21:28 Erk hakynda erteki | |
ERK HAKYNDA ERTEKI
Goşgular
ýa-da adamlaryň agyr günde özlerine erk edişleri barada hakykata ýakyn bir hekaýat I. Bir bar eken, Bir ýok eken... Bu erteki çynmy, ýalan? …Şol gün duşman leşger çekip, Bir şäheri zamun alan... Garry-ýaş gyrlypdyr kileň, Ýagy darapdyr rehimsiz. Emma bir saý-sebäp bilen, Bular düşenmişin ýesir... “Kesiň olaň iki elin! ,” Diýip, han çykardy höküm. ...Gelýärler ýeke-ýekeden, Kim arkaýyn, kim bil büküp. ...Kör, ogry, ussa, söwdagär, Garakçy, şahyr—altysy... Bu gün jellat bolmaz bikär, Çalyp otyr ol paltasyn... II. ...Dowul aldy kör, Gobsunyp, gör! Soň seslendi, turdy-da ör: —Wah, ellerim—bar mydarym. Birin al! Nätjek, çydaryn... Sen neneň bilýärsiň dözüp! ...Dillendi ogry. Eli bolsa-da egri, Jellada seredip dogry: —Ýalbarýan kesme elimi, Kes sen gowusy dilimi... Kesbimden bilmen el üzüp! ...Ädikçi ussa, Basylyp sussy, Gürledi ol assa-assa: —Haýpyň gelsin bu ellere, Aýakgap dikýän illere… Olar onsuz bilmez gezip! …Ýeser sowdagär, Tapdy bir tär! Diýdi, bolup umydigär: —Kesmäweri ellerimi, Bereýin, bar pullarymy… Bolmazmy-ka oňyn çözüp! …Otyr alakjap, Seret garakça! Gepledi ol garanjaklap: —Çapma meniň ellerim sen, Getireýin telimsin men… Näçe diýseň, ýüpe düzüp! …Çekmäň bir ahy, Dymýardy şahyr. Buýsançly seslendi ahyr: —Degme meniň ellerime, Janym al sen gel, ýeriňe… Derkar däl… Bilmesem ýazyp! III. …Jellat tapdy hemmäň tärin, Ol oňat bilýär öz kärin. Şondan bäri şol golak kör, Şindem sag-aman gezip ýör. Iki golsuz galan ogry, Özüne ýol saýlapmyş dogry. Ussa aýrylyp golundan, Kesbin goýupdyr ogluna. Söwdagär gutaryp harjy, Boldy ile belli jarçy. Şol garakçy—suwsan gana, Nöker durupmyşyn hana. …Men şol şahyra gynanýan, Hem düşünmäge synanýan. Düşünýän, gowy düşünýän, Ýöne, az-owlak üýşenýän. Bolan bolsam özüm, ýeri… …Allam, özüň goraweri! Annamuhammet KIRŞENOW. | |
|
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Keýik / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Ýer şar aýlanýar / Goşgular - 09.06.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |