12:58 Men jüýjämi gowy görýän... | |
MEN JÜÝJÄMI GOWY GÖRÝÄN...
Goşgular
(ulular üçin aýdymjyk) Gowy görýän-ä, gowy görýän, Men jüýjämi gowy görýän! Şonuň üçin iým berýän, Şonuň üçin suw berýän... Ýene ýagşy ulalar, Ýumurtga berer olar. Heýjan-elek, jan elek, Her gün iýem heýgenek... Käte içjek çiginem, Köp güç bereri ýaly. Gatap giden içimi Gowja süreri ýaly. Iýjek irden gaýnadyp, Ýatar garna iýmerin. Ertirligmi gaýgy edip, “Näme iýsemkäm?!” diýmerin. Gowy görýän-ä, gowy görýän, Men jüýjämi gowy görýän! Şonuň üçin iým berýän, Şonuň üçin suw berýän... Öz agzymdan artaýsa, Özgelere satsam nä?! Guzlamasyn goýsalar, Gazanjygma atsam nä?! Kä salsam howurpeçe, Kemsizje buglajak kä... Ýa içi jüýjelije Ýagly palow näderkä?! Ýanyndan nan ýanaman, Ýöne iýjek çişlik men. Iýjek käte günortan, Iýjek köplenç giçlik men... Iýsin alsa, biljek kän, Yzyn üzmän geljek kän. ...Men jüýjämi gowy görýän, Hiçkime-de berjek däl... | |
|
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Hindi gyzy / Goşgular - 31.08.2024 |
√ «Elip» harpy / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |