12:30 Ürkdi gitdi | |
ÜRKDI GITDI
Goşgular
Elden, ol-a emel eken, Eýse, indi erk-de gitdi. ...Elli ýaş ─ tüýs neme... eken, Gitdi, menden görk-de gitdi... Aýby ýok, munuň hiç aýby, Asla, ýok öýlenjek gaýgym. Çal ýeller başdan aýagmy, Çaňy bilen örtdi gitdi. Ýat boldy hoşzyban dilber, Ýada düşse, ýürek dilner. Asal-asal sözlän diller, Ajysyny pürkdi gitdi. Ömrüm şemdir ─ ýyldyr-ýyldyr, Öçüp barýar. Niçik ýyldar?! Duşdan göç geçirip ýyllar, Böwrüme bir dürtdi gitdi. Goşgy goşýan ─ göwne melhem, Getirýär ol biraz pul hem... Görüň, bu gün ol hem, ol hem, Meger, menden ürkdi gitdi?! | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |