa-da: Söýgiñ wysaly deý ýaşap ýörendir, Dünýä ýaly giñ sähramyzyñ sadaja güllerini şeýle keramata öwürmek bu täze, şahyrana pikirden nyşandyr. Çyn şahyrlar üýtgemeýär aslynda, - diýip, ýazmak bilen olaryñ merdemsi ýüreginiñ waspyny ýetirýär. Nurgözel "Yşka ynan!" goşgusynda ykbala ýüzlenip: - diýip, her bir ynsanyñ ýaşan ömrüniñ bimany bolmazlygyny tekrarlaýar. Nurgözeliñ şu ýokardaky ady agzalan goşgusynyñ pelsepeli dowamy bolup, "Ýaşaýyş" atly şygry hem belent ýañlanýar: Ýerde ömür synar öýtdi, Ine, bu Ýer ýüzündäki ýaşaýşyñ şahyrana pelsepe bilen beýan edilişiniñ özboluşly nusgasy. Ýaş şahyryñ "Damjalar" şygry hem näzik duýgulara ýugrulan ýüregiñ altyn damja ýaly dury owazlarydyr. Yşkyñ daragyny sessiz kakdym men, - diýip, çekinjeñlik bilen başlanan yşky goşgusynyñ ahyrynda uly ynam bildirip: Sen entek üşäber, gagşaber, ýazda, - diýip, ynsan umydyny söýgi wysalyna baglaýar. Şeýlelikde, şahyr öz ýüreginde gopýan harasady çeper duýgular bilen ösdürip, söýginiñ öçmeýän oduny gülälekleñ közünde görýär. Şygryñ mydama umytly türkmeni maýyl ediji güýji hem şonda. Maýanyñ ikinji goşgusy "Ýüzük" diýlip atlandyrylypdyr. Şahyr ol goşgusynda sülük ýaly barmagyndaky ýüzügiñ göwher gaşyny aşyk ýigidiñ görejine deñäp şeýle çeper, täsin setirleri döredipdir. Kim ol? Umuman, bu üç ýaş şahyryñ kalbynda tebigy zehin joş urýar. Ony bolsa birsyhly ösdürmeli, aýamaly, sylamaly! Sary DURDYÝEW, # edebiyatwesungat_2005 | |
|
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |